ÜMÜR ESEN BILEN ALTYMYRAT
Indi men size Ümür aga bilen Altymyradyň gürrüňini bereýin. Iş alada bilen gümra bolýan wagtyň günüň dogup, ýaşyşynam aňmaz ekeniň. Niçik bir ýeriň syzlaýsa şonda böwrüňe ünji aralaşyp, gözüňi tegeledýär. Adam ykbylynda käte bolaýan şeýle pursatlarda saňa duýgudaş-ýürekdeş, söhbetdeş hem goldaw gerekdi. Meniň üçin ol goldaw Ümür agadan gelýärdi. - Ümür aga, Altymyrat oba gelipdir, ony görmäge gitsek bolarmy? – diýip, men bir gün ol ýanyma gele... |
ALP-ARSLAN
• Birinji bölüm Murgap derýasy Mara golaýlap dört bölege bölünýärdi. Murgap Soltangalanyň günorta günbataryndan, Mamajan-Majan şäheriň ortasyndan, Razy-Razik Soltangala bilen Erk galanyň arasyndan, Horasan bolsa şäherden gaýradaky obalaryň üstünden geçýärdi we bir daragtyň dörde bölünen şahasyna meňzeýärdi. Derýalar bol suwly, akymly, gyralary gür baglydy, hasam Goşa şah şahyň Isgenderiň saldyran galasynyň golaýyndan geçýän Mamajan derýasy joşgunlydy. Ol daş... |
ZERMAMA |
ZERMAMA
Häzir onuñ gözüniñ öñünde ýeke dikrary janlanýar. Onuñ syrdam boýy, okara ýaly garaja gözleri, edil el bilen çyzylyp çekilen ýaly gaşlary, naýza ýaly kirpikleri hiç seredip doýduranok. Ene ogluna serede-serede "Munuñ bir kemi gelin" diýägetdin, çykmazmy gelinlik gözlegine. Oglam näme oña ýyrş-ýyrş edip, ernj bir ýere gelenok. Begenýär. Enäñ öz ýüreginde beslän maşgalasyny "Häýt, şu gelnim bolaýsady" diýip ýörenini tapmak oña kyn däl. Hudaýa şükür, onuñ öz... |
ZERMAMA |
ÝAZGYT
Resminama kyssasy Ýowuz ýyllaryň pidasy bolan babam Artyk ussa bagyşlaýaryn. ▶ Sözbaşy - 1 - Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda bolup geçen wakalar Sowet hökumediniň nukdaý nazary bilen ölçenildi. Her adam şol bir waka öz düşünjesine,akyl çatyşyna, syýasy talaplara görä baha berdi, ýöne olar, hakykata laýykmy, seljeren bolmady. "Suw akar daş galar” diýilişi ýaly, taryh ähli zady ýerbe-ýer g... |