DÜNÝÄ ZÄHMETKEŞI AGZYN BIR EÝLÄR
Trumen bir eşek, eşek türresi, Aññyrar, hynçgyrar, ahy-zar eýlär. Çerçill jenap, Tito onyñ kürresi, Gaşaşyp öz-özin, dosty-ýar eýlär. Marşall bolsa şol eşekleñ kelany, Her daýym geñeşer, salar salany, Başarsa, äleme ýagdyr belany, Oñ günäsi öz gözini kör eýlär. Makartur bir hažžyk, gargaýar güne, Dünýäni ýuwutsa-da, ol doýmaz ýene... Häzir müñ dokuz ýüz ellinji sene, ... |
АТА КОПЕКМЕРГЕН: НАД КЕМ Я ПОШУТИЛ
• Ты чей? Темной ночью тридцать первого года, возвращаясь домой, проходил я через заросли камыша, и тут меня схватили басмачи. Торопясь узнать, за кого я — за них или за Советы, главарь крикнул: — Сен кимин адамсы? Ты чей человек? — Мен Акджемалын адамсы! Я муж Акджемал![15] Басмачи отпустили меня с миром. Дурак — решили они. • Не отлупишь — не получишь Один знакомый показыва... |
TÄZE NAKYLYÑ MANYSY |
MOLLAMYZ
Gaba sakgaly bar bir misginsokar, Doga okap ili aldar mollamyz. Öz ýanyndan kimi dowzahda ýakar, Kimsini jennete ýollar mollamyz. Sebäp bilen eger barsañ öýüne, Düşer senden ýonmaklygyñ küýüne. Iki gözi meñzär çakgyñ çüýüne, Torba sakgalyna ellär mollamyz. Durmaz seniñ üçin jany agyryp, Nahar berseñ oñar käte çagyryp, Pugta doýup, uly-uly gägirip, Käte agzyn açyp pallar mollamyz. ... |
MAGAZINIÑ PIŞIGI
Sorap görseñ bahanasy "syçandyr", Magazinde meýlis gurar pişigim. Kolbasadan elli bizar geçendir, Et deregne mahmal urar pişigim. Pisint etmez dulda duran balyga, Garaşar özgeräk urdumşalyga. Täze hala, ýüñ seçekli ýaglyga, Diñkesini diker durar pişigim. Dükandadyr howañ ýüzi ýagtylsa, Mawlar durar, täze bir zat satylsa. Dükançynyñ birden gaşy çytylsa, Eýder-beýder, onam yrar pi... |
ENÄNIÑ NALYŞY
Gördüm men, ýitirip ýalñyz çynaryn, Bir özi somalyp galyşyn enäñ. Paralap ýedi gat topragyñ bagryn, Asmany titredip aglaşyn enäñ. Ajy ölüm alyp gitdi balasyn, Hazan urdy ömrüniñ gül-lälesin. Duman gaplap Keseýabyñ ýaýlasyn, Nä günlere saldy çal başyn enäñ. Eý, tebigat, howplusyñ sen, hatarsyñ, Şum awçy sen, ýoly saklap ýatarsyñ. Aýyt, etden ýürek neneñ götersin Dagy tisgindiren nal... |
TÖHMETÇÄ ULTIMATUM
Her gün arza ýazýañ, dişiñi gyjap, Töhmet atyp dosty-ýaryña, ýigit. Utanmadyñ ilden, etmediñ ejap, Nälet bolsun kesbi-käriñe, ýigit. Her kimi göreñde münüp gahara, Ýapyşdyñ syýañy garyp zähere. Tüm garañky diýdiñ, ýagty sähere, Töhmet atdyñ Günüñ nuruna, ýigit. Diýýär iller: "Bu bir deregi dargan, Gözlegiñ gowluk däl, iýmiti gargañ. Diñe seniñ üçin näçe edarañ Puly gitdi ýeliñ... |
ILDEN ÖWRENDIM Däli derýa ýaly dolup-daşmagy, Käte gamgyn boldum, käte hoş boldum, Şahyr işi goşgy-gazal bolmaly, |