Результаты 1-20 из 60 по запросу Annaberdi Agabaýew

PIŞŞIM-PIŞŞIM PIŞLEDI...

Pişşim-pişşim pişledi
Pişşim peşin taşlady.
Ozal birden gapýardy
Indi jübtläp başlady.
(Halk döredijiliginden).

Mämmet Seýidow:

Zamanynda şol gadymy babalaň
Ýaşanmyş dünýäde bir deýýus pişik.
Ol öz açgözlügni sellä öwrüip,
Bolanmyş diýýärler bir molla kişi.

Kybl...
Täzelikler » Goşgular - 10.11.2022

KASAS KYÝAMATA GALMAZ

Ozalbaşda bir zady ala-böle ap-aýratyn edip nygtasym gelýär. 25-nji nоýabrda Aşgabatda görlüp-eşdilmedik gabahat işi guramak bilen В.Şуhmyrаdоw, N.Наnаmоw, Н.Оrazоw, S.Yklуmоw, G.Jumаýеw alahöwren toplumynyň öz matlaby we olaryň hakyna tutan pitneçileriniň öňünde goýan wezipeleri döwletimiziň ýolbaşçysy Saparmyrat Türkmenbaşynyň janyna kast etmekdi. Ýöne döwletimiziň başynyň täji Saparmyrat Türkmenbaşyny sahnadan düşürjek bolup arrygyny gynan ol hyýanatçylar aý...
Täzelikler » 2022/09/28 - 28.09.2022

ANNABERDI AGABAÝEW (1938- 2011)

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew 1938-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dünýä inýär. Ol paýtagtdaky 20-nji orta mekdebi tamamlaýar. 1955-nji ýylda Annaberdi Agabaýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet un...

SIZE GATY GYNANMAGAM, BEGENMEGEM BOLANOK

― Size gaty gynanmagam,
begenmegem bolanok…
(Doktor halky zabun halk. Eglişigi
bilenok.)
Ýüregňize dynç beriň, tolgunara haly ýok,
Ýaşamak isleseňiz, şundan başga ýoly ýok!

Begenmän, gynanman, ýatmaly ýyllar…
Ýazlar, gyşlar, güýzler…
Gyzlar, ogullar,
Bilbiller,
Ter güller,
Parlak ýyldyzlar,
Asuda agşamlar,
Gohly gündizler,
Perwana,
G...
Täzelikler » Goşgular - 27.08.2022

GARYN TANSY


Prologly hem epilogly, ençeme monologly, gadymy geçmişden hem häzirki günden bir jüp sahnaly DRAMATIK POEMA

▶ PROLOG

E l k y s s a. Iki müñ ýyl mundan ozal grek filosofy Diogenden nahary haýsy wagt iýmeli diýip sorapdyrlar.
Filosof: - Barly adam islän çagy iýmeli, garyp tapan çagy - diýip, jogap gaýtarypdyr.
("ÝUNESKO-nyñ Kurýeri")....
Täzelikler » Poemalar - 26.05.2022

SEÝLIÑ MÜBÄREK, ILDEŞ!

Oguzhan neberesi,
Görogly kabylasy.
Kaşgarynyñ taýpasy,
Magtymguly tiresi...

Sen-sen kowmum-şejeräm,
Arkadaşym-gardaşym
Gör-bak çykdy kaýlardan
Seniñ ol gara başyñ!..

Sesiñ geldi Kümmetden,
Sesiñ geldi Hyratdan,
Aşdyñ ýüz bir döwletden
Geçen ýaly syratdan.

Sending bu gün Mekana, -
Hoş gördüm, sapa gördüm,
Ojak atly dükana
Zannyñda wepa gör...
Täzelikler » Goşgular - 28.04.2022

TEBIGYLYK

Bahar gelse baýyrlaram gül açyp,
Lälelerin depelemäň, adamlar!
Gök çaýyrda otursaňyz göwün açyp,
Ýüpek ýüzün apallamaň, adamlar!

Aýnaňyza kepderiler gonanda,
Assa ädiň öý içinde ädimi!
Bulut oýnap, ýere ýagmyr ýaganda,
Durup- durup diňläň şirin aýdymy!

Güneş gülüp ýüzüňizden öpende,
Saýawana busurylman açylyň,
Sahy boluň, özüňizi her pursat
Hem güneşe, hem aňzaga eçiliň!

G...
Täzelikler » Goşgular - 18.01.2022

TÄZE ÝYL HAKYKATY

(kosmonawtlardan)

Ýer
Günüñ
daşyndan tamamlap ýolun
Başky ugran nokadyna ýetende,
Üç ýüz altmyş sapar, soñam bäş gezek
Okunyñ daşynda "aşyr atanda",
Geçip ýetişmänkä sähelçe salym
(Göz açyp-ýumasy adaja pursat!)
Kuýaşa garanyp bakdy-da telim,
Demin dürsemäge dilän dek rugsat,
Sorady:
"Öten ýyl ugramda mundan
Känmidi, az ýagyrnymyñ ýarasy?
Näçesi bit...
Täzelikler » Goşgular - 04.01.2022

BAGYŞLANÝAR...

Hatyra setirleri

Şu sözi agzadygym, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda frontda wepat bolan zehinli sazanda Nury Saryýewiň (Pürli aganyň inisi) gyjagynyň sesi, onuň «Bagyşlanýar» atly zaryn sazy hakydamda oýanyberýär. Çagakam gyzamyk çykaranymda, «maşynbagşy» aýtdyryp, gije-gündiz diňlän iki kartymyň biri şoldy...
...Ine bu gara depderiň içi hem gyjagyň gamly owa- zyndan gyrmalanyp duran ýaly.
Türkmen sowet edebiýatynda şanyna şunça goş...

SALAMDAN SOŇKY SÖZÜM BUDURKI...

Gurbannazaryň hatlary... Şahyryň gazet-žurnallarda işlän ýyllary, TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň edebi, konsultanty bolan ýyllary onuň goly bilen respublikamyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan ýaş-u-ýaş däl şahyrlara, awtorlara iberilen namalaryň, meniň pikirimçe, sany-sajagy bolmaly däl. Olaryň köpüsiniň, elbetde, «iki agyz redaksion jogap» bolmagy-da mümkin. Ýöne şol kelteje namalardan-da, köplenç halatda «Gurbannazar görnüp dur», onuň gynan...

SÖHBET DOWAM EDÝÄR

Egindeşleriň dialogy

1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bir maşynyň içinde heläk bolan:
Gurbannazar Ezizow Garadamagyň öwlüýäsinde;
Ýuriý Rýabinin – Aşgabadyň şäher gonamçylygynda;
Wasiliý Şabanow – Moskwanyň Wagankow mazarystanynda...
Ýöne bularyň üçüsem, bu şahyrlar bilen egindeş, ruhdaş Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew, Öwezmyrat Babaýew dagam bu gün biri-biri bilen öz şahyrana söhbetlerini dowam edýän ýaly. Bulary...

EZIZ AGA HAKDA SÖZ

Gurbannazar gidensoň, Eziz aganyň howlusy çolaryp galdy.
Elbetde, şahyryň dostlary bu ýere soňam häli-şindi geler-gider durardy. (Seýregiräk bolsa-da, häzir hem barýarlar). Ýöne howlynyň baş eýesini, onuň täji-görküni welin, indi gaýtaryp getirip biljek gudrat ýokdy.
Baran wagtyňyz köplenç dalbardaky gadym sekide bir gysym bolup, çugutdyryp oturan Eziz aganyň ýagdaýyny görüp, men her gezek onuň ahwalyny beýan edibiljek sözleri tapamokdym.
Ine,...

IŇ SOŇKY DUŞUŞYK

EZIZOWYŇ EMRI BILEN dünýä inen, durmuşymyza giren hakykatlar barada ýazdygyňça, ýene ýazmalydygyna gözüň ýetýär. Men onuň entek, iň bärkisi, ýeke goşgusyny-da elekden geçirmedim, şahyrana ussatlygy barada kelam agyz-da aýtmadym.
Gurbannazaryň türkmen poeziýasyna getiren Ene obrazy bir gürrüň. Yşky lirikasy başga gürrüň. Güýz, güýz ýapragynyň durmuşy, filosofik, şahyrana manysy. Geň-taň täze kapyýalar. Şahyryň öz döreden nakyllary, aforizmleri. Onuň beýik Pyr...

...Ine-de, biz Köneürgençde, raýon komsomol komitetiniň şol mahalhy birinji sekretary Gurbanmyrat Saryýewiň öýünde. Onuň özi işe atlanyp, «ine, size, komsomol laureatlaryna, döredijilik ussahanasy» diýip, ikimizi, çaý-suwumyzy tabşyryp, goýup giden giň myhman otagynda bagrymyzy ýomut halylaryna oýkap ýatyrys. Öňümizde-de bir petde ak kagyz bilen iki sany galam.
Dek düýn, Tagta raýonynyň merkezinde Beýik Watançylyk urşuna gidip, gelmedikleriň şanyna bina edilen ýadygärligiň dabaraly hem m...

ÝATLAP GEÇMELI IKI PURSAT

Hälki umumylaşdyran bolup, köpçülikleýin sahna öwrüp oturan «edebiýat oturyşyklarymyzdaky» ýaňlanan gödek hem gömelteý bellikleriň, gyjytlaryň aglabasy meniň özümiňki: ýel bolmasa, ýer porsar!
«Arpa suwunyň» başynda Gurbannazaryň: «Seniň bilen bir wagona däl, bir eşelona düşmekden hudaý jan saklasyn!» diýip seslenmeginiň sebäbini hem indi siziň özüňiz aňmaly: sebäpsiz çöp başy gymyldamaz!

DOWAM ETMELI PURSATLAR

Hawa, ol ýyl...

KYSSA KÖÇESINDE SERGEZDAN MENEM...

Meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň birje hekaýa ýazyp, ony-da W.I.Lenine bagyşlandygyndan okyjy habarly bolsa gerek. Ol hekaýa metbugatda çap bolupdy. Özünem, ýalňyşmasam, ol şahyryň ilkinji hem iň soňky hekaýasydy.
G.Ezizowyň hem ýazan bir hekaýasy bar eken. Şunuň şeýledigini özümem şu iş üçin derkar materiallaryň ugrunda kitaphana baryp, «Mydam taýýar» gazetiniň 1961-nji ýylyň 29-njy martynda çykan sanyny açanymdan soň bildim. Dogrusy...

JUWAN GIJELERMIŇ JOŞ URJAK WAGTY
BIL BAGLADYM GALAMYMA, SYÝAMA...

Durna gözli çeşme suwy ýaly dup-dury parahat ýyllaryň astyndan gökli-gyzylly owunjak daşa meňzäp, «togarlanyp» gelýän mawy gözli akja köýnekli bu oglanjyk soň-soňlar ýigit çykan mahaly:

Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyň kenarynda kän durdum.

– diýip, bir sözünde – sag egnine; ýene bir sözünde, «Ýetginjek» atly goşgusynda-da:

Öňküsine görä üýtgeşik dünýä,
...

EZIZOWYÑ EMRI BILEN

■ NEŞIRÝАTDAN

Hоrmatly оkyjy!
Еliňdäki şu kitаpçada Тürkmenistan SSR-iň Mаgtуmguly аdуndaky döwlеt bаýrаgynyň hеm-de rеspublikamyzyň Lеnin kоmsomoly bаýrаgynyň еýesi şаhyr Gurbаnnazar Еzizow bаrаda, оnuň ýаşan, dörеden ýуllаry, dеň-duşlаry hаkynda ilkinji sараr töwеrekleýin gürrüň bеrmäge sуnanyşyk еdilýär.
Кitaр, galаpyn, еsse žаnrynda ýаzylypdyr.
«Ulу Sоwet Еnsiklopediýasynda» «Е s s е» diýilýän еdebi žаnra şеýleräk düşündi...

HATYN DAŞLARY

Sowet halkynyñ faşizme garşy göreşde diñe Belorus topragynda 2 million 230 müñ ogul-gyzy gurban boldy.
Ak hem gara mermerden, betondan gurlan Hatyn memorialy... 26 öýüñ deregine 26 sany zañ. Olar bikarar urnup duran ýüregi ýatladyp, her ýarym minutdan depäñde ýañlanyp dur...
Bu öýleriñ, tutuş şu obanyñ adamlarynyñ faşistleriñ eli bilen ýanar oduñ içine atylaly bäri meýdanlara otuz mertebe ot ördi. Ýöne welin Hatynyñ faşizm mergisine nälet okaýan zañla...

Täzelikler » Poemalar - 20.09.2020

ÝOL ROWAÝATY

Içi naz-nygmatdan ýumşak küpede,
Atylyp dört sekä ýassykdyr düşek,
Ýaýkanyp barýardy keýpi-sapada
Birje şahyr bilen üç sany eşek!

Üç eşek diýýänim üç süñküz ülpet,
Burunlary göm-gök melgunlar kileñ.
Eşeklik lakamy bolsa-da erbet,
Söýgüli lakamy ekeni olañ!

Üç eşek üç ýol guýansoñ meýi,
Söz sözledi eşekleriñ epeýi:
- Eşek dostlar, geliñ bir zat edeliñ,
Şu lakamy şu oturan bilbile
Nen...

Täzelikler » Goşgular - 06.07.2020


1 2 3 »