Результаты 1-9 из 9 по запросу Enejan Hangulyýewa

ENEJAN HANGULYÝEWA

Türkmen zenan-şahyrasy Enejan Hangulyýewa 1974-nji ýylyñ 20-nji dekabrynda ýurdumyzyñ Mary welaýatynyñ Sakarçäge etrabynyñ häzirki Gorgangala geñeşliginde doguldy.
1997-nji ýylda Çärjewiñ Seýitnazar Seýdi adyndaky Pedagogiki institutyny tamamlandan soñra bir ýyl mugallym, soñra "Aşgabat" gazetinde habarçy we bölüm müdiri wezipelerinde, "Ahal durmuşy", "Edebiýat we sungat" gazetlerinde...

BENTLER

Serhede ýetmesin hiç bir duýgy-da,
Arasynda çäk saklansa, gowy eken.
Meni senden jyda düşüren günler
Gül ömrümiñ ýazylmadyk towy eken.

* * *

Çal sepipdir saçlaryma bu ýyllar,
Ýürek gartaşmasa, çalarmasa bor.
Goý, agarsyn ähli garalyk munda,
Diñe gara gözler agarmasa bor.

* * *

Men saña ýazaýyn ganatly sözler,
Didelerim didaryñdan ganmasyn.
Gözi gidip baksyn synlaýan gö...
Täzelikler » Goşgular - 04.11.2021

AK BAGTYÑ WASPY

Synla, daş-töwerek juda mähriban,
Tolkun atýar altyn bugdaýly meýdan.
Bu Watan galkynýar, gülleýär, ösýär.
Başyñda buýsanç bar, kalbyñda heýjan.

Ak dañlar Azanyñ mukaddes sesi -
Ýañlanyp dur - abatlygyñ mukamy.
Haýyrly başlangyç - mukaddes işler
Barha görklendirýär ata mekany.

Sergin şemal şat owaza hiñlenýär,
Ol owaz - bagtyýar durmuşyñ zary.
Ýigitleri gerçek, gyzlary melek,
Saý...
Täzelikler » Goşgular - 02.11.2021

NURY-DIDÄM AMANMYÑ!

Nury didäm!
Başyñ sagmy? Amanmyñ?!
Aladalar bilen güýmäp özüñi,
Ýaşap ýörmüñ bu barlygyñ goýnunda,
Unutdyñmy on dokuzyñ ýazyny?

Gijeler erteki, gündizler baýram!
Günler, aýlar geçip gitdi suw ýaly.
Herimizi bir ýerlerden çykardy
Täleýiñ mañlaýa ýazan ykbaly.

Deregñi tutmady hiç mahal hiç kes,
Aýdymlarym gussa bilen eýlendi.
Ömrümi elekläp bagty gözlesem,
Ýene senli gün...
Täzelikler » Goşgular - 02.11.2021

MAÑA DÜŞÜN!

Bir ýanda paşmadyk durmuş bijesi,
Bildirlen ynam hem borjum bir ýanym.
Sen bolsa kemsinip berýärsiñ azar,
Şygra çümen, eý ýazyksyz ykbalym!

Hol gün bir ýigidiñ ala gözlerniñ
Saña bakanyny "duýmanym" üçin.
Azar berdiñ uzakly gün ýürege,
Özümi iş bilen güýmänim üçin.

Dek düýn elwan gülli ýaza höwrügip,
Atygsadyñ durduñ owadan sähra.
Maña düşün, janym, beýtmäñ bolanok,
Ýogsa, meñem juda...
Täzelikler » Goşgular - 02.11.2021

ÝÖNE...

Meni utanç,
Seni näme saklaýar,
Aýt ahyr, kalba çöken sözleriñ?!
Men seni gam-derde dözüp bilmerin,
Arzymanym, Aýa-Güne dözmezim.

Meni ejap,
Seni näme saklaýar,
Dillensene, giç sataşan armanym?!
Meni aýyplama geleñsizlikde,
Sowulsamam öwrüminde bu ýoluñ.

Menj juda-juda kän zat saklaýar,
Umman ýaly gözleriñe bakmadan!
Belki, hoşlaşarys gyýylyp ýörmän,
Ýa lezzet alýañmy meni ...
Täzelikler » Goşgular - 01.11.2021

RUBAGYLAR

Sen men hakda näme oýlanýañ, eziz?!
Naçardyryn, ýöne däldirin ejiz.
Bu söýgüde, bu durmuşda, ömürde,
Sen barkañ ejizläp ýörmerin hergiz.

* * *

Söýgi - ýürekleriñ ýalkymy-saby,
Söýgi - köñülleriñ sahy ynsaby.
Söýgi ýaşaýandyr jahana dolup,
Hemem ýerde beýgeldýändir ynsany.

* * *

Deñiz içre çyrpynşyny gör, gaýyñ...
Täzelikler » Goşgular - 12.06.2019

SUW

Akar suwuñ aýdymyny diñle sen,
Onda ýaşaýyşyñ mukamy bardyr.
Hakyñ jemalynyñ waspyn söýleseñ,
Hak saña ömrüñde hemişe ýardyr.

Damjalar gök şahalara gonanda,
Gözel göwnüñ guşa dönüp galkynar.
Synla, halha, goş ýazdyrýar bulutlar,
Ýaga-ýaga ak alkyşdan ýalkanar.

Bu mele topraga rysgaldyr ýagyş,
Ol - dirilik, ömürlere - badalga.
Gyş garaşan dal-daragta ol aýyş,
Eşret berýär,
Galar ýaly ý...
Täzelikler » Goşgular - 08.06.2019

SYNAG

Harasatly deñiz, çyrpynyp ýatyr,
Elinde küregi, bir gözel otyr.

Otyr başy aşak, seredip suwa,
Meñzeýär uzakdan owadan guwa.

O kenara ýüzüp geçmek arzuwy,
Dost gerek küregi bile urmaga,

Ynandy gämiçä gözüni ýumup,
Ol kenara geçdi arzuwa münüp...

* * *

Çilimi däl gursagymy otlanym,
Wagtynda düşünmän ynjytdym seni.
Gözüm ýetdi söýgüsinden ätlänim,
Söýenden söýleniñ oñ...
Täzelikler » Goşgular - 19.09.2018