Результаты 1-20 из 52 по запросу Baýramgeldi Çaryýew

ÝAŞLYGYMYŇ ÝAKYMLY YSY

Sabynly obasynyň ortasyndan geçýän ýaýbaň ýabyň bol suwy ýylyň ähli paslynda-da kemeler ýaly däl.
Şol uly ýabyň iki gyrasyny jähekläp oturan syrgyn obanyň içinde Haýdar babanyň bag-bakjaly, eýwanly öýi hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Onuň ösdürip ýetişdiren tallary ýabyň üstüne şahalaryny gerip otyr.
Bol suwly ýabyň kenaryny syryp gidýän gatnawly ýoluň adamsyz wagty ýok. Ulagly diýjekmi, pyýada ýa atly, ýa eşekli diýjekmi, garaz, adamlar ibirt-de...
Täzelikler » 2021/09/17 - 17.09.2021

HINDILERIÑ HAÝDARABAT HEKAÝATY

Günorta Hindistanda ýerleşen Haýdarabat şäheriniň döreýşiniň juda gyzykly taryhy bar. Taryhçylar ony: «aşyklar şäheri», «gözelligiň we bakylygyň şäheri», «dürler şäheri», «Dekkanyň gülşeni»... diýip, dürlüçe atlandyrýarlar. Hindileriň keramatly hasaplaýan Musi derýasynyň kenarynda binýat bolan bu paýtagt şäheriniň döreýşi bilen baglanyşykly arkama-arka aşyp gelen täsin hekaýatlar, hakykatdanam, özüne çekijidir. Biz Haýdarabat şäheriniň dik ortarasyndan...

«HATYJAGÖL» HALY GÖLI HAKYNDA

(Aýralygyň gamgyn namasy)

...Joşly derýa egin diräp oturan beýik baýryň eteginde Soltanýaz begiň galasynyň aşak-ýokary taraplarynda sakçylyk çekýän dört sany nöker ýigitlerden başga bu gidende adam-gara görnenokdy. Düýbi inli edilip tutulan bu goranma galanyň günorta-gündogaryny alkymlap oturan Akdepe obasynyň ýokary ýüzündäki ene ýabyň kenarlarynyň erňegini gyrmalap akýan suwuň, endigan şyggyldysyna goşulyşyp, oba itleriniň üýrüşýä...
Täzelikler » Taryhy proza - 31.03.2021

SAPAR LETDEÇI

(Garagurumçy daýy)

Sapar aga bir görseň, eşek, bir görseňem at arabasyny jygyldadyp, obada peýda bolan güni çaga-çugalaryň. aýal-ebtatlaryň iki-ýana ylgaşyp. elewreýişlerini bir görsediňiz!
Şol gün letdeçi daýynyň töwereginde, baý, gowur turýar-a! Gyk-da baklyk, ala-zenzele, bazaryň bar-da. Öýümiziň ýany, ho-ol goja tuduň aşagy Sapar aganyň düşleg ýeri. Ol şo taýyny ýönelige saýlanok. Mydama sowuk suwly daş guýynyň bal ýaly suwy. Ýabyň boý...

Täzelikler » Hekaýalar - 31.03.2021

ZÜBEÝDA HANYM

Türkmen halkynyň arasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden bäri ýaşap gelýän düşünjä görä, ýurt guran, halky bir agza birleşdiren ogly dünýä inderen enä “miweli daragt” ýa-da “barly daragt” diýilýär. XX asyryň birinji çärýeginde Türkiýe Respublikasyny esaslandyran, Atatürk, ýagny “Türkleriň atasy” ady bilen belli bolan Mustapa Kemalyň ejesi Zübeýda hanym hem sözüň doly manysynda miweli daragt. Bu gün külli türki dünýäsini bezäp duran miweli ...


TEBIP MAMA

Jeýhunyň sag кеnarynda, Gyzylgumyñ belentli-pesli gum depeleriniň goltugynda Sabynly obasy otyr. Obanyň günbatar çetindäki pessejik pagsa tamda Ogulbibi atly tebip mamanyň nebereleri ýaşaýardy.
Ogulbibi mamanyň ýanyna etrabyň ähli ýerlerinden dertliler gelýärdi. Tebip mama öz ýanyna delalat isläp geleni örän inçelik bilen bejererdi. Şol sebäpli onuň öýüniň gelim-gidimi egsilmezdi.
Tebip mamany segsene ser uran hasaplaýardylar. Onuň ýeke ogly bardy, adyna Tagan d...

Täzelikler » Hekaýalar - 12.07.2020

ÇARY BERDIÝEW

Türkmenistanyñ halk artisti Çary Berdiýew 1952-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inýär. Çary Berdiýew 1979-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutyny tamamlap, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda işe başlady. Soňra Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda, “Jan” eksperimental teatrynda, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işledi.
Häzirki wagt...

GÖK BÖRI

ýa-da gurt göwünli türkmenleriň ruhy seždesi hakda söhbet

Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada ikinji eýýämyň oňonynyň gök böri-boz gurt bolandygyny ýazýar. Munuň bilen baglanşykly maglumatlar tutuş taryhymyzyň hem edebi ýazuw ýadygärliklerimiziň süňňüne ornan eken. Hatda türkmenleriň ýönekeý durmuş senetleridir adatlarynyň içinde hem gök böriniň goýan yzlary tagma ýaly görünýär.

[/i]– Asmandaky ýyldyrymlap inýän Gök böri ikinji eýýamymyzdaky y...

DERÝANYŇ AÝDYMY

Ýene şol goýny möwçli, köňli yşkly, heserli derýa. Ýene şol kenar. Seni küýsäp giden ekenim, joşgunly derýam! Seniň bu owadan kenarlaryňda «Ynsana ylham, belent ruh bar» diýýärler. Çyn eken. Asyl, seniň ruhuňa sataşyp heserlemän gaýdýan barmy diýsene?!
Hawa, derýam, göçgünli ruhuňy al-asmana galdyryp, dolup-daşyp, göwräňe, dünýäňe sygman, şo-ol çaýkanyp ýatyrmyň?! Men seniň syrly hem joşgunly dünýäňe ýene-de seždä geldim. Bilýäň-ä, men seniň jeren güzerleriňd...
Täzelikler » Oýlanmalar - 25.08.2019

BOZULMAZ, OGUZ BOÝUMYZ

● ýa-da mukaddes ýigrimi dörtlük barada söhbet

Ata-babalarymyzyň gadymy ýörelgelerinde, syýasy we jemgyýetçilik kadalarynda ýigrimi dört san bilen baglanyşykly yrymlar, ynançlar, düşünjeler özboluşly orny eýeleýär. Taryhçylar bu gadymy däbi atarman-çaparman hunlaryň harby-administratiw bölünişigi esasda ýüze çykandygyny öz eserlerinde, ylmy makalalarynda belläpdirler. Mälim bolşy ýaly, hun türkmenleriniň goşunlary ilki sag we çep ganata bölünipdi...

TOÝ GÖWÜNLI TÜRKMENLER

Akyldarlarmyzyň biriniň aýdyşy ýaly, iň beýik zatlar buýsançdan başlanýar. Serdarymyzyň tagallasy bilen şahandaz, şähdaçyk, durmuşsöýer, halkymyz ýene-de owalbaşky ruhuna, milli häsiýetine, däp-dessurlaryna dolanýar. Bu gün ýaşaýşa bolan yşgy, eziz Watanyna bolan söýgüsi joşup duran türkmene öz bagynda şirinden-şirin saýramaly döwri geldi. Bu gün dessurly döwlet gurup, nesillerine miras goýan Oguz hanyň, il-günüň içinde boý boýlap, paýhas ýumagyny çözen Gorku...

SARY ÖKÜZ - oguzlaryň ilkinji oňony

"– Türkmen ruhunyň birinji eýýamy biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllykdan biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna çenli aralygy tutýar. Bu eýýamda milletiň ruhy gözbaşy Oguz handyr, halal, sada türkmen zähmeti bilen gün görýär. Oňony öküzdir".

Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYŇ "Ruhnamasyndan".

Ata-babalarymyzyň owalbaşky ynanjy, Beýik Taňry tarapyndan ýaşaýşy, janly başlangyjy hasyl edýän mukaddes oňonymyz sary öküz barada düşünje milleti...

JEÝHUNDAN GANGA ÇENLI

● Ruhnamada teswirlenýän Delidäki
türkmenleriň soltanlygy barada

"– Hindistan – türkmen halkynyň taryhynyň bir ülşi. Hindi topragynda türkmeniň men-men diýen ärleri ýatr. Hindi topragynda türkmen halkynň gahrymançylyk, mertlik yzlary ýatyr".
Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYŇ "Ruhnamasyndan".

Jeýhun, Hind we Gang derýalarynyň kenarlary, Köpetdagyň, Kaşmir daglarynyň etekleri, Horezmiň, Horasanyň, Penjabyň bereketli ýerleri gadymy...

MUHAMMET BAGTYÝAR HAN

● orta asyrlarda Hindistanda döwlet guran türkmen hakynda söhbet

"– Halkymyzyň nähili baý taryhyň bardygyna biz barha aýdyň göz ýetirýäris. Men türkmeniň taryhyna degişli materiallar bilen gyzyklanýaryn we olary yzygiderli öwrenýärin. Şonda türkmeniň aňyrsynyň iňňän gadymydygyna we beýikdigine guwanýaryn".
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

Halk hem edil bereket eçilýän sahy toprak mysaly. Türkmen topragy öz berekedi bilen goja zeminiň iň...

TÜRKMEN TÄSINLIGI

● ýa-da Hindistanda häkimlik eýlän türkmen soltanlarynyň medeni mirasy hakynda söhbet

At-owazasy öz döwründe jahana dolan Soltanguly Türkmeniň Hindistanda (1512-nji ýylda) guran Kutub şalar döwletiniň binýat bolanyna basym 490 ýyl dolýar. Nesil beýany, şejeresi Nuh pygamberden, oguzlaryň ýywa taýpasyndan, garagoýunly Baýram Hojanyň neberelerinden, Öwezguly Piriň ogly bolan Soltanguly Türkmen Hindistanda özbaşdak döwlet gurup, türkmen aňynyň döreden gy...

TÜRKMEN ASMANYNYŇ PARLAK ÝYLDYZLARY

● Garagoýunly türkmenler – Kutub şalar barada söhbet

" – Türkmenleriň Garagoýunlylar, Akgoýunlylar döwleti Eýranyň demirgazyk-günbatar taraplarynda, häzirki Ermenistanyň we Azerbaýjanyň territoriýalarynda, ýagny, Wan kölünden günortada ýerleşipdir. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň gahrmançylykly taryhy bar".

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

■ 1. GARAGOÝUNLY TÜRKMENLER – TÖWRIZIŇ BEGLERI

...

ÝEDI YKLYMA HAN OLDY

● ýa-da türkmenleriñ Hindistanda guran Deli soltanlygy barada söhbet

"Magtymguly, Rumustana,
Çaldy gylyç Hindistana,
Badahşana, Türküstana,
Ýedi yklyma han oldy".
Magtymguly Pyragy.

Dünýä taryhçylary orta asyrlary «Türkmen täsinliginiň zamany» diýip atlandyrýarlar. Muňa her bir türkmen buýsanmaga haklydyr.
Ot içinde Oguz bolup dörän türkmeniň aslyny tapmak, taryhyny öwrenmek we aň ýetirmek Garaşsyz döw...

ALTYN ÝAÝ, KÜMÜŞ OKLAR

● ýa-da türkmenleriň kemançylyk sungaty barada söhbet

Ýedi yklyma çawy ýaýran şöhratly ata-babalarymyzyň döreden maddy hem ruhy gymmatlyklary bolan hünärmentçilik, binagärlik, kemankeşlik ýaly milli sungatymyz öwrenilmäge mynasypdyr. Çünki, olar müňýyllyklardan aňyrda doly kemala gelip, milletimize degişli maddy gymmatlyklaryň kämillik nusgasy hökmünde dünýä gymmatlyklaryna goşulypdyr.
Allatagalanyň akyl hem erk beren halky bolan türkmenle...

ALTYN ÝAÝ, KÜMÜŞ OKLAR

● ýa-da türkmenleriň gudratly nagyşlary barada söhbet

Türkmenler gadymyýetden bäri, özleriniň gudratly hem keramatly saýýan nagyşlary bolan ok-ýaýa aýratyn sarpa goýup, oňa diýseň ähmiýet berip gelipdir.
Ok-ýaýyň şekili türkmen amaly halk sungatynyň dürli görnüşlerine ussatlyk hem-de inçelik bilen siňdirilipdir. Ok-ýaýyň şekili siňen nagyşlar irki döwürlerden bäri, ata-babalarymyzyň maddy we ruhy durmuşynda iň meşhur hem mukaddes sungaty b...

DELI SOLTANY – ILTUTMYŞ TÜRKMEN

■ GIRIŞ

Dünýäde adamzat taryhyna şöhle saçýan, rowaýatlara öwrülen täsinlikleriň sanawyna Orta asyr «türkmen täsinligini» ilkinji ýediligiň hataryna goşmak hökman hem derwaýys diýip hasap etmek bolar. Çünki, dünýä taryhyna işik açan türkmenler ynsanlyk äleminde iň bir beýik parçadyr. Türkmenleriň täsinligini we olaryň şöhratly geçmişini öwrenmek diňe bir onuň häzirki nesilleri üçin däl, eýsem, tutuş dünýäniň halklary we milletleri üçin g...


1 2 3 »