Результаты 1-20 из 100 по запросу Atamyrat Atabaýew

RUBAGYLAR

Bardyr her bir söze zyñyp otyran
Ýa-a gaýşyp, terse zyñyp otyran.
Her bir gürleýän ýañra-da däldir,
Belki, dana däldir dymyp otyran.

​​***

Artykmaç abraýa zaram-a däldiñ,
Giñişdiñ, o diýen daram-a däldiñ,
Ýaranjañlañ õwgüsinden ýaryldyñ,
Üwläp çiširilýän saram-a däldiñ.

***

Özi õz ýanyndan bagşy bolardy,
Õz sesi özüne ýagşy bolardy.
Betbagt giç doglypdyr, şu sesi bil...
Täzelikler » Goşgular - 30.05.2023

ATAMYRAT ATABAÝEWDEN SETIRLER

Gara garga balasyna sargaýar,
Asmana uçuryp goýbermezden öň,
Uly ýola salyp, uzak ýaşaýşa,
Öňünden göçürip goýbermezden öň:
«Ägä bolgun, balam, okdan-kesekden,
Wehimli bol,
Töweregňe eset sen.
Eger adam görseň, egiläýdigi,
Uçgun, ýerden kesek aljak bolýandyr.
Alan kesegini ýa-da daşyny,
Dazyrdadyp senden saljak bol...
Täzelikler » Goşgular - 12.05.2023

ŞEREBELI ŞERBET

O bendäniň ähli goşgus-a pöwhe,
Ýeri, nätjek, onuň üstesine-de,
Pöwhe galamdaşy pöwhüldäp öwse.

***

Çöpleýär köne kitap, söz, çokaý, iňňe, ige,
Ilden alan nakyl, matal, ertekisin aýdyp berip,
“Zat bileňzok” diýip igenýär ile.

***

Öwgi – uçut, ýalan – gorp,
Hüjüm edýän duşmandan däl,
Ýalan öwýän dostdan go...
Täzelikler » Goşgular - 13.04.2023

DUZLY BALLADA

Diýdik: "Tebigaty boýun egdirdik!"
Ýazdyk: "Tebigatdan adamlar üstün".
...Üç awçy Bathyza barýardy awa,
Ok-ýaragy azyk-suwlugy üpjün.

Nilden uçup çykan ot ýaly güllä
Gondurdy bir uçup barýan jereni.
Ot ýakdylar, ýöne duz galan eken,
Indi bäri getirmeseň Jebeli.

Alaç ýokdy, eger duzsuz bişirseň,
...
Täzelikler » Goşgular - 12.03.2023

ÖÝLENÝÄN ÝIGIDE

Söýgi dünýäň ýaraşygy, söýgi dünýäň gelşigidir,
Dünýäni söýüp ýaşamak başdan saňa kada bolsun.
Unutmagyn bahar-ýazyň owsun atyp gelşinide,
Bir gözüň sährada, düzde, bir gözüňem bagda bolsun.

Ýatdan salma ýaşyl ýazda gyzyl gülleň açylşyny,
Göwni mydam ýaz kişiden gaýgy-gussaň gaçyşyny.
Bizi beren tebigatyň bizi dertden açyşyny,
Bir gözüň derýa-...
Täzelikler » Goşgular - 30.12.2022

BAGT BILEN GAPYDAN GIR!

Ýagşylygmy ýany bilen äkitdi,
Äkitdi bar bolsa eden etmişim.
Diňe ýatlamalar galdyryp gitdi,
Elden giden müň dokuz ýüz ýetmişim.

Ýetmişim, sen indi geçmişim bolduň,
Ýyllaň ýekeje ýyl ömri bar eken.
Sen ömrüme ömür bolup goşuldyň,
Bildim, adam ýyllardan has baý eken.

Pikirden maňlaýda döredi gasyn,
Beýnide bir öýjük ...
Täzelikler » Goşgular - 26.12.2022

GAÝGYSYZ ATABAÝEWIŇ ÝADYGÄRLIGINE

Iliň aladasy, il üçin dörän
Goç ýigidi rahat ýatyryp bilmez.
Olar bakylyga gidenden soňam
Topragy arkaýyn ýapynyp bilmez.

Aram-aram il oglunyň täzeden
Gaýtalanyp gelmesi bar zemine.
Aýry-aýry ýaman adamlar üçin,
Olar kine edip ýörenok ile.
Çünki il özüni has ulaltmagy,
Beýgeltmegi çyn ogluna ynanýar.
Şol ogullaň başy beýgeldik saýy,
Il öň beýik,
Ýöne hasam beýg...
Täzelikler » Goşgular - 15.09.2022

DÜNÝÄMIZIÑ BEREKETI BILIMDIR

Öñ bir zaman gündiz eli çyraly
Köçe bilen baryar eken bir adam
Öñünden bir kisi çykyp diýenmiş:
"Seniñ bolup ýörşiň nähilow adam?"

Sen näme gözleýäň diýip soranda:
"Men adam gözleýän" diýenmiş garry
Biz nä adam dälmi ötegçi
O niçik adamyşyn bizlerden gaýry

Meniň agtarýanym bilimdir adam
Bilimsiz kişiler tümlikden barýan
Ýolagçydyr meniň bilen çaknaşyp,
Keýpimi, köňlü...
Täzelikler » Goşgular - 18.07.2022

DÖRT ÝYL

Kakama

Obadan urşa giden mugallym
Esger bolup gaýdyp geldi mekdebe.
Gaýdyp geldi ýene okuwçylarna
Gaýdyp geldi ýene kitap-depderne.

Hany onuñ söwer okuwçylary? -
Hany iküç ýyllap siñdirilen yhlas?
Oturanlar başga okuwçylardy,
Ýerinde bolsa-da şol tanyş klas.

Oglan-gyzlar ýedinjini gutaryp,
Her haýsy bir işe dargap gidipdir.
On üç sany söwer okuwçysyna
Öz dek deñ muga...
Täzelikler » Goşgular - 10.05.2022

BOLAÝJAK GEÑ ZATLAR

Edebi ýañsylama

"Gel, söhbet edeli agzymyz ýumup".
B.Gökleñow


Gözümizi ýumup göreli kino,
Agzymyzy ýumup aýdym aýdaly.
Elimizi dañyp ýüzeli suwda,
Derýañ añyrsyna baryp gaýdaly.

Ylgaşaly aýagmyzy duşaklap,
Işdämizi kesip, iýeli owkat.

Zowladaly öýkenmizi aýyryp,
Gowzadaly gapyrgalañ arasyn.
Ýüregmizi aýryp goşgy ýazaly,
Okan halamasyn ý...
Täzelikler » Goşgular - 10.05.2022

NÄBELLI

(Rostow oblastynyñ Lenin hutorynda bolan waka)

Öñe gitdi "ura-ura!" sesleri,
Yzda goýup ýaralanan esgeri.
Esgeriñ obasy şu golaýdady,
Golaýlady oba ýaraly esger.
Ýöredikçe güýç-mejaly tükenip,
Esger ahyr taşlady öz tüpeñin.
Ýeri, indi nätsin ýaragy esger?!

Ak garyñ içinden göründi mesgen,
Tozdurlan obaña ýör indi, esger!

Oba sähel ýol galanda,
süýrenip
barýan ýigit uz...
Täzelikler » Goşgular - 09.05.2022

MERT ATALAÑ ÖMRI BIZE GÖRELDE

Watan üçin bolan ähli söweşlerde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligine.

Goý, ötenler bilsin, biziň özlerin
Mahal-mahal ýatlap duranlygmyzy.
Goý, bilsinler olaň baky ruhuna
Beýik ýadygärlik gurandygmyzy.

Goý, ruhlarna aýan bolsun, olaryň
Hatyrasyn saklap ýörendigimiz.
Olaň arzuw eden olaň garaşan
Garaşsyz günlerin görendigimiz.

...
Täzelikler » Goşgular - 09.05.2022

SÖÝÝÄN TAPYLMAZ…

Görk-görmegňe aşyk kändir jahanda,
Ýöne meniň kimin söýýän tapylmaz.
“Ugruňda men ölsem” diýer, haçanda
Ölmeli bolanda, ölýän tapylmaz.

Aklym alyp, telbe edipdiň meni,
Gara saçlaň halka eýläp, as meni,
Säherler oýanyp, bagra bas meni,
Günortan göreniň öýlän tapylmaz.

Meger men deý yşga düşen bende ýok,
Ýalan-ýaşryk näzirg...
Täzelikler » Goşgular - 04.05.2022

UNAŞ

Peýda ýok mañlaýña ýaglyk goýmadan
Ýa haýyr ýok el-aýagyn oýkala.
Geldi, ine, içi doly noýbadan,
Gyzyl burçly, unaşly bir okara.

Unaşa siñdirlen mähir hem yhlas,
Dertden halas etdi gelniñ ärini.
Söýýän wagty,
tapýar gelinler bizi
Ajaldan hem alyp galmañ tärini.

* * *

Saçyñ kement edip, sal sen boýnumdan,
Saña ýesir düşsem, galmaz azarym.
Janym al-da, jaýla meni goýnuñda,
...
Täzelikler » Goşgular - 30.04.2022

BEÝGE GALMAK ÜÇIN...

Beýge galmak üçin çuña gitmeli,
Iñ beýik pikirler çuñlukda ýatýar.
Süýji hemem dury suwuñ
Ýatyşy deý çuññur guýyñ düýbünde,
Iñ uly ýylanyñ -
Beýik aždarhañ
Ýatyşy dek çuñ gurrugyñ düýbünde,
Ýylan bolsa iñ akylly jandardyr
Hem adamyñ dostudyr ol.
Aždarha adama azar bermeýär,
Adamy kiçijik ýylanlar çakýar...
Iñ beýuk pikirler çuñlukda ýatyr.

Atamyrat ATABAÝEW.
Täzelikler » Goşgular - 28.04.2022

BIZ GÜNÄKÄR...

Dymýar diýip merde günä ýöñkemek
Aýyp zatdyr,
dymyp ýatyr ene ýer.
Hasyl az berse,
ýerde günä ýok.
Biz günäkär,
toprak dilsiz janawer.

Ýere hyzmat gerek,
ders gerek ýere.
Zeýkeş gerek,
eger toprak zeýlese.
Biz günäkär
bizi ekleýän toprak
Ýaz gelende gyzyl-elwan geýmese.

Gamyş bassa,
haşal bassa pelleri,
Ählihalk rysgyna ýetirýäs zeper.
Biz...
Täzelikler » Goşgular - 21.04.2022

IŞBU GÜNÜÑ GOŞGUSY

Bizi dört diwara gabap goýdular,
Dört diwaryñ arasynda azaşdym.
Çitenekli sime sarap goýdular,
Bu zatlary ýañy-ýañy añlaşdym.

Dört tarapa barýan ýoluñ dördüsem,
Petige diredi,
bent bolup galdy.
Ýagty gelejek diýp, baky tümlüge
gidenleñ täleýi pent bolup galdy.

Halkyñ ogullaryn halka duşman diýp,
Öldürdiler ýa-da ýaraladylar.
Gyzyl ýüzli, ak ýürekli mertleri
"Adyl höküm"...
Täzelikler » Goşgular - 09.04.2022

GOLSUZ ARZAÇYNYÑ MAGTYMGULA ÖÝKÜNIP ÝAZAN GOŞGUSY

Galam alyp, golsuzy gönderdigim bilmezmiñ?
Dynç başyña asmany inderdigim bilmezmiñ?
Abraýñy bir pitige mündürdigim bilmezmiñ?
Seni agladyp, özüm güldürdigim bilmezmiñ?
Bir kagyzda uçuryp, ýeldirdigim bilmezmiñ?

Hasan kimin gep diñläp, şähr içinde gezdigim,
Ýalan sözi kagyzda düzüm-düzüm düzdügim,
Abraýdan, wezipeden umydyny üzdügim,
Ýazdygymça, ýadaman, gyzyşdygym, gyzdygy...
Täzelikler » Goşgular - 26.03.2022

• Ýaňyltmaç

Bu gije ak gar ýagýar,
Ak gar ýagýar bu gije.
Gije ýagýar bu ak gar,
Ýagýar ak gar bu gije.

Päk gül kimin zemin ak,
Ak zemin päk gül kimin.
Zemin ak gül kimin päk,
Päk gül kimin ak zemin.

Bu gar örän zor ýagýar,
Zor ýagýar bu gar örän.
Örän zor ýagýar bu gar,
Bu gar zor ýagýar örän.

Ak—baglar, daglar, ýer, gök,
Ak—ýer, gök, baglar, daglar.
Daglar, ba...
Täzelikler » Goşgular - 25.02.2022

• Dört dogan

Bar ekeni dört dogan,
Dört doganyň bagy bar.
Dört doganyň bagynda
Agaçlaryň bary bar.

Bahar atly gyzjagaz
Ýaşyl reňk alypdyr.
Agaçlaryň baryna
Ýaşyl reňk çalypdyr.

Tomus atly oglanjyk
Gyzyl reňk alypdyr.
Baglarynyň baryna
Gyzyl reňk çalypdyr.

Altyn gulpaklyja güýz
Sary reňk alypdyr.
Ýapraklaryň baryna
Sary reňk çalypdyr.

Gyş örän...


1 2 3 4 5 »