MANUSKRIPT
“Öýüm dünýä bilen habarlaşanok” Anna Ahmatowa Hiç kimiň sesi çykanok. Belki, olaň gözi ýumuk. Görmeýän ýaly asyl-ha, Damjalar asmandan damyp, Gabagyny çyg etse-de. Duýmazlar, kalby kör olaň, Özgäň derdi piňine däl. Görýänlerden has kän olar, Asyl ajy ýylgyrşyňy bagt diýip düşünerler, Kömek etjek bolup, gaýta seni derde düşürerler. Parhy näme, garşyňdaky gö... |
MAGALLAK
Ähli zadyň serhedinden çykyp men, Ýoluň bir ujunda azaşypdyryn. Garaltmady tenim gazan garasy, Dünýäniň derdine ýanaşypdyryn. Ylgap däl-de, gaýyp gaýdan deý dagdan, Ýerimden gozganyp bilemok asla. Gözlerimde yrgyldaýan damjalar Kirpigme gonmaga howatyr edip, yzyna tesýär. Tegelek ömrümi terse bakdyryp Töweregmi näkesleriň garaýşy tutupdyr. Ýylgyrýan olaň halyna. Setirlerim... |
AÝT
Kaka, kararsyz men soňky wagtlar, Gijä galmak endigimden ýadadym. Biraz durmuş tow beripdir — bekeşýän. Öňler-ä, bilýänsiň, gaty sadadym. "Ýadadym" diýmäge baranok dilim, Şadyýan bolmaga synanýan diňe. Öňler Gün doguşyn synlardym säher, Soňky günler imrindim-de iňrige, Göwnüme sygdyryp bilmediklerim Bir seniň öňüňde açasym gelýär. Ynan, ähli zady taşlap käwagt, Hatda, wagtdanam gaçasym gelýär. Uç... |
ESERIM
![]() Ähli maksatlardan beýikdesiň sen, Näçe ömri saklaýarsyň gujakda. Seniň kalbyň nirde? Göresim gelýär, Hem bilesim gelýär ýene sen hakda, Heniz öwrenmedik zatlarmyň baryn, Barym sen! Meň bagtym saňa baglanan Galamda däl, görejimde çekýärin Hemme zatdan beýik bolan keşbiňi. Bir maksadym, artyk bolman hiç mahal, Götermäge güýjüm ýetse keşgi... |
• Aktýor |
AHWAL
Tümlük. Ümsümlik. Bethowen. Çykjak bolýar telefonyň içinden, Günüme goýmaýar ýüregmiň sesi, Berýän yzasy. Gözümden ýaş syrygmaýar ýaňagma, Ýoluny üýtgetdi olam, gör, indi. Ynam özün asdy ýalan ýüpünden. Gözlerime garaňkylyk göründi. Ýedi ölçelmedik meniň ýolumy Gaýçy hem kesmesiz ýerinden kesdi. Tesdi aýaklarym, barjak ýerine baryp bilmez indi, näme etmeli? Ýitmeli... ... |
KIRIŞ Onuň ähli zady sazdy. |
UÇGUN Ýüregim ýanýar... |
BARYM SEN!
Ähli maksatlardan beýikdesiň sen, Näçe ömri saklaýarsyň gujakda. Seniň kalbyň nirde? Göresim gelýär, Hem bilesim gelýär ýene sen hakda, Heniz öwrenmedik zatlarmyň baryn. Barym sen! Meň bagtym saňa baglanan Galamda däl, görejimde çekýärin, Hemme zatdan beýik bolan keşbiňi. Bir maksadym - artyk bolman hiç mahal, Götermäge güýjüm ýetse keşgiňi, Arzuw... |
PIDA Ýerleşmese göwnüm içre hasratym, |
KANDIDATA HAT
(Sapa Hommadowa bagyşlanýar) Hany, geç stola, kandidat dostum, Öňküleriň ýaly goşgy ýazsana! 30-njy güni buşlugy bilen, Bu ömüri sowgat bermiş ýaz saňa. Ýasamalyk duýulmady sözleňde, Ýaz ýaly ýylgyrdyň ýylgyran çagyň. Sen şeýle bir bina gurun özüňe — Goý, boýy ýetmesin hol Köpetdagyň! Durmuş duşuşyklaň mesgeni, ýöne aýralygam gapdalyndan goýanok. "Her bir işde haýyr ba... |
BAGYŞLAWER ELJIRESEM
Senden eziz nämäm bar meň?! Erkim emriňden ejizdir. Hantama dälsiň uly zat, Bilýän, biçäre ejizden. Sensiz günler serdi meni, Sebäpsiz ýykyldym ýere. Emma Seniň merhemetiň Giňlik berer ýüregime. Howaýy men. Hut, şoň üçin, Howa basýan deý depämden. Ýene-de suw berjek Özüň, Bilýän, dodaklam kepände. Güneş gözüm deşip barýar, Bagyşlawer eljiresem… Garaňky gonandan ýere... |
GITMEK
Gapyny ýapyp gidipdiň, täsin boldy, Asyl ony bilen dälsiň, bilen bolsaň Şeýle gaty ýaparmydyň? Ýok, ýapmazdyň. Emma welin Yş goýmansyň hiç bir ýerde. Ony açyp bilermikäň hatalarňa düşüneňde?! Şo-da gümana... Tümde galdym, ne şöhle bar, Ne-de ses bar töwerekde. Mende çykalga galmady Gözümi ýummakdan başga. Aý, bolýa-la, bu zatlar hiç, Jan saglygňy aýagyn has! Goý, durmuşyň durky ... |
SORAG
Bedeniň gagşapdyr, gowşapdyr salyň. Kimiň derdi seni garratdy beýle? Hatda meňkiçe-de ýok ýaly halyň, Içini dökdümi nalyşly bende? Senem syr saýdyňmy aýdanlaryny, Göwünlik berdiňmi salkyn saýaňda? Howurly ýüregiň oduna ýanyp, Indem saklap otyrsyňmy aýaňda sary saman ýaly ýapraklaryňy? Içine sygmadyk derdin üflände Gussa boýadyňmy öz ykbalyňy? Başyňy yraýaň, ýüzüňem az-kem Hälkije bolşuňdan durl... |
SORAG
Bedeniň gagşapdyr, gowşapdyr salyň. Kimiň derdi seni garratdy beýle? Hatda meňkiçe-de ýok ýaly halyň, Içini dökdümi nalyşly bende? Senem syr saýdyňmy aýdanlaryny, Göwünlik berdiňmi salkyn saýaňda? Howurly ýüregiň oduna ýanyp, Indem saklap otyrsyňmy aýaňda sary saman ýaly ýapraklaryňy? Içine sygmadyk derdin üflände Gussa boýadyňmy öz ykbalyňy? Başyňy yraýaň, ýüzüňem az-kem Hälkije bolşuňdan durl... |
BAŞARMAJAK ZADYM
Gazabyňdan gorky inip kalbyma, Agraslygyň tutdy egnimden siltäp. Arkamda dag baryn duýdum hemişe, Belki, şol umytdyr meni itekläp, şu ýollara alyp gelen. Boş duýgyň ýerine tükenmez ynam dolduryp, Kalbyma guýupdyr birçak — bäbekkäm Hemmeden seň maňa ynamdarlygyň. Hut şonuň üçinem agalarymdan artykmaç söz eşitsem, saňa şugullap, Olaryň öňünde günä galanym. Ah, ol günler, gör, nähili go... |
HAT
Harplar el tutuşdy, a sözler bolsa "Men-de-men" boluşyp gopgun döredýär. Sözlemlere näme diýjek diýsene, Bir-birine gyýa bakyp seredýär. Özgelere öz bagtyny bagş etjek Ynsan üçin näme sözler ýazsamkam? Bu süýji gijede, sen bir bilsediň, Maňa ýoldaş boldy asuda asman. Hakydama çozuş edip ýatlama, Meni ýene hyýallara çykarýar. Ynanýaňmy, häzir ýoly külterläp, Ikimiz şol öňki ýodadan barýas. ... |
ON IKI SYNAMYŇ BIRI
Ne beýle dymma bolupsyň, Aňşyramok sebäbini. Ýene jogapsyz goýýarsyň Bu irginsiz sowalymy Kimler saňa ak niýetde Bakdy, özüňem bilýänsiň. Kimler üçin garalama Bolanyň üçin dymýarmyň? Goý, özgeler güjeňlesin, Täsirlere berme eliň. Aýdaý ahyr ýekeje zat, Däl-ä sen ýaşmakly gelin, Mundan öňä syrdaşdyk biz, Wepasyz boldummy ýa-da? Ýa-ha ýere çöküpsiň sen, Ýa gaýyp... |
YZA GAÝDYŞ Hyýal içre çagalygma dolanmak |