Результаты 1-20 из 55 по запросу Döwran Agaly

AHYRKY PESLIK

Göwni pesi il beýge göterýändir,
Tersine bor özün beýik tutýanlar.
Göwni kiçi uly bagta ýetýändir,
Bu durmuşda pälipesler utýarlar.

Ýöne welin ruhuňy pes tutmagyn,
Durmuşy söý, söý iliňi, käriňi.
Kynçylyk duş gelse gussa batmagyn,
Yhlas etseň taparsyň oň tärini.

Işden gaçma, iş ýeňýändir dertleri,
Zähmetdedir saglyk, rysgal hem şowluk.
Der bilen çykýandyr kalbyň gertleri,
Gertsiz k...
Täzelikler » Goşgular - 21.09.2022

GÖRKEZ ATYM, BAGTLY DÖWRÜŇ BADYNY!

Bedew ula gitdi ala meýdanda,
Her kim öz atyna umytly bakýar.
Kelleler göçgünde, göwün heýjanda,
Göýäki gök gürläp, ýyldyrym çakýar.

Birisi gygyrýar: «Meýdan seniňdir,
Uç, bedewim, dünýä tanat adyňy!».
Biri diýýär: «Ganat ýaýar günüňdir,
Görkez atym, bagtly döwrüň badyny!».

Janköýerler ýerinden ör galypdyr,
Töwerege dolup, göçgünli sesler.
Aýlawyň ak asmanyna dolupdyr...
Täzelikler » Goşgular - 16.09.2022

ÖŇE, DIŇE ÖŇE, ARKADAG BILEN!

Ganat ýaýan wagty halkyň ykbaly,
Öňe, diňe öňe Arkadag bilen!
Döwür bolan däldir bu döwür ýaly,
Öňe, diňe öňe Arkadag bilen!

Bagt türkmeniň ykbalyna zynatdyr,
Ruhlarymyz belent, kalplarmyz şatdyr,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — ganatdyr,
Öňe, diňe öňe Arkadag bilen!

Bir göwrä öwrülip, uýup bir Başa,
Buýsanyplar diýýäs Arkadag ýaşa!
Beýik işler bilen menziller aşa,
Öňe, d...
Täzelikler » Goşgular - 16.09.2022

GOŞA GANAT

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew soňky ýyllarda döwletimizi berkararlyga, halkymyzy bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly beýik işlerinden ylhamlanyp, şygryýet meýdanynda öndümli işleýär. Onuň goşgularynda eziz Watanymyzyň waspy belentden ýaňlanyp, döwletimiziň goşa ganaty hasaplanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň ähmiýeti şahyrana beýan edilýär.
«Seniň Aýly gijelerňi ýorgan edip, her säher,
Guja...
Täzelikler » Goşgular - 16.09.2022

YNANMA

Gürlese-de mydam gataltman sesin,
Pul üçin görkezer gylygyň pesin.
Nebsin öňe atan beýle näkesiň,
Ýalymyna-ýulumyna ynanma.

Baýlyk üçin geçer öz gardaşyndan,
Minnetlidir, datma beren aşyndan.
Salykatly görünse-de daşyndan,
Sözlerine, ylymyna ynanma.

Pul diýp edýän oýny çakyňdan beter,
Ol oýny görenler alar elheder.
Abraýdan düşürer, wejera eder,
Edimine-gylymyna ynanma.

Ýasam...
Täzelikler » Goşgular - 15.09.2022

MYDAM ÝAGŞA TUT REJÄŇI

Göwnüň ýetip öz-özüňe,
Parh goýman diýýän sözüňe,
Gomparyp iliň gözüne
Ilmek, iň soňky peslikdir.

Gidip şeýtanyň alyna,
Guwanma baýlyk-malyňa,
Garyp bendäniň halyna
Gülmek, iň soňky peslikdir.

Iliň ynamyn köýdürip,
Çagaňa haram iýdirip,
Myhman gelse «Ýok» diýdirip
Bilmek, iň soňky peslikdir.

Aslynda bolsa deregiň,
Diýme sözüň bideregin,
Dertli be...
Täzelikler » Goşgular - 15.09.2022

ÇYN SÖÝGI TOÝDAN SOŇ EKEN

(Ýarym degişme)

Käteler nägile bolýaň,
«Maňa goşgy ýazmadyň» diýp.
Ne beýle alada galýaň,
Goşgusyzam bor-a söýüp.

Gyz bar, onuň özi goşgy,
Goşga goşgy nämä derkar.
Beýle gyzy söýmek üçin,
Goşgudan möhüm ýürek bar

diýsemem, «Gyzlaň birine,
Aýdym dagam ýazdyň» diýip.
Soňam syrlyja ýylgyrýaň:
«Şoň bilen-ä sazdyň» diýip.

Sazam bolsa, ýazam bolsa, <...
Täzelikler » Goşgular - 11.09.2022

DUZA DEPME

Duza depen kişi asla baýnamaz,
Nesihatym, iýen duzuňa depme.
Galplyk bilen gazan uzak gaýnamaz,
Nesihatym, iýen duzuňa depme.

Göýä ylgaýan dek salgyma tarap,
Rysky artmaz, durmuşy bolar harap,
Şonuň üçin buz üste tozan arap,
Nesihatym, iýen duzuňa depme.

Birewi aýnadýan bäş gün meslikdir,
Mes bolsaňam duz gadry her keslikdir,
Duza depmek iň ahyrky peslikdir,
Nesihatym, iýen duzuňa dep...
Täzelikler » Goşgular - 10.09.2022

SEN ÝENE-DE MENIŇ DÜÝŞÜME GIRDIŇ

Çarhyn yza aýlap goja pelegiň,
Sen ýene-de meniň düýşüme girdiň.
Jeren gözli, şirin sözli melegim,
Sen ýene-de meniň düýşüme girdiň.

Yşk köşgünden arka atyp gülberim,
Gaýdanyma näçe ýyldyr, bilmerin.
Ýa sen meni gözlediňmi dilberim?
Sen ýene-de meniň düýşüme girdiň.

Söýgi şerbedinden doly pyýala —
Içdim-de, ulaşdym serimsal hala,
Çümdürip oýlara, müň bir hyýala,
...
Täzelikler » Goşgular - 04.09.2022

KÜÝSEÝÄN

Belli ýazyjy Osman Ödäýewi ýatlap

Kän gijeleň ukusyny ürküzip,
Halypaly günlerimi küýseýän.
Päk ýüregin didesinde görkezip,
«Dogan!» diýen dillerini küýseýän.

Eşrepi deý görüp her bir sözüni,
Gaýtalap okaýan, ýaşlap gözümi.
Käte ýeke-ýalňyz duýup özümi,
Halypaly günlerimi küýseýän.

Zehin görse misli gül dek açylyp,
Zybanyndan paýhas düri seçilip,
Göwnüňi götä:rdi, go...
Täzelikler » Goşgular - 03.09.2022

GÜÝZ

Güýzüň özboluşly gözelligi bar,
Ýere düşäpdir ol altyndan haly.
Arman, zerbap donun geýen bu baglar,
Ömrümiň mizanyn ýatladýan ýaly.

Howa-da gün-günden çigrekläp barýar,
Ýok indi öňki deý tomusyň howry.
Bilbilleň ýerine dünýä dolupdyr,
Saralan baglarda gargalaň gowry.

Güýzüň bu pursadyn synlan halatyň,
Ýada düşýär gyşyň ýetip gelýäni.
Şahasyndan tänen ýaprak diýdirýär:
«Paýawlap ýör öýdýän ...
Täzelikler » Goşgular - 03.09.2022

DÖWRANGELDI AGALYÝEW

Şahyr, žurnalist Döwrangeldi Agalyýew 1961-nji ýylyň 10-njy maýynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa obasynda dünýä inýär. Çeper döredijilik bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýär.
D.Agalyýew oba mekdebini tama...

KÜÝSEÝÄN

Osman Ödäýewe bagyşlanýar

Kän gijeleñ ukysyny ürküzip,
Halypaly günlerimi küýseýän.
Päk ýüregin didesinde görkezip,
"Dogan!" diýen dillerini küýseýän.

Eşrepi deý görüp her bir sözüni,
Gaýtalap okaýan ýaşlap gözümi,
Käte ýeke-ýalñyz duýup özümi,
Halypaly günlerimi küýseýän.

Zehin görse misli gül dek açylyp,
Zybanyndan paýhas dürl...
Täzelikler » Goşgular - 13.01.2021

JELALEDDIN MEÑBURUN — ADY ÄLEME DOLAN TÜRKMEN GERÇEGI

Biziň halkymyzyň daşgynly hem gaýtgynly wakalara baý, emma diýseň şöhratly geçmişi bar. Birnäçe müňýyllyklara uzap gidýän taryhy ýolunda herniçik çarkandaklara gabat gelende-de, türkmen halky ruhuny belent t...

ÇARDAGLY TÜRKMEN

Şu ýerde irki eserlerde simwoliki mana, pelsepä aşa agram berlendigine okyjylaryň ünsüni çekesim gelýär. Mysal üçin, Oguz hanyň alty oglunyň atlarynyň aňladýan manysy dogrusynda birnäçe pelsepewi garaýyş öňe sürüldi. Bu babatda menem öz garaýşymy beýan edip, hemişelik Bitaraplyk hakyndaky makalamda: «Agzybir, parahat ýaşaýyş baradaky pikirler Oguz hanyň öwüt-nesihatlarynyň özeninden hem eriş-argaç bolup geçýär. Ol pikiri Oguz hanyň ogullarynyň adyndan okamak hem müm...

MASLAHATLAŞDYLAR

Direktor elinde saklap duran gazetinden ýüzüni aýyrman, kaşañ kabinete ýygnanyşanlara ýene-de bir gezek, öz aýdyşy ýaly, "açgisiniñ" üstaşyry göz aýlady-da, gapdala eglibräk, okuw işleri baradaky orunbasarynyñ gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Soñundanam, hemişeki edähetine görä, birki gezek batly ardynjyrap, söze başlady:
- Obşam ýoldaşlar, biz şu gün ör-rän wažnyý bir meseläni - dil hakyndaky kanunyñ proýektini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandy...


ANNAGELDI AGANYŇ ARÇASY

Şäher oba ýaly däl, käteler göçmeli hem boluberýär. Biziňem Garaşsyzlyk seýilgähiniň golaýyndaky öýümizden başga jaýa göçelimiz bäri ep-eslije wagt geçäýipdir. Elbetde, ähli amatlyklary bolan täze jaýa söz ýok, şonda-da aram-aram ozalky öýümizi küýsärdim. Ol ýerde ýaşaýarkak, ir säherler Türkmenistanyň halk artisti, meşhur sazanda Annageldi Jülgäýew bilen Garaşsyzlyk seýilgähiniň Andalyp köçesi tarapdaky ýanýodasyndan ýöräp, suw çüwdürimleriniň gyrasynda gez...

ŞAHYRLARYŇ AÝDYŞYGY

Döwrangeldi Agalyýew:

— O nämedir, ýalkym saçar zer ýaly,
O nämedir, joşa geti:r derýany,
O nämedir, älem-jahan seýrany?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber.

Akmyrat Rejebow:

— Ol bugdaýdyr, ýalkym saçýar zer ýaly,
Ol tolkundyr, joşa geti:r derýany,
Ol arzuwdyr, älem-jahan seýrany,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.

D. Agalyýew:

— O nämedir, çöl içinde köl...
Täzelikler » Goşgular - 05.11.2019

SÖWEŞ GÜNI

Häli öýden çykan wagtym goňşymyz Toty ejäniň hüýt gara pişiginiň öňümi kesip geçenindenem-ä aňypdym, şu gün bir zadyň boljagyny. Edil çak edişim ýaly-da. Birinji sagat başlanandan klas ýolbaşçymyz Bekgini sapakdan çykaryp alyp gitdi. Özüm bilipjik durun, onuňam emmajygyny. Ana, şonuň üçinem bar keýpime sogan dograldy-da. Göwnüme bolmasa, bu zatlaryň baryna hälki hüýt gara pişik günäkär ýaly duýuldy: «Öýe barsam bolýar, edişime bir seret bakaly. Toty ejäniň geýim ýuwup...

Täzelikler » Hekaýalar - 03.05.2019

ŞUM HABARYŇ TIZLIGI

Howlynyň öňüne gelip saklanan, üsti erkekdir-u aýal-ebtatdan doly köneje ýük awtoulagy görüp, ullakan legende mallaryna bermek üçin iým ezip oturan Näzik ejäniň ýüregi sarsyp gitdi: «Alla janlarym, saglyk bolubersin-dä hernä» diýip, özi bilmezden elini ýakasyna ýetirdi. Birbada ýüreginiň urmasy güýçlenip, birhili galpyldy gurşap aldy: «Ýa-da Hesene... Toba, toba, agzymdan al kakawersin! Beýle däldir-le. Düýnjük özüm görüp gaýtdym-a ony. Tüweleme, ...

Täzelikler » Hekaýalar - 03.05.2019


1 2 3 »