Результаты 1-11 из 11 по запросу Bäşim Ataýew

ÇAGALAR MEKDEBE BARÝAR

Çagalar ir säher mekdebe barýar,
Şadyýanja,
Ýüz gözleri eýjejik,
Ýaşajyk ýürekler umytly urýar,
Gürleşýärler,
Gülüşýärler keýp edip.
Synlap söýgi bilen älem-jahany,
Hem çözýärler
Kyn sowalyň jogabyn.
Olaň hersi bir ak öýüň bahary,
Olaň bary bu türkmeniň dowamy
Boluşyp özara jedirde-jedir,
Gülüşip özara mekdebe sary
Barýarlar çagalar geljege sary.
Kimsi ketenili, <...
Täzelikler » Goşgular - 04.09.2022

ERMENI GÖZELI

Margarita, eý, ermeni gözeli,
Ykbal bagş eýledi ajap pursady.
Men türkmen şahyry
Goşgy-gazaly
Kalba sygman, joşup duran gursagy.

Men gadym oguzlañ mertligi siñen,
Seljuklaryñ döwlet guran ýerinden
Dostluk salamyny getirdim size,
Ýurdum Türkmenistan - bagy-Eremden.

Eý, gözel Kawkazlañ näzik jenany,
Sen bilýärmiñ, biziñ iliñ düzgünin?!
Türkmen ýigdi söýse eger zenany,
Geñlemeg...
Täzelikler » Goşgular - 09.09.2019

WEPADARLYK / Gurbangözel gelnejeme

Toýdan soñ, nätjek-dä, pelegiñ işi,
Bahar sanlyja gün mährini saçdy.
Jeñ ýoluna ýollap söwer ýaryny,
Baýdak gelin umyt bilen garaşdy.

Garaşdy çynar deý ýigdini ýatlap,
Ýylgyryp bir ýerden çykaýjak ýaly.
Nije ýyldyr patasynam almady,
Mertlik sütünini ýykaýjak ýaly.

Eziz enem, ýyllar bilen göreşdiñ,
Zähmet çekdiñ mäkäm guşap biliñi.
Ynamyñ, ygraryñ, gaýratyñ bilen,
Artdyrdyñ top...

Täzelikler » Goşgular - 10.05.2019

KÜÝSEG

Bilýän,
Seniň meni göresiň geler,
Takat tapman gyz kalbyňa, janyňa.
Söýgä teşne bolup,
Gelesiň geler
Meniň ýanyma.

Islärsiň-de
Bir süýji söz aýdarym,
Bagry girýan
Dolarsyň sen gujagma.
Towlanarsyň,
Diňläp söýgi aýdymyn,
Erksiz ellem inçe biliň guçanda.

Bilýän,
Seniň meni göresiň geler,
Unudyp ýyllaryň dagy-hijranyn.
Kalbyňy ýanlyk deý seresiň geler,
...
Täzelikler » Goşgular - 30.03.2019

BOŞ WAGT

Boş wagt,
Sen örän gerek zat maña,
Seni boş geçırmek üçın däl, düşün!
Munda wagt tapman duşdan ötüren 
Ençe ışlerıme ÿetişmek üçın.

Nahallarym üçın — ekılmän galan,
Baharlarym üçin — eçilmän galan.
Ýakynlarym üçin, ýatlarym üçin,
Görünmedik toÿum, ýaslarym üçin.

Geçilmedik menzil, ÿollarym üçin,
Geçip barýan ömür sallarym üçin.
Mundan bu ýana 
Berlip ýaşar ÿaly arzuw-hyÿala,
...

Täzelikler » Goşgular - 27.03.2019

ITALIÝA TÄSIRLERI

▶ RIM

Gadymy Rim,
Rysarlaryñ mekany.
Taryhyñ şu güne goýan sowgady.
Adamzat añynyñ täsin eseri,
Adamzat kalbynyñ öçmez sungaty.
Döreýşiñe haýran häli-henizem,
Gurluşyña akyl ýetmez asyl-ha.
Gör, ne haýsy eýýamlardan gelip sen,
Ýeldir ýagşa aldyrman dört pasylda.
Gadymy galalar seleñläp otyr,
Heýkellerden hyñ berip dur çar ýanym.
Hol belent binanyñ penjiresinden
Biziñ taýa garap otyr bir h...

Täzelikler » Goşgular - 04.12.2018

ÖZBEGISTAN TÄSIRLERI

▶ AK ÝOLLARDAN ÖÑE BARÝAR ARKADAG

Türkmen, özbek halky, şäherdir kentler,
Goñşy hem dost ýaşap asyrlarboýy.
Bir-birege goldaw, medet beripdir,
Bile sowup her bir baýramy-toýy.

Birdir iki halkyñ däbi-adaty,
Taryh çuñlugyna uzan kökleri.
Parahat asmanda ýaýyp ganaty,
Dostlugy jar edýär akja kepderi.

Goşulyp mylaýym öwsen ýellere,
Gündogar sazlary ýañlanan wagty,
Jañly kerwen geçen ýüpek ýollara,...

Täzelikler » Goşgular - 11.11.2018

TÜRKIÝE TÄSIRLERI

▶ ANKARA

Ankara ajaýyp şäher ekeni,
Adamlary şadyýan hem hoşgylaw.
"Bir gören tanyşdyr, iki ~ garyndaş",
Olar çäksiz sarpa goýýar dostluga.

Taryh içre milletler biz adygan,
Bir daragt ~ iki şaha ýaýradan.
Bir ykbal biz ~ türkmen-türk at alan,
Bir ýürek biz ~ dünýä nurun paýlagan.

Düýnümiz,
Düýbümiz berip dur habar,
Geçmişiñ şöhratly sahypasyndan.
Geçilen ýollara zyýarat eýle,
...

Täzelikler » Goşgular - 04.11.2018

MOSKWA TÄSIRLERI

Moskwa,
sen gözelligiñ keşdesi,
Päk ýürek ynsanlañ gözli çeşmesi.
Gadymy hem täsin binalañ bilen,
Göwnümi joşdurdyñ, hoş etdiñ serim.

Söýgi sazyn çalýar tämiz säherleñ,
Zemine ak garyn seçişin gör-ä!
Älemdäki iñ owadan şäherleñ
Biri ~ sen. Men şuña geçýärin güwä.

Akyp dur ikiýan jahankeşdeler
Kreml köşgüniñ meýdançasyndan.
Parahatlyk sazy dünýä eşdilýär
Birleşen ýürekleñ belent sesinden.

...
Täzelikler » Goşgular - 03.11.2018

FRANSIÝA TÄSIRLERI

▶ SAG BOL, ARKADAG!

Ýörän ýollarymyz rowan eýlediñ,
Müşgil işlerimiz eýlediñ asan.
Şu gün bagtly duýdum şeýle men,
Çünki öñümizde açylýar jahan,
Ýewropa açylýar,
Açylýar dünýä,
Türkmene ýene-de gujagyn gerýär,
Bimahal Gyratyñ owazy gelen,
Gadym Pereñistan ~
Gözel Fransiýa.
Taryhda atalañ ädimläp geçen
Ýürek ýolun biz bir demde geçýäris.
Arkadag!
Hut siziñ yhlasyñyzdan
Bu beýi...

Täzelikler » Goşgular - 03.11.2018

SÖÝGI TOLKUNLARY

Ýaşadykça yşgym artýar durmuşa,
Söýgi hemem şadyýanlyk gözlegim.
Bu owadan dünýäñ ~ täsin gurluşyñ,
Gözelligin öz kalbymdan gözledim.

Diñe söýüp ýaşamaly jahanda,
Gijesin-gündizin, Zemin-Arşyny,
Bir synlap görüñ siz, elwan baharda,
Tolkunlañ kenara urlup barşyny.

Bize şeýle joşgun gerek ömürde,
Öýke-kinelerden belentde durýan.
Hazar giñişligin özünde jemlän,
Jeýhun deýin kenaryna urul...

Täzelikler » Goşgular - 18.06.2018