ÝOL BAŞYNDA
![]() Gijäniň ýary elektron poçta howsalaly hat geldi. Gysga manysy şeýleräk: ýaşaýşyň manysy näme; bu dünýä ýaşanyňa degýärmi; durmuşda adamyň orny nirede; adam jemgyýete täsir edip bilýärmi ýa ýok bolmak üçin bar boldukmy? Şeýle manyly soraglar böwrüme ünji bolan döwürlerim — ýaşlygym ýadyma düşdi. Adam ýaşlykda al howada dartylan ýüpüň üstünde eli leňňer atyp duran uzyn ... |
ŞYGRYÝETIŇ TÄZE TOLKUNY
(Ýaşlaryň edebi döredijiligine syn) ![]() Akyldar Ýusup Balasagunly eýýäm müň ýyla golaý wagt bäri hanedanlary, döwletleri, hökümdarlary hem raýatlary bagtyýar edýän kitabynda howandary Bugra hana, ähli hökümdarlara «Şahyrlaryň dili gylyçdan ýiti, ýoly gyldan inçe. Köňli tükel bolsa deňze girip göwher, ýakut çykarar. Öwseler öwgiň ülke aşar, sökseler atyň artap galar» diýip maslaha... |
"MENIŇ BOLUŞLAM TÄSIN..."
Meniň boluşlam täsin, Ýa gudrat bar mende-de. Lebap ilinde özüm, A men bolsa Pendide. Sowuk düşdi mazaly, Howa doňdy howada. Ýolka jäjegi ýaly, Mähirsiz Gün howala. Gaz oduna çoýunyp, Daşa bakýan aýnadan. Ol ýerde gyçak sowuk, Hiç parhy ýok taýgadan. Öýdäkiler neneňkä, Onda gaz ýok ýakmaga. Körpe inim paltaly, Çykar odun çapmaga. ... |
ŞAHYR
Gözleriňde wyždan odun ýakar ol, Ynsap odun lowladar ol ýürekde. Şonuň üçin, adam! Seresap sözle, Söhbet açjak bolsaň sen şahyr hakda. Duwlanyp bilmersiň ýasama perdä, Ýoýulan, harlanan bolsa ahlagyň. Şahyr ol perdäni ýyrtyp taşlar-da, Gözlerňe görkezer, tapyp ahmalyň. Şondan soňam gaty görseň şahyrdan, Öz-özüňi sylamaýan bedibagtsyň, Ömür ýolun düzetmejek akmaksyň, Doňy çözülmejek ... |
SALAM, GUSSAM!
Salam, gussam! Geliber. Geçiber sen törüme. Biz, ikimiz ýeke görşen tanyş däl, Ýakynlygymyz gardaşdanam ötürdi, Aýyp däl, aýyp däl bile bolmagmyz. Şuňa uly ilem akyl ýetirdi. Olar indi bizi birdir öýdýär. Menem indi seni ýigrenemog-a, Ah, söýýän diýsemem galat aýdýan. Bor-la, söz kowlamak nämäme derkar, Jan-tenimiz, ruhumyzam bir ahyr. Nirde sen başlanýaň – nirde gutarýan,... |
"BIRBADA OKADYM NOBATGULYNY..."
Birbada okadym Nobatgulyny, Hiç zada düşmedim, akylym çaşdy. Şoň üçin bada-bat okaman ony, Okaň säher çagy ýekeje goşgy. Ol goşgy okalsa säher çagynda, Bir del tagam bolup batar maňzyňa. Her bir setir täze pikir däl munda, Ýöne goşgy elter pikir deňzine. Ony okap şeýle pikir serimde, “Eý, türkmenim! Sen aslyň dowamysyň!” Magtymgulyň saýa batan ýerinde, Ýene... |
ENÄNIŇ SOLTANLYGY
Yşkyň hazynasynda kemala gelen keşbiň, Ýöriş etdi ynsanlaň kalbyna, soltan Ene. Bir salymda gurşady arasyn arşyň-deştiň, Öwrülip bir owadan aýdyma soltan Ene. Şeýdip, rehim-söýgüden, gözel mähir-duýgudan, Bir soltanlyk guruldy ynsan sözün beýik eden. Gerb – söýgi, gimn – rehim, halallygy tug eden, Soltanlygyň soltany merdana soltan Ene. Çym-pytrak edildi şer-ýigrenjiň goşuny, Soltan söweş ja... |
"DIÝÝÄRLER AGYDYR ÖLÜM BEZEGI..."
Diýýärler agydyr ölüm bezegi, Emma, ajal mañ ýeten gezegi. Aglamañ adamlar, şatlanyñ, gülüñ, Ruhum razy bolar, hatyrjem boluñ. Seçiñ göwräm üzre nogul-nabady, Sazandalar sazyn belentden çalsyn. Meni alyp barýan adamlañ ady, Gölegçiler däl-de, gelnaljy bolsun. Sebäp men babamyñ ýanyna barýan, Sebäp men atamyñ ýanyna barýan. Meniñ dünýä gelmegime gatnaşan, Ählije ... |
Toprak hem men
Men — Toprak! Aslyma dolanaryn ýene! Zemin ynsan üçin mähriban Ene. Ýeller sypap, suwlar akar üstümden... Enem deýin agras, sada, ümsüm men. Saňa baky örkün baglar ogullar, Asyl, giň jahanda sensiz oňulmaz. Biz bir göwre Watan topragy bilen, Atalar gorapdyr kükregi bilen. Ata-babam bakýar owuç toprakdan, Ene-mamam bakýar her bir ýaprakdan. Ata Watan dursa... |
ÝAŞ ÖLÜMIŇ ÜNJÜSI
Gabryň içi sowukdyr, kändir onda mör-möjek, Bu zatlar jansyz tene bildirmez-ä aslynda. Taňrym göwne düwüpdir, Ezraýylmy gynanjak, Ýok bolaýmak kyn ýöne, ömrüň bahar paslynda. Belki, bu-da bähbitdir, gitsem köp dälkä günäm, Bu gün bolmasa ertir gitmeli-hä aslynda. Asy bolmak kyn işdir, sorag ederler menem, Ol ynjar meni görse agyr günäň astynda. Söýmedim, söýülmedim, söýenim düýulmady, Ýöne k... |
"ÝAGYŞ ÝAGÝAR..."
Ýagyş ýagýar, ýuwýar meniň dünýämi, Aýdyň ahyr, bu bir gözellik dälmi? Honha, ezilmekden gaçýan bir gözel, Çepegne çolaşdy, ýykyldy taýyp. Dynman çürküldeşýän gözel serçeler, Nirädir bir ýere uçdular gaýyp. Ýagyş ýagýar, ýuwýar seniň dünýäňi, Dünýä suwda ýüzýär misli bir gämi. Ýaşyl-a ýap-ýaşyl, gyzyl gyp-gyzyl, Ýagyş bu dünýäniň açdy reňkini. Köpi gören goja dünýäme hezil, O-da bu g... |
"ÝÜREK DOLY GUSSADAN..."
Ýürek doly gussadan, Nämedendir hassa men. Maňa näme ýetenok, Näme meni gyssaýan? Watan menden daşda däl, Ajal belik uzakda. Ýöne kalbym rahat däl, Bilmen, haýsy duzakda. Gursagym dar, gursagym, Syganok ahy-nalam. Çydam edip ýörsedim, Namys diýip ylgaman. Girsem derwüş donuna, Çyksam ýa hu Hak diýip. Ýalançy, pany dünýä, Bir dem aýak çek... |
MYNAJAT
Eý, Allam, eý, Gudrat, görkez bir nyşan, Kalplar garalmanka şübhe posundan. Bolmasa bir pursat zemine düşäý, Şeýtan sumat bolsun aýak sesiňden. Betgüman adamlaň tut ýakasyndan, Päk päliler barlygyňa guwansyn. Köňüler päklensin bar hapasyndan, Umytsyzlaň umyt çyragy ýansyn. Eý, Taňrym, seň peşgeş beren paýhasyň, Meň özüme duşman bolýar kem-kemden. Nämüçinleň azabyn bir duýsadyň, Ýa jogap ... |
"AJAL ALYP BARÝAR ADAM JESEDIN..."
Ajal alyp barýar adam jesedin, Adam galýar adamlaryň aňynda. Şonuň üçin aglamaňyz bes ediň, Halk atly şu dowamatyň barynda. Göräýmäge meňzeş ýaly hemme-de, Ba:r ýollaram gabrystana sowulýar. Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden, Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar. Ajal kesgitlänok ömrüň çägini, Akyl berip ýaşap ýö:r-ä Eflatun. Ýaşyňy uzaldar ýagşy gylygyň, Paýhasyň he... |
"A MEN SEÑ TOÝUÑDA ÇAGBA GUÝDYRYN... "
A men seň toýuňda çabga guýdyryn! Dünýänem, özümem ezerin gussa. Adamlar Burkuda gargabersinler, Men — zalym, hiç kime gulak hem asma:n, “Guý!” diýsem, “Hoş” diýer dertdeşim Asman. Pälimden gaýtmadym, diýenim boldy, Toýam dowam edip bilmedi oňly: Ezildi gelinleň täze öýmesi; Öçdi toýdan iren bagşynyň sesi; Myhmanlar ör turdy saçak başyndan;... |
ÖÝE BARÝAN
Goltugymda torbam, kellämde obam, Serediň, adamlar men öýe barýan. Doganym, gardaşym, ýakynym, käbäm, Göterip ýadymda men öýe barýan. Perron, iteleşik, käýinýär daýza, Käbämi ýatlaýan darykman gaýta. Ýylgyrýan hem öýe barýan. Küpedeş uz gelin näz edip baksa, Ýassykdaşym, galdyr başyň sen kada, Oýlanýan hem öýe barýan. Ýol kesýär otuz bäş-kyrk ýaşly adam, Şol ýaşlarda dünýä çalşy... |
GARAŞÝAN
Ýagtylýar, daň atýar, asuwda säher, Garylar turupdyr, Güne garaşýar. Meniň gije göwnüm ýagtylman sähel, Gündenem howlugyp saňa garaşýar. Itler üýrýär, bir-ä gelýär, garaşýan, Şykyrdy bar, aýna bakýan umytly. Tykyrdy bar, böküp gapyny açýan, Ah, ite üýrmäne bahana gytmy. Şemala oýnap ýör ýapraklar kileň, Serçe deşjek bolýar köne kerseni. Günde ýüz gez gören zatlarym bilen, Ýene-de umydym... |
ŞEÝLE ŞAHANDAZ ILLER BIZDE BAR! ■ Mätgurban Mätgurbanowyň hem-de Maksat Hudaýberdiýewiň döredijiligi hakda / makaladan bölek Ähli türkmeniň, ak ýürekli adamzadyň ýoly ýurdumyzyň ýüregine – Aşyklaryň abadan şäherine baka! Günsaýyn özgerýän guw ýaly jowur ak şäher gözleriňi gamaşdyrýar, ykdysady, medeni durmuş gaýnap-joşýar… Paýtagtyň gözel goýnunda ýerleşen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Sungat studiýasynda diňleýji talyp-şahyrlar Mätgurban Mätgurbanow bilen... |
ŞEÝLE ŞAHANDAZ ILLER BIZDE BAR! ■ Myrat Gurbanowyň döredijiligi hakda / makaladan bölek At başy türkmen gündogaryna tarap. Şaglap akýan çeşme-çaýly, müň bir syrly gowakly, dinozawr yzly Köýten dagy, gadymýetden habar berýän Astana baba, Dargan baba, Mäne babanyň hyrka geýen şäheri Amul, Amulyň dowamaty bolan, boz bulanyp akýan Jeýhuny boýlap oturan Türkmeniň abat şäheri, “Dünýä bazar” adyny alan uly bazar… Bu bazarda halkyň synasynyň hem geýim-gejiminiň päkl... |
ŞEÝLE ŞAHANDAZ ILLER BIZDE BAR! ■ Allanur Çaryýewiň döredijiligi hakda / makaladan bölek …Pendi sährasy, Bathyz, ülpüldeşýän çigildemler, gözýetimde göze ilip, zym-zyýat bolýan keýik-gulanlar, dünýäniň tizligini piňine alman pyşdyldaýan parasatly pyşbaga, bu gözellikleri al howadan synlap uçýan bürgüt... Daň-säherde örüp, sähranyň derman otlaryny birgeňsi owaz bilen otlaýan goýun sürüsi, süriniň bir gyrasyndaky alaňda taýagyny egnine, iki elinem taýagyna atyp, hem sürin... |