Результаты 1-20 из 161 по запросу Goçy Annasähedow

DOGDUK DEPE

Bu mahal ýolagçy ulagy asfalt ýoly külterläp, daglaryň arasyna siňipdi. Öňki oturgyçlaryň birinde jaýlaşykly oturan ýaşuly bu ýerlere ilkinji gezek gelen adamyň bolşy ýaly töweregi geňgalyjylyk bilen synlap gelýärdi. Jardan akýan suwlaram ho-ol gaýalarda ornan käkiliklerdir olaryň birenaýy jükgüldileri hem onuň ünsünden düşmeýärdi.
Ulag gelip uly obany ikä bölen ýoluň çatrygynaýetende saklandy. Ulagdan düşenler möý pytran ýaly her kim bir tarapa duw-dagyn boldy. U...
Täzelikler » Hekaýalar - 16.09.2022

BAGTYMYZY OGURLAN HAT

Olar bir obada, bir köçäniň ugrunda ýaşaýardy. Çagalary üýşüp Nazar aganyň ýetmişini bellän bolsa, Jemal ejäniň ýedi onlugy tegelemegine ýene-de iki ýyl bardy. Tüweleme, ikisem gol gowşuryp oturan uly maşganyň eýesidi, agtyk, çowluk sany hem ýylyň-ýylyna artyp gidip otyrdy. Garrylykdan zeýrenmeseler, olaryň ikisiniň hem zada zar ýeri ýokdy. Durmuş gül ýalydy. Nazar aga ömrüniň kyrk ýyldan köprägini mekdepde mugallymçylyk edip, şondanam hormatly dynç alyşa çykyp...
Täzelikler » Hekaýalar - 16.09.2022

ÝAZUW STOLY

Şol gün meni şäheriň kaşaň teatrlarynyň birinde aktýor bolup işleýän dostum Halnazar teatrda agşamky görkeziljek spektakla tomaşa etmäge çagyrypdy. Özem hökman gelmegimi haýyş etdi. Men onuň çakylygyny kabul etdim. Işden çykan dessime göni teatra bardym. Şo mahallar sagadyň dili ýaňy bir altydan agyberipdi. Oýun sagat ýedide başlanýardy. Heniz daşarda güýmeň-süýmeň edere wagt bardy.
Ine, şo mahalam teatryň gabat garşysynda egni gyrmyzy donly, başy gaba telpekli, a...

DOGRY, ÖŇ ÖLENI SYNLAMANYM ÇYN

Heniz bäbekliginden oňly saýlanmanka ýogalan Zülpi atly gyzymyzyň ýagty ýadygärligine

Öýe gelsem el galdyryp, işe gitsem ugradyp,
"Däde" diýip, bilmeseň-de, diýrdiň şoňa meňzedip,
Sendiň gamy şatlyga, şagalaňa öwüren,
Sendiň işden gelemde, ilkinji gözüm düşen,
Adyň saýlap-seçilip, dakyldy mähir bilen,
Sen deý bägülden başga, bar diýseler ýalan,
Bäş aý bäri öýde toýdur şagalaň,
...
Täzelikler » Goşgular - 15.09.2022

"TAMDA GULAK BAR"

Meniň golaý goňşularymyň ikisem dul hatyn, ikisi birigip, agyzlary bir diňläne diňlärçerägem gürrüňler edilýär welin, oturyp diňläre hany olar ýaly üýşüp ýatan wagt barmy. Özlerem haýran galaýmaly, ed-dil biziň işigimiziň agzynda oturyp gürleşýäler. Kölgeli ýer, salkynyrak ýer diýýändirler-dä. Myhman-meduwan geläýmese, olaryň gürrüňem gutarmaz, gybatam. Onsoň, men gel şulaň ýekeje günki gürrüňini bir diňläýin diýäge-de, eýwanymdan magnitafonyň mikrofonyny olara bak...

ŞAPLAŞYP DUR, ÝÖNE...

Ogullarym doglan günüme gabatlap dükandan täzeje bir ulag satyn alyp getirdiler. Özem ap ak, reňki dagy gözüň ýagyny iýip barýar. Aýal halkynyň üşükli bolýar diýleni çyn eken. Men turyançam, keýwany eýýämden üstüne un sepibem, ruluna alaja dakybam ýetişipdir. Indem göz degmesin diýip, üzärlik tütetmegiň aladasyny edip ýör. Talyp agtygym bolsa ulagyň ýanyndan aýrylmady:
- Ata, ulag gutly bolsun, Ulagyň-a ulag jan eken welin, toýda mün! - diýdi.
- S...

MEN NÄME DIÝÝÄN, DUTARYM NÄME DIÝÝÄR

Birki günlükde ketde başlyk Gurban Keljäýew edaranyň iş otaglarynyň arassalygyny we ýyladyş ulgamyny gözden geçirmek maksady bilen hojalyk müdirine aýratyn tabşyryklar beripdi. Häzir bolsa ony barlagyň netijesi bilen tanyşmak üçin ýanyna çagyrdy.
- Wellekow, hany siz müdir hökmünde aýdyň, kimiň iş otagy arassa hem ýyly, kimiň iş otagy hapa hem sowuk eken? Ýüz görmän aýt, kim jaýyny sowuk hem hapa saklasa, ol işiniň daşyndan arassaçylyk we ...

GEÇMIŞIM ŞÖHRATLY, GELJEGIM ÝAGTY

Türkmen ilim toý toýlaýar, bagtyýar,
Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty.
Ýurdumyz Garaşsyz, Bitarap Diýar,
Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty.

Akyldardyr danalaryň torç eden,
Aýak basan,ýaşan, açyşlar eden,
Ösen medeniýetli, berkarar Watan,
Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty.

Gadym Köneürgenç, beýik minara,
Bu şäheri gören galýar haýrana,
Geçmiş şöhradyna edip seýrana, ...
Täzelikler » Goşgular - 14.09.2022

BAGRYMYŇ BAGY

Hekaýa owgan halkynyň bagtly geljegi ugrunda gazaply söweşlere gatnaşan, türkmen halkynyň merdana ogly, seržant Muhammet Aşyrmyradowyň röwşen ýadygärligine bagyşlanýar.

O gezek ýadyňa-oýuňa düşmejek bir waka boldy. Döwlet aganyň esger ogly, ýalňyzy Muhammediň ýogalanlygy hakyndaky habar oba ýaýrady, onuň jesedi hem şol habaryň yzýanyndan getirildi. Bu ahwalat adam barynyň ýüregini para-para etdi, obany gam-gussa basdy.
Sähel salymda obanyň başy telp...
Täzelikler » Hekaýalar - 14.09.2022

KÄTE ŞEÝLE-DE BOLAÝÝAR

Arada işden soň teke bazaryndan ugran 16-lyk awtobusa mündüm. Adam köpdi. Awtobus esli aralygy geçip, ˝Parahat˝ mikroraýonyna golaýlap barýardy. Birdenkä öňki hatarda jaýlaşykly oturan garry ene:
- Oglum, biz tekä ýetemzokmy? – diýdi.
Muňa hemmelerem aňkarylyp seretdi. Dogrusy menem geň galdym.
- Siz ýalňyş münüpsiňiz garry ene, zyýany ýok, häzir duralgada düşäge-de, ýoluň aňry ýüzüne geçip garşyňdan gelýän 16-lyga münüň, tekä bararsyňyz d...

DAŞOGUZA BUÝSANJYM BAR, SARPAM BAR

Uzak ýollar aşyp gelerler myhman,
Saňa başyn egip, galarlar haýran,
Görenler aşygy, görmedik arman,
Daşoguza buýsanjym bar, sarpam bar.

Bitarap döwletiň bagtyň çüwmesi,
Ajap zamananyň şirin miwesi,
Mekanlar içiniň görki-seresi,
Daşoguza buýsanjym bar, sarpam bar.

Watany özgerdýär mirasa sarpaň,
Seni beýgelýändir arkama-arkan,
Arkadagyň saýasynda gül açýan,
Daşo...
Täzelikler » Goşgular - 11.09.2022

AWAZADA DUŞAN ÝAR

Ahmet merkezi gazetleriň birinde işläp, redaksiýanyň ýörite tabşyrygy bilen bu ýerde ýygy-ýygydan iş saparynda bolýardy. Awazaň gözel ýerlerinde guralýan medeni çärelere digişli düşüren suratlary ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallarda yzygiderli çap edilýärdi. Häzirem ol şu töwerekde gözleri Günüň ýiti şöhlesinden goraýan ullakan gara äýnekli, başy aýlanyp duran tegelek şlýapaly, boýnundan içine ululy-kiçili fotoapparat salnan ýan torbasy asylgy halyna şu ýerde...
Täzelikler » Hekaýalar - 11.09.2022

KELEW ÖWÜNJEŇ

Oba bardygym Kelew öwünjeňe duşman gaýtmazdym. Köpler-ä onuň aşa öwünmesinden ýaňa wez bolan ýaly, ony diňlemäge gaty bir döwtalap bildirýänem ýok. Men welin, tersine, ajyň çörege topulyşy ýaly, şony diňleýärkäm ähli zady unudaýma häsiýetim bar. Birhili ylhamyma ylham, güýjüme güýç goşulýan ýaly. Onsoň her gezegem şähere dolananymda, özümde galan şol täsirlere ýugrulan täze bir eserim peýda bolýar.
Meniň Kelew öwünjeň diýýänim aslynda zähmetkeş, ömürboýy awçylyk...

ATDA ULAG EDINIPDIR!

“Atda ulag edinipdir!” diýlen habar ýokarky-aşaky, gaýraky, ilerki obalara çenli ýyldyrym deý ýaýrady.
Onsoň Atdany tanaýanlar bu habara ynanmajak bolupdyrlar. Ömürboýy ýol ugrunda öten-geçen ulaglara el galdyryp, uly ýola sygman, bir özi bolup gelýän Atdanyň indi özi ulag edinen bolsa dogrudanam täzelik kemi ýokdy. Şonuň üçinem obada diňe şonuň gürrüňi edilýärdi.
Haýp, ulag edinen Atdanyň gylyk-häsiýeti bütinleý üýtgedi duruberdi.Ýagyş-ýagmyr ýag...

BEHIŞDI BEDEWLER AÝAK GOŞANDA

Aýlawy nazarlap, mähelle süýşýär,
Behişdi bedewler aýak goşanda.
Toýnaklar syçyrap, ak ýola düşýär,
Behişdi bedewler aýak goşanda.

Atlaň toýnaklarnyň astyndan çykan,
Inçemik ak tozan göge galanda.
Gyrsakar, Sabyrly hem-de Dorjeren,
Behişdi bedewler aýak goşanda.

“Çap atym, çap, görkez güýjüňi” diýip,
Seýis zyňýar telpegini asmana.
Soňam zyňşy ýaly, gapybam alýar,
Be...
Täzelikler » Goşgular - 10.09.2022

ASMANDA GALGAN ÝAGLYK

Nurana, biz seniň bilen uniwersitete okuwa bir günde, bir ulaga münüp gaýdypdyk. On ýyllap bir mekdepde, bir synpda okapdyk, bir partada oturypdyk. Sen gyzlaryň soltany, iň gözeli, iň mylaýymy, iň şirin sözlüsi hem alçagydyň. Bu, belki diňe meniň gözüme şeýledir. Biz ikimiz sapaklarda kän jedele girerdik. Saňa fonetika, morfologiýa taýdan sözlemleri derňemek kyn düşse, meni matematiki derňewlerden baş alyp çykmak meselesi kösärdi. Şonuň üçinem biziň birek-bire...
Täzelikler » Hekaýalar - 10.09.2022

ALLAK KAKA, ALSANA MENI!

Allak kakanyň ýatkeşligi ýabygorlydy. Aslynda ol ýaş mahallaram özüniň huşsuzlygyndan zeýrenip ýören adamdy, indi-hä ýaş-ýeleňem däl, alty onlugy tegeläp ýör. Iň bärkisi, kimdir birinden karzyna pul alsa-da, soň ony yzyna gaýtaryp bermegi ýadyndan çykarýardy. Bardy-geldi algydary ondan karzyna alan puluny yzyna sorap geläýse dagy, birbada ör-gökden gelmesi bardy. „Men alypdyrynmy, men senden karz pul alypdyrynmy?“ diýip, gaýta algydaryny aldym-berdime salard...

ALMALYŇ OÝUNDA

Bu mahal giň giden läle-reýhanlyga bürenen sähralykdan uç-gyraksyz gyrymsy tokaýlygyň içi bilen tebigatyň eçilen görk-gözelliginden ýetdik serpaýyny alan almalyň oýuna barylýan ýol-ýoda boşlaňdy. Hoştap howaly, göwnüňi göteriji, ylhamyňy hyjuwlandyrýan bu ýeriň at-owazasy ulus ile aýandy. Bu jennet mekanynyň onýyllyklara, belki ýüzyllyklara barabar ömri bardy. Diňşirgenip oturan adama, bu ýer dogrudanam özboluşlyja täsin syrjagazlara baýdy. Dagdan şaglap inýän çeşmäni...
Täzelikler » Hekaýalar - 09.09.2022

DOGDUK OBAM

Arada aýlandym, dogduk obama,
Ýar üçin gül-çemen bogduk obama.

Barsaň çynar başyn egip garşylar,
Sumbar derýa bol suw bilen pagşyldar.

Ak gara bürenen berdaşly daglar,
Gök kürtä bürenen syrdaşly baglar.

Könekesir, dogduk depäm, eserim,
Senden aldym, zehin, ylham, edebim.

Göwnüň islän naz-nygmaty munda bar,
Danasy bar, şahyry bar, begi bar.

Goşa çynar hakda,goşa tar hakda, ...
Täzelikler » Goşgular - 09.09.2022

15.

Çagalar palçykdan salnan tamkepbäniň gaýrasyndaky giň giden meýdançada oýnap ýadansoňlar her kim bir tümmek bolup duran otuň üstüne gyşardy. Özlerem agyr ýoldan gelen adamlar ýaly ýadawdy, içleri eljuk diýýärdi. Ýüzlerini sortduryşyp, hiç haýsynyň-da gepläsi gelenokdy. Kimsi arkanlygyna ýatyrdy, kimsi-de ýüzinligine.
Taýagatym ýerdäki üçegiň üstünde bolsa aýaklaryny uzadyp, üstüne ýagdyr bal çalnan çoregini uly-uly dişläp bir oglanjyk otyrdy. Oňa Gajar diýýärdiler. Gajara...
Täzelikler » Romanlar - 13.08.2022


1 2 3 ... 8 9 »