Результаты 1-20 из 64 по запросу Begmyrat Ussaýew

EDERMENLIGIŇ BEÝIK NUSGASY

Gahrymançylygyň hem edermenligiň beýik nusgasyny görkezen ajaýyp sowet şahyry hem watançysy Musa Jeliliň durmuşy hem döredijilik ýoly her bir okyjyda uly söýgi döredýär. Ol özüniň bütin döredijiliginde watançynyň, graždaniniň erk-ygtyýary, durmuşa söýgüsi, jemgyýetiň öňündäki borjy hakda ýürekden gürrüň edýär. Onuň öňe süren ähli asylly pikirleri-de öz ...

ERKINLIGIÑ ŞAHYRY

Erkinlik şahyry, Şewçenko, atam,
Men seniñ gaşyñda oýlanyp durun.
Göreşdiñ,
Göreşe iterdi seni
Sütemli durmuşy, il-günüñ, ýurduñ

Özüñe şeýle bir beýik at goýduñ,
Kiçi göwün bilen,
Zehiniñ bilen.
Badaşdy ykbalyñ ýowuz durmuşda
Söýgüli topragyñ, halk-iliñ bilen.

Iliñ üçin isläp erkin günleri,
Iliñ üçin ýowuzl...
Täzelikler » Goşgular - 05.04.2022

«ÖMÜR KYSSASYNYŇ» BEÝANY

Türkmen edebiýatynyň soňky döwürde ösüp ýetişen nesliniň wekili Allaýar Çüriýew edebiýat meýdanyna studentlik ýyllarynda, liriki aýdym tekstleri bilen gadam basdy. Soňra ol köp şahaly döredijilik daragtyna öwrüldi. Ülkämiziň belli kompozitorlary bilen onlarça aýdymlary döretdi. Olar henize şu güne çenli güneşli toprakda şol ýaňlanyp dur.
Bu ugurda özboluşly üstünliklere eýe bolan şahyr Allaýar Çüriýew öz güýjüni publisistika žanrynda barlamaga girişd...

SÖZ MANYSYN AÑAR BOLSAÑ

Häzire çenli nohur sözüniň taryhylygy, gelip çykyşy hakda rus hem türkmen alymlary tarapyndan ençeme ylmy-derňew işleri alnyp baryldy. Dürli pikirler orta atyldy. Professor A.P.Poseluýewskiniň, belli taryhçy etnograflar G.Karpowyň, G.P.Wasilýewanyň bu baradaky işleri gymmatlydyr. Bu hakda dürli pikirleri orta atýarlar. Biziň hem pikirimiz şol hakda.
Bu dialektiň dil aýratynlygy hakda ýörite iş ýazan dosent Haýdar Muhyýew professor A.P.Poseluýewskiniň...


ERTEKI AÝDYP BEREÝIN

Gel, oglum, erteki aýdyp bereýin,
Ýöne gorkaýmagyn jynlardan –
Döwden.
Üstün çykar gara güýçden adyllyk,
Tutsaň atalaryň pendin-öwüdin.

Birbada hopukdyr haýbatly gelşi,
Ahmal bolsaň, agzyndaky ot çawlap.
Sähel gowşaklygňy aňladaýdygyň,
Telim kelle bolup üstüňe düwlär.

Eýläňden-beýläňden geler duýdurman,
Düýpsiz derýa taşlaýmagam daş däldir.
Şonda oňat ýarag – ygtybar ýoldaş,
As...

Täzelikler » Goşgular - 28.07.2020

SÖWEŞDE BERKLEŞEN DOSTLUGYÑ WASPY

Ukrain halky bilen türkmen halkynyñ arasyndaky mähirli gatnaşygyñ taryhy uzak ýyllary öz içine alýar. Bu iki halkyñ arasyndaky doganlyk-dostluk ukrain şahyrlary P.Grabowskiniñ, T.Şewçenkonyñ ady bilen baglanyşyklylykda bizi rewolýusiýadan öñki döwürlere syýahat etdirýär. Sowet häkimiýeti ýyllary içinde ukrain halky bilen türkmen halkynyñ arasyndaky gadyrly gatnaşyk, mähirli hyzmatdaşlyk giñ gerime eýe boldy. Bu gatnaşyklaty biziñ ýazyjy-şahyrlarymyz...

▶ Begmyrat USSAÝEW:

- Biziñ ýurdumyzda durmuşyñ ähli meselelerinde, ähli pudaklarynda uzak wagtlap durgunlygyñ bolandygy SSKP MK-nyñ aprel (1985-nji ýyl) Plenumynda hem-de SSKP-niñ XXVII gurultaýynyñ materiallarynda esasly nygtaldy. Şonuñ üçin hem ýurtda Oktýabr rewolýusiýasynyñ ruhunda täzeden gurmaklyga girişildi. Durgunlyk başga ugurlarda bolşy ýaly, edebi döredijilikde-de boldy. Edebi tankytda ol hasam çökder duýuldy. Dişliräj ýazylan tankydy materiallary çap etdirmek juda kyn d...
Täzelikler » Edebi tankyt - 10.03.2020

UGUR – KÄMILLIKDEN KÄMILLIGE

Durmuşda dürli-dürli wakalaryň, dürli ykbally, dürli häsiýetli adamlaryň bolşy ýaly, edebiýat meýdanynda hem örän geň ykbally, özboluşly häsiýetli ýazyjylar bolýar. Edebiýat meýdanyna gelenleriň ençemesi, ep-esli ýol geçselerem, öz ýol-ýodalaryny aýyl-saýyl edip bilmän, orta ýolda galýarlar. Birnäçeleri bolsa ahyryna çenli galamlaryny işletselerem, belli bir ugur saýlaman, göze ilerlikli zat döretmän, ýazyjy ady bilen ýaşaýarlar. Şeýle mysallary edebiýa...

EDEBI DURMUŞYMYZYŇ MESELELERI

Ýurtda alnyp barylýan täzeleniş tärleri köp meseleleri janlandyryp, işlere täzeçe çemeleşmäge ýol açdy, mümkinçilik berdi. Goýberilýän käbir kemçiliklere, birtaraplylyklara seretmezden, öňki bagly gapylar açyldy, garaňky jaýlar ýagtylandy. Hiç wagt pikirini edip bolmajak zatlaryň barada indi düýpli gürrüňler edilýär. Meseleler çözülýär. Munuň özi aýanlygyň, demokratiýanyň, nähili-de bolsa, oňaýly netijeleriniň bardygyny düşündirýär.
Ýurdumyzda t...
Täzelikler » Edebi tankyt - 21.10.2019

ALYM ŞAHYRYŇ SAPAKLARY

Türkmen sowet edebiýatynyň döreýiş hem kämilleşiş ýoluna nazar aýlanyňda, onuň ençeme işeňňir, özboluşly wekilleriniň bolandygyny, bardygyny höwes bilen ýatlaýarsyň. Olaryň her biriniň döredijiligi bir röwüşde göz öňünde janlanýar. Edebiýat äleminde halypalyk ornuny eýelän meşhur «Söýginiň» awtory Aman Kekilow, onuň köp taraply döredijiligi hakdaýatlamak has hem gyzyklydyr.
Ellinji-altymyşynjy ýyllarda edebi jemgyýet çilige «alym-şahyr» diýen düşünje a...

YKBALA ÖWRÜLEN ŞAHYRANALYK

Türkmen sowet edebiýatynyň irki wekilleriniň biri, Beýik Watançylyk urşuna eli ýaragly gatnaşan şahyr, zähmetiň hem çeper döredijiligiň weterany D.Haldurdynyň döredijiligi hemişe üns berilmäge degişlidir. Edebiýatymyzyň taryhyna belet adamlar üçin onuň geçen ýoly durşuna çeper edebiýat bolup görünýär. Döredijilik işine gazet sahypalaryndan başlan, öz aýdyşy ýaly, gazetçi şahyr D.Haldurdy urşa çenli Gyzyl Goşunyň hatarlarynda gulluk edýär. Respublikanyň ga...

GÜNEŞLI TOPRAGYŇ MEŞHUR ŞAHYRY

Biz başlangyç klaslarda okaýarkak, ellinji ýyllaryň «Ene dili» kitaplarynyň birinde şol döwürlerde respublikamyzda öz zähmeti bilen meşhur bolan adamlara bagyşlanan goşgyny ýat tutýardylar. Şol goşguda:

Ata Salyh ýaly hormaty känim
Tüýs meşhur at aldy iliň içinde

diýen setirler bardy.
Bu goşgy setirleri türkmen topragynyň şöhratly şahyry hakdaky gysga maglumat bolsa-da, ol sözüň doly manysynda öz sungaty bilen m...

ŞAHYRANA PROZANYŇ USSADY

Türkmen sowet edebiýatynda çagalar hem ýetginjekler prozasy hakda gürrüň edilende, onuň görnükli wekilleriniň biri bolan Baýram Gurbanowyň döredijiligi ilkinjileriň hatarynda ýada düşýär.
Baýram Gurbanow döredijilik işine Watançylyk urşunyň öň ýanlarynda başlasa-da, ol türkmen ýazyjylarynyň uruşdan soňky nesline degişlidir. Çünki ol döredijilik işi bilen şol ýyllardan soň ymykly meşgul bolýar. Onuň dürli döwürlerde biziň durmuşymyzyň dürli aktual mes...

LEBAPDAN BAŞLANAN AÝDYMLAR

Her adamyň özboluşly ömür beýanynyň, terjimehalynyň bolşy ýaly, her halkyň, her döwrüň edebiýatynyň hem öz terjimehaly bar. Şol garaýyş bilen seredeniňde, türkmen sowet edebiýatynyň ummasyz baý hem çylşyrymly terjimehaly bar. Onuň her bir döwrüni egninde göterip duran perzentleri bar. Uruşdan soňky döwürde edebiýata gelip, şu güne çenli ýadawsyz zähmet çekip, şol terjimehaly her taraplaýyn baýlaşdyryp gelýänleriň biri hem Allaberdi Haýydowdyr.
Indi...

BEÝIK ADAMLAR BAKYDYR

Respublikanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýew bilen meniň tanyşlygym baryp 1959-njy ýylda, heniz onuň özüni görmänkäm başlandy. «Ykbal» romanynyň ilkinji kitaby elden-ele geçip okalýarka, onuň bilen, gürrüňdeş bolmak, duşuşmak arzuwyndadyk. Biziň bu niýet-arzuwymyz Türkmen döwlet uniwersitetinde okap ýörkäk miýesser boldy. Şeýdip ýaňy döredijilik işi bilen gyzyklanyp ýören çagym, öz deň-duşlarym bilen TSSR Ýazyjylar soýuzyna baryp durýardym. Şonda hem Hydyr aga b...

«PERWANA» BARADA BELLIKLER

Halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň «Perwana» powesti «Sowet edebiýaty» žurnalynyň şu ýyldaky 5-6-njy sanlarynda çap edildi. Bu eser okyjylaryň ünsüni bada-bat özüne çekdi. Onuň sebäbem powestiň biziň döwürdeşlerimize, durmuşyň wajyp meseleleriniň birne bagyşlanandygy üçin bolsa gerek. Öz döwürdeşlerimizi – günde-günaşa duşup ýören adamlarymyzy çeper edebiýatda synlamak gyzykly bolýar. Olaryň durmuşynda öz oý-pikirleriňi görýärsiň. Olardan öwrenýärsiň, hereketl...
Täzelikler » Edebi tankyt - 21.10.2019

«NESILLER HEMME ZADY BILMELIDIR...»

Türkmen sowet edebiýatynyň uly şahyry, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ençeme nesliniň sözüň doly manysyndaky mugallymy, halypasy Haldurdy Durdyýew (D.Haldurdy) 80 ýaşady. Her güni, her sagady uly hysyrdyly, manyly geçen bu söz ussadynyň biografiýasy tutuş ýurdumyzyň edebi-gahrymançylykly biografiýasynyň bir bölegidir. Onuň bilen edilen edebi-döredijilik söhbetiň beýany.

B.Ussaýew – Däde hal, meniň şeýle ýüzlenmegime hiç kim geňir...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 21.10.2019

KÖP TARAPLY DÖREDIJILIK

Türkmen sowet edebiýatynyň uruşdan soňky nesliniň işeňňir wekilleriniň biri bolan Nazar Geldiýew edebiýat äleminde özboluşly döredijilik ýoly bilen tanalýar. Nazar Geldiýewiň täsin ykbally, durmuşyň çylşyrymly sahnalaryndan geçen gahrymanlary köp derejede onuň özüniň geçen ýollaryny kepillendirýär diýsek-de galat bolmaz.
Nazar Geldiýew tebigaty boýunça sungat işgäri. Ol durmuş ýoluna sungat äleminiň üsti bilen gadam goýýar. Ýönebu ýol maksat edilişi ý...

GÖZELLIGIŇ HEM EDERMENLIGIŇ POEZIÝASY

Sowet Azerbaýjanynyň iň meşhur şahyry bolan Samat Wurgunyň ady, döredijiligi biziň köpmilletli Watanymyzyň ähli ýerine mälimdir. Geçmiş taryhda Nyzamy, Fizuly, Hagani, Wagyf ýaly ajaýyp söz ussatlarynyň mekany Azerbaýjanyň sowet döwründäki poeziýasynyň ähli ösüş, kämilleşiş etaplary Samat Wurgunyň ady bilen baglanyşyklydyr.
Samat Wurgun Ýusup ogly Wekilow 1906-njy ýylyň 21-nji martynda Azerbaýjanyň Gazak raýonynyň Ýokarky Salahli obasynd...

ÝETGINJEKLER PROZASY, ÝETGINJEKLER
OBRAZY

Ýaşlar-ýetginjekler edebiýaty sowet edebiýatynyň uly şahalarynyň biridir. Ýaşlar-ýetginjekler edebiýatynyň uly ähmiýetine, ony hemme taraplaýyn kämilleşdirmek barada hut beýik proletar ýazyjysy A.Gorkiniň özi uly alada edipdi. Beýik dörediji hem guramaçy bolan A.Gorkiý sowet ýazyjylarynyň Birinji gurultaýynda bu edebiýat barada ýörite gürrüň edip, ýazyjylary çagalar, ýetginjekler edebiýatyny baýlaşdyrmaga, ony hemişe üns merkezinde s...


1 2 3 4 »