HOKKEÝ
Gijäň ýary gykuw bilen eýwanda Girjek bolduk göni indi ekrana, Buzdan batly böküp barýan şaýbany Biz özümiz urýan ýaly, hamana. Bizden beter basga düşdi diktoram: Sekundomer oýny gaty gyssaýar. Deň hasaply, deň ýalynly ýaryşyň Soňky sekund, soňky synag, kössi bar. - Ýarym minut... On bäş sekund... Bäş sekund... Soňky sekund! Soňky sekund ereýär!.. Gol diýdi-de, bökdi birden Ozerow, Stadi... |
BAÝRAMHAN
Nirä düşüp, Nirelerden çykdy ol! Ahyrda-sa ýene geldi, Ýitmedi. Erkinligiñ aýdymçysy, serdary, Erkinleriñ arasyndan gitmedi. Nirä düşüp, Nirelerden çykdy ol! Tutaşdyrdy adalatyñ oduny. Ýagşy niýet ýaran boldy kalbyna. Buýsanç bilen aýdym edýäs adyny. Nirä düşüp, Nirelerden çykdy ol! Isläp eken dostluk güli gülledi. Aýdymyny äpet türkmen oglunyñ, Hindi halkam... |
ATA ATAJANOW (1922-1989)
![]() Şahyr, kyssaçy, dramaturg we terjimeçi Ata Atajanow 1922-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 2-nji Gökje obasynda eneden doguldy. Ol çagalyk ýyllarynda oba mekdebinde orta bilim alýar. 1933-nji ýylda Marynyň mugallymçylyk tehnikumyna okuwa girýär. 1934-1937-nji ýyllarda Daşkent şäherindäki mugallymçylyk tehnikumynda okuwyny dowam e... |
NÄBELLI GAHRYMANA
Ukrain çölünde, ýapyň üstünde Ak şelpeli derek ygşyldap otyr. Gan öýülen gara toprak astynda Türkmen esgeriniň mazary ýatyr. Gök çüýşe dek dury asuda asman, Derek-da baş egýär gubura sary. Enaýy şelpeler owazyn kesmän, Hüwdüleýär ýalňyz ýatan mazary. Türkmen enesiniň jan-jigirbendi, Ukraina üçin ganyn döküpdir. Tebigatam sylap batyr perzendi, Üstünde solmajak güller ekipdir. ... |
SEN GARY HALAÑOK...
Sen gary halañok, Ýagşy halañok, Aýdan çaýa düşen nagşy halañok. Halañok jöwzaly Günüñ howruny, Gaýyp barýan guşlañ täsin gowruny. Şemal şuwlasa-da, Ýaranok saña. Şagal uwlasa-da, Ýaranok saña... Ýöne ýatdan çykarýañ sen bir zady: Tebigat - olaryñ barynyñ ady! Senden öñem olar ýaşapdyr sansyz, Senden soñam ýaşar olar gümansyz. Şolarsyz... Şolarsyz - ikimiz jansyz. ... |
SAÇAK DOSTLUGY |
YNSAP DILE GELDI...
Goşgy ýazdyk: Bizde bar zat gülala-güllük - diýip. Goşgy ýazdyk: Dürli käriñ syryny bildik - diýip. Goşgy ýazdyk: Gol gerende al şapakly täze dañ Täze ýeñşe, Şanly ýeñşe biz jylaw saldyk diýip. Goşgy ýazdyk: Günbe-günden artdy - diýip - badymyz. Harman görsek, Höwes bilen deñedik daglara biz. Suw zerarly şor basan hem Akjaran boz ýerleri Deñedik (aslyna ýetmän) ... |
ADAM GAÝTALANMAÝAR
Men ölemsoñ, Ýagyş bolup, Ýel bolup Ýa-da sonar sähramyzda gül bolup, Dolanyp gelerin ýene bu dünýä - Diýen şahyr örän nähak öwünýä. Ölensoñ, Adamyñ çeşme-çaý bolup Ýa-da güle gonan bilbile dönüp, Ýazda ýyldyrym dek asmanda süýnüp, Gaýdyp gelmejegne men güwä geçýän! Men meteor kimin ömürlik öçýän... Galat aýdypdyrlar gadym Grekler, Dünýäde hiç bir zat gaýtalanmaýar. D... |
AZIZIM, ATEŞ YAKTIM...
Azizim, ateş yaktım yol kenarında, Gel, otur, Geçelim ocak başına. İstersen, İkimiz sohbet açalım, Ateş ışık saçsın çevresine. Herkesin kendi derdi, Kendi hayali var: Kimi meclise gider, Kimileri işe. Ama ateş başında, Ocak başında Gönül pası açılmıştır daima. Ayıp değil, Bazen sen düşünüp, Düşünceye dalıp dursan da sessizce. Savaşıp, Hücum ed... |
GELIN BARADA Ýok gizlejek bolyp meýilem etme, |
Отажонов (Ata Atajanow) 1922 йили Туркманистоннинг Мари вилоятида туғилган. Туркманистон халқ ёзувчиси (1984). ТУРКМАНИСТОНИМ МЕНИНГ Мен сенинг шуҳратли-шонли |
Ata ATAJANOW
▶ ÝEKELIK "Diňe Taňra ýaraşýamyş ýekelik, “Ýekäň çaňy çykmaz” diýipdir dana”. – Diýen deliliňe garşy däl menem, Menem – ýeke ýaşa – diýmen ynsana. Emma öz-özüme buýrup bilmeýän, Men ýeke bolmagy halaýan bijaý. Men ýeke bolamda, Ýanyma gelýä, Asmanyň aýnasy – o nurana Aý, Men ýeke bolamda, Maryda mälän Goýunlaryň seslerini eşidýän, Mene ýeke bolamda, Hanoýd... |
Ata ATAJANOW
EZIZIM, OT ÝAKDYM Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda, Gel, otur, Geçeli ojak başyna. Isleseň, Ikimiz söhbet açaly, Ýalyn ýalkym salsyn degre-daşyna. Her kimiň öz derdi, Öz hyýaly bar, Kim meýlise barýar, Kimseler işe. Emma ot başynda, Ojak daşynda Göwün posy açylýandyr hemişe. Aýby ýok, Käte sen böwrüňi diňläp, Oýa gidip otursaň-da sedasyz. ... |