Результаты 1-20 из 35 по запросу Atajan Annaberdi
ILKINJI GOŞGULARYM
![]() Ilkinji goşgulam, ilki setirlem, Bezeg bermez kitaplarmyň gatlarna. Olar girip gitdi gizlin ýetirlen Söýgi hatlarna. Ne ýat tutdum olary, ne-de göçürdim, Geçdim ondan söýgä sataşan pilläm. Soň bu ömri goşgy ýazyp geçirdim, Ilkinji goşgymy gaýtalap bilmän. DUTAR Mahmal gaba salyp goýmaň dutary, Çykaryp, çalja... |
NAÇAR DOGANA
![]() Naçar doganym, bagyşla, Gatnap kän dabaralara, Wagtymam bolmady seniň, Halyňdan habar alara. Eger maňa bir zat bols-a, Ilki sen ýyglap gelersiň. Men-ä sypynyp bilemok, Belki, sen ýygrak gelersiň. Wagt tapmadyk bolup ýörün, Gapyňyzdan esetmäge. Gerekmikä naçar dogan, Bir öleňde ses etmäge?! GÖRÜP G... |
ATAJAN ANNABERDIÝEW (1946-2006)
![]() Atajan Annaberdiýew, 1946-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gökdepe (häzirki Çäçdepe) obasynda doglan. Milleti boýunça türkmen. 1953-nji ýylda Murgap etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 1-nji klasyna okuwa barýar.1964-nji ýylda Murgap etrabynyň 19-njy orta 11-ýyllyk mekdebini üstünlikli tamamlap, Aşgabatdaky M.Gorkiý (häzirki Magtymguly)adyndaky Türkmen Dö... |
"MÄHRIBANYM, SOLAN GÜLDE..."
Mähribanym, solan gülde ne näziklik, ne terlik bor. Gamlanma sen, bir şu söýgi däl, şu soňsuz aýralygam ikimize ýeterlik bor. Atajan ANNABERDIÝEW. |
NENEÑ ŞAHYR BOLMAJAK
Dostum Nobatguly Rejebowa Bize kakamyzdan miras galmandyr, Aýnap, ýaýnap, sowup-sowurtlar ýaly. Oñduk tapsak çeýnär ýaly gara nan Hem tapsak gara suw owurtlar ýaly. Bu dünýä iñ zerur wagty insegem, Däl eken ornumyz üstünde gözüñ. Doguldyk biz dolmak üçin bu dünýäñ Ýürekýargynç ýigitlerniñ öwezin. Şonuñ üçin çensiz ir ýetişdik biz, Ir düşündik halal bilen haramam... |
ARZUW EDILMEÝÄN “BAGT”
Kakasynyň elli ýaşda gazanyp bilmedik zadyny – şan-şöhradyny on dokuz ýaşynda gazandy ogly. Ýaşajykdy, ejesine ýazardy öýlerine hatam ýazanda, ogly. Öldi esger, adyn okan mekdebne hem oň ýaşan köçesine dakdylar. “Harby albomdaky” suratlaryna çagajyklar söýünç bilen bakdylar. Baky ýaşar indi esgeriň ady, Ol hiç haçan undulmaýar, ýitmeýär. Görenler guwanar, buýsanar, ýöne ... |
LAL DILI
Otyr şindem şol daş tamlar baýyrda, tüsseledip, gerişlerin, ýallaryn. Bardy birçak, biz çagakak, bu ýerde internady güň çagalaň – lallaryň. Dürlidi öň olaň dessuram, dilem. Birleşdirdi uruş olaň dillerin. Gepleşýärdi olar bir-biri bilen atanaklap, aýlap-öwrüp ellerin. Ümleşerdi olar bizi görende, Barmaklarny ýazyp-büküp çalasyn. Lal oglanlaň saýradyşyn göreňde, gelerdi lal bolup, surnaý... |
NAÇAR DOGAN
Naçar doganym, bagyşla, Gatnap kän dabaralara, Wagtymam bolmady meniň Halyňdan habar alara. Ýöne maňa bir zat bolsa, Ilki sen ýyglap gelersiň. Men-ä sypynyp bilemok, Belki, sen ýygrak gelersiň. Wagt tapmadyk bolup ýörün, Gapyňyzdan esetmäge... Gerek borly naçar dogan, Bir öleňde ses etmäge. Atajan ANNABERDIÝEW |
SÄHRAM
Ýygnadylar ýaýlaň gawun-garpyzyn. Ümür gabsan gollar doldy goýundan. Ysy gelýär güýz çetirän narpyzyň Akar suwly ene ýabyň boýundan. Gitdi süri serçe gözümden ýitip, Synlap galdym burugsaýan howany. Gutarýar alysda çal pişgä batyp, Ýüplük ýaly ýodalaryň dowamy. Çygly gujagyňda ümür goýalan, Sähram, ýok bu tutuklygyň zyýany. Sen çekilip, gutarylman goýulan Ajaýyp suratyň nusgasy ýaly . ... |
"GÜÝZ ŞEMALY TÜÝT-MÜÝT EDIP TAŞLADY..."
Güýz şemaly tüýt-müýt edip taşlady Gurap barýan gamyşlaryñ çotgasyn. Gawunsakçy ýükläp arabasyna Alyp gaýtdy oran gamyşlarny hem Agtyklarnyñ söküp taşlan çatmasyn. Ýatyr öñde çapgyn aýaz, garly gyş, Sakçy eziljiräp agşam çygyna. Çapgyn ýeliñ garşysyna barýardy, Tozgalar barýardy ýeliñ ygyna... Atajan ANNABERDIÝEW. |
ATA KESBI
Ogurlan köýnegni satdyrmak üçin, Ogluny bazara ýollapdyr ogry. Ýöne ony ogurladyp bazarda, Öýlerine gaýdyp gelenmiş ogly. Ogul bormy ondan, galp ýerine galp, Ýalan diýip dursa ýalan ýeriñe. Diýipdir ol: "Kaka, men-ä köýnegñi Berip gaýdyberdim alan ýeriñe." • EPITAFIÝA Aýdanyn etmedi ogly, Etmedi gyzam aýdany. Ol aýalyn görende-de, Gyrgy gören dek ýaýdandy. ... |
ÇÖKEN DURNA
Göçdi guşlar, Hanhowuzuň düzünde Artyk saýyp şundan uzak durmany. Tutup geldi pagta ýygýan çagalar Garrap, halys tapdan düşen durnany. Oň utanjaň hem gussaly gözleri Ýuka gabaklaryn bürenip durdy. Gasyn-gasyn aýaklarnyň üstünde Horyda göwresi yranyp durdy. Kuwwatsyz ganatlar durdy ýaýylman, Şolarsyz uçmaga ýok durnaň hetdi. Ömür boýy ynam beren ganaty Durna gel-gel şu gün dönüklik et... |
DYNÇ GÜNI
Oýanarsyñ bu gün öñküleñden ir, Başyñ ýaş, janyñ sag, ökünerden ir. Ýöne çaýyr basyp barýar mellegñi, Piliñ al-da, derrew bir çetinden gir. Ýeterlikdir gyzyñ, aýalyñ işem, Ýuwulmaly zatlar üýşüp durandyr. Tutularam, ýassyklaryñ daşlaram "Bizem-ä ýuwmaly" diýşip durandyr. Düşmez çygly esgi gyzyñ elinden, Ýuwar, süpir penjireleñ aýnasyn Hem diýer ol: "Oturgyjy oñatja Sakla jigim, birden ... |
PISSE
Ýigrimi ýyldan soñ gülleýär pisse. Bolýar güller onuñ baldaklarynda. Besse-besse. Ýöne şol gülleriñ açylaryna Garaşmaly bolýar ýigrimi ýyllap. Ekilse-de düzde, belentde-pesde Möwrüti gelýänçä gülläp bilenok Pisse Çagajyklañ ýere sünjen nahaly, Miwe berýär ýigit çykan mahaly. Ýetişýär ýigitleñ eken nahaly, Saçlaryñ agaryp başlan mahaly. Gojalañ oturdan nahallary soñ, Begendirýär ola... |
KASAM
Kasam etdi öpdi-de ol, Ýaşyl tuguň bir ujundan. Üstün çykmaz hiç güýç indi Ýaş ýigidiň hyrujyndan. Kasam etmek üçin del hem Owadan söz gözlenmeýär. Çünki, baýdagyň synyndan Ogşap ýalan sözlenmeýär. Atajan ANNABERDIÝEW. |
ÇIGILDEM
“Alyň, alyň, bar ine, Dagda biten çigildem!” Bulduraşyp dur tämiz Çyglar içinde gülleň. Gelýär gülleň közüne Bakdygyňça bakasyň. Ýöne utanýaň olaň Soramaga bahasyn. Dur satyjy gülleri Her geçene hödürläp. Çykarýan ýok bazardan Entek ony südürläp. Dur bazaryň burçunda Ýadyrgaşyp, ter güller. Gözýaşlaryn seçeläp, Aglaşyp dur görgüller. ... |
OL AÝDYM AÝDARDY...
Atageldi Ahallyýewe. Mejbur etmese-de obadaşlary Beren bulamagnyň muzdun töläre, Ol oglanjyk aýdym aýdyp bererdi Çykyp üsti gamyşlanan teläre. Uruşdady oglanjygyň kakasy. Uruşdady onuň agalary-da. Ol bolsa obada aýdym aýdardy. Aýyryp aýdymdan Göroglyň adyn, Şu mähriýan toprak, ene ýer üçin, Watan, il-gün üçin, gelinler üçin, Gözi ýolda galan eneler üçin Söweşip ýörenl... |
DYNÇ GÜNI
Oýanarsyň bu gün öňküleňden ir, Başyň ýaş, janyň sag, ökünerden ir, Ýöne çaýyr basyp ýatan mellegňi, Piliň al-da, derrew bir çetinden gir. Ýeterlikdir gyzyň, aýalyň işem, Ýuwulmaly zatlar üýşüp durandyr. Tutularam, ýassyklaryň daşlaram “Bizem-ä ýuwmaly” diýşip durandyr. Düşmez çygly esgi gyzyň elinden, Ýuwwar, süpir penjireleň aýnasyn Hem diýer ol: “Oturgyjy oňatja Sakla jigim, birden ... |
GAÇYP GIDEN GYZA
Az ýaly öýňüziň tämiz howasy. Çagalykda diňlän hüwdüleriňden Ýakymlydyr öýtdüň yşkyň owazy. Aýdym-saza hem zenzelä çolaşyp, Ýetdiň edýäň arzuwyňa - geregňe. Şatlan, aldyň bu şatlygy çalşyp Ataň-eneň söýgüsiniň deregne. Diýýäň bu gün: «Razy bol bir diýsemdim». Ýalaňaç ökünçler örtänok seni. Gözüň ýaşlap ataň öýün küýsediň, A olar öýüne eltenok seni. Örtenerler aglasaň sen, ... |
GÖWRELI GELIN HAKDA BALLADA Işikdäki buýra saçly garagaç |