Результаты 1-20 из 34 по запросу Enwer Nyzamow

TÜWELEÝ

Eý öwünjeň, badyhowa tüweleý,
Pyrlanyp-pyrlanyp inçejik biliň
Üzülere geldi.
Dur, indi!

Aýaklaň özüňi göterip bilmän,
Sandyraýa, seret, barmagym bile,
Çala pitiklesem ýykylýaň ýüzin.

Gelşikli,
Gelnalyja garaşýan,
Toý eşikli uzyn boýly köçeleň,
Kirpigine, saçyna, murtuna çenli,
top-tozan.
Ol görer ýaly bolmady. ...
Täzelikler » Goşgular - 17.04.2023

AŞYGYÑ NALASY

Bu düýş diýip, bu bir oýun,
Gözlerden öňe ädeýin
Bagtym gülse-de, nädeýin
El üzüp bilmedim senden.
Düşünemok täleýime,
Düşüp oň yzyna, ine,
Gelen ýerim sensiň ýene,
Gije aýry däldir daňdan.
Iňleýän-ä, iňleýän-eý,
Güýz ýeliniň nalasy deý,
Yşk bu dünýäň aýnasydyr,
Çykdyk, gör, setirden, heňden.
Gorjala, ömrüm gorjala,
Sönüp, aw bolýan ajala,
Ak ýüpek däl, saçyň sara,
...
Täzelikler » Goşgular - 16.07.2022

GÜÝZ PARÇALARY. . .

Şäher köçä sygman barýar,
Diňläp ýagyşyň aýdymyn.
Güýz hem agşam ezilipdir,
Meň irden çykyp gaýdanym

yzarlap sary kirpikleň,
Düýşlere sary, geregim.
Ýöne dünýä öňüm kesdi,
Damagma dolýar ýüregim.

Ne gül galdy, ne kölgesi,
Ak asman çöküpler dyza.
Içimde bir bulut otyr,
Bakasym gelenok yza.

...Bu ýollara bergim kändir,
Gabat gelen hasap sorar.
Meni si...
Täzelikler » Goşgular - 11.01.2022

DURNALAR

Ýadaw güýz gününiň elwan säheri
Göýä ünjülerden saralyp-solup.
Hanha, uçup barýar durnalar bilen,
Alys ülkelere kiçijik bulut.

Sähram aýagyna dözmän durnalaň
Düşeýär ýoluna sary keçesin.
Durnalar ýazlaryň suratyn çekýär
Şatlyga besleýip dünýäň köçesin.

Asmanyň düýbünden barýar, durnalar,
Siz bile buludam menziller aşyp.
Belki, içiňizden eýjejik bulut
Bir owadan durna bolandyr aşyk.
...
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2021

AÝRALYK

Düýn agşamky yhlasymy unutdym ak säher bilen,
Ýüz bersem ýüzin düşürdi ykbalymy takat-sabyr.
Seni söýen günlerimiň ezýetini çekýän indi,
Bu güýz sensiz geljek günleñ goly bagly azabydyr.

Jeýhunyñ suwy azalyp, dodagy kepän kenarlañ,
Kenarda uklan durnalar oýarmaga dözemok hiç.
Sen henizem öýkelimiñ, öz göwniboş şahyryñdan,
Güýz gündizleñ gadry ýokdur, gijeler has göze ilgiç.

Saryýagyz oktýabr, goñras ýüzli no...
Täzelikler » Goşgular - 08.11.2021

DEÑIZ

Düýnler düýşüme girip dur,
Içim ala-ala, deňiz.
Gyşaryp barýar ýaşlygym,
Ýat boldum ol ýara, deňiz.

Gözüm ýok ahyr «uly»-da,
Özüm özümi unuda,
Garyşyp barýan buluda,
Çyrpynyp on ýana, deňiz.

«Utulan doýmaz oýundan»,
Gün ýaşmanka göçüp mundan,
Amyderýanyň suwundan
Içsem gana-gana, deňiz

Enwer NYZAMOW.

Täzelikler » Goşgular - 13.10.2021

DÜÝŞ

Asmana garylyp ýatyryn, eje,
Örtüpdir üstümi ap-ak ümsümlik...

Gelipdir howlukmaç geýinen agşam,
El bilen düzlenen baglaň depesi.
Kime gussa çökdi, kimlere şatlyk,
Syzýar gözýetimden otlulaň sesi.

Dünýä ak kagyzdy, hekaýadym men,
Ýazyldym üstümi çyzsa-da ýyllar.
Jeýhunyň mukamy içim ýylytdy,
Söýdüm adamlary bölmän, aýyrman.

Köçelerden giňdim, ýollardan uzyn,
Watanym, galamym — namysy...

Täzelikler » Goşgular - 11.10.2021

"ÖMÜR DIÝLEN BIR DEMLIKDIR..."

Ömür diýlen bir demlikdir
Ha gelsin ol, ha gelmesin.
Ynsan ýalana mätäçdir
Özi bilsin ýa bilmesin.

Goly güýçli saýlar göreş
Hakykaty söýlär geñeş
Kä Gün dogar, bolar Güneş
Buldy görsün ýa görmesin.

Köp bilen azy unudar
Söýen gül ýazy unudar
Göterip gitjek inidir
Egninde köýsün köýmesin.

El gysga bolmasyn ýeñden
Dil awusy çykmaz tenden
Dün...
Täzelikler » Goşgular - 04.06.2021

SEN HAKDA

Yşk aňyrdan geleninde,
Böwet saklarmy öňünde?
Ýarymyň saçyn görende,
Tolgunyplar titrär darak.

Göz gerek däl duýmak üçin,
Görk gerek däl söýmek üçin,
Ol gyz meniň bagtym biçer,
Ýüregime golun sarap.

Dünýäň äňi gözýetimde,
Yşgyň keýpi ezýetinde,
Ýaryň gaşy özdiýenli,
Kirpikleri misli orak.

Ony aldamasyn ykbal,
Gözi uly, göwni pespäl,
Ýüreginde özüni däl,
...
Täzelikler » Goşgular - 16.10.2020

ŞOL GÜN ASLA TANAMARSYŇ…

Bir gün asla tanamarsyň,
Ýadyňa düşmez menligim.

Ykbal ýakaňdan ýapyşyp,
Tutar seni men-menligiň.

Şol gün bar zat menlik bolar,
Geňlik bolar, eý, dilberim.
Hat-da, seni ýazgaryplar,
Gözýaş döker arzuwlaryň.

Wagt hasaby bilenok,
Kä-te ýumşak, kä-te gaty.
Bagt bir ýerde duranok,
Aýlanyp ýör gapy-gapy.

Şol gün asla tanamarsyň,
Ýadyňa düşmez menligi...
Täzelikler » Goşgular - 16.10.2020

DILEG

Günler şu gün bilen gutarmaz, ýene
Şinelär lebleňde, gör, näçe şygrym.
Ýadawlyk maňlaýmy ýagjartdy, göýä
Meň özüm – özüme artykmaç, agram.

Boluşyna görä ýaşaryn, ýene
Ýok bolup gitmerin ýeriň ýüzünden.
Hökman däl bar zada gabaryp ýörmek,
Meň uly ýalňyşym – ýüreksizligim.

Göreris maňlaýa düwülenini,
Eger ykbal bizden çekmese elin.
Seň üçin ömrümi ýaşaryn aldap,
Sen maňa umyt ber ýekeje döwü...
Täzelikler » Goşgular - 15.10.2020

KÖŞEŞMEK

Yzda galdy köçeleriñ ÿagtysy,
Gijeler gündize gitdi garyşyp.
Öñkim deÿ kän ÿatlanamok, bilÿärin.
Durmuşymam özüm ÿaly garyşyk.

Bir wagt gyzlara gül daşan ellem
Hem dilim dogadan tutdy ÿüküni.
Adam başna düşse bar zada kaÿyl,
Gör, ine, sensizem oñjak ekenim.

Sen soñ söÿgä duşman bagtly bolduñ,
Menem ÿaşap ÿörün düÿşüñe girmän.
Biz öz dogulmadyk arzuwlarmyzy,
Bizden soňkulara ederis gurba...
Täzelikler » Goşgular - 04.09.2020

BU NÄMÄNIŇ ALAMATY?

Bu nämäniň alamaty,
Ýygra gaşlaryň dyrmalap –
Sebäp gözläp her sözümden,
Seň meni öwüp durmagyň.

Düýn agşamky gören düýşleň,
Kirpiklerňe siňen ysy –
Sandyradyp dabanymy
Gara saçlaň ygşyldysy –

Alaň ýaly ýüregime,
Görkezip dur oýun baryn.
Bu nämäniň alamaty,
Niçik synagy ykbalyň?!

Göz öňümden gidenok hiç,
Ýelek ýaly barmaklaryň.
Seň birje posaň bolsa...
Täzelikler » Goşgular - 20.08.2020

YNAM

Ol durna uzak gitmez,
Hoş söz bile awlaryn.
Göwni onuň gözünde,
Ýüregime baglaryn.

Duýmaz durnam özüniň,
Orta ýolda galanyn.
Sebäp ýeňilýä mydam,
Yşkdan özün gabanan.

... Goý, ýele degmesin seň,
Gözden ýiti aýaklaň.
Hemem düýş deý ganatlaň!
...Eý, durnam, bagtym bolup.
Süýr depämde ganat ýaý!

Enwer NYZAMOW
Täzelikler » Goşgular - 20.08.2020

ÖZGERIŞ

Her näçe bagtly bolsam-da,
Küýsesem-de yşgyň seniň –
Geçmiş yzda galdy, indi
Men o güni islemerin.

Ýörmerin yzyna düşüp,
Bir wagt beren sözümiň.
Adam tebigat-a, pikrin
Üýtgedip biler özüniň.

Bolsa bolsun gowy zat kän,
Alaryn öz geregimi,
Durmuş aýap goýmaz, barbir
Daşlar bir gün ýüregimi.

Tapanyma begenmerin,
Gynanmaryn ýitirenme.
Begenýän, öňümde meniň
...
Täzelikler » Goşgular - 11.08.2020

HAKYKAT

Ýadap bu günleň göwni,
Gözleňde düşlemekden.
Suw boldy söýgiň bagry,
Bir dile düşmezek men.

Dogumym daglar aşyp,
Ýitdi sabry-kararym.
Men seni zordan tapdym,
Özüm nädip tanaryn.

Bilýän gabanjaň gözleň,
Meni asla sypdyrmaz.
Bilseň bu göçgin söýgim,
Seni asla sypdyrmaz.

Galňamasyn arzuwlam,
Söýgiň göwni galmasyn.
Yşgym otyr kalbyňda,
Bagtym bulda garma sen...
Täzelikler » Goşgular - 11.08.2020

ROMANTIKA

Aýnalara ylham berdim,
Seni has gözel görkezdi.
Bagtyňy örüp alnymda,
Pikrim kimin saçyň çözdi.
Aýnalara ylham berdim.

Ümsümlik eredi gar deý,
Galdym kirpikleňden tutup.
Güsürdeşip uçdy guşlar,
Boýly – boýna hatar tutup.
Ümsümlik eredi gar deý.

Ýyldyzlara gol buladym,
Galmady ol ýazyň ysy.
Ýaza derek bir sen galdyň,
“Ýitmesin” diýp aýak yzym
Ýyldyzlara gol buladym....
Täzelikler » Goşgular - 11.08.2020

SÜRGÜN

Sowuk nazarlaryň ýyladýar, ýogsam,
Bugarardym üşän deňiz mysaly.
Meni ýalňyzlyga sürgün etdiň sen,
Unutdym bir ýerde arzuw – wysalym.

Unutdym bir ýerde alan demimi,
Ýiten ýaşlygyma gynanamok hiç.
Umytlam aýagny ýygnap bireýýäm,
Dolandy, yzyna gitmez ir-u-giç.

...Bu gün söýgi bile çekişýärin jan,
Bilemok, gör, ony hiç kime aýdyp.
Dodaklaryň bilen möhürläp gitdiň,
Seň eliň degmese açylman g...
Täzelikler » Goşgular - 09.08.2020

PURSAT

Gabanjaň gelin deý öýkelek bulut,
Güýzüň ümsümligin sorup içine,
Gör, maňa birhili nägile bakýar,
Algyly nazaryn çenäp içime.

Eginleri üýşen üşek asmanyň,
Sallanypdyr halys demirgazygy...
Häzir ümsümlikden üzülip meniň,
Durnalaň ýüregne gaçasym gelýär.

Hem uçasym gelýär.
Söýgi bile arzuw göterip serde,
Elýeterden, gözýeterden, özümden
Has belentlerde...

Şu wagt dilime düşünse bagla...

Täzelikler » Goşgular - 29.06.2020

■ ENŞALLA...

Saňa kän zat söz bermäýin,
Umytlaryň boş çykmasyn.
Da:şdan gurlan öýümizde,
Hiç wagt göwnüň ýykmaryn.

Aldamaryn, aglamarsyň
Sagada bakyp gijeler.
Çagalarmyz hor etmerin,
Oýunjak, köke-süýjüden.

Gözüm mydam köpi islär,
Göwnüm ýanyda azlygyň.
Gezýän çyg toprak üstünde,
Mümkin däl ýalňyşmazlygym.

Mümkin däl ýalňyşmazlygam.
Seni syr deý gorap, ýarym –
Men...

Täzelikler » Goşgular - 15.06.2020


1 2 »