Результаты 1-20 из 23 по запросу Annasoltan Kekilowa

ÝADYGÄRLİK GALSYN

Serediň adamlar, sözleýär asman,
Sözleýär seslenip mawy bulutlar.
Serediň, serediň, baksaňyz her ýan,
Sözleýär seslenip bägüller, otlar.

Derýalar möwç urýar, deňizler joşýar,
Tolkunýar ol, mawy asman tolkunýar.
Tolkuna ýyldyzlaň suraty düşýär,
Serediň dostlarym, güneş galkynýar!

Toplanyşyp gökden uçýar durnalar,
Saýraýar serçemen baglaň guşlary.
Ganatlaryn gerip geçýär durnalar,
...
Täzelikler » Goşgular - 23.01.2022

GURJAKBAŞY

Hiç haçan men seniň duşmanyň däldim,
Batga bolup garalmandym öňüňde.
Onda nämüçin sen bukdaklap ýörsüň,
Köýüp giden aryň bar ýaly mende.

Ne-hä sen bir penje urýaň ýeňsämden,
Ne-de aýdyp bilýäň ötgür sözüňi.
Oýunjak gurjaklaň açaryn towlap,
Perdäň aňyrsyndan dikýäň gözüňi.

Soň gurjaklaň maňa oýun görkezip,
Seň sözüň gaýtalap azar berýärler.
Towy gutaransoň jansyz şeýtanlar,
Ýene seniň ...
Täzelikler » Goşgular - 23.01.2022

GARGALAR

Asmanda çaknyşyp sowuk bulutlar,
Güýçli ýel syrygyp, gar köwsarlaýar.
Meň kalbymda bolsa uçgun tutaşyp,
Ýanyp duran küre ýaly lowlaýar.

Azaşýan ýol tapman doňak tokaýda,
Dodaklarym kepäp,
Ýalaýan gary.
Ýüregim gananok, ýene men teşne.
Gaýyp ýör depämde, gara gargalar,
Soraýan olardan:
- Nirede çeşme?!

Gargalar gygyrýar:
- Gak, gak-da, gak-gak.
Göwnüme bolmasa, diýýärler ol...
Täzelikler » Goşgular - 23.01.2022

"OWADAN, SIZ, GYZLAR..."

Owadan, siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleñ eýesi, guşlañ eýesi.
Hüşermäñ, oglanlar, göriplik etmäñ,
Gözellik gyzlaryñ baky mirasy.

Görýäs biz olary uzak ýollarda,
Görýäris zavodlañ gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlañ her günde.

Gyzlar baş daraýar aýnañ öñünde,
Gün äpet...
Täzelikler » Goşgular - 04.11.2021

ANNASOLTAN KEKILOWA

Türkmen zenan-şahyrasy Annasoltan Kekilowa 1942-nji ýylda Aşgabat şäheriniñ Köşi obasynda dünýä inýär. Maksim Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly) TDU-ny okap gutarandan soñ orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Şol ýyllarda hem çagalar üçin goşgulary ýazyp başlaýar.
Açyk sözlüligi, erkin pikirliligi sebäpli işinden kowlan we gizlin gulluklaryñ gözüne ilen Annasoltan Kekilowa 1971-nji ý...

PERZENT

(Oglum Ýagmyra bagyşlaýaryn)

Owadan-la bu jaý!
Gözel-le bu jaý!
Bu jaý hormat bilen
Söýgüden doly.
Munda ogul bolýar,
Gyz dünýä inýär.
Bu jaý geljek nesliň
Simwoly ýaly,
Akuşerka daýza,
Meniň çagamy
Getirsene bäri,
Göremok häli.
Getirdiňmi? Sag bol,
Mähriban daýza.
Hany, meniň gujagyma bersene!
Tolgunýar ýüregim,
Joşýar ýüregim,
Oň gürsül...
Täzelikler » Goşgular - 20.03.2021

INDIM MEN DUÝDANSYZ BU ULY DÜNÝÄ

Indim men duýdansyz bu uly dünýä,
Döwrüñ aladalaryndan habarsyz.
Guşlañ owazyna meñzeş agyny,
Diñleýär meñ bilen biziñ asyrmyz.

Asyrmyz diñleýär.
Emma meñ üçin
Bu pursat jedelem, pikirlerem ýat.
Uklap ýatyr çal dumana bürenip,
Geljekki ýaşaýş,
Geljekki şöhrat…

Bar zat öñde –
Salgymlaryñ içinde,
Gara daglar deýin ýatyr garalyp,
Soñ daglara tarap...

Täzelikler » Goşgular - 05.12.2020

ÖMÜRZAÝA ÝYLDYZYM

Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz,
Meniň bilen asyr barýar ädimläp.
Küküreginde syrlar gizlän topragym,
Gyzykly gür berýär pikirlerin jemläp.

Meýmiredip bu gyzykly gürrüňler,
Ýaş juwan kalbymy gurşap alsa-da,
Ýok, hiç wagt dönmen uzak ýollardan,
Saçlam agarýança hemra bolsa-da.

Men ölsem-de, ölmez ýaşar asyrlar,
Men ölsem-de, ölmez ýaşar nesiller.
Meni ýagşylykda ýatlasa biri,
...
Täzelikler » Goşgular - 10.10.2020

МАКОВОЕ ПОЛЕ

Ладонью глажу росную траву.
Мир детства, растушеванный, нечеткий,
Вновь проступает, словно наяву…
Где нынче вы, с косичками девчонки?

О днях минувших думаю опять:
Какое судеб переоблаченье!
Не обратишь теченье жизни вспять,
Как родника бегущего теченье…

А вы, мальчишки! Где-то вы теперь,
Когда-то нас водившие тропою?
Осталось детство на краю степей,
Среди пустого макового поля.

Отс...

Täzelikler » Goşgular - 01.05.2020

MAGTYMGULA ÝÜZLENME

Köp zady yzarlap, tapmamsoň hiç zat,
Ýer tapamok boşap galan kalbyma.
Eý, siz asmandaky seýrek bulutlar,
Nämeüçindir meňzeýäniz siz maňa.

Geň däl maňa siziň seýrekligiňiz,
Geň däl maňa bilbilleriň owazam.
Tanyş ak gijeler, aýdyň ýyldyzlar,
Ir-iýmişli güýzem, gunçaly ýazam.

Diňe geň zat,al asmandan bürgütleň,
Bulutlary böwsüp, atylyp barşy.
Alyslarda galdyrany bar ýaly,
Olar pel-pel...

Täzelikler » Goşgular - 16.01.2020

ALYSDAKY ÝARYM HAKDA AÝDYMLAR

Ýarym maňa akja ýaglyk hödirläp:
- Al öýmäňi atynma - diýip ýalbarma.
Gyzyl, ýaşyl ketenimi söýmeseň,
Özüme-de "söýýän" diýip gül berme!

Bu öýmäniň güllerini höwesläp,
Göwnim isläp saýlap-saýlap aldym men.
Pyragynyň, Ferdöwsiniň, Haýýamyň,
Mekanyndan-Gündogardan geldim men.

Bu öýmäni pasyrdadyp başymda,
Köpetdagda garşyladym ýazy men.
Durna gözli çeşmelerden suwlanyp,
...

Täzelikler » Goşgular - 16.01.2020

NÄME ÜÇIN?

Ol kimden nägile? Alyp bukjasyn,
Ýazdy epinlerin toý köýneginiñ.
Başyn aşak salyp gamlandy birden,
Diýdi, "Sen nirede, ýaşlygym meniñ?!"

Bu şeýle bolupdy: ýetişipdi ol,
Ýatlady gyz juwanlygnyñ geljegin.
Akyl goýalmandy, şonda-da päkdi.
Kim bilýär geljegiñ näme boljagyn?

Solupdy ýürekde güllän söýgüsi,
Rehimsizlik bilen taşlanypdy ol.
Kalbyndaky söýgi zäherlense-de,
Duýgular diýdiler g...
Täzelikler » Goşgular - 03.12.2019

OWADAN GYZ

Galdyr başyň,
Owadan gyz,
Iller ap-ak,
Ýüzüň görsün,
Göreçlerden,
Lezzet alyp,
Gökde guşlar,
Ganat gersin.
Aý-Gün saňa,
Nazar salyp,
Gözelligiňe,
Başyn egsin.

Galdyr başyň,
Galdyr başyň,
Goý, görünsin,
Ak ýaňaklar,
Seň görküňden,
Goý uýalsyn,
Ýaz açylan,
Gülälekler.
Gözelligiňe,
Bäsdeş bolup,
Goý, seretsin,
...
Täzelikler » Goşgular - 02.12.2019

TÜRKMEN OGLANY

Garañkylyk sowlup gitdi bireýýäm,
Parlak Gün lowurdap şöhlesin saçdy.
Kanalmyzyñ köprüsiniñ üstünden
Kombinzonly türkmen oglany geçdi.

Güldürip owadan goýun gözlerin,
Daş köprüden bäri bakan pillesi,
Ol gözler şeýle bir jadylap meni,
Dikildi ýüregme yşgyñ güllesi.

Töwerege aralaşyp ümsümlik,
Bulutlar seýl etdi mawy asmanda,
Ýüregimi ýesir edip ýüregne,
Özüm gitdim, ýürek galdy şol...
Täzelikler » Goşgular - 26.11.2019

AKJA KEBELEGE YÜZLENME

Ne parhy bar meniñ yatan ýerimiñ,
Daş çykyp bilmesem, gezip bilmesem.
Ne peyda bar islämde-de ölümi,
Ajaly gujaklap ölüp bilmesem.

Ne peýda bar uçup giden bürgütden, Penjesinde alyp gitmese meni.
Nädeýin men gargalaryñ şalygyn,
Öwrenip bilmesem olañ dilini.

Ne peyda bar maña biwepa ýardan,
Bir nadan oguldan, gadyrsyz gyzdan.
Çat açan yüregim ýeriñ üstünde,
Gitmek islän wagty ýaz ...
Täzelikler » Goşgular - 15.09.2019

АННАСОЛТАН КЕКИЛОВА

Аннасолтан Сеидовна Кекилов (1942—1983) - туркменская поэтесса.

■ Биография

Родилась в поселке Кеши близ Ашхабада. Закончила туркменский государственный университет. После окончания университета 2 года проработала в средней школе, также писала детские стихи. В шестидесятых годах вышли в свет 3 книги с её стихами изданные под редакцией детской газеты "Мыдам Тайяр". В конце шестидесятых стала сотрудничать с группой московских правозащи...


BIZ GYRNAK

Biz gyrnak
Bilýäris
Gyrnaklygmyzy,
Şoñ üçin dört ýere bölýäs ýüregmiz,
Ine ýüregmiziñ bir böleginde
Gussaly ýaşlygmyz hem ajal ýeter.
Gün gerekmi?!-
Tümlük
Isläniñ saýla
Çözmesi kyn. Elhenç...
Şu jüdel ýatyr.
Ýüregmiziñ beýleki bir bölegi
Eýlenipdir sowuk garaýyşlara
Zynjyrsyz baglanan
El aýaklarmyz-
Ýan bermelimişin
Gara gyşlara

Üçünji bölegi ýüreklermiziñ
Tutuşlyg...

Täzelikler » Goşgular - 17.10.2018

Annasoltan KEKILOWA

▶ Söýgi hakynda oýlanma

Ýūregim erkime ýöretseñ höküm,
Men ony söýmäge barmyka hakym?
Sözle bu sowala jogap berjek kim?
Ýok, ýūrek ýalñyşýañ sen az salym dym.
Pikirlende daş çyk,
Seret asmana.
Geñeş sal gudratly gara daglara.
Ýūzlen bu güneşe,
Ýüzlen äleme,
Dyza çök alnyñ goý mukaddes ýere!
Şonda-da hiç kimden tapmasañ jogap,
Ölçer-de syryñ dök giñ sähralara.
Göwnüñe ...
Täzelikler » Goşgular - 03.07.2018

Annasoltan KEKILOWA

▶ Ol gün ýel öwüsdi...

Ol gün ýel öwüsdi ýada gar ýagdy,
Kim maňa at goýdy, kim pata berdi.
Gadyrsyz perzendi bagyşlap dünýä,
Bilmen haýsy ene meni dogurdy?!

Bulary bilmänkäm ýetişdim dogan,
Soň çaga bolýarmyň...
Gelensoň ýaşlyk,
Ozal näme gördüm?
Görjegim näme?!
Bu pikirler, gör, nähili bulaşyk.

Ýadymda gazaply ýanwar gijesi,
Meni lenç edeni penjesin gerip. ...
Täzelikler » Goşgular - 03.07.2018

Annasoltan Kekilowa

* * *

Owadan siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleň eýesi, guşlaň eýesi.
Hüşermäň oglanlar, göriplik etmäň,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.
Görýäs biz olary uly ýollarda,
Görýäris zawodlaň gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlaň her günde.
Gyzlar baş darýarlar aýnaň öňünde.
Gün äpet göwresin salanda ýere.
Goý olar beslensin, goý beslenmesin. ...
Täzelikler » Goşgular - 03.07.2018


1 2 »