Результаты 1-20 из 140 по запросу Berdinazar Hudaýnazarow

SALLANÇAK

Meniň sallançagym - Ýerbendiň çöli.
Guma surat çeker mylaýym ýeli.
Atanyň guwanjy, enäniň eli
Meniň üçin näçe yhlas edipdi.

Bulutlar düýrüger obaň üstünde,
Ene göwsün gerer çagaň üstünde.
Otyrkaň ýalaňaç çägäň üstünde
Göwnüň Kap dagyna telwas edipdi.

"Nowbahar oglumsyň, balamsyň" diýlip
Ösdüň atalanyp, ulaldyň söýlüp.
Ýaş ...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2023

BERDINAZAR HUDAÝNAZAROWDAN GOŞGULAR

UMUMAN...

Belli bir adamyň adyny tutman,
Bellibir meseläň başyny çatman,
Bellibir nyşana çenemän-atman,
Gürledi umuman,
Gezdi umuman.

Saýlaman durmuşda anyk bir ugry,
Hiç zada çynlakaý ýakmady bagry.
Ne-hä dogry diýip,
Ne-de nädogry,
Işledi umuman,
Iýdi umuman.

Berilýän ...
Täzelikler » Goşgular - 13.05.2023


... Ol soraga jogap gaýtarman:
- Sen süriň ýanyna bar, inim, bu ýerde işiň ýok - diýip maslahat berdi.
...Allanur aga Aşgabadyň keselhanalarnyň birinde gözüni açdy. Ol Kyrk çulbanyň ambulatoriýaýasyna eltenlerini bilýärdi, ýöne ol ýerden samolýotly Aşgabada alyp gaýdanlarynda, özüni bimän ýatyrdy.
Ine indi onuň öçük nazary başujunda oturan aýalyna düşdi. Tumar eje ý...
Täzelikler » Romanlar - 29.03.2023

ENÄNIÑ ŞANYNA

Yssydan gabanyp, sowukdan gorap,
Ýüz beladan, müñem howpdan gorap.
Razy bolup takdyryñdan, dünýeden
Çykardyñ çagañy "iññe-iññeden".

Keşbine bakanda çagañ kemini
Bilip duran beýik bir wraçsyñ sen.
Çaga señ eliñde oýnawaç däldir,
Çaganyñ elinde oýnawaçsyñ sen.

Ýüz-gözüñi näçe çytsañ çytyber,
Ça...
Täzelikler » Goşgular - 08.03.2023

"ÝERIŇ TITREMEGINIŇ SEBÄPLERINI..."

Ýeriň titremeginiň sebäplerini,
Ogly atasyna düşündirýärkä,
Çölüň jümmüşinde, çopan goşunda
Irkiräk döwürde boldy bu waka.

Ogul gürrüň berdi, ata diňledi,
Diýdi onsoň:
- Indi maňa gulak as.
Diýipdirler: ody özgä basmankaň,
Ony ilki bilen öz-özüňe bas.

Ýeriň astyn-üstün g...
Täzelikler » Goşgular - 12.02.2023

SEN BAR DIÝIP JAHANDA

Mahmal sähram Sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum Saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
...
Täzelikler » Goşgular - 27.12.2022

"GEL EÝ DÜNÝÄ, BU SÖWDANY OŇLASAŇ..."

Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin.

Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Üstesine hiç zat talap etmäýin,
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun.

Elimden al derejämi, çinimi,
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen
...
Täzelikler » Goşgular - 10.12.2022

"ÝOL UGRUNDA IKI YNSAN SATAŞDY..."

Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy,
Göz gözüň öňünde surata düşdi.

Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi,
Gijeler gözlerE uky gelmedi.

Artdy iki kişiň mylaýym derdi,
Olar bir-birini düýşünde gördi.

Gulaklary şaňlap ýada düşdüler.
Bir-birini küýsäp, oda düşdüler.

Pynhan-pynhan ýerde duşulan çaglar
Olary il-günden gizledi baglar.

Ýüregiň öňünde ýürek açdylar,
...
Täzelikler » Goşgular - 06.12.2022

DOSTLUK DEGIŞMESI

Kim bu duran pyýada?
Kim bu duran kişiler?
Ilki söze, elbetde,
Aýhan Hajy goşular.

"Istäp ki gözel keşbiñ,
Ele almyş kistimi.
Suratyñ taýýar kylyp,
Çagyrmyş köp dostumy.

- Nepesmi bu? - diýişip,
Tanadylar şo bada".
Indi bolsa söz berýäs,
Ussat Maýa Myrada:

"Biz çekdik keşbiñi halyñ ýüzüne
...
Täzelikler » Goşgular - 29.05.2022

BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW (1927–2001)

Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak geňeşliginde (öňki Aşgabat oblastynyň Aşgabat raýonynyň Gyzylsakal geňeşligi) eneden dogulýar. Onuň çagalyk ýyllary agyr uruş ýyllaryna gabat gelýär. Olaryň maşgalasy 1940-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Kerki etrabyna göçýär. Berdinazar Hudaýnazarow 1955-nji ýylda Kerki ş...

HÄSIÝET

Suw bermän, bilkastdan tebsiretdiler,
Ýallaman, bilkastdan ajykdyrdylar.
"Señ paýyñy iýýär ho-ol tazy" diýip,
Onuñ garşysyna öjükdirdiler.

Torture ýaly tos-togalak ol güjük,
Ylla janawerde köýen dek ary.
Il bilen işi ýok ýuwaş tazyny
Dalamaga taýyn dogaly bäri.

Şäheriñ gezelenç meýdançasynda
Bu gün ýene gördüm şol tanyş oýny:
Güjük taza bakan düw-düw dyzaýar
Agyz uraýmaga ysanok bogny. <...
Täzelikler » Goşgular - 04.01.2022

BIZE BIR GIÑ GÖWÜN BEREN BIRIBAR

Bize bir giň göwün beren Biribar,
Şol göwni gülmekden binesip etme.
Bilip bolmaz-bu çarkandak ýollarda,
Büdresek, galmakdan binesip etme.

Dinden çykarmawer dine geleni,
Sandan çykarmawer sana geleni.
Enäň göwresinde Jana geleni,
Bu dünýä gelmekden binesip etme.

Gaýmakly süýt kimin säheriň çagy,
Ýukajyk çal ümür örtende dagy.
Guşlar dil açanda, oýadyp bagy,
Sag-am...
Täzelikler » Goşgular - 09.09.2021

MAGLUMAT

Arzuwyna ýeten ony täzelär,
Arzuw süýji, ondan doýar öýütme.
Näme berseñ, näçe berseñ azdyr ol,
"Besdir, indi boldy" diýer öýütme.

Adam bar - adam bar, elbetde, görýän,
Gördükçe-de oña galýaryn haýran.
Ene süýdi bilen süññüne ornan,
Köneje gylygyn goýar öýütme.

Entek döwran sürýärkä bu dünýäde,
O dünýäni salar diýmegin ýa-da.
Hol çetdäki ala gözli pyýada
Haram tapsa, halal iýer öýütme. ...
Täzelikler » Goşgular - 21.08.2021

BÄHBIT

Irkiräk döwürde goñşy obada,
Bähbit atly täsin bir adam bardy.
Durmuşdaky bolýan ahwalatlaryñ
Ählijesin ýagşylyga ýorýardy.

Mysal üçin, ýatyp turýañ - keýpiñ ýok.
Sebäbi, düýşüñde kesellänmişiñ.
Bähbit aýdar: düýş tersine ýorulýar,
Enşalla dert görmez bu gara başyñ.

Howur salgymlanyp töweregiñde
Dünýe eräýjege meñzäp durandyr.
- Gyşam gyşa meñzär enşalla - diýip
Bähbit muny ýagşylyga ýora...
Täzelikler » Goşgular - 02.08.2021

WAKA

Ine bir edara. Uly kabinet,
Ýüzünden nur ýagýan epeý bir kişi.
Garaşýan adamdan gapysy doly,
Telefondan doly töwerek-daşy.

Ol-a kabinete,
Kabinet oña
Diýseñ ýaraşyp dur, diýseñ
                                             gelşip dur.
Oñ ýanyna arza gelýän adamlar
Şol çalşyp dur,
Şol çalşyp dur...

Täzelikler » Goşgular - 16.07.2021

MODA HAKYNDA

Başymda bagana gulakçynym bar,
Egnimde paltom bar biçimi sada.
Geñirgenip, öwran-öwran äñedip,
Gapdalymdan geçdi iki pyýada.

Gatnawly köçeden bir gözel barýar,
Ketenisi syratyna gelşip dur.
Hol beýlede duran iki gyz weli,
Göz ümleşip oña bakyp gülşüp dur.

Ilki bada añka-tañka bolsamam,
Bahym düşündim men bu bolýan zada:
Diýdiler: bagana gulakçyn bilen
Keteni bireýýäm könelen moda. <...
Täzelikler » Goşgular - 10.07.2021

AÝNA

Aýna uzak ýyllap
                               onuñ ýüzüni
Özüne görkezip geldi ýüz görmän.
Bir günem ol aýna garap seslendi:
- Aýna-da könelýär eken-ow, arman...

Ol aýnany aýna bilen çalşyrdy,
Ýöne üýtgemedi şol öñki şekli.
Ol bu aýnadan-da nägile bolup
Bir eýläk süýşürdi,
                 ...

Täzelikler » Goşgular - 05.07.2021

TÜRKMEN TOMSY

Gazetler gygyrýar: Amerikada
Yssy tas 40 gradusa ýetenmiş.
Nähili geñ waka!
Gurak meýdanlar
Endireşip, salgym atyp ýatanmyş.

Ynanýan - şeýledir
Ýöne men häzir
Başga bir ýagdaýa çekmekçi ünsi:
Kyrky däl-de, alkymlady ellini
Türkmeniñ yssysy, türkmeniñ tomsy.

Dogry, yssy - öz mähriban yssymyz,
Ýöne özünkinem sylanok, arman.
Öwürýär adamlañ enter-pelegin
Gündiz gönendirm...
Täzelikler » Goşgular - 03.07.2021

UTANÇ

Bu-da bir gytalan zatlaryñ biri,
Tapamok aýlanyp şunça dükana.
Ýaş dükançy ýaşulyny çürkedi,
"Toba" diýip, elim goýdum ýakama.

Men diýdim:
- Utanjyñ-haýañ ýokmudy?
Ýaş dükançy diýdi:
- Bagyşla, atam,
Ýaponlar biz bilen söwdany kesdi -
Köpden bäri ýokdur o diýen matañ...

Halallyk hakynda gürrüñ edip dur,
Göräýmäge epeý, döwlet ogrusy.
Ýogsam, haram pula satyn alnypdy
Diplomy...

Täzelikler » Goşgular - 21.10.2020

TOLSTOÝYÑ DÜNÝÄSI

Ýasnaýa Polýana.
Lew Nikolaýewiç Tolstoý.
Öz süýtdeş doganlary bilen miras paýlaşmaly bolanda Lew Tolstoýyñ näme üçin paýyna Ýasnaýa Polýananyñ berilmegini haýyş edendigi düşnükli ýaly bolup dur. Lew Nikolaýewiç şol wagtlar on dokuz ýaşyndady. Öñde ömrüñ altmyş üç ýyly bardy. Göwnüñe bolmasa, şonçarak ýaşajakdygyny-da bu adama öñünden mälim bolarly diýip pikir edýärsiñ.
Ýok, Lew Tolstoýyñ atasynyñ Moskwadaky mülküni däl-de, diñe Ýasnaýa Polýana...



1 2 3 ... 6 7 »