Результаты 1-20 из 21 по запросу Annamuhammet Kirşenow
EÝ, DOSTUM
![]() Gardaş, goý, darykma, gaty gysylma, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Bu dünýäni alyp bolmaz gysymňa, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Gyýylýarys käbir işi oňarman, Uýalýarys käbir işi oňarman... Ýeri bolýar, zyýany ýok owarram, Sabyr et, hemme zat gül ýaly bolar. Ýok, gerek däl indi abyr-zabyr-da... |
URUŞ ÝYLLARYNYŇ SALAM HATLARY
![]() Şol gazaply günler ýaly agrasdy, Uruş ýyllarynyň salam hatlary. Olar—Dürli ejäň ýalňyz hossary, Uruş ýyllarynyň salam hatlary. Nämüçindir, mydam eglenip gelen, Söweş ýollarynda emgenip gelen. Umyt bolup gaýdan, em bolup gelen, Uruş ýyllarynyň salam hatlary. Hersin Dürli eje ýekeme-ýeke, Depderiň içinde saklaýa... |
GOJA ESGERIŇ ÝATLAMASY
![]() Men hiç zat hem getirmedim uruşdan, Gaýdypdym, Ýeňişiň yzyna düşüp. Gursakdaky bir bölejik gurşundan, Başga olja getirmändim üýtgeşik. Egnimde goşhaltam, içinde hem nan, Kisämde ýol harjym bir bary-ýokly. Meniň Watan sary atygsap duran, Ýüregimden başga hiç zadym ýokdy. Synan Reýhstag... Berbat durşuna, Eleşan köçele... |
OL GITDI
![]() Gussaly garap bärisin, Gaty gyssanmaç gitdi ol. Meni galdyryp çäresiz, Özem bialaç gitdi ol. Elinden gitse erk, näme, Etmezmi, eýse, terk, näme? Myjabatdan gerk-gäbe ─ Mylakatdan aç gitdi ol... Galjak bolup synandy kän, Ynandy kän, gynandy kän... Uzagam däl, ýakynam däl, Haýp, han-ha Halaç gitdi ol. “Bag... |
MEN JÜÝJÄMI GOWY GÖRÝÄN...
![]() (ulular üçin aýdymjyk) Gowy görýän-ä, gowy görýän, Men jüýjämi gowy görýän! Şonuň üçin iým berýän, Şonuň üçin suw berýän... Ýene ýagşy ulalar, Ýumurtga berer olar. Heýjan-elek, jan elek, Her gün iýem heýgenek... Käte içjek çiginem, Köp güç bereri ýaly. Gatap giden içimi Gowja sür... |
GEÇENLER-GEÇDI, GARDAŞYM...
![]() Şahyr dostum Gurbandurdy Orazowa Bu bazarda söwda gyzdy. Kimler alar, kimse satar, Göwün islän harytlaryň düzüm-düzüm, hatar-hatar... “Tanyş… Dost… Soraýsam nesýe?”. Gardaş, bu pikiri taşla, Sen nirede gezip ýörsüň? Bu ýeriň düzgüni başga! Ymtylma. Gözüňi dikme. Öz nebsiňe sak bol örän, Munda ýe... |
ÜRKDI GITDI
![]() Elden, ol-a emel eken, Eýse, indi erk-de gitdi. ...Elli ýaş ─ tüýs neme... eken, Gitdi, menden görk-de gitdi... Aýby ýok, munuň hiç aýby, Asla, ýok öýlenjek gaýgym. Çal ýeller başdan aýagmy, Çaňy bilen örtdi gitdi. Ýat boldy hoşzyban dilber, Ýada düşse, ýürek dilner. Asal-asal sözlän diller, Ajysyny pürkdi gitdi. ... |
ANNAMUHAMMET KIRŞENOW
![]() Annamuhammet Kirşenow — 1961-nji ýylyň 10-njy awgustynda, Tejen şäherinde, edebiýat mugallymynyň maşgalasynda dünýä indi. 1978-nji ýylda ol Tejeniň Garaja Burunow adyndaky 2-nji orta mekdebiniň 8-nji synpyny tamamlap, agşamky işçi ýaşlar mekdebinde orta bilim alýar. Eýýäm 4-nji klasda okaýan wagty edebiýat bilen gyzyklanyp ugraýar. Inžener-gurluşukçy hünäri ... |
SYGYR ÇOPANYNA
(degişme äheňinde) Hany, biraz eglensen-e, Çopan ýigit, diňle sözüm. …Mal yzynda emgenmeseň— Il öňünde gyzar ýüzüň… Bes et indi, sykylygňy, Durma köçäni örüzip. ...Sygrym neçün sykylypdyr, Her gün aç gelýär örüden? Mal diýeniň gözlerinden, Suw içýändir eýesiniň. Ýokuş görme sözlerimi, Şu nakyla eýer senem! Hor bolmarsyň akyl alsaň, Hak sözle... |
DURMUŞ DEÑZINDE
...Men durmuş deňzinde… Ýüzüp barýaryn, Ýüki ýetik bu gün ömür salymyň. Howatyr edýärin, onuň agramna, Bir ýerlerde agyp gitjek ýaly men… Durmuş dolup-daşýar… Iki ýan çaýkap, Ahmal bolsaň, ýitirjek ol deregňi. Bolmaýar, otursaň başyňy ýaýkap— Aldygyna işletmeseň küregňi. Deňizde… Bolmaly däl eken ýöwsel, Gaý-tupandan gorkmaly däl ekeni. …Bu gün meniň bilen ugurdaş o... |
ERK HAKYNDA ERTEKI
ýa-da adamlaryň agyr günde özlerine erk edişleri barada hakykata ýakyn bir hekaýat I. Bir bar eken, Bir ýok eken... Bu erteki çynmy, ýalan? …Şol gün duşman leşger çekip, Bir şäheri zamun alan... Garry-ýaş gyrlypdyr kileň, Ýagy darapdyr rehimsiz. Emma bir saý-sebäp bilen, Bular düşenmişin ýesir... “Kesiň olaň iki elin! ,” Diýip, han çykardy hökü... |
ŞYGYR TERJIMESINIŇ KÄBIR AÝRATYNLYKLARY
Ýaş terjimeçiler üçin synanyşyp görmegiň özem, eýýäm kiçijik üstünlik. Islendik başlangyç işde bolşy ýaly, size-de daýanç nokady wajyp. Ol hem siziň terjime etmegiňiz üçin saýlan şygryňyz bolmaly. Eser saýlamak bu sungatyň ilkinji we esasy şertidir. Terjimeçileriň arasynda terjimeçi ýazaryň yzyna düşmeli diýlen aýtgy bar. Bilmedim, belki, dogrudyr. Ýogsa-da, beýle bolsa, şygyr terjimeçilerine näme maslahat berse bolar? Kim... |
MENIÑ ÝAŞYMY SORAMA...
...Ählisi ýadymda galdy— Nahaljykdym men bir sere. Bu gün—gol ýaýradan bag men, Köküm urdum ene ýere. Ösüp, has örňejek bolýan, Darkaş gurup durmuş bile. Ýanymy bermejek bolýan, Jöwza, sowga, ýagşa, ýele. Büküldim käte, bükülsem, Öz şahamyň agramyna. Ýollarda büdräp ýykylsam, Topragy basdym bagryma. Biraz gijiräk gülledim, Dogrusy, az-kem eglendim. ... |
PALÇY GELIN
...Elli. Altmyş. Ýetmiş. Segsen— Bu maňa köp dälmi eýsem? Rowa görüp munça ýaşy, Sahylyk edensiň aşa... Ah, eçilip maňa wada, Düşenjesin on manada, Sen palçy, ýalançy gelin, Elleriňde saklap elim, Şol gün sen aýama garap, Köp oturdyň başyň yrap... Ondan näme okadyň sen? Goýman häli, nokadyň sen! ...Seniň sülük barmaklaryň, Ýüregme sümüp barýardy... Gaş-gözüňe maýyl ede, ... |
UÇÝARMYŞYM DIÝÝÄRIN...
Birde gyzdyrýaryn, bir-de üşüdýän, Ir ertirden ne içýän, ne iýýärin. ...Meger basyrganýan, mümkin düýşümde, Men birdenkä uçýamyşym diýýärin... Galyp barýan, barha ýerden daşlaşyp, Şonda ýakynjakdan gördüm buludy. «...Hiç kim bilen bilmedimem hoşlaşyp...» Gol buladym, soň dem alyp uludan: «Meniň üçin indi bary tükendi...» Diýip, galagoply bakýan aşaga. Görsem, biri eli gara tüpeňl... |
ERTIR BAHAR GELER...
Gyş gitmez, gelmezden bahar, Şeýle tebigatyň şerti. Süňňüm ýylamaz bu mahal, Haýp, ol ertir ýylar, ertir. Hawa, howalaram maýlar, Emma entek az-owlak ir. Ertir kalba mähir dolar, Ertir togsan dolar, ertir. Gowy — ertäň barlygam bir, Günler çogly güneş getir. Meni doňýürek ýar, meger Ertir ýada salar, ertir. Men indi uzak üşemen, Gyş öz möwritini bitir. ... |
ÇAGALYGYMYŇ KINOSY
Telewizor. «Keçpelek». Goňşy-golamlar… Gysmyljyrap otyryn men ejeme. Märeke. Gelinaljy. Gum alaňlary. Obadan daşlaşyp barýar kejebe. «Ma-ral! Gitme, Ma-ral!» Gaçyp ysgyny, Beglijik garap dur, bialaç, näler. …Wah, jigim jan, yzyndan bu kysmatyň, Ylgaý-ylgaý ýetip bolýarmy näme? Maral bu gün öýe, Hem toýa sygman, Häzir ýüzün tutup, aglaýar bärde. ... |
"Sensiz ne sag men, ne hassa,
Ýõne sen muny añmaýañ. Gijeler ýüregim gyssa, Aglaýan, sessiz aglaýan.. Sesim ýeter rakyplara, A sen daş eşiderden meni. Ýollaryña baka baka, Garaşýaryn günüñ güni. Diýip ýollaýan hatymy Bu gün ýene batyp gama. ...men agladym ýazan wagtym Sen ony okap aglama. "Ýel hem ses edýär daşarda Çekýän dek bir zadyñ zaryn ...bir yşarat et, yşarat Bararyn ... |
Niredesiñ...
Nirede men?! Õler ýaly gelýär gõresim ...Şindem eşdilip dur sesiñ "Gülseñ-de bor, gülmeseñ-de.." Õlmedim.. Šu güne deñiç Mundan soñam bu gaty giç Bu gûn maña barysy hiç Gelseñ-de bor gelmeseñ-de. Goý indi.. meni gõzleme, Ýok, menem seni gõzlemen Bu ýollarda gõzlerime Ilseñ-de bor ilmeseñ-de. Dõzerin... Senem dõz indi, Artykmaç bize sõz indi ... |
AL MENI O ÝANA
Öwüs, ýel, gel, göwün derde dilinmeýän ýere äkit! Gam nämedir, gaýgy nedir, Bilinmeýän ýere äkit. Goýma… Göter, meni alyp, Göge galyp, galyp, galyp. Soň yzyňa ýüzüň salyp gelinmeýän ýere äkit. Besdir… Bihuda çisňedim, Ýagyp-ýagyplar diňsedim. Aglaşan bolşup, ýeňseden gülünmeýän ýere äkit. Al, o ýana, Apar meni, Gereklänler tapar meni. ... |