Результаты 1-20 из 47 по запросу Gowşut Şamyýew
ALTYN KÜNDÜK NIREDEKÄ?
![]() Biz kakamyzyñ öñünden hemişe-de ylgaşyp çykardyk. Kakam dynç gününde, azardan bibazar günlerem şäherden gelýändir. Gyzar ikindin ala köpek üýrer-de, allaowarra tutdyrybiýr. Ol ilki görer ýa-da duýar. Bizem yzynda sürrek. Hol, ala meýdandan eşeklije kakam gelýändir. Horjunyñ iki gözem pökgerip görner. Onda kökemi, diş-diş kant, kemputmy, horaz süýji, içi ýüp... |
MAÑA ÝETMEDIK BAGT
Aýjemaly keseden gowy görýärdim, olam, göwnüme bolmasa, menlik ýaly. Arada üýtgeşik gep-gürrüñem ýok. Jynymyz jyñkyryşsa-da söhbetimiz umumy, il näme gürrüñ etse, biziñkem şol. Özbaşdak sözümiz ýok, özbaşdak ýolumyzam ýok. Entek aşyk-magşugam däl, bar zadyñ başlangyjy ýaly. Daşyndan halaýanym çyn, "ýürek gözden õnürti görýär" diýleni hakykatmyka? Özgeler "ikiñiziñ aragatnaşygyñyz bardyr" diýen gümanada. Gatnaşyk nire, zat nire. Ýoldaşlyk, obadaşlyk, klasgaşlyk. Bi... |
ATLAR, ITLER, EŞEKLER
![]() Ýelden ýyndam, gaýyş gulak bedewim, Dört aýakly etmez seniň edeniň. Säpjede-säpjede geçerin ýolum, Ykjada-ykjada ýel oýnar ýalyň. Ýolda-yzda gabat gelip bir güjük, Jöw-jöwlap topulsa ses edip mojuk. It bilen deň bolup, ony gapaýma, Ýa bir ýerni maýyp edip depäýme. Atym, ýüwrük at... |
HOWLUGYŇ!
Düýn bu güni, bu gün ertiri küýsäp, Ýazymyz ýalkap ýör, güýzümiz güýzäp. Bu ýagty gijäniň, röwşen gündiziň Gowlugyn Monjuk edip ýyllaň boýnuna düzüň, ýaşamaga, Işlemäge Howlugyň! Baglaryň ýapragnyň göm-gök reňki, Bu gün daragtyňky, erte - ýeriňki. gyzyl gül açylýar - müşki seniňki. Gyzlaň tapylgysyz yşky seniňki. Söýülmeli wagty, söýmeli wagty Oglanyň. öz aýagy bilen gel... |
GOWŞUT ŞAMYÝEW
(1941 – 2007) ![]() Gowşut Şamyýew 1941-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Hojaýap» obasynda zergär atanyň maşgalasynda eneden dogulýar. Maşgalada üç çaganyň körpesi bolup önüp-ösen geljekki tanymal ýazyjy orta bilimi obada alýar. Onuň edebiýata bolan höwesi, döredijilik ukyby bu ugurdan sapak berýän mugallymlarynyň synçy nazaryndan syp... |
MÄNE-ÇÄÇE OBASY
Waspyñ ilki edýän däldir meñ şygrym, Iñ soñkam däldirin waspyñ sözleýän. Ýurt eýesem däldir - paralap bagryn, Dogduk mekan diýip özelenmeýän. Özüme gaýtardy öz sesimi zaw, Gözlerime siñdi hyrawa gunça. Keýp bermez ekeni ýuka kalba aw! Söýdüm göwnüm awlan illeriñ, Çäçe! Munda bir eneden dogan uýam bar, Mundan agalam bar - seýrek görüşýän. Ömrümi uzaltjak ajap dünýäm bar, Olam - do... |
ÇYRAGYM, ÖÇMESEÑ BES!
Ak perişde atama Guwanjak çagym meniñ. Goja ýaşda atama Ýagtyl, çyragym meniñ. Arman, hazan aýnadan Girip, gapydan ötdi. Men bendäni aglada, Adam janym äkitdi Şuwlaýan gara ýeli Neçün inim söýenok. Alajym ýogam weli, Günüme-de goýanok. Ak perişde eneme Guwanjak çagym meniñ. Şugla saç-da eneme, Ýagtyl, çyragym meniñ. Gara ýel şu... |
NOBAT
Bişeýkel nobatlar hakda bu goşgym, Bu şygrym pent bolup, derek tutmazmy? Belki, ýüregiñe jüñk bolar ýagşyñ, Ýamanlaram okap pikir etmezmi? Aýdaly, sen dursuñ ýadap işden soñ Gök-sök nobatynda, et nobatynda, Bakjadanam çagalary giçden soñ Almalysyñ baryp wagt-sagadynda. Ol bolsa - ýaşy-ha birçene baran, Meýdenmi, arakdan birneme gören, Ýanyn basyp geler, Durmaz säginip, "Gezegñe dura... |
ÝIGRIM ALTY ÝÜREK ÝATYR BU ÝERDE
![]() Olar ýigrim altydy, Döwrüñ ýigrim alty kasam-antydy. Gudratdylar, Ýöne-möne däldiler, Ýigrim alty Baku komissarlary, Döwrüñ baky belentligne galdylar, Rewolýusiýañ baky komissarlary. Indi nirde ýigrim alty diýilse, Ýigrim alty Baku komissarlary Bir göwrä öwrülip göz öñne gelýär, ... |
ÝIGRIMI SEKIZINJI BAP
Ýeňşiň ýazky semestri başlapdy. Kontrol işleriniň aladasyndan öňünden dynan ýigit geçen ýarym ýylda-da, bu gezegem Aýperiniň kömegine mätäçlik çekmedi. Ýeňşi ýene gaýybana milisiýa durmuşy, işi özüne dolap aldy. Günde-günaşa, käte seýrek görşüp dursa-da, ýene gözüniň öňüne salyhatly Öwez Akyýew, agyr ýüzli, agyr häsiýetli Ýaýlym Abdyýew, gytyjak murtuny sypap Rasul aga geldi. Öwez Akyýew mamla: galplygyň garşysyna biz uly il bolup göreşmeli diýýär. Hak,... |
ÝIGRIMI ÝEDINJI BAP
Atanyň jenaýata baş urup, ele salnany baradaky habar Ýaýlym Abdyýewi atdan agdardy. Häli-häzir hiç kim ýagşydan-ýamandan zat diýmese-de, ýüzüni asyp gezdi, tanyş-u-nätanyş adamlara dogry garap bilmedi. Her ädimden kimdir biri ýüzüne bazyrdadaýjak ýaly göründi. Öz öýünde örüp ýören, ekläp-saklap gelýän Atasynyň ýazygy Ýaýlym Abdyýewi ikelläp bogýardy. Onuň hatasy bigünä adamy aldym-berdime salýardy. Ýaşkiçiniň etmişi ýaşulyny lerzana getirýärdi. Eýsem ol günälimi?... |
ÝIGRIMI ALTYNJY BAP
Ýeňşiň ýene piwo zawodynda adaty iş günleri başlandy. Dynç alyşdan soňky ilkinji gün bijaý uzaga çekdi. Geçen hem gelejek gözüniň önünde salgym bolup gezekleşýärdi. Hyýalynda aýratyn heniz könelmedik geçmişe at salýardy. Goç barha alysa gaçýardy. Kostýa-da yzynda ser-sepil. A Marat? Maratdan derek ýokdy. Şondan bäri ne gördüm – bildim bar, ne habar-hatyr. Eýsem bu Ýeňşiň ýetmezi dälmi? Şu çaka çenli habar alman neneň takat edip bildi? Ol bir ýaş oglan. Häzir näm... |
ÝIGRIMI BÄŞINJI BAP
Aýperi Ýeňşe garaşmadyk bolara çemeli. Süňňi bir zat syzýan-da bolsa, ozal açyk düşünişmändi. Geçen saparam şübhesini aýgyt etjek bolup synanyşdy, arman, amaty bolmadymy, ýa Ýeňiş soramasy ýok diýdimi, ýa beýlekiler päsgel berdimi, garaz, öňküligine galypdy. Indi bolsa Ýeňiş öz aýagy bilen gelip, öňünde ör galyp dur. Aýperiniň-de, Ajap ejäniň-de depesi gök diredi. Garry gözüni süzgekledip, ýigidi boýdan-başa synlasa, Aýperi gyz utanjaňlygyny bir ýan serpip gujagy... |
ÝIGRIMI DÖRDÜNJI BAP
Eli bagly Goç naçalnigiň kabinetine getirilende öz gözlerine özi ynanmady. Ynanmady. Balkyldap duran gözlerine ynanmady. Öz gözleri özüni heý beýle aldaýarmy? Eýsem, ol her näçe misginsokar suwa girip, gury çykýanlardan bolsa-da özünden ökdeleriňem bardygyna ynandy. Tilkilenip gezse-de, gurda duşdy. Ýok, Goç hiç haçan özüni beýle aldatdyrmandy, beýle ýagdaýa düşmändi. Eýsem, bu nähili oýun boldy? Garşydaşyny uta-uta gelýärdi. Bil tutuşanyny, ýyka-ýyka gelýärdi. ... |
ÝIGRIMI ÜÇÜNJI BAP
Şu gün Ajap ejeden habar tutaýyn hem Aýperini göreýin diýen. Ýeňşiň Goç üstüni basdy. Ätmer-sätmer edip geldi-de, ýekedaban ýaly ýumrugyny stola gütületdi – Düz! – Elindäki dörtgyraň kerpiç şekilli kagyz daňyny penjiräniň öňünde goýdy. Nämäniň düzdügini Ýeňşe soramak gerek däldi. Ony Goçuň hereketinden biläýmelidi. Şonda-da anygyna ýetmese ynjalmady. – Näme beýle guşuň turýar-la!? – Işler şow ýaly, şow. Onsoň Goç Goç bolmazmy? – Ýeri, ýeri, p... |
ÝIGRIMI IKINJI BAP
Ajap eje pensiýa çykdy. Jumagülem birküç günden aýdypdy. Ajap eje onuň çişi bilen ýüňüne güýmendi. Ilki kynlyk bileň ördi, soň ugruny düzdi. «Boljak öz-ä» diýip göwnüni awlady. Elin ören jorabynam özi geýmän, Aýperä geýdirdi. Jumagülüň sargydyny ene ýene tutup bilmedi. – Ilki nesibäňi özüň geý, eje. – Geý diýdim, geýäýsene, Aýym. Gyz enäniň raýyny ýykyp bilmedi. Galyň ýüň jorap aýagyny gor ýaly etdi. Ene ikinjini örüp başlady, Ýöne ol öneno... |
ÝIGRIMI BIRINJI BAP
– Şeýdip, ogurlanan puldan derek tapylmazmyka? Gidişi-gidiş bolaýarmyka? – diýip, Öwez Akyýew kabinetinde ikibaka gezmeledi. Adaty endigine eýerip, ullakan penjiräniň öňünde ör galdy. Žitnikow köçesinden ileri-gaýra geçýän adamlaryň sany-sajagy ýokdy. Galplyk edýänlerem şularyň arasynda, köpri gurýanlaram. Haýyr, şer iňňe-sapak ýaly tirkeşip ýör. Ýagşylaryň ýeňsesine bukulyp, ýyrtyjylaryň özlerini ýagtylykdan gizleýişleri ýaly, betpällerem gizlenýärler. Gije gara... |
ÝIGRIMINJI BAP
Goç Ýeňşi öz ýanyna işe aldy. Ýöne oňa berlen buýruk wagtlaýyndy. Ýeňiş şofýoryň ýanynda kömekçi bolmalydy. Ýük düşürmeli-goýmaly, eltmeli-getirmelidi. Indi üçüsem bir ýerde işläp başlady. Işe tirkeşip bile gelseler, bile-de gaýdýardylar. Goç piwo satyp, ýonan puluny geldigi hasaplaýardy. Baýamagyň ýene başga ýollaryny agtarýardy. Ol köpük ýygnap, baýaryn öýdenokdy. Geň zat, ogurlanan pul barada agzynam açanok. Kostýa-da bilmezlige salyp ýör. Goç welin, ýitýärdi, ara... |
ON DOKUZYNJY BAP
Aýperi öýde düzmelere güýmenip otyrka telefon jyňňyrdady. Bu eýýamlarda olara hiç kim jaň etmändi. Käte bir işden ejesini soraýmasalar, başga bir gelip-gidýänem, habar-hatyr tutýanam ýokdy. Jumagül bolan bolsa günde-günaşa ýa gelerdi, ýa-da hökman til urardy. Aýperi kerem-ara baryp trubkany galdyrýança, ses kesildi. Ýene birsellemden gaýtalandy. Aňyrda erkek adamyň sesini eşden Aýperi neden özüni ýitirdi. Oda düşdi. Gulaklaryna ynanmady. Ynandyrjak, özüni tanatjak ... |
ON SEKIZINJI BAP |