Результаты 1-16 из 16 по запросу Gurbangül Guzuçyýewa

GYBAT ETMEKLIGIŇ JEZASYNYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam bir ýola gazawata (söweşe) bardy. Gazawaty berjaý getirdi. Ondan soň gazawatdan gaýtdy. Eýse ýolda bir baý sahaba myhman boldy. Ýaranlaryny bir öýe saldylar. Olar şol ýerde oturdylar. Nan iýer wagty boldy. Olar: «Bize nan-huruş bersinler» diýip, Selman Parsyny Resul alaýhyssalamyň ýanyna iberdiler (Ýene bir rowaýatda «Bize et i...

GOŇŞY HAKYNYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:
— Goňşynyň goňşusynda üç haky bardyr. Owwal goňşy goňşydan bir zat dilese, bermek gerek. Ikinjiden, çagyrsa, barmak gerek. Üçünjiden, hassa bolsa, halyny soramak gerek. Goňşy öýde bolmasa, öýünden habardar bolmak gerek. Öýüňde her näme zat bişse, goňşyňa ibermek gerek.
Resul alaýhyssalam aýtdy:
— Bir goňşy bardyr. Onuň üç haky bardyr. Çünki ol goňşy garyndaşdyr. Garyndaşlyk haky, goňşuçylyk haky we musulmançylyk hak...

BAÝLYK BILEN BAKY GALAN HUSYT ÝOK...

Türkmeniň gadymyýetden gaýdýan, aslyna çeken sahylyk, adyllyk, pespällik, halallyk we ejize ýardam bermeklik ýaly ajaýyp, milli häsiýetleri bar. Ata-babalarymyzdan nesilme-nesil geçip gelýän şol ajaýyp milli häsiýetleri özüne siňdiren beýik mirasyň ynsanperwerligiň älemgoşary kimiň her bir türkmeniň aňynda şinelemegi we öwşün atmagy üçin dyngysyz aladalanylýar. Şonuň üçinem Beýik Serdarymyz özüniň Ruhnamasynda: «Türkmeniň ganynda ejize hossarlyk ...

EDEP-PAÝHAS DÜRLERI

Geçmiş mirasymyza nazar aýlasaň, türkmen halkynyň baý ruhy we medeni mirasynyň bardygyna göz ýetirmek bolýar.
Ata-babalarymyzyň arzuw edip gelen Garaşsyzlygyny alanymyzdan soň, geçmiş mirasymyzy - dilimizi, medeniýetimizi, däp-dessurymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy altyna barabar baý edebi mirasymyzy täzeden dikeltmäge we olary halka ýetirmäge giňden ýol açyldy. Hut Saparmyrat Türkmenbaşynyň özi sagdyn jemgyýetiň we ruhubelent adamlaryň kemala gelmeginiň asyl...

SOPUÇYLYK EDEBIÝATYNDA «TOBA» DÜŞÜNJESI

Türkmen edebiýatynyň taryhyna nazar aýlasaň, geçmişimizden şu günümize çenli ençeme şahyrlaryň, ýazyjylaryň ylmy we çeper eserleri gelip ýetipdir. Şol edebi we ylmy eserlerde bolsa durmuşyň dürli ugurlary bilen bir hatarda halallyk, päklik, iman, toba we nebis barada hem gürrüň edilipdir. Şeýle eserleri döreden şahyrlaryň hataryna Mahmyt Pälwan bilen Mähri Hatyny hem goşmak bolar.
Mahmyt Pälwan XIII asyryň ortalarynda we X...


«GORKUT ATA» KITABY WE TÜRKMEN  DESSANLARY

Türkmen edebiýatynyň taryhyna, ösüş ýoluna göz aýlanyňda onuň örän gadymy döwürlerden bäri dessançylyk häsiýetiniň bolandygyny bilmek bolýar. Şonuň üçinem türkmen edebiýatynyň, onuň taryhy ösüş ýollaryny öwrenmekde eposdyr dessanlar türkmen halkynyň baý edebi mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, ol biziň halkymyzyň geçmişini, sosial-syýasy ýagdaýyny, medeni durmuşyny açyp görkezmekde, edebiýatymyzyň taryhyny dikeltmekde, belli bir derejede ...

SÖZSOŇY

Kökleri müňýyllyklara uzap gidýän baý taryhymyza we milli, medeni baýlyklarymyzy öz içine alýan ruhy gymmatlyklarymyza näçe çuňňur aralaşdygymyzça-da, ata-babalarymyzdan ýadygär galan baý ruhy we medeni mirasymyzyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Şol milli mirasymyz bolsa asyrlardan asyrlara aşyp biziň şu günki günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ata-babalarymyzyň akyl paýhasyndan eýlenip çykan şol milli-medeni mirasymyz bolsa heniz-henizler hem özleriniň röwşen şöhlesi bilen hal...


ÜÇ ŞERTIŇ BOZULMAGY HAKYNDA HEKAÝAT

Habarlary rowaýat edijiler, eserleri gürrüň berijiler we durmuş hadysalaryny beýan edijiler şeýle hekaýat edipdirler:
Günlerde bir gün bir hatyn bir ýigidi söýüpdir. Ol oňa guwanyp: 
– Eý, ýigit, men seni tüýs ýürekden söýýärin. Meniň şirin janym saňa gurban bolsun. Men saňa Allatagalanyň emrine laýyklykda nika bilen bararyn. Emma meniň üç sany şertim bar. Eger sen olary kabul etseň, men saňa bararyn — diýipdir. ...

Täzelikler » Hekaýalar - 26.01.2019

SALYH KIŞINIŇ DOGA-DILEGINIŇ BOZULMAGYNYŇ WAKASYNYŇ BEÝANY

Habarlary rowaýat edijiler, eserleri gürrüň berijiler we durmuş hadysalaryny beýan edijiler şeýle rowaýat edipdirler:
Hezreti Dawut pygamberiň zamanasynda bir salyh kişi bardy. Günlerde bir gün ol salyh kişi gaýyp äleminden: «Eý, meniň salyh gulum! Dünýäde seniň üç sany doga-dilegiňi kabul eýledim. Menden näme dilegiň bolsa dilegin» diýen owaz eşidipdir. Ol kişi hem bu sözi hatynyna gürrüň beripdir. Hatyny he...

Täzelikler » Hekaýalar - 26.01.2019

ÜÇ DILEGIŇ PUÇ BOLMAGY HAKYNDA HEKAÝAT

Habarlary rowaýat edijiler, eserleri gürrüň berijiler we durmuş wakalaryny beýan edijiler şeýle hekaýat we şeýle rowaýat edipdirler. 
Beni Ysraýyl zamanynda bir salyh-ýagşyzada kişi bar eken. Ol kişi günlerde bir gün düýşünde: «Eý, gulum, näme myradyň, islegiň bar bolsa dile» diýen owaz eşidipdir. Onuň düýşünde bu owaz birküç gezek gaýtalanypdyr. Ol salyh kişi özüniň bu düýşüni hatynyna aýdyp beripdir. Onuň hatyny bu gürrüň...

Täzelikler » Hekaýalar - 26.01.2019

ÖLÜP DIRELEN HATYNYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY

Rowaýatçylar şeýle rowaýaty hekaýat edipdirler: 
Hezreti Isa pygamberiň zamanynda Beni Ysraýyl kowumynda bir ýigit bardy. Ol örän takwa we dindar kişidi. Ol gije-gündiz Allatagala tagat we ybadat ederdi. Dünýäde bar işi-pişesi takwalyk we tagat-ybadatdy. Bu ýigidiň bir doganoglan gyzy (kakasynyň doganynyň gyzy) bardy. Ol gyz hem şerigat kadasyny dürs tutup saklardy. Ol şeýle bir derejede takwa boldy welin, asla bir kişä...

Täzelikler » Hekaýalar - 26.01.2019

MÄLIK DENAN ŞANYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY

Rowaýatçylar şeýle rowaýat we şeýle hekaýat edipdirler:
Hindistanda we Çyn-maçyn ülkelerinde bir atly patyşa, ýagny dünýä meşhur şa bar eken. Onuň adyna Şähriýar diýer ekeni. 
Ol öz hökümini tutuş ýurdunda ýöreder eken. Şähriýaryň iki sany ogly bar eken. Biriniň ady Mälik Jepbardy, beýlekisiniň ady bolsa, Mälik Denandy. Uly dogany Mälik Jepbar Hindistana we Çyn-maçyn ülkelerine hökümdarlyk ederdi, kiçi dogany Mälik D...

Täzelikler » Hekaýalar - 25.01.2019

ŞEMGUNYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY

Rowaýatçylar şeýle rowaýat edipdirler:
Gadym zamanlarda beni Ysraýylyň döwründe bir abyt we zahyt bar eken. Ol şeýle bir abyt (takwa) eken welin, gündizi saýyl (agzy bekli) we gijesi kaýyl (ýatman ybadat etmeklik) eken.
Bu abyt özüniň tutuş ömrüni namaz, oraza we ybadat bilen geçiripdir. Şeýle hem, ol ömrüniň köp bölegini gazawat edip, ýagny kapyrlar bilen söweş edip geçiripdir. Şeýdip ol Allatagalanyň ýolunda yhlas-tagalla baryny...

Täzelikler » Hekaýalar - 25.01.2019

GUÝUMÇY USSANYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY

Gadymy döwürlerde Basra şäherinde bir ussat guýumçy (zergär) adam bardy. Ol tikinçilik sungatyndan-da örän ussatlyk bilen baş çykaryp bilýärdi. Ol öz döwrüniň iň kämilidi. Bir gün ol dükanynda ýagny zergärçilik ussahanasynda öz işi bilen meşgul bolup otyrka, birden seredip görse, garşysyndan köňülleri talaýjy bir näzenin zenan göni munuň dükanyna tarap ýöräp gelýär eken. Ol zenan gelip dükanyň öňünde durdy-da iki gulagyny açyp: ...

Täzelikler » Hekaýalar - 24.01.2019

IKI OÝNAŞLY HATYNYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY

Döwrüň we döwürleriň yzygiderli habarlaryny rowaýat edip aýdyjylar, gürrüňlerini beýan edijiler we hekaýatlary aýdyjylar şeýle rowaýat edipdirler:
Gadymy zamanda Nyşapur şäherinde bir aýalyň iki oýnaşy bar eken. Ol aýal oýnaşynyň ikisine-de: «Ärim öldügi, saňa bararyn» diýer eken. Bu wakadan birnäçe wagt geçenden soň ahyry oýnaşlarynyň biri: «Munuň äri haçan öljek? Men gowusy birnäçe wagtlap bu şäherden gidi...

Täzelikler » Hekaýalar - 16.12.2018

MEKIR HATYN

▶ GARAWULBAŞYNYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY

Habarlary rowaýat edijiler, eserleri beýan edijiler we döwür gürrüňlerini habar berijiler şeýle rowaýat edipdirler:
Irki döwürlerde Müsür şäherinde  bir garawulbaşy  bardy. Ol ençeme wagtlap garawulbaşy bolup, aýallaryň mekirligi hakynda köp zat öwrenipdi. Günlerde bir gün ol Müsür şäherine aýlanyp ýörkä, yssydan ýorulyp, dynç almak üçin bir kölegeli ýer gözlemäge başlady. Birdenkä, onuň gözi bir kö...

Täzelikler » Hekaýalar - 16.12.2018