Результаты 1-20 из 22 по запросу Annageldi Nurgeldiýew

GÖZBAGÇY

"Gözbagçy gelipdir" diýen habar önümçilik trestine ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Işden soň işçileriň hiç biri hem öýe gaýtmaga howlukmady.
Klubyň içi hyryn-dykyn doldy. Ine, birdenem başy silindrli, egni frakly daýanykly bir adam sahna çykdy. Ol bir görseň-ä jübülerini ilki çöwrüp, soň olardan kepderi çykaryp dur, bir seretseňem desse-desse gül çykaryp otyr. Onuň ...

TÜRKMENÇILIK OWNAÝMASA ÝAGŞYDYR

Ýurduñ häzirki wagtda jygba-jygly ýagdaýy başdan geçirýänligi hiç kim üçin gizlin zat däl. Indi köplenç halatda iki adamyñ başy çatylsa, medeni ýa edebiýat täzeliginden söz açylman, el ýaly eti ýa-da mesgäni nireden tapyp boljakdygy barada pikir alşylýar. Alajyñ ýok, aç ölmeli däl. Ýagdaý şuny talap etmänem duranok. Ýöne şeýle gahatçylyguñ sebäpkäri, bilýäñizmi kim? Ol - esasan, öz-özümiz. Hawa, geñ hem bolsa şeýle. Agraslyk, asyllylyk ýaly häsiýet...


GARAGOL  

Ikindinarady. Obanyň ortarasynda oturan magaziniň töwereginiň gaýmalaşygy bu wagtlar has-da artypdy. Nobata duranlaryň hatary onçakly uzyn bolmasa-da, gezegiň ýetýänçä ep-esli eglenmeli boljakdy.
– Nobatyň yzy kim? – diýen sese iň yzda duran aýallaryň üçüsi-de ýalta öwrüldi. Uzyndan arryklaç, Annam brigadiri ýatladyp duran bu ýigidiň kellesindäki saýawana gaýra dur diýýän saman şlýapasy, her gözi ýüzüniň ýarsyny tutup duran äýnegi ony, has-da täsin görkezýärdi. Aýal...

ÄLHEPUS, BIZ-Ä HAÝRAN...  

Uniwersitetiň bedenterbiýe fakultetini gutaran badymyza herimizi bir ýere işe iberdiler. Şeýdip, menem uzakdaky raýonlaryň çet kolhozlarynyň birine sport metodisti bolup işe bardym.
Dogrusyny aýtsam, meni bu ýerde ýaramaz hem garşylamadylar. Başlygyň hut özi kolhoza baran badyma uly dabara bilen kabul etdi.
Iki elini uzadyp, yhlas bilen görüşdi.
– Tüweleme, sag-aman geldiňmi? Ine, muny oňarypdyrlar. Bize-de şeýdip, ýokary bilimli spesi...

“Jelil kör Jüneýit hana nöker bolanmyş” diýip, oba arasynda gürrüň çykanda, pälwan ony näme üçindir, allanäme bir parasatly nöker hökmünde göz öňüne getirjek bolýardy. Häzirki pursat welin nähili nökerdigini aňyrsy bilen açyp görkezdi.
Jeliliň kürsäp giren jaýynda erkek göbekli ýok bolara çemeli. Ol marpaç ak gelniň nogta ýaly saçlaryndan düýrläp tutupdyr-da, ony idenekledip çykarypdyr. Gelniň saçlary ýolnara getirilen bolmaly, sebäbi ol biçäre kellesini öz ygtyýaryna hem saklap bilenokdy...
Täzelikler » Powestler - 30.08.2019

Ýöne, Laçyn garybyň aty. Ol baýyňam bilenok, begiňem, kim atyny goşsa ozup dur. Maly ýere-göge sygmaýan tütjar baýlary-da bu bedew uly märekede dili gysga ediberýär. Şeýle bolansoň, märeke Laçyn hakdaky dabaraly gykylyklara zor salyp duranok. Munuň onsuzam, gygy ajap duran baýlaryň ýarasyna duz öýmegi mümkin...
Mundan ylaýyk bir aý ozal Garrykärizde tutulan bir toýdan Laçyny Begnazaryň aty bilen goşdular. Ana, şonda hem ol, özüni ýagşy tanadan soň, ilkinji gezek öňüne at geçirdi. Bu şowsu...
Täzelikler » Powestler - 30.08.2019

LAÇYNYÑ YZY BILEN

Şu hekaýaty gürrüň beren kakam Nurgeldi Goçmyrat ogluna bagyşlaýaryn.


Giriş

Oslagsyz çykan it sesine süýji ukuda ýatan Goçmyrat aga elinden çekilen ýaly bolup galdy. “Allajanlarym, bu nämekä?” Birdenem o bir zatlar syzan ýaly gulagyny köne keçäniň üstüne basdy: “At aýagynyň sesi. Özem ýeke at. Daňyň ala-garaňkysynda peýda bolan atly eýgilige-hä däl bolsa gerek” Ýaşuly çatmanyň bir böwrüne söýelgi dura...
Täzelikler » Powestler - 30.08.2019

JANKÖÝER

Goňşym bilen ýaňy öňümize çaý alyp, telewizorda berilýän hokkeý oýnuna tomaşa edip otyrdyk. Şol wagt daşgynrak garyndaşymyz Motdy, edil aldyrany bar ýaly, işikden kürsäp girdi.
– Äl, içigar, eýýäm başlapdyr-ow – diýip, ol otagyň burçundaky telewizora birsellem dikanlap durdy, onsoň: - Wiý, ýogsa-da, ýegen jan, gurgunmyň, gurgun otyrmysyňyz, hasap näçe boldy? – diýip, dyzyny epdi.
– Enteg-ä hasap açylan däldir, daýy – diýip, saglyk-ama...

ADAM BOLMALY

Sekizinji klasy gutaran badyma men kakama proftehuçilişä okuwa girjek diýdim. Şonda ol nädendir öýdýäňiz? Süýem barmagy bilen orta barmagynyň arasyndan başam barmagyny görkezdi-de:
– Me-saňa uçilişe! Hany, göreli, sen adam bolýaňmy ýa-da ýok – diýip, diwardan asylgy duran gamça elini ýetirdi. Ol ýaşka çapyksuwar bolan eken. Bir injigimiň gyzyp gidenini bilýän. Gamçyny ikinji gezek bulaýlaýança eýýäm mekd...

* * *

– Kemine köçesiniň ýedinji jaýy diýdiňizmi? – diýip, Ymamguly aga şol adresi ýene bir gezek gaýtalady. – Ýedinji jaý bolsa, onda ol täze sudýamyzyň jaýy bolmaly.
– Onda olam täze sudýamyzyň gelni bolaýjak-da, şeýlemi? – diýip, Şäherli tiziräk anyklamakçy boldy.
– Bilmedim-dä, şeýle bolaýmasa. Siz oňa ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmediňiz dälmi?
– Ýok-la, menem häzir şoňa şükür edip otyryn-da – diýip, kärdeşim uludan demini aldy. Men bolsa bu iki adamyň ikis...
Täzelikler » Detektiw proza - 08.07.2019

* * *

Ymamguly aga bilen Şäherli ikisiniň häzirki gürleşip oturan adamsyny bir bada kim etjegimi bilmedim. Kärdeşim gitmesine-hä Amanşanyň yzyndan gidipdi, ýöne oturan adam welin altmyş çeni ýaşan, owadan sakgally, nurana adamdy. Onuň bu keşbiniň üstüni diňe bir gelşikli sakgaly däl, egnindäki agar çäkmeni-de, başyndaky silkme telpegi-de magat ýetirip durdy. Ýaşulynyň agzyndan çykan ilkinji gürrüňi onuň kimdigini derrew aýyl-saýyl edip berdi:
– Adam pahyr nireden nämäniň gelj...
Täzelikler » Detektiw proza - 08.07.2019

PYNHAN SYR

Başy sary ýeňiljek öýmeli bu gelin tolgunmadan ýaňa janyna jaý tapanokdy. Käte çep eliniň, käte-de sag eliniň barmaklaryny döwere getirip, gaňryşdyryp otyrdy. Döwülse-de duýarly däldi. Ýogsa, onuň üçin iň pajygaly pursat eýýäm yzda galypdy. Pursadyň özi yzda galanam bolsa, jebri-jepasy heniz öňde bolarly. At ýüzli, bugdaý reňkden gelşikli, ýöne horlanyp, ýagşy sykylandygy äşgär bildirip duran bu gelniň şeýle ejizläp, bozulyp-ýazylyp oturmagyna öň-ä namysyna degilmegi, gal...
Täzelikler » Detektiw proza - 08.07.2019

■ Alyjyny öýkeletseň...

Işiň ahyrynda magazin müdiri satyjylaryň barysyny ýygnady-da, gysgajyk, ýöne uly ähmiýetli bir bildiriş yglan etdi.
-Ýoldaşlar, ertir biziň magazinimize barlagçy geljek, ýöne näwagt geljek – belli däl. Onuň adaty alyjy hökmünde islendik wagt geläýmegi juda mümkin. Şonuň üçin hem her bir alyjy bilen örän sypaýy bolmaly. Öz üst-başyňyza hem oňat serediň. Umuman, wezipe düşnükli dälmi? – diýip, ol işgärleriniň ýüzüne birlaý seretdi. Müdire sowal beren bol...

EDEP NÄMEDEN BAŞLANÝAR?

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ylym we tehnika baradaky Ýokary Geňeşiň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçiren göçme mejlisinde eden çykyşynda aýdan bir sözi şu makalanyň ýazylmagyna sebäp boldy: “Binýat berk bolanda, bina baky bolýar”. Hormatly Prezidentimiz bu sözleri häzirki görlüp-eşidilmedik derejedäki özgertmeler hem-de ylym ulgamynyň depginleri bilen baglanyşdyryp aýdan hem bolsa, şu ganatly jümläniň çygry, men...

Öýe gelip az-kem dynç alanymdan soň, bu günki wakalardan galan ýatlamalar ýene-de birlaý hatar gurap, göz öňümden geçip gitdi. Şonda iki şofýoryň görkezmesindäki, näme üçindir, gabat geläýmeli ýaly bolup duran çaprazlyk ýene bir gezek iňkise goýdy. Bu sowalyň özi Ymamguly agany hem ýöne ýerden oýa batyrmandy. Aslyýetinde, pikir edip otursaň, Kakajan perişde saýyljak ýigitlerden-ä däl. Onuň diňe geçmişiniň özi hem muňa şaýat. Üstesine, soňky döwürdäki syrly gaýyp bolmalaryna näme diýersiň? Ýogsa-...
Täzelikler » Detektiw proza - 24.05.2019

Şu käre ulaşalym bäri diňe bir raýon merkezinde däl, eýsem kolhozlarda-da, olaryň gumuň jümmüşindäki uçastoklarynda-da, uzak-uzak öri meýdanlaryndaky çopan goşlarynda-da bolmak miýesser etdi. Diňe bir bolmagam däl-de, aýry-aýry adamlaryň durmuşy bilen tanyşmak, olardan özümi gyzyklandyrýan sowallaryň jogabyny agtarmak, gürrüňdeş bolmak hem miýesser etdi. Şeýle halatlarda men bir zada haýran galardym: jenaýatçylykly etmişlere baş uran ýa-da şeýle etmişleriň bosagasynda duran ýaş adamlaryň ählisin...
Täzelikler » Detektiw proza - 24.05.2019

Indi näme iş etmelidigimizi men kärdeşimiň gözünden okajak bolýardym. Onuň gözleri häzir öňdäki iki garadan başga zady saýgaranokdy.
“Gijeki myhmanlaryň” biri motosikleti ýoldan sowdy-da aýagyna diredi. Beýlekisi bolsa elindäki fonaryny ilki motosiklete, soňra hem gonamçylygyň derwezesine tarap tutdy. Şäherli ikimiz çyrany gören dessimize has hem ýapyryldyk. Birdenkä ýiti şöhläniň dili biziň üstümizden düşäýse, kim bilýär, bu zatlaryň näme bilen gutarjagyny!
Şeýle dartgynly pursady...
Täzelikler » Detektiw proza - 24.05.2019

GIJEKI YZLAR

Sorag edilýän ýigit jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalnigi Ymamguly Berdiýewiň işikden ätlärine mähetdel, tutuş göwresini ejizlige salyp, oňa tarap öwrüldi.Birbada näme diýjegini bilmeýän ýaly, naýynjar keşbini naçalnigiň ýüzüne dikdi-de, has hem ejizledi. Soňra amanat ýaly bolup oturan oturgyjyndan ur-tut ýere düşdi-de dyzyna çökdi, iki elini kükreginiň üstüne goýup,özelenip başlady:
-Ýoldaş naçalnik, üstümde Hudaý bar, eger men şo tigiri ogurlan bolsam gözüm gapy...
Täzelikler » Detektiw proza - 24.05.2019

ÝALÑYZ ŞAÝAT

Gyşyň gelip ýetenine esli wagt bolanam bolsa howanyň ýüzi heniz bir ajap baranokdy. Ýöne uzalan gijeler welin aýazly günleriň indi daşda däldigini magat aňdyrýardy. Şonuň üçin-de bu gezekki tabşyryga ýuka geýinip çykanyma indi biraz ökünmänem duramokdym. Egnimdäki plaş büräniň ganaty ýaly-ha diýmäýin welin, ýöne şonuň öňüni dolandy. Şeýle ýagdaýda hatda uzyn gijäni hem daşarda,aýak üstünde geçirmeli bolaýmagyň gaty ähtimaldy.
Tabşyrygyň hörpünden çen tutsaň ol ju...
Täzelikler » Detektiw proza - 12.05.2019

Ýalňyz şaýat.

...Wakanyň bolan ýerine ugramyzda ýalançynyň ýüzi ýaňy çyzylyp başlapdy.Käbir işikde eli kündükli ýaşulularyň göze ilmegi eýýäm obanyň örüp ugranyndan habar berýärdi.Nobatçy milisioneriň aýtmagyna görä,biziň häzirki barýan ýerimizde welin bu gije ine-gana uky alyp bilen ýok bolarly.
Howlynyň daş işiginde bizi iki-üç sany adam bilen ýeňini dişläp duran on-onki ýaşlaryndaky gyzjagaz garşy aldy.
-Ynha,şu ýeri-diýip,ýaňky duranlaryň biri şol howla tarap elini...
Täzelikler » Detektiw proza - 12.05.2019


1 2 »