Результаты 1-8 из 8 по запросу Allanur Çaryýew

ARZUWLARYŇ YZY BILEN

Oglanjygyň halaýşy ýaly owadan sözler bilen başlaýmaly, ýöne başlamadyk hekaýamyzda onuň özi hakynda gürrüň bermekçi. Oglanjyk köpden bäri kitaphana gatnap, çeper kitaplary okamagy arzuw edýärdi. Ol kakasynyň getirip beren içi doly suratly kitabyndan soň çynyň bilen edilen arzuwlaryň hasyl bolýandygyny bilýärdi. Ahyry arzuwlary onuň gökdäki dilegini kitaphanada gowşurdylar. Ol kitaphana gatnamaga rugsat aldy. Rugsat almak üçinem synagdan geçmelidi. Synagam – kit...
Täzelikler » Hekaýalar - 08.06.2020

AÝYÑ GÖRÜNMEÝÄN TARAPY

Gyş düşmegi bilen adamlaryň hereketi çaltlaşyp başlaýan ýaly. Göýä, ynsan bilen tebigatyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezmek isleýän deý aýaklaryny ýere degrip, uly-uly ädip barýan bulutlaram şeýle. Ýagyş bolup dökülýäler-de, derrew geçip gidýärler. Ýöne ýagyn ýüzüni agşama tutdugy weli, şäheri terk edesi gelmeýän bulutlar tükezzybanyna tutýar. Damjalar uzak gije üçekleriň üstünde tans oýnap keýpden çykýarlar. Ir bilen howanyň ýüzi açyldygy welin, ýene adam...
Täzelikler » Hekaýalar - 30.11.2019

BOLÝAR, HOŞ...

Bolýa
razymy sen unudan dünýäň,
Söýgüsine özge eýýe çykarna.
Küýsemezmiň, meni islän arzuwyň,
Dideleňden göz ýaş bolup çykanda.
Gabanmazmyň, meni özge gujaklap,
Düýşleriňe talaň salsa, sähelçe.
Içki dünýäň, titremezmi gök kimin
Arman çekip oýanmazmyň säherde.

Unutdyňmy, ýa unudan bolýamyň,
Ýeň astyndan bakaňokmy gelerme.
Sen üýtgediň, men üýtgedim kim biler
Name berdi bize ykbal ...
Täzelikler » Goşgular - 30.03.2019

KINE

Gijäň gözi gussa bilen gamaşdy,
Umyt ýok säheriň şatlyk bererne.
Agtaranym,
düýşlerimde azaşdyň,
Kine galdy ýorgudymyň deregne.

(Eger söýgä oýun diýip düşünseň,
Irde giçde ýeňiş bolýar aýralyk)
Bagyşlara bir azajyk üşügmiz,
Awara deý gezip ýörkä,
aýňalyp,
Sämän pikir bilen özün aklaýar.
Buýr-bulaşyk düýş göräýseň,
unutma,
Mendirin şol,
Hergiz seni ýatlaýan,
Sensizlik d...
Täzelikler » Goşgular - 28.03.2019

GÖWÜN

Wokzaldaky gazet satylýan kioskdan özümiň goşgular toplumym çykan täze gazetden birini aldym-da, oturmak üçin amatly ýeriň gözlegine çykdym. Elimdäki täze gazetiň özüneçekiji ýakymly ysy bardy. Goşgularymyň birinji gezek çap edilmegi bolmasa-da, ýolugra gyzyklanma bilen gazede seredip başladym. Bulary ýaşlar gazedine eltenimi ýatlaýan.
…Goşgulary okap oturan bölüm müdiri başyny galdyrýar:
– Soňky döwür gamgyn ýazyp başladyň!..
Ýaşynyň uludygyna gar...

Täzelikler » Hekaýalar - 27.03.2019

BU – BIZIŇ MEKDEBIMIZ

Aslynda meniň-ä multifilimden gowy zadyň barlygyna ynanmaýan döwrümiň üýtgemegine mekdebe gitmegim sebäp boldy. Meňem okuwçy boldum diýip begenip baran mekdebim iki-üç günden soň: irden ukyňdan alyp galýan, dört sagatlap oýnap bolmaýan, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmeseň ejeň-kakaň urmadyk şarpygyny urýan ýere öwrüldi. Soň-soňlaram men düşünmän geçdim: näme üçin mugallym dört bilen dördi goşup dokuz çykarýan okuwçyny halamaýarka. Hemmeler diňe bäşlik al...

Täzelikler » Hekaýalar - 27.03.2019

SOWUKLYK

Gowluk hakda tutarygy az bolan,
Ýamasy köp “ynsan” diýen eşigmiň.
Gyryp ençe arzuwlarmyň ganatyn,
Göge bakyp ýerdeligme düşündim.

Öňýeteni ýakyn saýdym, ynandym,
Şeýdip başym kän degipdi daşa-da.
Ýöne ýene rowa görmän özüme,
Men ömrümi özge üçin ýaşadym.

Ýetilmedik menzillemde arman bar,
Uçup bilsem, düşlemezdim ýerde men.
Tapmak üçin asmanda bir çäresin,
Zemin içre derman gözlän derdimiň.

...
Täzelikler » Goşgular - 26.03.2019

Seret, bu gün pese düşdi bulutlar...

Seret, bu gün pese düşdi bulutlar,
Howa sowuk, çapgyn ýel bar aýazly.
Gowsy, bu gün öýden çykman oturgyn,
Ýyly pejiňize çoýup aýagňy.

Iş bitmän-ä galmaz siziň öýňüzde,
Jany sagka iki sany agalaň.
...Seňem içiň gyssa, gürleşmek üçin
Daýzaňyzyň lälik gyzyn çagyryň.

Ýa bolmasa, öýüň körpe "hanynyň"
Gözi burlup, sallançaga ýetdigem,
Üwre şony, bolman durmaz saňa-da, ...
Täzelikler » 2018/07/05 - 05.07.2018