Результаты 1-8 из 8 по запросу Anna Gurtgeldiýew

AÝDALY, MESELEMKI...

"Ýykyljak araba kyrk gün öňünden jygyldar" diýlişiniň jany bar bolara çemeli. Gyzylarbadyň pedkabinetiniň jaýynyň-da depesi birden aşak çökäýmedi. Ilki bilen potolok "jyt, jyt" edip seslenip başlady. "Lalyň diline enesi düşer" diýlen ýaly, kabinetiň müdiri Aşyr Gurbangeldiýew hem bu duýduryşa dogry düşündi. "Munuň-a indi şu ýerden bahymrajyk "git, git" diýdigi bolsa gerek" diýip, ol ýerinden gobsunmak bilen boldy. Potologyň jytdyllysy ikinji gezek gaýtalananda o...

POEZIÝANYÑ YZYNDA

Men gar boldum, sen nur saçdyñ Gün bolup,
Men perwana,
Sen tutaşan ot bolduñ.
Sen atlydyñ, men yzyñda pyýada,
Ýetdim-ýetdim diýenimde, ät boldum.

Duşumyzdan şol geçip dur ýylgyryp,
Ter gülli baharam,
Zer gülli güýzem.
Bir-birimiz kowalaýas ikimiz
Iññeli sapak deý heniz-henizem.

Anna GURTGELDIÝEW.
Täzelikler » Goşgular - 24.07.2022

BOLGARIÝA

Agam Şyhynyñ ýagty ýadygärligine

Eý, gözel Bolgariýa! Eý, täsin mekan,
Heniz etmesem-de men saña sapar,
Agtyklarym señ mähriban keşbiñi
Ýürek depderimiñ gatyndan tapar.

Eý, jennet saýylýan ajaýyp ülke,
Maña aýry-başga eziz sen hasam.
Hasar bilen deñäp söýüp ýördügim,
Şipka daglarynyñ waspyny ýaýsam.

Pyragyny okaýşym deý okaýan,
Wazowyñ hem her setirin, her bendin.
Maña-da ...
Täzelikler » Goşgular - 20.07.2022

AÝ GEÇER, ÝYL GEÇER...

Aý geçer, ýyl geçer,
Döwür aýlanyp,
Ak garly daglar dek agarar başym.
Çagalarym toý tutarlar öýlenip,
Agtykdan-çowlukdan dolar meñ daşym.

Aý geçer, ýyl geçer,
Döwür aýlanyp,
Açylar ýene-de müñ dürli syrlar.
Heniz ses ýetmedik ýerler şaýlanyp,
Kommunizm bossanyna öwrüler.

Aý geçer, ýyl geçer,
Döwür aýlanyp,
Belki, ol garrylyk eýelär dyzy...
Emma kalbymdaky täz...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2022

NUSGA

Rus şahyrynyñ äheñinde

Oña atuw berdiler, ol bolsa bu gijesin
Ýatman gezip geçirdi.
Ýüreginiñ ganyna täze aýdymlaryny
Garyp-ezip geçirdi.

Dañam atyp ýör eýýäm, çaýyp tylla şapagyn,
Ýatyr bendi adamlar.
Ony porky zyndandan alyp çykdy bir topar
Adamzatdan azanlar.

Dünýämizde dünýe deý bu akylly, bu geñ baş
Durşy bilen akyldy:
"Ýel ganatyn kakmasyn, degirmen gan çekmesin!" ¹
...
Täzelikler » Goşgular - 29.07.2021

JEZANYÑ ULUSY

Elhepus, bu daýzañ göripdigini,
Haýran galýan beýle gylygyna oñ.
Ekiz guzlan bolsa goýnuñ ýa geçiñ
Olam bir şarpykdyr dulugyna oñ.

Arada duldegşir goñşularynyñ
Alan lotoreýi utupdyr haly.
"Illeriñki şeýle bolaýýar" diýip,
Jibrinýär öz zadyn aldyrýan ýaly.

Öz boýdaşy düýnem gelin toýuna
Çagyryp gidende yzyndan garap:
"Illeriñki şeýle bolaýýar" diýip,
Hyrçyny dişledi başyny yrap. ...
Täzelikler » Goşgular - 20.07.2021

ÖKÜNÇLI ADAMYÑ ELEGIÝASY

Açyldy iñ soñy demir derweze,
Erkin şemal urdy bu gamly ýüze.

Salam erkin şemal,
Salam azatlyk!
Azatlyk!
Arly ýyl saña zar boldum.
Azatlyk!
Arly ýyl küýsedim seni!
Armanly geçiren arly bir ýylym
Ömrümden aýyryp goýsadym seni!

Ol çykdy.
Dur ynha, garanyp her ýan,
Giñ jahana bakýan gözünde müýn bar.
Onda ne seza bar, ne-de bir üýn bar.

Ol çykdy. ...
Täzelikler » Poemalar - 18.07.2020

БИР СЕНИ ЎЙЛАЙМАН

Мен баҳорни орзу қиламан қишда,
Баҳорда қиш ҳақда ўйлайман нуқул.
Агар тутиб олсам каттароқ қушни,
Хаёлим жажжи қуш ўғирлар буткул.

Шаҳарнинг ғалваси, суронларини
Тарк этиб кетмоқлик гаштли нақадар.
Лекин бир ой ўтмай хаёлларимни
Ўғирлай бошлайди тағин чўнг шаҳар.

Йўлларда оёқдан мадорим қурса,
Дарҳол илашаман машиналарга.
Хаёллар қиламан лек ўтмай фурсат:
«Пиёда азм этсанг узоқ сафарга&helli...

Täzelikler » Goşgular - 15.04.2019