Результаты 1-10 из 10 по запросу Amanmyrat Şakulyýew
* * *
Sakardor birden gozgalaň tapdy. Gulaklaryny keýerdip, gaharly hokrandy. Agyzdyrygyny çeýnäp, aýaklary bilen gum peşedi. Salym geçmänkä-de, bir atlynyň oba golaýlap gelýändigini hemmeler gördi. Ata Mäneliniň terzi bozuldy. Ol yzgytsyz seslendi: – Gotur, ýollar saklawsyz galypmydy? – Ýoluň iki tarapyndanam guş uçmaz, serdar. – Onda bu gelýän atly asmandan indimikä? Mergen atyny uzakdan tanapdy. Ol pessaý seslendi! –Serdar, ol ýol... |
* * *
Wagt daňa golaýlap ýördi. Jümle-jahan asuda. Hatda şäher tarapyndanam ses-seda gelenok. Gara ýeri sarsdyryp, iki ýana gatnaýan otlular hem ömürlik duran-daýanan ýalydy. Gara öýüň howasam ýumşak sergin. Tüýs süýji uka batmaly wagtdy. Durdy bolsa, ynjalyp bilmän galpyldap otyr. Ol Mergenden heder edip galpyldamaýardy. Ýeke ýigidiňgiden tirä daş oklamaga bogny ysmaz. Emma wagt öz işini edýärdi. Gojuk özüniň iňňän howply işe baş goşandygyny gitdigiçe ýiti duýýardy. Birden Hallygö... |
* * *
Mergen süriniň sagyndan aýlandy-da, kese depäniň gerşine dyrmaşdy. Güne seretdi. Daňyň atanyna ýoňsuz salym geçipdi. Şonda-da wagt irdi. Kuýaş guşluk ýerine-de göterilmändi. Çopan nazaryny sürä tarap sowdy. Goýunlaryň garny arkasyna aýlanypdyr. Olar dokmäde görünýär. Ygşyldap oturan ýylaga agyz urýany ýok. Kellesini sazagyň saýasyna sokany, gäwüş gaýtarýany welin kän. Mergeniň ýadaw ýüzi az-kem ýagtyldy. Indi sürini guýa tarap öwürseňem boljak. Dok goýunlar pytramaz. S... |
* * *
Hallygözel sähel salymdan soň huşuna geldi. Oňa dem almaga howa ýetenokdy. Haýsydyr bir agyr labyr gelniň göwüslerini mäjerläp, döşüni ýaryp gelýärdi. Şol barmana onuň alkymyny, ot alyp duran ýaňaklaryny irimçik tüýler darap geçdi. Dodagyna dodak basyldy. Agyr, porsy dem ýüzüne urdy. Barha ýygjamlaşýan hassyldy... Hallygözel hemme zada düşündi: Durdy dyzmaç höwesini gandyrýardy. Hallygözeli aýylganç duýgy gaplap aldy. Göwnüne onuň näzik tenini Durdy çekelemän, guduz aç... |
* * *
On gün geçdi. Durdy gojuk gaýdyp kükremedi, sürünmedi. Gorkudan, hasratdan doly günler örän haýal geçipdi. Gündizlerine her hal ýagşydy: Hallygözel ekinüstüne çykýardy. Joýadan-joýa geçip, gawun-garpyzyň gollaryny gaýtaryp ýörkä, ol eziji pikirlerden wagtlaýynça-da bolsa saýlanýardy. Namys ýüki ýeňleýärdi. Emma Günüň ýene ýaşjakdygy, uzak gijede öz hasraty-gorkusy bilen ýüzbe-ýüz galjakdygy ýadyna düşende, gelniň eli işden sowaýardy. Neneň sowamasyn! Gijelerine giň dün... |
* * *
Oba gidip geleli bäri, Mergen giň çöle syganok. Öz hasratyna gark bolup, çar tarapa urnup ýör. Günde bir ýerde goş ýazdyrýar. Sergin alaňlarda, heniz adam aýagynyň sekmedik ýerlerinde düşleýär. Gijäniň bir wagty ýadap, sütüni süýnüp gyşarýar. Emma gözüne uky gelenok. Oýlugyň üstünde iki ýana urnup ýatýar. Daňdan, ukynyň süýji wagty bir ymyzganjak ýaly edýär. Ýöne çopana daňdanyňukusy haram-da! Goýun örer. Çopanam onuň yzyna düşer. Mergeniň garaýagyz paýhasly ýüzi günüň dowamy... |
* * *
Atä Mäneli ýüreginiň, göwnüniň gysylan çaglary çölüň sahabatly gollaryny, belent depelerini küýseýärdi. Oňa rumda goş ýazdyrdanam şu islegdi. Köz kimin läleler, reýhan güller, kä gökje, käbişen otlaryň müşk ysy onuň nepesini durlaýardy. Ýumşak howa, sergin şemal Atany, gör, näçe gezek gazaply pikirlerden saplapdy. Depeden-depä dyrmyşyp, çöl baryny söküp ýörkä, damarlarynyň ýumşap, janynyň aram tapýandygyny lezzet bilen duýdy. Şeýle pursatlarda ol arkasyna agdarylyp, urnup ýat... |
* * *
Süýjülikli günler damja bolup gelýär, sil bolubam gidýär... Hallygözel öýleden soň ekin içine gitmedi. Ýogsa ol gawunyň düýbüni ýumşatjakdy, gumlajakdy. Işe gümra bolup, kalbyna dolan gam-gussany egisjekdi. Emma gam-gussa ony goýbermedi. Gara daş bolup, ýüreginden asyldy durdy. Onuň işdekä-de gawun joýanyň içine dolasy, bagryny çygýere oýkap aglasy gelipdi. Emma töwerek-daşdan ejap edipdi. Ýüzüni asyp öýüne gaýdypdy. Agyr gussany, düwün-düwün kitüwi dagly ýüreginde göt... |
* * *
Ýassynlar asmany gara bulut örtdi. Aý-ýyldyzy ýalkymy-şuglasy öçdi. Älem-jahan tümlüge gark boldy. Ýap-ýaňam ýumşak, ýakymly tebigat suslandy, syrly göründi. Belki, ol gazabyna tutar, möwç urar. Hanha, çölüň üstünde bulutlar goýalyp, lemmer atyp başlady. ýyldyrym çakdy. Indi gök gürläp, esräp, asman-zemin sarsaýjak, ýagyş-ýagmyr sil kimin şaglap inäýjek ýalydy. Ýok, tebigat güýje gelip bilmedi. ýyldyrym otly gamçysyny telim sapar bulasa-da, gök gürläp gazaba münmedi. Bahar ar... |
ATA MÄNELI
(Ikinji tomuñ birinji kitaby) • Ýazyjy Amanmyrat Şakulyýew "Ata Mäneli" romanynyñ ikinji tomunyñ birinji kitabynda hem ahlak, däp-dessur bilen baglanyşykluly meseleler teswirlenýär. Romanyñ baş gahrymany Ata Mäneli ýaşy gaýtsa-da, zynakärlige baş goşan Durdy gojukdan gazaply öç alýar. Romanyñ položitel gahrymanlary maşgala, ojak, namys, wepalylyk ýaly mukaddes düşünjeler bilen ýaşaýarlar, göreşýärler, ölýärler. Romanyñ wakalary dartgynly, gahrym... |