Результаты 1-8 из 8 по запросу Amanmyrat Maýew

JADYLY SENET

Aýdym-sazym,
Gadymyýetden ýadygär.
Sende gudrat-kerem,
Jady bar.
Sende lowlap duran yşkyñ ody bar.
Sende Oguz han dek ärleriñ
Gaýraty bar, mertligi bar, zory bar.
Danalar danasy Gorkut atanyñ
Nazarkerde paýhasly didary bar.
Watan, il-gün üçin al ganyn döken
Görogly gerçegiñ namys-ary bar.
Şahyrlar şahyry Magtymgulynyñ
Berkararlyk islän hak şygary bar.
Owazlar älemne ýañ salan ussa...
Täzelikler » Goşgular - 07.11.2021

ATA WE OGUL

Meret aga, aýaly Jemal eje üç gyzy, iki ogly ösdürip-ulaltdylar. Olary öýli-işikli etdiler. Indi özleri körpe ogullary Döwran hem-de gelinleri Sona bilen bile ýaşaýardylar.
Bir gün Meret aga goýry bagyň kölegesinde çaý içip otyrka, aýalyny ýanyna çagyrdy. Ol jaýlaşykly oturanyndan soň:
— Keýwany, dört-bäş gün bäri pikir edip ýörün weli, körpeleri özbaşlaryna öýli-işikli edäýsek, gowy bolarmyka diýýän. Goý, özleri arkaýyn ýaşasynlar. Nähili görýäň? &m...

Täzelikler » Hekaýalar - 23.06.2020

«...ÝANYP-ÝANYBAM ÝAZMAK BOLAR»

Golaýda ýazyjy Annatagan Nurgeldiýew redaksiýamyzda myhmançylykda boldy. Şonda habarçymyz köp sanly okyjylaryň islegi boýunça oňa «Baýram han» romanyna degişli käbir sowallar bilen ýüz tutdy.

– Annatagan, sende «Baýram han» romanyny ýazmak meýli haçan döredi?

– Muhammet Baýram hanyň ykbaly bilen men has irräkden gyzyklandym. Ol XVI asyrda türkmen we pars dilinde şygyr ýazan beýik türkmen şahyry. Dört ýyl Hindistanda p...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 11.01.2020

■ Sallançak

Iki ýana üwrelip dur adaja,
Körpeje çaganyň ilkinji öýi.
Ýasalyşy bolsa-da oň sadaja,
Mukaddesliginiň ýok deňi-taýy.

Posalajyk çaga ýatyr ýylgyryp,
Ulynyň-kiçiniň ol mähribany.
Ene-de söýgüläp otyr ýylgyryp,
Hüwdi bilen üwräp sallançagyny.

Sallançaga söýgi düýplüdir örän,
Onuň beýikligi durmaýar çende.
Enäniň-atanyň mährinden dörän,
Dünýä ýatyr ahyr onuň içinde!

...Baky...
Täzelikler » Goşgular - 16.12.2019

AÝDYM

Eşdilse-de şirin heňli adaja,
Ähli aýdymlaryň genjidir täji.
Sözleri akgynly hem-de sadaja,
Ýöne belentdedir oň ruhy güýji.

Ol aýdymy diňleseň-de müň ýola,
Doýman-doýman ýene diňläsiň gelýär.
Ol aýdymdan ynsan gelýär kemala,
Aýdym bütin älem içre diňlenýär.

Eneleriň ýüreginden syzylan,
Iň arzyly sowgat öz zürýadyna.
Mähir, yhlas, söýgi bilen bezelen,
«Hüwdi» diýrler ol aýdymyň adyna!
...
Täzelikler » Goşgular - 28.11.2019

ABRAÝ

Geçen asyryñ ýetmişinji ýyllarynyñ aýaklarynda "Edebiýat we sungat" gazetinde makalam çap edilipdi. Onda milli aýdym-sazymyz barada söhbet edilip, käbir bagşylaryñ, şol sanda Aman Gowşudowyñ hem ençeme ýyllaryñ dowamynda diñe üç aýdymynyñ radioda berilýändigini, şol bagşylaryñ aýdymlarynyñ täze ýazgylary edilip, sungat muşdaklaryna ýetiriläýse gowy boljakdygy barada aýdylýardy. Şondan soñ şol bagşylaryñ birnäçe aýdymlary ýazgy edildi. Aman Gowşudowa "Türkmenistanyñ at gazanan ...

DUTAR

Säher çagy.
Sag bol, «Watan» radioýaýlymy,
Owaza besleýäň giden ýaýlamy.
Dutar saýrap, saýrap,
Dil açýar.
Çar ýany reýhan-reýhan
Gözellik guçýar.
Baglar-da başlaryn
Yraberýärler.
Leýlisaçlar zülplerin,
Daraberýärler.
Melul edip mähriban ejäni-de,
Sallançakda ýatan körpejäni-de,
Hüwdüläp-hüwdüläp,
Batyrýar uka.
Aýlanyp gelýän,
Arkama-arka,
Şeýle täsin gudrat,
Ba...

Täzelikler » Goşgular - 28.02.2019

AÝDYM

Aýdymlar, aýdymlar,
Nije ýyl bäri
Diñläp owazyñdan ganyp bilmedim.
Yşkyñda sermest men, diwana-däli,
Ýandym, alawladym,
Sönüp bilmedim.

Ala-ýaza besläp çöken göwüni
Şat günüñde al-asmana atarýar.
Bagşylar joş alsa, goýman kemono
Janly-jandar diñläp, dañyn atyrýar.

Aýdym,
Beýik lukman,
Bilýär agyr dertleri-de bejerip.
Gyzamyk çykanda jigilerine,
Ejem çaldyrardy,
...
Täzelikler » Goşgular - 12.11.2018