Результаты 1-8 из 8 по запросу Daýanç Ýegenmyradow

SÜÝJI ÜZÜMIÑ AJY ÇAKYRY

Bolýa-bolýa, bize bolýa. Günuzyn hemmeler bilen deň hars urup, ýene-de gije üzümçiligiň başynda ýatmaly. Gowy ýeri Mergenleňem, Saraý samsyklaňam...häk, başga biri diýende ganym lasyrdaýan halyma özümem diýäýdimmi?! Hawa, Mergenleňem, Saraýlaňam, biziňem kärendesine alan üzümçiligimiz bir ýerräkde bolansoň, ortalykdan üç hojalyga bir telär dikdik. Üzüm bişeli bäri Megren, Saraý üçimiz üzümçiligiň başynda ýatýas, ýok, ýatyrýarlar. Nätjek-dä, «Başynda boluň!» ...
Täzelikler » Hekaýalar - 11.09.2018

DAŞ ASYRYÑ GYZY

Asmandaky ýylyzlaryň sanyny Öwezguly mugallym biler ýaly, ony ýörite guralda asmana seredip, saç düşürenler bir bilýärmikä? Ýöne Öwezguly mugallym ýyldyzlaryň sanyny bilmese-de, bir zady bilýär. Ana şony hem onuň ömründäki iň uly işi, asyl açyş hasaplaýarlar. Ýyldyzlar ýaly sanetmez ýyllaryň aňyrsyndaky «Daş asyry» diýilýän döwürde erkek adamlar hakda-da gürrüňem ýok, hat-da aýal-gyzlar hem tutanerli, wagşydan gelen garadangaýtmaz bolupdyrlar. Şeýle garadangaýtma, je...
Täzelikler » Hekaýalar - 11.09.2018

GÜLDEN UÇAN KEBELEK

Adamlaryň»aşygydyryn» diýip, gül baryny ýolup ýörüşleri uzak sähradaky täsin kebelejikli gürrüňi ýadyma düşürýär. Şol sähradaky kebelejik gülden-güle gonup, gül yşkynda sersepil bolup ömrüm ötürýärmişin diýýärler. Kebelejigiň täsin ýeri hem ol aýajyklary çala tozan bolandyr öýtse-de, güle gonmaýarmyşyn. Aşyk kebelejik gülleriň meňzinde tegmil galaryndan gorkýarmyşyn...

***

Telewizoryň lallary hem saýrap duran edip bilinýän derejä ýetilen...
Täzelikler » Hekaýalar - 11.09.2018

ÇARHY INERLER AÝLAÝAR

Köpleriň kalbynda oba bolan beýik garaýşy döreden Zaratustranyňam düýesi bolupdyr diýýärler. Hytaý ýurdunyň orruk-ortasyndan gaýdyp, ýedi müň kilometre uzaýan Beýik Ýûpek ýolunyň esasyny goýýan täjir Çžan Szýanyňam näçe şatyňam bolsa, tap getirjek sarsmaz inerleri bolandyr. Ýogsam ol ýollaryň aşdyraryndan aşdyrmazy ýakyndyr ahyry. Zaratustranyň otparazlyk dinini emele getirmeginde dünýäniň orny bolupmy, bolmanmy, biljek däl. Ýöne ýüpek ýolunyň Beýik ýüpek ýoly ...

OGLAN GÖWNI

Gurbanlaryň uly tamynyň kölegesinde öýjük-öýjük oýnaýan döwürlerimiz bir bolgusyz zadyň üstünde sözümiz azaşyp, sene-mene etmeli bolanda, tarap-tarap bolup biri-birimize: "Jepbi däldi, Jepbi däli" diýşerdik. Eşidýäňmi Oguljahan, nirede bolsaňam eşit şu gepi! Sen zerarly ýene-de Jepbi däli ýadyma düşdi. Barybir, men saňa "Jepbi däli-Jepbi däli" diýip
gygyryp bilmerin. Şeý diýenim bilen-de: "Men indi şo boldummy?" diýip seň-ä janyň ýanmaz, meňem içim sowamaz. Çünki ...
Täzelikler » Hekaýalar - 11.09.2018

(Hekaýa)

O ýer şäheriň ho-ol çeti, adamlaryň ibirtde-zibirtliginiň, maşyn tormozlarynyň ýalta seretdirýän eýmenç jygyldysynyň ýok ýeri. Ümsümlik. Kiçijik naharhana-da şeýle. Naharhanada gündizlerine-de göz egleýän basa-bas hümer ýok welin, bular ýaly gijelerde dagy iki-ýeke. Häzirem şeýle, çolaja. Diňe bir ýaş ýigit bar. Naharhananyň çolalygy ýaly, ýigidiň öňündäki stoluň üstem çola. Nähilidir bir içgiden püre-pürlenen bulgur bar. Bolany şol. Ýigidiň elleriniň eňegine direlendigi, g...
Täzelikler » Hekaýalar - 20.07.2018

ÝAGAR ÖÝDÜLEN BULUT

(hekaýa)

Asmanyň günbatar erňegi utanan gyzyň ýaňagyna meňzedi, al öwüsdi. Sazakdyr sõzenlere çalaja baş yradýan şemalyň öňüne düşüp gelen münder-münder gara bulutlar bu görnüşi bir ýerlere ýitirim etdi. Iküç gün bäri şeýle. Gara bulutlary men-ä halamok. Olar gyzýaňak şapaklar bilen birlikde, meniň arzuwlarymyňam üstüni örtýän ýaly. Ulanylmadan ýaňa sargylt öwsüp, ýalpyldap duran sözen taýagyny elinde dökdürip ýörşüne, Kerimiň-ä keýpi kök. Otugan guz...
Täzelikler » Hekaýalar - 20.07.2018

Durnalaryň düşlegi

/hekaýa/

Miwe öýüň gapysyna tutulan kilimi galdyrdy-da, bosagadan daşaryk ätledi. Hanha, Şehitli depä durnalar gelipdir. Şehitli depe ýöne bir depe däl. Ol ýaz gelende durşy bilen güle bürenýär. Özem üýtgeşik güllere. Olar ýaly güller Garagumyň başga ýerlerinde bitenok. Şehitli depäni durnalar hasam owadan görkezýär. Ýöne, barybir, bu görnüş Miwäniň göwnüni göterenokdy. Gaýta gussanyň goýnuna itekleýär. Ynha, durnalaram Şehitli depäniň üstünde bir öwr...
Täzelikler » Hekaýalar - 18.07.2018