Результаты 1-20 из 82 по запросу Azat Nurgeldiýew

GARABASMA

(Agyr düýş)

Daşymda adam köp.
Ýöne hiç kim ýok.
Gözlem görenok.
Gulagym eşdýär,
Her hili sözler.
Men gygyrýaryn.
Hiç kim eşdenok.
Gussaly gözler,
Hem salyk ýüzler.
Ýüregim duýýar.
Olar ezizlem.
Neçün aglaýar,
Jigilem , gyzlam?.
Hiç düşünemok.
Men ...
Täzelikler » Goşgular - 29.07.2023

GARRAÝAÑMY GYNANMA, AGAM

Geçen ýyllam gaýyp gitdi,
Tozga deýin hersi birýan.
Hiç düşünip bilemok men.
Nirden gelip, nirä barýan.

Çagalygym düýn ýalydy,
Bardy kakam, bardy ejem.
Kalbym şatlykdan doludy.
Garraryn öýtmezdim hijem.

Bu gün bolsa çal saç goja.
Agtyklam jagylda-jugul.
Göwnüme kakam çalaja,...
Täzelikler » Goşgular - 28.07.2023

ÝAMAN GELIN

Agalar, bir gelin gördüm, arwah deýin, al deýin.
Uzyn ökje köwüş geýip, uzaldyp gysga boýun.
Boýag bilen örtüp meňzin, bir ýasama gül deýin,
Ol gelini görüp, dostlar, men-ä geldim amana.

Başyň açyk, aýak ýalaň, geçip barýaň ýel kimin,
Köýnegiň hem syrlaşyp dur, biliň “misli gyl kimin”’
Biçüwi hem egri dyzdan, özüň türkmen däl kimin.
Ýaşamaklyk isleýärsiň kybap bolup zamana.

Gepletseň ýazygyn duýmaz, at d...
Täzelikler » Goşgular - 09.08.2021

ADAMA BIR ÖMÜR AZ BOLÝAR EKEN

Ertir näme boljak, eý, eziz Dünýäm.
Bu gün-ä azajyk sen azar berdiň.
Ýöne sen ýenede, ses üýnsüz dymýaň,
Şu dymyşlyk meniň iň agyr derdim.

Eý, dünýäm, jogaba garaşýan senden.
Men sende iň ýakyn syrdaşym gördüm.
Diýdiň :-näm boljagny soraýaň menden,
Sen maňa iň nadan soragy berdiň.

Kimiň ýaşajagny, kimiň öljegni,
Men däl, ony özi saýlaýar, Ertir.
Ertir ykballarnyň niçik bol...
Täzelikler » Goşgular - 09.08.2021

PURSATLAR

Adamda bir pursat bar,
Oňa çagalyk diýilýär.
Ol pursat dowam edýär,
Ene göwsün emýänçäň.
Adamda bir pursat bar.
Oňa garrylyk diýilýär.
Ol pursat dowam edýär,
Gara ýere siňýänçäň.
Iki pursat arasy,
Oňa ömür diýilýär.
Ol ömür dowam edýär,
Gözüň açyp ýumýançaň.

Azat NURGELDIÝEW.
Täzelikler » Goşgular - 08.08.2021

GYZLARYMA

Bägüliň tohumyn ekdim bagymda,
Topragyn ýumşadyp, siňdirdim yhlas.
Sowukdan, yssydan, ýelden, ýagmyrdan,
Suwsuzlykdan ony edipdim halas.

Ynha-da gunçalap açylan çagy,
Bezedi dünýämiň owadan bagyn.
Eý, ajaýyp pursat, bagtly pursat,
Bolmanda ýenede bir günjük sägin.

Bägülim açyldy gün-günden parlap,
Zähmet çekdim, işledim, daşynda derläp,
Bilbil peýda boldy bagymda birden,
Uçup geldi ol ...
Täzelikler » Goşgular - 20.06.2021

MENIŇ YKBALYMA MEŇZEŞ ÝAPRAKLAR

Pyntyk ýaryp, şahaň göwsün böwüsip.
Parlap, pajarlapdyň ýaşyl öwüsip.
Adamlaň kalbyna şatlyk paýlapdyň,
Bahar şemalyna galgap, towusyp.

Juwan gyzlaň zülpleri deý ülpüldäp,
Gupbalarnyň şelpesi deý ýalpyldap,
Tomus jöwzasynda, saýaňa barsam,
Saçlarym oýnardyň telleriň sallap.

Güýz pasly, keşbiňe sary reň çaýyp,
Gynanýan deý uçup gitjegiňe gaýyp.
Nem so'ran şahaňy sypaý...
Täzelikler » Goşgular - 20.06.2021

DÜRLI-DÜMEN SETIRLER

Adam, sen özüňi güýçli saýýarsyň.
Ýöne, bu jahanda ejiz sen ejiz.
Özüň tebigatyň şasy duýýarsyň.
Duýgularňa uýup ýalňyşýaň hergiz.

Beýik Alla tebigaty döretdi,
Ýeri, gögi, suwy, hem-de howany.
Soňra toprakdan seni ýaratdy.
Bolsun diýip tebigatyň dowamy.

***

Guşlar uçmak üçin ýaradylypdyr,
Biri belent uçýar, biri pessaýlap.
Käsi tapanjasyn çokalaşyp ýör,
Käsi iým...
Täzelikler » Goşgular - 19.06.2021

ÖKÜNMÄÝIN

Arassaja eşigimi,
Ýamap geýsem deşigini.
Bir namardyň işigini,
Kakanyma ökünmäýin.

Dileginde sag başymyň,
Dostdan gurşalgy daşymyň,
Şatlygymdan göz ýaşymyň,
Akanyna ökünmäýin.

Käte-käte setir ýazyp,
Ony hem süzgüçden süzüp,
Bir kiçijek şygyr düzüp,
Okanymda sakynmaýyn.

Ýagşylykda bolsa adym.
Gowşatmasyn meniň badym.
Özgäň gazanan şöhratyn,
Men döşüme d...
Täzelikler » Goşgular - 07.06.2021

IKI BENDE SYGAN ÖMÜR

Gapyrga deý etimi,
Sypyrdylar, iýdiler.
Garynlary doýansoň,
bir gury süňk diýdiler.

Itiň öňüne düşdüm,
Gerekledi, gemirdi.
Şu ýazanja setirlem,
Maňa berlen ömürdi.

Azat NURGELDIÝEW.
Täzelikler » Goşgular - 03.06.2021

IKI JAHAN SERGEZDANY

Bu jahanda sergezdanam,
Meniňki däl şirin janam,
Ol jahana rowanam,
Iki jahan awarasy.

Gezip ýörsemde men bärde,
Ulaşdym men niçik derde,
Bilmerin, köňülim nirde,
Iki jahan awarasy.

Akla sygmaz, gelmez huşa,
Geçen, geljek girýär düýşe,
Bu ne kärdir, bu ne pişe,
Iki jahan awarasy.

Uklap düýşden doýa bilmen,
Syrym ile ýaýa bilmen,
Nä görenmi diýe bil...
Täzelikler » Goşgular - 17.04.2021

PERZENT

Meret aga bu gün hem işden soň adatdakysy ýaly arassa howadan dem alaryn hem gezelenç bolar diýen niýet bilen ýuwaşja ädimläp öýüne tarap ugrady. Güýz paslynyň çigrek howasy, günbatardan çalaja öwüsýän sowujak şemal bir bada Meret agaň ýadawlygyny aýyran ýaly etse-de, bir näçe günden bäri böwrüne sanjy bolup duran düşnüksiz howsala ýene-de onuň kalbyny gurşap aldy. Güýzüň öňki gamgyn keşbine has hem gamgynlyk çaýylan ýaly boldy. ”Bääý, indi gartaşyp ýörmükäk, Allajanlarym, g...
Täzelikler » Hekaýalar - 17.04.2021

HOWA MAGLUMATY

Howa maglumatyn berdiler şugün,
Radioýaýlymda, teleýaýlymda.
“Bulutsyz howa bor, güneşem çogun
Eçiler-diýdiler –Türkmen ilimde” .

Begendim, ynandym,çykdym seýrana,
Howa gorä geýindimde lybasym.
Töweregi synlap galdym haýrana,
Bulut üýşdi, ýagşam ýagarly basym.

Bir ýere üýşdiler bulutlaň bary,
Bulutlar garaldy, howa sowady.
Asmandan guýuldy güýzüň ýagmyry,
Maglumatlaň ýalanlygnyň s...
Täzelikler » Goşgular - 21.03.2021

DÜRLI-DÜMEN DÜRÜŞDE

Ýüküm ýetik, egnimde ýer galmady.
Umytdadym, arman tamam bolmady.
Mätäç bolup, ser aýladym daşyma,
Emma bir dosta-da gözüm ilmedi.

* * *

Men nobat belläpdim, nobatym ýitdi.
Şum ykbal ýenede keçjallyk etdi.
Meň tabydym götermeli ýigitler,
Maňa öz tabydyn göterdip gitdi.

* * *

Gör niçe ýükleri göterer egin,
Ýürekde düwüler, gör nije düwün.
Egin ýüke görä döre...
Täzelikler » Goşgular - 21.03.2021

WAGT HAKDA BÄŞ KELAM

Dünýä döräp ýaşan bir adyl kazy,
Döwürleň, eýýamlaň ol hasapbazy.
Öz kanuny bilen çykarýar höküm,
Adalatam özi, jelladam özi.

* * *

Gör bak wagtyň süýnüp geçip barşyny,
Hiç kimsä ýetdirmän gaçyp barşyny.
Ynsan oň hökmünden goranjak bolýar,
Ol bolsa kertip ýör, daglaň gerşini.

* * *

Islesekde,wagty saklap bolmaýar.
Sekund geçdi,yza gaýdyp gelmeýär.
Geçmişi ...
Täzelikler » Goşgular - 21.03.2021

ARMAN, GÖWÜN BOLÝAÑ...

Eý, göwnüm, ýaýrawyň juda giň seniň.
Serhediň gözýetmez sähradan uly.
Bolup bilseň, şol sähra deý gözel bol,
Ýatlatmasaň bolýar sen ymgyr çöli.

Eý, göwnüm, sen, belentlerde seleňläp,
Görünýän daglardan tutumyň uly.
Dostlaryň "ol dagy aşmak kyn "- diýip,
Daşyňdan aýlanyp geçmesin ýoly.

Eý, göwnüm, seň joşup akasyň gelýär,
Kenara baş egmez derýa mysaly.
Ýöne, nätjek, göwnüm, sen gö...
Täzelikler » Goşgular - 20.03.2021

ÝEÑIL GOŞGY

Päk söýgümden ýüz öwürip,
Gideňde gözümden ýitip.
Saňa ýüregmi soguryp,
Berjekdim, yzyňdan ýetip
Başarmadym, essim aýyp,
Ýykylamda buza taýyp,
Ýüregim buza gaçypdyr,
Özem biraz çat açypdyr.
Ýürek ýatyr ejir çekip,
Üşäp ýatyr doňan ýolda,
Seň geljek ýoluňa bakyp,
Ol şindem umyt -hyýalda.
Ine bir gün peýda bolduň,
Ýöne, arman, ýeke däldiň.
Sen kürteli täze gelin,
Bagty ...
Täzelikler » Goşgular - 20.03.2021

DURMUŞ OTLUSY

Otly barýar bir sydyrgyn gyrmyldap,
Iki sany demir ýola sygynyp.
Gidip barýar öň bellenen ýol bilen,
Käte-käte menzillerde säginip.

Dürli-dürli wagony bar otlynyň,
Umumy wagon bar, aramlygy bar.
Birisi ýük üçin tirkelen bolsa,
Birisi rahat, giňiş, ygtybar.

Öýjüklerden doly, wagonlaň içi.
Her kimiň öz ýeri orunlary bar,
Ýöne, nätjek, köpçülikde bolýan zat,
Ornun tapman gözläp ýörenl...
Täzelikler » Goşgular - 20.03.2021

BAHAR TOÝ TUTÝAR

Erik geýinipdir toý lybasyny,
Ak öýmäni atynypdyr başyna.
Töwerege ýaýyp hoşboý ysyny.
Joralary üýşüpdirler daşyna,
Geýinip täzeje ýaşyl keteni.
Eräp gitdi sowuk gyşyň gary-da,
Bildirip dur,täze daňyň atany,
Has ýalkymly ,ýagty günüň nury-da,
Nurlandyrdy,gurşap Ata watany.
Dereklerem dakynypdyr şelpesin,
Lowurdaýar çala öwsen şemala,
Mymyk şemal goý ýüzümi ýelpesin,
Ähli derdiň dermany deý hamala,...

Täzelikler » Goşgular - 20.03.2021

ÝAŞLYK ÝÜZÜP GITDI BALYK MYSALY

Ömrüň tirkeşipjik giden göçlerin,
Gaýtarmak isleýän hyýalda käşkä.
Bu seýreklän hem çalaran saçlaryň,
Öňler agyn sanan bolardyk ýaşkak.
Indi garasyny sanaýmalyja.
Gussa naýzasyny sünjip çalaja,
Ýüregiň törüne gözleýär ýoly.
Ýaşlykdan dartylyp gaýdan alaja
Ýüpüň,ýyl geçdikçe inçelip bili,
Ynha-ynha üzülerli görünýär.
Bir ujunda ýaşlyk balyk mysaly,
Sypjak bolup eýläk-beýläk ur...
Täzelikler » Goşgular - 19.03.2021


1 2 3 4 5 »