Результаты 1-20 из 71 по запросу Azymberdi Kakaýew
SOKRATA ÝÜZLENME
![]() Sen beýik alym Sokrat! Şeýle diýipsiň! “Sen hökman öýlengin, oturma busup! Gowy zenan duşsa bolarsyň bagtly, Erbedine duşsaň borsuň filosof...” Näbelli “x”-dyr zenan dünýäsi, Bir şadyýan, birem barýandyr tasap. Çäýnege atylan atym çaý aýal, Ýuwan, ajy bilip bolmaz alňasap. Süýegiňden dyňza... |
GORKUT
Paýhas çogýar, beýni sorkup, Takat tapman düňle kalpda. Boý boýlaýar dädem Gorkut, Täleý hakda, dünýe hakda. Peýmansyz pany penasy, Dilinde Hakyň senasy. Goldan-gola, ýoldan-ýola aşyp ýör, Kä haýyra, käte şere duşup ýör. Haýyr görse gol berip, Şer görende ýom berip, Akyl küýsäne akyl, Don isläne don berip. Her ädimde haýry Haka gönderip, Her ädimde Iblis bilen... |
BAGTYŇ GÖZLEGINDE...
Mähirden püre-pür jady gözleňde, Indi harsydünýäň yşky bar ýaly. Garaçygy göýä ýowuz neşderi, Didäň agy bolsa, gyşky gar ýaly Sowapdyr, nebisiň aňzak ýelinde. Ýylatmaga ejiz ýyly demim-de. (Ýollar aýra düşse, aglasa ýürek, Bir, iki däl gülüp geçjek deňiňden.) Tasanjyrap gitdiň, bagtyň gözlegne. Hamana ol göze görünýän ýaly. Saglygy bagt bolup görnermiş hassa, Bagtmyş... |
GOÇLARYÑ URŞY
Iki goçy çykardylar meýdana, Olaryň güýçlerin synamak üçin. Şonda başyn ýaýkap diýdi bir dana: “Üýşdüňiz goçlary gynamak üçin! Sebäp goç “goç” bolýar, adyndan belli, Gaýduwsyzdyr olar, ýüregi ýelli. Kösemäň olary, işiňiz telek!” Emma duranlara netije gerek. Ine-de söweşiň pursaty ýetdi, Goçlar weli mundan darykmady hiç. Şahlaryň düýbünden ot çykyp gitdi, Garpyşyga girdi iki ägirt g... |
GARŞYLYK
Her pikirde bir ýürek bar, Her ýürekde müňläp pikir. Biri ýagşy, biri erbet, Biri hak, beýleki mekir. Çapraz pikir arasynda, Ynam üçin howa ýokdur. Hemmäniňem agyr derdi, Ol derde-de doga ýokdur. Dawa edýär iki kişi, Bir-birege oýkap döşün. “Maňa düşün!..” diýýär biri, Ol hem diýýär: “Maňa düşün!..” Bu çapraz pikirleň urşy, Biri hak, biri-de nähak. (Gör, ynsan... |
SORADYM
Bir dananyň ýakasyndan ebşitläp, Ýüreklere barýan ýoly soradym. Mahmal ýeliň ýapynjasyn oranyp, Nurly Günden sag-u-soly soradym. Bir täsin ses edip iňledi şemal, Danaň jogap beräýmegi ähtimal... Diýdi: “Oglum, seniň bu bolşuň-a däl, Ne saglygmy, ne bir haly soradyň! Makul bilseň saňa bir gep aýdaýyn: Ýagşy sözler – şuglalydyr, Aý deýin!” ... Bu söz ýüregimiň ýetirdi eýin, Tomus jöwzasynd... |
GÖRMEKSIZ GYZA
Utanma, eý, jenan, galdyrgyn başyň, Sen öz-özüňdenem göwnüň geçirme. Ok ýaly kirpikleň, ýaý ýaly gaşyň, Bolmanda nä, umydyňy öçürme. Sen nämä utanyp ýygrylyp ýörsüň, Her kimiň alnynda garaşýar bagty. Taparsyň menzilleň gatlaryn dörseň, Bilýäň-ä munda ýok hiç zadyň nagty. Ykbalyňa nälet okamaweri, Dokuzy düzüwi tapmak juda kyn. Ynsana sen, bolmak hökman däl peri, Besdir, ak ýüregiň... |
JÜBÜTLIK HAKDA GOŞGY
Jübütlik hem gözelligi barlygyň, Goşulanlar goşalykda goş bolsun! Bagt bolsun barça dünýäň, baýlygyň, Ata-enäň sizden göwni hoş bolsun! Örňäp gidiň, sözläp gidiň bagt hakda, Ýaşaň mydam halallykda, aklykda, Nesip etsin özüň görmek agtykda, Mydam size rowaçlyklar duş bolsun! Hergiz-hergiz paýhas bolmaz gaharda, Takdyrda bar tomus, güýz, gyş, bahar-da, Käteler alňasap göge bakaňda, <... |
BARDYR
Bir aladaň çözüldigi, Öňde ýene ony bardyr. Agtar-da tap gözelligi, Onda arşyň nury bardyr. Bagt aýdymyn aýtsa bende, Haýran bolup durma sende! Serindäki aklyň hem-de, Bileginiň zory bardyr. Möhürläp ähti peýmanyn, Ýürek ýazyp dur permanyn. Arzuwlaryň hem armanyň, Gursaklarda gory bardyr. Joşulyp çykylýar serden, Aýak üzüläýýär ýerden. Mert ýigit ownasa birden, ... |
BILEN
Gün säherde dogýar her gün, Tamam bolýar batmak bilen. Arzuwa ýetilýär bir gün, Umyt edip bakmak bilen. Dünýä gözel, emma ýeser, Ynamyň, yhlasyň emer. Durkda gaýrat bolsa eger, Gümrasyň al-bermek bilen. Toba, toba akyl berýän, Hemme-de düşünýär, bilýär. Hözirin görmersiň dünýäň, Duluň düýnäp ýatmak bilen. Jahyllykda bir joşmadyk, Ýaza ýetmez ýalňyşmadyk. Takdyr g... |
AK DURNAM
Bu söýginiň oýnunda, Arzuw guşduň, ak durnam! Meni ýalňyz goýduň-da, Nirä uçduň, ak durnam! Yzda goýup ýaryňy, Sökdüň bu giň barlygy, Saýlap sergezdanlygy, Menden geçdiň, ak durnam! Seleňli güýz paslynda, Düýşmi ýa huş aslynda?! Arşda – alys asmanda, Gördüm keşbiň, ak durnam! Gel, ömre bagt bolup dol, Sensiz boşluk sag-u-sol! Seniň yşkyň alys ýol, Meni... |
AÝDYM
Aýdym! Gözel aýdym, men seni söýdüm! Diňe şatlyk, joşgun berýäň gursaga. Goý, hemmeler şatlyk bilen ýetsinler, Bagt eçilýän aýdym-sazly pursata. Ýaňlan aýdym, ýaz eýle sen dünýäni, Ýaňlan bagtly pursatlaryň şanyna! Arzuwlara, alkyşlara ganat ber, Sen dermansyň hassalaryň janyna! Toýlaryň şanyna, bagtyň şanyna, Ýürek telwaslanar, joşar, hiňlener. Arşyň-kürsüň ara... |
OÝLANMA
Giň boşlugy böwsüp geçýän uly ýol, Sansyz ýodalardan ýatyr düzülip. Haýsy ýoda ýetir meni arzuwma? Köp ýodalar güzap berýär üzülip. Kä dogumly basyp, kä edip hatar, Öňe sary gidip barýan surnugyp. Agtarýan, sermeýän göýä kör ýaly, Bu boşlukdan tapyp bilmän urnalyk. Aýlaýar başymy hem hopukdyrýar, Penjesinde saklap çalymtyk duman. ... Arzuw atym çapyp barýaryn welin, Ýeterin-le, daşa maňl... |
GARAGUM
Ynsany birkemsiz taplap bilýändir, Gyş aýazly, tomus gorly Garagum. Kalbyňa joşguny gaplap bilýändir, Türkmen ýüregi deý nurly Garagum. Alaňlary göýä bugdaý harmany, Sahylygyn nusga edip almaly. Seýle barsaň, düzüw pälde barmaly, Hydyr ata atly pirli Garagum. Torgaýlar saýraşyp galýarlar göge, Mele suwa meňzäp tolkunýar çäge, Wasp ederden söz kemterdir bu çaga, Bahar goýny gülgüzarly, Ga... |
GITSEÑ
Gursagymda arman galar, ynanaý, Meniň hak sözümi diňlemän gitseň! Bu şygyrym bolarmyka göwne jaý, Ýene hasrat bolar oňlaman gitseň! Arzuwlarym bedewler deý çapyşýar, Diýýärler: “Hak söýgi bir gün tapyşar.” Giň asmanym bu zemine gapyşar, Ýürek islegimi aňlaman gitseň! Owal-ahyr diňe sygyndym Haka, Gönümel men, ynam edemok çaka. Gözlerimden syrly ýüregim oka, Ahmyr bolar ony soňlaman gitseň... |
ÝOLAGÇYLAR HEKAÝATY
Ol ýigit atyndan ýykyldy birden, Agyrdy dyzçanak, agyrdy gerden. Adamlar üýşdüler onuň daşyna, Bu iş bir ýolagçyň geldi hoşuna. “Menden geçen boldy, debsedip atyn, Häk, boldy-da, alandyr ol almytyn...” Monça bolup, öz ýanyndan ol kişi, Baryp diýdi, synlap bu bolan işi: “Diňläň, munuň sebäbini diýeýin! Gowşan eken bilçekgisi eýeriň. Duşumdan geçende gördüm men ony..... |
GUZY HEM MÖJEK HEKAÝATY
Guzynyň ýanynda ýokdy enesi, Ony Möjek görüp, geldi iýesi. Derrew ylgap bardy onuň ýanyna, Guzyň ysy ýarap barýar janyna. Alkyş bolsun diýdi pasly bahara, Ony iýjek bolup gözläp bahana. Bire baglap diýdi umyt-hyýaly: “Sen nämüçin aw edeňok biz ýaly?” Gorkusyndan saňňyldady guzyjyk. “Men-ä ot iýýärin, günde azajyk...” “Kimmişiň sen, sözüme garşy gidip!..” ... |
BENTLER
Penjireden synlady gyz ýapragy, Agzyn tutdy, gygyrmady waý-waýlap. Didesinden dynman damdy hünjüler, Şemalyň ýapragy ýoluşyn synlap. *** Köne ýoluň hiç galmady gatnawy, Näçe asyrlary göterip arka. Bu ýoluň hiç wagt gatnawy galmaz, Dünýäde ebedi ýaşaýyş barka. *** Ýürek joşgunymy ýazýan kä mahal, “Ýazjak” diýip, oturmadym her günde. Şahyr boljak diýip ýazmaryn goşgy, Ýazaryn... |
ENEM
○ Enem Amangülüň ruhyna ýüzlenme. Göz öňümden hiç gidenok jemalyň, Gyňajyň etegi seçekli, enem! Yhlasyň beripdi maňa kemaly, Mähirden püre-pür gujakly, enem! Goýnuňda boý aldy ganat-perlerim, Hak ýalkasa, ýanym ýere bermerin. Wah, mähriňi şygra salyp bilmerin, Diýemde-de dutar-gyjakly, enem! Didaryň ýalkymdy topragna Wasyň, Arşy-agladandy seniň yhlasyň. Irden gitsem, öýlan garşylaýady... |
SERE GELEN SETIRLER
Sabyrly bol, kä gys dişi, Howlukmaçlyk şeýtan işi. *** Durmuşyň meňzär bägüle, Ýüz dollar däl, ýüz dost dile. *** Dosty ýoguň duşmany ýok, Ýagşy dostlyň puşmany ýok. *** Kyn pursatda mertlik bolsun küýüňde, Hüşgärligi unutma şat günüňde. *** Ýerin bilseň gowy gylykdyr dymmak, Hakykat dag ýaly gyzyldan gymmat. *** Haýyr ýokdur giç ... |