Результаты 1-9 из 9 по запросу Guldurdy Sähetdurdyýew

TEATR DURMUŞDAN BAŞLANÝAR

Döredijilik adamlary, aýratynam teatr işgärleri bilen söhhetdeşlik etmegiň yşkyna düşeniňde her sapar heniz gulaklary kamata getirilmedik delje sowallary taýyarlamaga jan edýärsiň. Yöne her saparam täze söhbetdeşligiň içine gaçyp girýän köne sowallar bolýar. Şeý sowallaryň biri hem teatryň nireden başlanýandygy hakyndaky sowal. Bu sowala kim geýim asylýandan, kim kassadan, kimem sahnadan...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 27.03.2023

"BAHA BERMEK HEMIŞE WAGT BILEN HALKA DEGIŞLI..."

“Watan” gazetiniň işgäri şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň beren sowallaryna ýazyjy Guldurdy Sähetdurdyýewiň jogaplary:

– Sözi, söhbeti şundan başlaýaly, Guldurdy aga! Meniň özüm Magtymgula uly bolsun, kiçi bolsun, gönüläp, Magtymguly diýip ýüzlenseler, känbir oňlamok. Ol meniň size Guldurdy aga däl-de, Guldu...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 26.03.2023

TÜNÜŇ ÝARY

Her gün şeýle,
gijäň adyl diwany
Derňeýär günuzyn gaýyranlarym.
Haýyrlarma görä,
özümi özüm
Ýalkaýaryn ýa-da gaýgyrmaýaryn.

***

Yrymçyl men, her gün gara pişik deý,
Ýolum kesýär gara gije ýassyda.
Ötmän, sakga durup, girip işikden,
Ýatýan gije, başym goýup ýassyga.

O diýen azam däl ynsanyň ömri,
Myrada ýetere munda pursat bar.
Şu ýaşymda näme gördümkäm oňly?
...
Täzelikler » Poemalar - 20.10.2022

"DEPÄME SERETSEM, GANAT GERIP DUR..."

Depäme seretsem, ganat gerip dur,
Bir uly guş,
Meger, çaýçaňňalakdyr.

Tüpeň ýok, garasam eginlerime,
Gynandym!
Gynandym, begenme ýerne.

Guş gitdi,
utandym özümden özüm,
Tüpeň bolnada-da oňa dözmezdim.

(Çöle aw däl, rahat küýsäp gelýän-ä)
Onda atmak nirden geldi kelläme???

Her näme-de bolsa, guş galdy aman,
Hem menem saklandym ganyna galman...
Täzelikler » Goşgular - 04.09.2022

MIZAN TEREZINIŇ ÖLÇEGI

Çaý başynyň söhbedi

GULDURDY SÄHETDURDYÝEW. Sen menden giňişleýin interwýu aldyň. Ol meniň kyrk ýaşym mynasybetli Daşkent şäherinde çykan «Ahmyrym ertirde» atly bir tomlugymda ýerleşdirilipdi. Gepiň gerdişine aýtmagyma görä, şol şahyrana ýygyndymyň kitap bolup çykmagynda seniň gönüden-göni hyzmatyň uludyr. Diňe olmy? Diňe men däl, juda köp adamlar seniň ýagşylygyňy görüpdi.
Bu gün men saňa sowallarym bilen ýüzlenjek. Ine ikimizem edebiýat a...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 31.08.2022

TÄSIN OGRY

Her kimiň öz işi özüne ýetik. Ogulhajadyňky-ha hasam. Sebäbi ol - öý hojalykçy. Onda-da çül çagaly, Mal-garaly öýüň hojalykçysy...
"Aýalymy öldüren içeriniň ownuk işi" diýenleri rast eken-ow. çagalary hemem olaryň geýim-gejimlerini ýuwup-artmaly, mallara ot-iým bermeli, içerini süpürmeli, nahar atramlay, çörek bişirmeli, dükandan gerek-ýarak zatlary getirmeli... Garaz, sanasaň, sanap oturmaly-da. Uzynly gün dyzyňy epmän işläbem, ýetişip bilseň, zor boldugyň. Iň ýam...

"AGASY BARDYR ÝIGIDIÑ"

Öñem-­ä tanamasyna tanaýardym welin, ýazyjy Osman Ödäýew bilen geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlaryna alyp barýan iş ugurlarymyzyň meňzeşligi üçinmi, neşir işlerini arkalaşykly ýöretmäge ynamdar ýoldaş gerekligi üçinmi ýa başga sebäplimi, bilmedim, dostlukly gatnaşyklarymyz ýygjamlaşdy. Şeýtdi­de dostluk ysnyşyberdi. Asyl, görüp otursam Osman bir degişgen, gara gadyr, oturan ýerini bazara öwrüp bilýän şahandaz ýigit eken. Meniňem gündiz ...


AŞYRBERDI KÜRT

1980-nji ýyl bolsa gerek, ýazyjy Aşyrberdi Kürt bilen tanşyp, ony öýümize myhmançylyga çagyrdym, olam çakylygy döwtalap kabul etdi. Asyl, hälä-de goýmadyk, tirkeşip gaýdyberdik, bu satirik ýazyjyny kakam bilen tanyşdyrasym geldi. Onuň ýumoreskalaryny kakam ikimiz söýüp okaýardyk, bir kitapjygy elimize düşüpdi, gaýtalap-gaýtalap okaşardyk, köp ýerlerin-ä ýatdanam bilýärdik.
Öýde saçak başynda kakam maňa:
— Goşgularyňy görkez — diýdi. Kakam-da, olam garşys...

EÝ, HÜÝRI-JENAN!

I.

Dünýäň gowgasyndan halas et, Söýgim,
Wysal berip, hasratymy gowzatsaň.
Owal-teýkarynda şatlygyň-gaýgyň
Alnanmydyr behişt ile dowzahdan?!

Top zyňşyp oýnardyk ýaşkak oglan-gyz,
Ortada bukulan — «utulan çykdy»,
Çenelen pökgimi söýgä öwren gyz
Ellerin daldalap tutulanjykdy.

Taşlady gyz, kement eýläp zülplerni,
Bendiwan men tä gelinçä ajalym.
Yşkyň işiginden girdim, gulpland...
Täzelikler » Poemalar - 11.09.2019