Результаты 1-11 из 11 по запросу Dürnabat Aşyrowa

SAG BOLSA BOLÝAR

Maşgala-çagalar, alada-ünji,
Bolup biler köp zat kalbyňa sanjy,
Baýlygyň- begligiň iň uly genji,
Esasy janyňyz sag bolsa bolýar.

Süýji aladasyz bolmaz elbetde,
Kynçylygy ur-ýyk, yzyndan ýet-de,
Adam hemme zada gelýändir hötde,
Esasy janyňyz sag bolsa bolýar.

Ýagşylygy ýaýyp, ýamany ýapyň,
Ýagşy niýet pälden döwleti tapyň!
Ynanan hemme zat elinde hakyň,
Esasy janyňyz sag bolsa bo...
Täzelikler » Goşgular - 16.01.2022

ŞYGYR

Gel, söhbet edeli birdem,
Sen meň hossarymmy şygyr?!
Halas eden müň bir dertden,
Baýlygym-barymmy şygyr?!

Ganat kakýaň uçsam diýip,
Serden ara açsam diýip.
Kalba yşkyň gorun guýup,
Örtän armanymmy şygyr?!

Syrym ýaýyp,paş eýleýän,
Kä doňup, käte gaýnaýan.
Çäji harpykdan saýlaýan,
Akylmy-aňymmy şygyr?!

Ömrüm bilen ömürdeşim,
Göwnim bilen göwündeşim.
Ýalňyz hemdemim...
Täzelikler » Goşgular - 30.11.2021

SÖÝGI

Maslahata mätäç bolmaýar söýgi,
Söýgi sorap gyýmaz nika gyýanda.
Söýgi aldaw-hilelerden beýikdir,
Janyn orta goýar ynsan söýende.

Şol pursat gyşlaram öwrüler ýaza,
Doñaklykmy, jöwza duýmaz bedeniñ.
Asyl öz-özünden şowlar-da gider,
Tutan işiñ, hemme etjek-edeniñ.

Durmuş talabyna biperwaý garap,
Etjegini diñe özi bilýändir.
Söýgi şoñ üçinem islän wagtynda
Hiç bir kada kaýyl bolman gelýändir....
Täzelikler » Goşgular - 09.11.2021

ZENAN BAGTY

Ilkinji agtygmy alyp gujagma,
Ene boldum, indi mende arman ýok.
Baky ýaz gelipdir mährem ojagma,
Derdim gitdi, şondan özge derman ýok.

Bilbilem saýramaz saýraýşy ýaly,
Owlagam oýnamaz oýnaýşy ýaly,
Ömrümiň manysy — gözümiň nury,
Bagtym geldi, şundan özge döwran ýok.

Çeken azaplarmy unutdym kemsiz,
Ojak ýagtylmaýar çyrasyz — şemsiz.
Diýýärin: «Arzuwmyň myrady sensiň,
Senden özge sülgü...
Täzelikler » Goşgular - 13.04.2020

GITMEZMI?

Dideleriñe göni garap bilmesem,
Arzuwlam sowrulyp ýele gitmezmi?
Perişan halymy sorap gelmeseñ
Yşkymyñ gülleri sola gitmezmi?

Isle ýazykly saý, isle ýazyksyz,
Ýürek söýse ejizdir hem näzikdir.
Kalbym goreşmekden juda arypdyr,
Umytlar sönensoñ küle gitmezmi?

Arzuwlar golaýdyr ykballar daşda,
Gursakda arman bar dideler ýaşdyr.
Ýalñyzlyk aýazdyr gazaply gyşdyr,
Köwsarlasa ýürek doña gitme...
Täzelikler » Goşgular - 01.04.2020

WATANYÑ SESI "ARKA BOL" DIÝDI

Hossarly Watan arkaly ogul ýaly berdaşly bolýar.

***

Ojagymyzda alawlap ýanýan mawy ýangyjy /gazy/ synladygymça Watanymyň "Bu meniň size bolan yşky söýgim" diýen sesini aýdyň eşdip başladym.

***

Suwuň ses i"arassa bol" diýdi.
Odyň sesi "asylly bol" diýdi.
Topragyň sesi "agras bol" diýdi.
Asmanyň sesi "artykmaç bol" diýdi.
Watanymyň sesi...

Täzelikler » Sözler - 07.01.2020

SENMIDIÑ?!

Ýene sesiñ geldi, beýgeldim bir gez,
Halymy soradyñ, giñedi dünýäm.
Ýogsa, şükür, düzüwdigini dokuzmyñ
Men özümem bilýän, özüñem bilýäñ.

Ünjili sesiñe asyp gulagym,
Dem alşyñdan yhlasyñy duýdum men.
Seniñ şu jahanda barlygyñ üçin,
Ynan janym, bu barlygy söýdüm men.

Bir ganatym boldyñ uçup bilmesem,
Sensiz ömrüñ bahasyny bilmedim.
Ýoda däl, ýol boldyñ geçip bilmesem,
Bagtym diýip agtar...
Täzelikler » Goşgular - 24.12.2019

ENÄNIÑ KEŞBI

Akgyz daň atan badyna oýandy-da, penjiräni açyp, baharyň hoştap howasyndan dem aldy. Penjiräniň daş ýüzünde burk urýan güllerdir miweli we saýaly baglaryň ygşyldysy onuň göwnüni göterse, guşlaryň jürküldeşip, özara düşünişmesi, asmandaky lemmerlemmer bulutlaryň emaý bilen süýşmesi, adaja öwüsýän şemalyň ösümlikleri herekete getirişi Akgyza täsin keýpiçaglyk berdi. Ol agtyjagynyň üstüni ýapdy-da, ýüz görülýän aýnanyň öňündäki oturgyja geçdi. Çal sepen saçlaryny, gözlerin...
Täzelikler » Hekaýalar - 21.08.2019

YKBALYMYÑ BAGT PEŞGEŞI

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserini okadygyňça okasyň gelýär. Çünki ene hakyndaky sözler, pikirler her bir adam üçin elýetmez akyl-paýhas hazynasy. Enelere bolan söýgüden doly kalbyňy joşa getirýän bu ajaýyp eserdäki aýdylýan sözle- riň, ýöredilýän pikirleriň ýürege ýakynlygy, göwnüňe makullygy kalbyňy heýjana salýar. Şol pursat şeýle ajaýyp eseriň döremegine sebäp bolan mähriban käbämiz Ogulabat ejän...


YŞGYÑ ODY DÄL...

Garaşýañ, elbetde, alajyñ näme,
Garaşarsyñ ömrüñ köýjegem bolsa.
Böwet borsuñ özgeleriñ dilinde,
Ýol bermersiñ, biri söýjegem bolsa.

Emma seniñ garaşýanyñ duýmazdan,
Arzylanyñ sapadadyr-seýranda.
Ine, şeýdip söýen gözler aglasa,
Kemsidilen ýürek galar haýranda.

Olam uzak wagt dert çekip ýörmez,
Derdi-aladasy öñem ýetendir.
Nämä garaşýanyñ bilmän ýaşarsyñ,
Ömür bolsa bir menzilden ötendir.

...
Täzelikler » Goşgular - 19.10.2018

ALYP GIT MENI

Indi meni gorkuzanok azap-da,
Çekinjim ýok gazapdan ýa zulumdan.
Diñe seni söýüp ýaşasym gelýä,
Gel, alyp git meni tutup elimden.

Äkit ýanyp ýatan Şibliñ dagyna,
Pyragynyñ tozlaryndan öpeýin.
Saýrap aşyklaryñ ylham bagynda,
Yşkyñ mesganinden medet tapaýyn.

Gujagyñda geçirsem dört paslymy,
Gyşda aýaz, tomus yssy duýmaryn.
Ýeke gün puryjam galanda bolsa,
Ömür, sen nähili gysga diýmer...
Täzelikler » Goşgular - 24.07.2018