DERWAÝYS SAPAK
Üzüm dalbarynyň astyndaky sekide gözüne äýnegini dakyp, Didarberdi Haýdar ogly gazet okap otyrdy. Ýaşy ýetmişden geçen ýaşulynyň ýanynda ýene-de birnäçe gazet, žurnal hem-de kitap bardy. Ol häzir hormatly dynç alyşdady. Manyly ömrüniň tegelek elli ýylyny Didarberdi aga orta mekdepde okuwçylara taryh sapagyndan bilim beripdi. Ol okumyş adamdy. Didarberdi aga: «Okamak öwrenmekdir, öwrenmek pikirlenmekdir, pikirlenmek ýaşamakdyr» diýýärdi. Ýaşuly has-da çepe... |
GUŞLARYŇ ŞASY
Şol gün kakasy ony şeýle kelamlar bilen serpaýlady: «Şuňkarym, bu gün sen ata höwürtgäňi terk edýärsiň. Indiden beýläk öz höwürtgäňden örlärsiň. Sen ony adyňa mynasyp ýerde, beýik daglaryň depesi asmana uzaýan gaýalarynyň berkden-berk kertinde gurmalysyň. Ol ýöne-möne mesgen bolmaly däldir, kaşaňlygy bilen köpleriň gözlerinde nepis keşde bolup gaýalmalydyr. Ony görenleriň şol ýerde şuňkaryň ýaşaýandygyny bilmekleri wajypdyr. Maňa ünsli gulak as-da, aýdanlarymy ... |
BITARAPLYK HAKDA AÝDYM
Şiri bagşyda dörän üýtgeşikligi ilki bilen keýwanysy Gülruh eje aňlady. Içi-daşy bilen, allanäme il bolup ýören şahandaz goja, ynha, birdenkä, dil boldumy-göz boldumy, gaýa-gopuz ýok ýerinden, özüni märekeden yrak saklaýşyna, oýun-gülküden ellibizar, ýeke bolmany çykardy oturyberdi. Kesesinden synlasaň, başyny aşak salyp, ümsüm oturan ýalydyr welin, her daýym dodaklaryny gymyldadyp, öz-özüne bir zatlary «gürrüň berýändir». Onuň näme barada ýol kesýändigini özü... |
ÝÜREKLERE BASYLAN TAGMALAR
Dargan soýuzyñ düzüminde bolan döwründe türkmen halky milli köklerinden, hakyky taryhyndan, çorba çykar şahsyýetlerinden üzñe saklanyldy. Oña añ ýetirip gyzyklanmak, bilmek, öwrenmek islän adamlar yzarlanmalara sezewar edildi, olaryñ başlarynda "ahyrzaman gününi" gopduryldy. Bular barasynda gürrüñ açmak diñe Garaşsyzlygymyzy jümle-jahana jar edenimizden soñ mümkin boldy. Diýdimzorlugyñ şalyk süren döwründäki nogsanlyklar barasynda oýa çümenimde, öñi... |
GÖROGLY
Mahal-mahal sen girýärsiň düýşüme, Hyýalymda söhbet gurýas her zaman. Şol pursatlaň höziriniň waspyny Ýetrere söz tapamok eý, aman. Gözlerimde surat eýläp keşbiňi, Namalarňa kalbym suwaran wagtym. Arşyň kemerine galkynyp ruhum, Güllerin parladýar köňül daragtym. Özümiňki bolup ýol salan ugrum, Ädimim dürs ätläp, bilýän ederim. Sen bolansoň dag dek arka diräre, Kynçylyk öňünde ýokdur hede... |
DULUÇ SÖÝGÜSI
— Ýene näçe wagtlap, gök çaýyň pinegini bilip, aýaklaryňy uzyn salyp ýatjak, sen? — diýip, Tumar daýza adamsyna dikan garady. Möwlam aga keýwanysynyň igenjini kemsiz eşitsede, ýagşydanýamandan sesini çykarman, goşa ýassygy tirsekläp ýatyşyna, çaý süzmegini dowam etdi. Öýüň bikesi gyňajynyň çowuny gözüne ýetirdi: — Käşgä gotur geçi ýada kel tokly bolsa «jähennem» diýseň. Ol duluç çykyp, üç ýaşynda gaýan inen ahbetin. Nesip edenden, botlama... |
• Dünýäm
Ýüregim sen diýip urup dur dynman, Seniň hem ýüregiň men diýip ursun. Ogryn garan gözleň gabak astyndan, Benduwan eýledi özüne, dünýäm! Gülzarlykda parç bolupdyr läleler, Synlap çykanymda olaryň hersin. Jemalynda aýdym sypat gülleriň Şuglazar katdyňy gördüm men, dünýäm! Yşk adyna eýe bolan mekdebiň Kemsiz bişirmeli her günki dersin. Galan zadyň alajy bor bu ýolda Esasy zat wepa, ... |
ATA PENDI
Arslan okuwyny tamamlap, mekdepden gelşine, aýakgabyny dälizde çykaryp, atasynyň bolýan otagyna howlukmaç girdi. Işikden ätlän badyna onuň begençli sesi içerä doldy: — Ata, aý, ata, şu gün men edebiýat sapagyndan «5-lik» baha aldym. Ynha, görkezeýinmi? Arslan atasynyň sözlärine-de garaşman, torbasyndan gündeligini çykarmaga durdy. Goşa ýassygy tirsekläp, aýaklaryny uzyn salşyna, çaý süzüp ýatan Aşyrmyrat aga howlugman dikine galdy. Aýbogdaşyny gurup, j... |
DUTAR
— Mende öňden köýüp ýatan aryň barmydy, beýle? Özgeleri uranyň uranyň, maňa gamçy çalmaň näme? — Dessura eýerip, «yrym-ýom» edişim boldy. Gatyrak giden bolsam, bagyşla, Jahansoltan. Heý-de, gara gözüm, saňa el göterjekmidirin, eger-eger. Men seni elimiň aýasynda saklajakdan-a! Guşak çözülip, ädik çykarylandan soň, şeýtmeseň, öýdäkiler wagty bilen içeriden çykarly däller. Olara tomaşa gerek. — Sesleri çasly çykdy welin, iner gödekligini etdiň öýdýän? Awunmasalar, ... |
BEDEW |
JELALEDDIN Geçmişim, şu günüm hakda oýlanyp, Ýazylan zatlary okap sen hakda, Şuny-ha nygtaýyn, kelam bedewim |
ZENANLARA SOWGAT BERIŇ GÜLLERI!
Çilläň gary eräp Günüň nuruna, Öwsen mahalynda bahar ýelleri. Saýlap-seçip ajabyndan ajabyn, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Guşlar joşa gelip saýranda daňdan, Bogazda gaýnadyp şirin heňleri. Nusga bolan şapagyna säheriň, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Şemal ýok ýerinden tapyp öwüsgin, Pyşyrdanda leýlisaçyň telleri. Ter çeçekler päk söýgüden nyşandyr, Zenanlara s... |