Результаты 1-20 из 22 по запросу Arazbaý Öräýew

IÑ GADYMY HALY

Türkmen halylarynyň ýaşy müňlerçe ýyla barabar hasaplansa-da,iň gadymy halyny kim,nirede dokapdyr,onuň ýaşy näçe,şol halynyň reňki,nagyşlary nähili diýen sowal okyjylary az gyzyklandyrýan däldir.
Biziň bagtymyza,halylaryň skif döwrine degişli ýekeje nusgasyny tapmak arheologlara miýýesser boldy.Ol haly häzir bütin dünýäde tanalýan,meşhur Pazryk halysydyr.Pazryk halysy häzirki zaman türkmen halylarynyň ilkinji gadymy nusgalarynyň biridigi mälim boldy.Biz bu ha...


Näressäniñ täleýnamasy

Aýalyñ göwresinde çaga galmagyna Aý günleriñ täsiri

Aýallaryñ göwresinde çaga galmagyna Aýyñ täsiri örän ulumyş. Müneçjimleriñ tassyklamagyna görä, Aý günleriniñ haýsy birinde çaga galan bolsa ol günlere mahsus aýratynlyklar bolup, şol hem çaganyñ häsiýetine täsir edýärmişin. Bizde wagt hasabynyñ Günüñ doguşyna görä ýöredilýändigi mälimdir. Ir bilen Gün dogan wagty adamlar üçin gündüziñ hasaby başlanýar. Astronomiki hasap boýunça her bir gün hasab...
Täzelikler » 2018/09/24 - 24.09.2018

Doñuz ýyly
(gara keýik)

Rowaýat etmekerine görä, Doñuz ýylynda dogulanlaryñ ömürboýy päklikde ýaşamaklary gerek, hapalyk bular üçin hatarlydyr. Maksada okgunlylygyñ çägi ýok, bu babatda hiç kim bulara bäs gelip bilmeýär. Bularyñ dosty az, emma dostlaryny örän gadyrly tutýar. Olar üçin özüni oda-suwa urmaga taýýar. Häsiýetinde edermenlik ýaly oñat aýratynlyk bar. Olara syryñy arkaýyn ynanmak bolar. Hiç haçan adam satmaz ýa-da aldajak bolmaz. Her bir işe ak ýürek, jany-teni bil...
Täzelikler » 2018/08/30 - 30.08.2018

It ýyly

Bu ýylda dogulan adamlara iñ oñat häsiýetler mahsusdyr. Bular wepaly, ak ýürekli, syr saklamagy başarýan ynamdar adamlardyr. Galyberse-de wäşiligem bar, maýdaçyllyk edenoklar. Ýöne şeýle bir kesir welin aýdyp diýer ýaly däl. Kesgin hem-de ýakymsyz bir sözi morta aýdyp goýbermegi hiç zatça görenoklar. Ýerli-ýerliksiz iññirdemäge, ýok ýerden kemçilik agtarmaga ýykgyn edýärler. Adalat ugrunda şulardan oñat göreşiji ýokdur. Her bir adalatsyzlyk olarda gahar-gazap döredýär, şonuñ...
Täzelikler » 2018/08/30 - 30.08.2018

Towuk (takyk) ýyly

Bu ýylda dogulanlara mertlik, batyrlyk mahsus. Olar şeýle bir gaýduwsyz adamlar, hatda ömri howp astynda wagty hem gorkman ýylgyrjaklap bilýär.
Bular pähimdar hem-de talantly adamlar. Zähmet çekmegi gowy görýär, öz işini söýýär. Söz berse, her näçe kyn hem bolsa sözünde tapyljak bolýar, eger-de başarmasalar muña çyny bilen gynanýarlar. Göwnünde näme bar bolsa, çekinmän şony hem aýdýarlar, bu köp adama ýokmaýar we şonuñ üçin olaryñ arasynda düşünşmezlikler ý...
Täzelikler » 2018/08/29 - 29.08.2018

Bijin (Maýmyn) ýyly

Şu ýylda dogulan adamlar läliksiredilen, ynamdar däl hem-de yrga. Bular mekir, akylly, oýlaptapyjy, kyn meseleleri-de añsatjak çözmegi başarýarlar. Olarda özboluşlylyk bar, degişmeçi, şonuñ üçinem adamlar gowy görýär. Şol bir wagtyñ özünde-de bularda ikiýüzlilik hem-de aldawçylyk häsiýetleri agdyklyk edýär, olar bilen iş salyşanyñda ätiýaçlyrak bolsañ utulmarsyñ.
Maýmyn ýylynda dogulanlaryñ märekesöýerliginiñ we göwnaçyklygynyñ añyrsynda mydama bähbitli ma...
Täzelikler » 2018/08/29 - 29.08.2018

Goýun ýyly

Goýun ýylynda dogulan adamlar çeperçilik sungatyna ökde bolýar. Olar gelşikli, şähtiaçyk, özüne çekiji. Tebigaty gowy görýärler. Hereketleri gelşikli, sazlaşykly, çeýe häsiýetleri welin örän ynjyk. Köpüsiniñ häsiýeti ýüregedüşgünç, elmydama iññirdäp ýörýär, ýaýdanjañ, öz ykbalyndan hemişe zeýrenýär. Köpüsi dine berk ynanýar, fantastiki we adatdan daşary zatlar bilen köp gyzyklanýar. Kişiniñ zadyna eýeçilik etmegi gowy görýär. Başgalaryñ hasabyna baýamaga çalyşýar. Tertips...
Täzelikler » 2018/08/28 - 28.08.2018

Ýylky ýyly

Ýylky ýylynda dogulanlar görnükli hem-de şadyýan adamlardyr. Puluñ sarpasyny tutmagy başarýarlar. Oñat geýinýärler, tomaşany, şagalañy gowy görýärler. Mydama köpçilikde gezesi gelýär. Köplenç bulardan gowy sportsmenler çykýar, sportda uly üstünlükler gazanmagy mümkin.Akylly, düşbi, ýöne köpüräk gepleýärler. Işleri mydam şowuna, başga adamlaryñ pikirini añmagy başarýar. Diñe akyl zahmetine dal, eýsem fiziki zahmetde-de ukyply.Sypjyk, elmydama bir diýeniniñ üstünde durup bi...
Täzelikler » 2018/08/28 - 28.08.2018

Ýylan ýyly

Gündogarda ýylan akyllylygyñ nyşany hasaplanýar. Ýylan ýylynda dogulanlar ýiti akyllylygy we pähimligi bilen tapawutlanýar. Olar köp geplemeýär, tersine pähim-paýhas bilen iş görýärler. Eger-de şu ýylda doglan adamlar ýokary bilime eýe bolsalar, onda olaryñ paýhasy daş ýaryp, köp zady öñden görüp biler.Bularyñ gatnaşygynda duýgylar, täsir hem-de özara sylaşyk uly orun tutýar.Bu adamlaryñ hamana alty duygusy bar yaly. Her bir başlan işlerini hökmany ahyrna çenli ýetirýärle...
Täzelikler » 2018/08/28 - 28.08.2018

Luw ýyly

Luw ýylynda doglan adamlaryñ jany örän sagat bolýar, olar gujur-gaýratly, sapýürek, ikiýüzlilik etmeýär, geçirimli. Bu adamlar ynanjañ we dogruçyl, sähel zada biynjalyk bolup alada edýärler. Elmydama kämillige ymtylýar, şonuñ üçin özüne hem-de töweregindäkilere talap ediji. Köp zat isleýärler, şol dereje hem ilata paýlaýarlar. Akgöwünli, batyrgaý, oñat duýgudaş, olara ynanyp iş tutsañ ökünmersiñ. Göwnaçyk, adat bolşy ýaly olaryñ aýdýan pikiri esasly bolýar. Olary hemme horm...
Täzelikler » 2018/08/28 - 28.08.2018

Towşan ýyly

Bu ýylda dogulanlar örän özboluşly, ukyply, hem-de gedemiräk adamlardyr. Olar salykatly, ak göwün we hoşgylaw. Her bir zada oñat düşünýär, hemmeler oña haýran galýar hem-de ynanýar. Gowy gepleşmegi başarýarlar, özüni we töweregindäkileri hormatlamagy başarýar. Ýöne olarda bir ýetmezçilik bar, ol hem yüzleklik, hatda bu adamlardaky iñ oñat sypatlar-da ýüzleklik häsiyetlidir. Mundanda daşgary gybat etmäni gowy görýärler, özlerem gybat edip otyrandyr welin, töweregindäkiler...
Täzelikler » 2018/08/28 - 28.08.2018

Bars ýyly

Bars ýyly dogulan adamlar duýgur, ganygyzma, tertipsizräk adamlardyr.Olar özünden ulylar ýa-da ýolbaşçylar bilen köp gapma garşylyga gidýärler.Bu ýagdaýa garamazdan hormatlanýarlar, sylanýarlar. Möhüm karara gelmeli wagty ýaýdanyp pursaty elden berýän halatlary az bolmaýar. Pikiri dar bolany üçin, añsat beýlekileriñ gepine ynanmaýar.Köplenç jedelleşmegi gowy görýärler.Özüninlñ nämakuldygyny bilip dursa-da añsat aýdan sözünden dänmeýär.Bu-da olaryñ uly kemçiliginiñ biridir,...
Täzelikler » 2018/08/28 - 28.08.2018

Sygyr ýyly

Bu ýylda dogulan adamlar sabyr takatly we az gepli bolýarlar. Özlerem ynama makul hasaplanýar, daş görnüşi salykatly, özüne çekiji. Kä halat birden gahary joşup, gyzmalyk hem ediberýärler, şol wagt olar bilen kejeleşmeseñ ýeñeniñ, in gowusy şeyle pursatlarda köşeşdirmäge şynanyşmaly. Sebäbi bu adamlaryñ gahar gazabynyñ çägi ýok. Belkide bu olaryñ esasy gaharyny ýuwudyp gezyändigi we içinde hyñ berip berçigip atandygy üçin bolsa gerek.Daş görnüşinden seretseñ ýönekeý hem s...
Täzelikler » 2018/08/28 - 28.08.2018

Syçan ýyly

Yryma görä, syçan ýylynda doglan adam, başgalaryñ nazaryndan sowarak görünmäge çalyşýar, ol elmydama maýda-çüýde zatlara gümra bolup gezmegi gowy görýär.Daşyndan görsen ol hatyrjem, sussypes we pes päl, emma ilki göreniñde parahat, arkaýyn adam diýdirýände bolsa, olarda içgi joşgun möwç urýan bolmaly. Bu ýylda doglan adamlaryñ daş keşbi-de özüne çekiji bolýar. Bu adamlar özüni tutup bilýär. Başyna iş düşende çekip bilýär, gam-teşwişi içine ýuwudýar.Syçan ýylynda dogulanla...
Täzelikler » 2018/08/27 - 27.08.2018

Iññän Gadymy Täleýnama

(Hepdäniñ günleri boýunça täleýi kesgitlemek)

Örän gadymy düşünjelere görä, hepdäniñ her gününiñ öz ýyldyzy bar. Şol ýyldyzlar hepdäniñ günlerine degişlilikde täsir edip, onuñ nähili boljakdygyndan habar beripdir. Ýylyñ başy hepdäniñ haýsy gününden başlanýan bolsa, şoña degişli ýyldyz, ýylyñ bütin dowamyndaky wakalary, hadysalary kesgitlemäge mümkinçilik beripdir. Gündogarda bu babatda, şu yşarat-alamatlara ynanypdyrlar. Bu yşarat-alamatlaryñ esas...
Täzelikler » 2018/08/27 - 27.08.2018

Amerikan Alymynyñ Sowalyna Türkmen Halk Ertekisinden Tapylan Jogap

(Gyzykly maglumatlar)

Adamlaryñ suwuñ astynda ýaşamaga uýgynlaşyp biljekdigine ynanýarmysyñyz, hakyt balyklar ýaly? Ynanañyzokmy?
Bu hakda, heý, görüp-eşidipmidiñiz? Eşidensiñiz-le, sebäbi meşhur türkmen ertekisi ''Ejekejany'' bilmeýän barmy näme? Ýadyñyzda bolsa, şol ertekide derýa iteklenen gyz çümüp gidip, suw astynda ýaşap başlaýandyr we ekiz ogul dogurýandyr. Ejekejanyñ keýige öwrülen dogany ...

JYN ARWAHMY ÝA-DA POLTERGEÝST?

Göwnümize bolmasa biziñ günlerimizde geñ-tañ hadysalaryñ sany barha artyp barýan ýaly. Belki-de beýle-beýle täsinlikler öñem bolýandyr-da häzirkisi ýaly aýdylyp, ýazylyp ýören däldir. Her niçik-de bolsa ''gulak eşidenini göz görmesin'' diýdirýän hadysalar hakda häli-şindi eşidilip dur.
''Kommunizm ýoly'' Daşhowuz oblast gazetiniñ 1991-nji ýylyñ 8-nji maýdaky sanynda Toýly Öwezow bilen Esen Artykowyñ ''Ýalynsyz ot jadylymy?'' diýen makalasy ünsüm...

GELMIŞEKLER (GUMANOIDLER) HAKDA HYÝALLAR

Bu faktlary getirmek bilen biz näme diýmekçi? Elbetde alymlaryñ pikiriniñ tersine NLO-lar hakykatda, bar zat diýip bilmeris. Emma olary doly inkär etmek üçin hem bizde ýeterlik esas ýok. Ýöne bir zady welin, anyk aýdyp bileris. Bolup geçýän hadysalar hakda her kimiñ öz pikiri bolup biler. Goý, ol örän fantaziýa baý çaklama ýa-da dini-mistiki pikir bolsun, diýeli ýapa degmeýän hyýal ýa-da tutuş bir ylmy iş bolsun, her halda her kimiñ öz pikiri...

ANOMAL HADYSALAR: OLAR NÄÇE?

Anomal hadysalar olar tebigatda bolup geçýän hadysalaryñ uly toparydyr. Kada bolşy ýaly, oña uçýan näbelli obýektleri (NLO), ''polyergeýst'' hadysasy (meselem, zatlaryñ öz-özünden ýanmagy, hereketlenmegi, Moskwa şäherinde şowhun döreden Barabaşkanyñ diwary kakmagy ýaly we ş.m. hadysalar), Ýeriñ üstündäki anomal zonalar, ýeri gelende aýtsak, şol ýerlerde Kowy derýajygynyb golaýyndaky, ''şeýtan gonamçylygy'' zonasyndaky ýaly ähli jandarlar ejir çekýär, psi...

NLO BARMY ÝA-DA ÝOK?!

Ýañy-ýakynda merkezi gazetlerde Wologda oblastyna Harowskiniñ etegindäki Kanonsewo obasynyb golaýynda kümüşsowult NLO-laryñ eskadrilýasynyñ gelendigi hakyndaky şow-şowly habarlar peýda boldy. Şol korabllaryñ uzyn elli, kellesiz, göwresi ýerlilere meñzeýän çlenleri özlerini örän erkin alyp barýardy. Başga planetadan gelenleriñ biriniñ göwresi şol ýerde tötänden peýda bolan gyzyl ýaglykly aýalyñ göwresi bilen gabatlaşanda olaryñ ikisi-de birden gözden gaýyp bolup...


1 2 »