"OŇA DERDIM AÝTSAM..."
Meniň bir uýam bar — bir doganym bar, Gözleri natuwan, ýüregi joşly. Günbatarym — ýagty. Gündogarym bar, Meniň bir dünýäm bar — nowjuwan ýaşly. Her gün ýollaryma çykyp perişan, Belki, meni gözleýändir şol naçar?! Doga kylyp, haýyr diläp her işe, Ol mydama ýagşy umytda ýaşar. Meniň bir uýam bar — ýekeje uýam, Ah, ýöne oňa-da howandar gerek. Şol gyz meň namysym, messebim, haýam, ... |
MEDENIÝET BILEN YKBALDAŞ ÖMÜR: BÄGÜL NURMYRADOWA
![]() Men dünýäniň ýadynda galýan ynsan ömürleri barada pikire çümenimde, näme üçindir, “Ömür arabasy” atly liriki eserimden şeýle ýazgylar aňymda janlandy: “Dünýä hiç tükenmez äpet bir eser bolsa, onuň ähli pikirleri, duýgulary, düşünjeleri, çözülmeli garşylyklary hem gahrymanlarynyň häsiýetleri Wagtyň kalbynda hem serinde jemlenen. Her ykbal, her ömür hem Wagtyň ýöneke... |
TELWAS GUŞY
Men dünýäde ýeller deýin awara, Men dünýäde güller deýin nowjuwan. Yşkyñ derdi goýsa goýsun azara, Ýar yşkynda müñ ykbalyñ möwji bar. Göwräme tapylmyş munda sümelge, Ýöne yşkyñ öý-öwzaryn tapmadym. Yşkyñ köýükleri misli zümerret - Ony gizläp gursagymda sakladym. Gökde dogan Aýa elim uzatdym, Ýöne oñ şuglasy barçaga düşdi. Düşnüksiz sudurlar gördüm uzakdan, Ençäni entetdi bir gülüñ mü... |
GÜÝZ ŞEMALY
Şemal ösýär şowhun berip ýollara, Güýzüñ solgun duýgularny dörýär. Mukam paýlap bu şahandaz illere, Baglañ jemalynda bagtyny görýär. Için döküp bu ötegçi şemala, Sary baglar iññildeýär-aglaýar. Birwagt ýüregiñi heýjana salan, Aýdymlaryñ ýañy düşýär daglara. Şemal ösýär, iki ýana hars urýar, Gören zadyn öwrüp-çöwrüp tersine. Tebigaty başga ýakyn bir dile Howul-hara edip barýar ... |
SÄHER
![]() Halyl Kulyýewe Dañ agarýar gadym endigi bilen, Ýüzi ýagty, ýürek maksady aýan. Tebigata berip säher salamyn Öz öýümden her gün işe ugraýan. - Öñden çykýar hoşniýetli adamlar, Ganat berýär hoşniýetli köñüller. Ak sähere toý şatlygyn seçip dur Ýigitleriñ bagty ýaly ter güller. Bu säher şeýle bir jak-jaklap gülseñ, ... |
«OBA DEPDERI» GOŞGULAR TOPLUMYNDAN
• SÄHRA GIDEÝIN Gör, haçanlar gaýdypdyryn şähere, Gör, indi ýüregim sähra küýseýär. Oba gitsem, duşarynmy Şekere, Öňümden çykarmy Gülli sübsegär?! Durmaýyn bu ýerde, sähra gideýin, Mensiz ýaplar galandyr-la tebsiräp?! Hotjy baba: «Haý, sen ogly köpeýiň!» — diýip, deňden geçer, atyn depsiläp. Ýok, men eglenmäýin, gideýin sähra, Arabanyň jygyldysyn eşdeýin... |
LАL SЕNETKÄR
Röwşеn аga gürlеmedi, аsyl-ha, Gürlеý, diýsе, dоgabitdi lаldy оl. Judа kän bilеrdi durmuş hаkynda, Dünýäň tаbyn bаsym elе аldy оl. Bir еlinde tеşe, bir еlde çеkiç, Gör, nämеler ýasаdy оl tallаrdan. Görmеdi hiç kişiň näzini çеkip, Hаraý gözlеse-de еnçe ýyllаrdan. Röwşеn аgaň ýаsan kаşyk-çеmçesi, Gör, kimlеriň еllerinde оýnady. Ýоldan gеçdi uz gözеlleň еnçesi, Аk dеrege dеňäp uzуn bоý... |
RUHY HALYPAMA
"Ýaşaýyş bir düýşdür, Oýanmagyl, melegim!" Nobatguly Rejebow. Ömrümiň ýarysy halal zähmetde, Ömrümiň ýarysy düýş bilen geçdi. Ýaşadym kä synag, käte rehnetde, Galypdyr kalbymda, gör, kimleň yşky?! Ýaşaýyş bir düýş ekeni, aslynda, Şu çaka çen, gör, oýanman ýörün men. Durmuş — synag, ýörmedim hiç asgynlap, Her gün ördüm öz öýümiň töründen. Düýşler içre gezs... |
YLHAM JEPASY
Gör, näçe wagt daşlaşdym men şygyrdan, Soňky wagtda ýazylanok kyssa-da. Baglaň guran ýapraklary şygyrdap, Ýogsam, kalba degip geçýär gussa-da. Honha, tanyş ýeller tanyş köçede, Birçakky deý gezip ýörler aýlanyp. Birin ýalkap, bir ykbaly keç edip, Yzda galdy ýaşlyk-joşgun...aýralyk. Ýyllaryň içinden geçip men parran, Müň sowal ýitirdim, jogap tapmadym. Göwün ýaş bolsa-da, bu göwre garran, <... |
MEN BIR DAGDYM
Ahmet Bekmyradowa bagyşlanýar Men—dag idim, pytrap gitdi daşlarym. Men—bag idim, ýapraklarymy uçurdym. Begdim—bu gün girdabynda açlygyň, Oýunçydym—döwlerimde utuldym. Aşygam men—magşukdan zar eýledim. Diwanadym—akyl tutdy ýakamdan. Derwüş olam—ömrümi har eýledim, Barlylykda gallaç galdym makamda. Bir çyragdym, sönüp barmyş şem bolup, Bendi kylmaz peýkerleriň çy... |
ÇARHYPELEK
Göýä, bu gün kalbymy gozgalaňa saljak pursadyň boljagyny öňünden syzan ýaly, diwardaky suratlara syn edip ýörşüme, enemiň maňa gamgyn bakyp duran suratynyň öňünde saklandym. Surata siňe seretdigimçe, enemiň doňan keşbi janlanyp, maňa bir zatlar aýtmak isleýän deýin, ylla diýersiň, dodaklary müňküldäp giden ýaly boldy. Bilýän, enemiň maňa aýdyp ýetişmedik sözleri kändir. Belki, ol sözleriň hemmesini men eşitmelem däldirin. Ony menem däl, enemem däl, wagtyň özi kesgitleýär.... |
WATANA YBADAT
Watan diýip, jana girýär bu ömür, Aglanylsa, Watan üçin aglanýar. Watan diýip, gana girýär bu ömür, Watan diýip, jiger-bagyr daglanýar. Watandadyr ähli umyt-arzuwlaryñ, Watandadyr seýranlaryñ, düşlegiñ, Watandadyr bu dünýäde barlygyñ, Gökde ganat ýaýar hyýal guşlaryñ. Watanyñ ruhunda söýginiñ güýji, Watanyñ Tugunda aryñ-namysyñ. Watanda joşýandyr ylhamyñ möwji, Watan bilen aýdym-ga... |
YŞKYÑ DEL KÖÇESINDE
Bu gün kalbym duýgulardan pürepür, Neçün ýürek gitdi birden gobsunyp? Göýä, munda ýaşan ýaly bir asyr, Yzda galdy altmyş ýaşyň şowhuny. Gör, ýene-de heser düşdi köňlüme, Neçün gözlerimden ýaşym paýrady?! Elim serdim düýnde galan ömrüme, Nirde galdy yşkyň joşgun-haýbaty?! Gör, düýnümde del köçede kän entäp, Käte baglaň gujagynda agladym. Kelläm aýňalmandyr şol yşkdan entäk, Şü... |
■ ÖMÜR ÝOLAGÇYSY
Ýene ýola çykdym tanyş eşikde, Göýä bu dünýäniň baky derwüşi. Käte gaýyp içre owaz eşitdim, Bu ömrüme salyp müň bir werzişi. Hiç bir kişä azarym ýok, derdim ýok, Şükür, egsilmeýär köňül baýlygym. Durmuşyma minnetim ýok, şertim ýok, Ýagşy närselere sowýan aýlygym. Diýýän: «Syna, durmuş, aşa çakyndan, Ähli synaglarňa jismim döz geler. Gümmi-sümmi etsem ýa-da sakynsam, Ejizländir ö... |
GALDYM BU ÝOLLARDA SÜTÜNIM SÜÝNÜP
Şunça ýyl aýlanyp bu älem içre Bu söýgüniñ öñün ardyn tapmadym. Üleşikde ýetdi bir yşky hüjre- Bagtym däl, Içinde derdim sakladym. Gör, yşkyñ eşreti kime galypdyr, Gör, kimler tirip ýör umyt jemalyn?! Men bolsa agaja dañlan ýaglyk deý Çetde galgap durun sowuk şemala... Yşkym gitdi ak guwlaryñ perinde Ysgyn gitdi düýnki yşkbaz gõwreden. Gyratymyñ sesi gelýär Pere... |
AK GUWLARYÑ AÝDYMY / Ýandepderçedäki ýazgylardan |
«OBA» DEPDERI / goşgular toplumyndan ■ MÄHRIBAN GÖZLER Kalbym oba täsirinden püre-pür, Yzda galdy, gör, mähriban dideler, Gör, nije bakyşlar, dideleň nury, |
WATANA YBADAT
Watan diýip jana girýär bu ömür, Aglanylsa, Watan üçin aglanýar. Watan diýip gana girýär bu ömür, Watan diýip jiger-bagyr daglanýar. Watandadyr ähli umyt-arzuwyň, Watandadyr seýranlaryň, düşlegiň, Watandadyr bu dünýäde barlygyň, Gökde ganat ýaýar hyýal guşlaryň. Watanyň ruhunda söýginiň güýji, Watanyň Tugunda aryň-namysyň. Watanda joşýandyr ylhamyň möwji, Watan bilen aýdym-gazal,... |
TÄLEÝ MIZANY Yşk ýolunda nije çekdim endişe, Käte däli edip, Kimiñ dergähine perýada bardym, |
Döwlet GARKYN
▶ IT (Triptih) I Düşünemok gykylygna itleriň, Uzak gije dawa-jenjel. Garpyşyk. Ümsümligi düýt-müýt edip barýarlar, Bogazlarny “ýakasy” deý ýyrtyşyp. Sögüşýärmi? Söýüşýärmi? – Aýan däl. Ýatagna-da girenok. (Ýerçekmişler!) Bu türkmeniň taryhyny oýaryp, Olaň sesi çozup gelýär geçmişden… Olja üstünde öz-özleri garpyşyp, Gygyryşýan garakçy deý ses edip, ... |