Результаты 1-9 из 9 по запросу Baýram Meläýew

KÄMILLIK

Çuwal bagşynyň täze aýdym aýdylyş ýoluny döretmeginde onuň bilen köp ýyllar egin deňleşdirip gezen, işlän, daşhowuzly köp bagşylaryň mekdebini geçen meşhur gyjakçy Sapar Bekiniň roly uludy. Täze özboluşly ýoluň döredilmegi Magtymguly bagşynyň Daşhowuz topragynda-da, Garagalpakda-da, Mary etrapynda-da, Köpetdag etegidir, Garrygala Krasnowodsk ugurda-da, Darganata – Çärjew tarapda-da ilhalar bagşy bolmagyna getiripdi.
Sapar gyjakçy 1920-nji ýyla çenli Sapar süýrentgin...

KIMIŇ ÝOLUNDAN GITMELI?

Atabaý bagşy bilen birnäçe toýy sowan Magtymguly bagşyçylyk sungatynda-da her ýeriň öz däbiniň, öz dessurynyň bardygyna hasam oňat göz ýetirdi. Onuň aýdýan aýdymlaryny Gubadaga, Aýböwür-de, Çomonoýda, Tagtada... toý-märekede hezil edip diňleýärdiler. Ol daň atýança tirme aýdymlaryny aýdyp berýärdi, emma bu etraplarda dessan aýdyp bilmeseň seni baş bagşy hasaplanokdylar. Şonuň üçin ol köplenç toýlarda nobaty dessançy bagşa bermeli bolýardy. Şeýle pursatlarda ...

JÜNEÝIT HAN BILEN DUŞUŞYK

Durmuşyň şeýle bir ýazylmadyk kanuny bar: halkynyň taryhynda yz galdyran belli-belli şahsyýetleri, eger olar döwürdeş bolsalar, ykbalyň öwrümli ýollary hökman bir saý-sebäp bilen duşuşmaga mejbur edýär. Şol duşuşyklary jikme-jik bilmek hemme kişi üçin gyzykly bolýandygy sebäpli bu gürrüňler uzagyndan syrly waka ýa-da rowaýata öwrülip gidýär. Gadymy Horezm ýurdunda Alili bagşy ady bilen giňden tanalyp ugran Magtymguly Garly-da graždanlyk urşy ýyllarynda gar...

HYWA ÝOLY

Magtymguly Garlynyň gadymy Hywa ýurduna gitmeginiň, ömrüniň örküni ata-baba mukaddes saýylan Daşhowuz topragyna baglamagynyň adatdan daşary, üýtgeşik bir sebäbi bolmandyr. (Belki-de şeýle üýtgeşik sebäbi anyklamak bize başardan däldir). Ýöne ykbal-nesibäň nirä tartsa, şol ýana ýörebermeli dälmi näme?
Dogry, 1915-16-njy ýyllarda Kaka, Tejen etraplarynda-da galagopluk artyp, gahatçylyk köpelýärdi. Üstesine «guşak salgydy», «telpek salgydy», «at salgydy», «päle gitmel...

ATABAÝ BAGŞY BILEN DUŞUŞYK

Ýylanlynyň Kürt obasynda, nusurlalar bilen onbegileriň aralygynda Allanur aganyň giň küňreli howlusy howalanyp durdy. Gurbanguly baýyň kerwenbaşysy, ýakynda Arkaçdan sag-aman dolanyp gelen Allaş arkasy dutarly Magtymguly bagşy bilen tirkeşip bu howla girende öýüň hojaýyny mal-gara serenjam bermek üçin daş-işikde oňa-muňa güýmenip ýördi. Allanur baý gelenler bilen gadyrly salamlaşdy-da olary halyly-palasly, ýumşak düşek düşelen myhman jaýyna alyp bardy. Il...

HALYPANYŇ HYZMATYNDA

Çary çepbäniň mal döwleti-de, baş döwleti-de ýerbe-ýerdi. Onuň dört ogly iki gyzy bar, ogul ornunda görülýän Magtymgulam indi ýedinji çaga boldy duruberdi. Ol tä on bäş ýaşyny doldurýança şu ojagyň ody bilen girip, küli bilen çykdy. Halypanyň ogullary Tahyr bagşy, Daňatar bagşy, Çarwa bagşy dagy onuň bilen ysnaşyp hut süýtdeş dogan ýaly bolupdylar.
Gylyç bagşy, Myrat bagşy, Baýramaly bagşy dagy Çary çepbäniň ýanyna häli-şindi geler-gider durardylar. Duşa...

AÝDYMA ÖWRÜLEN SÖÝGI

Ynsanyň könül köşgüniň gurluşy şeýle. Göwnüňde mukaddes bir derejä ýeten syry äleme ýaýsaňam öne oňa seniň özüňden başga düşünjek adam ýokdur. Çuwal bagşynyň Bibi atly näzenin bir gyza aşyk bolandygy hakyndaky hekaýatam bagşynyň öz syry bolmagynda galýar. Sebäbi onuň Bibi gyza ýetmändigi barada biri «Gyzy satypdyrlar, adaglysyna zor bilen beripdirler» diýip, gürrüň etse, başga biri «Asla, Bibi atly gyz bolmandyr» diýip, tekrarlaýar. Ýöne her näme-de bolsa Çuwal...

SYRLY DÜÝŞ

Obanyň gaýrasyndaky-garaganly meýdanda oglanlar goýun bakardy. Köplenç olar dowarlaryny goşup, tä iňrik garalýança her dürli oýun oýnap, keýpden çykardylar. Elbet-de, Magtymgulam olaryň arasyndady. Şol gün welin ol nämüçindir oglanlara goşulmady.
...Gün ýaşar uçurlary Ogul ejäniň (oba arasynda onuň adyny şeýle tutardylar) ýüregine howul düşdi. Iş edip oturan adama bir zat diýmegem birhili. Şonda-da ol eýdip-beýdip ugruny tapdy-da ussany ýola şaýlady: «Git, ussa. E...

KÜMÜŞÇI USSANYŇ ZÜRÝADY

Göýä ata-babalardan galan gepiň dogrulygyny ýene bir sapar subut edýän ýaly, ine, birmahalky gurap-gugaryp galan köne akaba öne suw gelipdir. Bu gowulygyň alamaty. Dünýädäki ähli zatlar üýtgäp, özgerip ýene-de gaýtalanýar diýen gadymy pelsepe hä beresiň gelip dur... Täzeden suw gelen jar ýere siňip ýatan göçülen ýurduň içinden egrem-bugram bolup geçýär-de oňa dirilik alamatyny çaýýar. Onbegi obasyna o zamanlarda Öwji-Mowdut diýerdiler. Gadymy Öwji-Mowdut. Al...