Результаты 1-20 из 124 по запросу Gurbangylyç Hydyrow
PIŞIK
![]() Edaramyzda syçan köpelipdir. Käte çekmäni açan badyňa onuň tahylyndan bir syçan atylyp çykýar. Ol zymdyrylyp çykyşyna egniňe bökýär. Ondanam bat alyp gulagyň üstüne towusýar. Uzyn guýrugy ýüzüňi sypap gidýär. Şeýdibem sumat bolýar. Garaz, senem gorkanyňy bildirmejek bolup, bir bahana tapyp, suw içýärsiň. Biz bu mahlukdan halys bizar bolduk. ― Adamlar, men-ä ertir bir... |
MANTY GAZANY
![]() Martyň mymyjak şemalyna akja köýnejigimi galgadyp, «Duşurmazmy» diýen aýdyma hiňlenip, öýe geldim. Görsem, aýalymyň ýüzünden gar ýagýar, uzyn kirpiklerinden buz sallanýar. Ol meniň sowalyma garaşyp durman gürrüňe başlady. ― Bu artyp galan tünekde iliňkä meňzeş zat bolar ýaly, idili eýe barmy diýsene ― diýip, ol taňňyr doly kiriň suwuny işigiň agzyna sepip goýb... |
ALASARMYK
![]() Agaly Bekçäýewiç ýokary edaralaryň birinde naçalnik bolup eslije ýyl işledi. Günlerde bir günem ol samolýotdan oklanan paraşýutçy ýaly bolup, kelemenläp aşak gaýtdy. Ýer bir gowy zat. Göwni-garny, öýke-kinesi ýok, öň kimem bolan bolsaň, näme-de bolan bolsaň seni öz goýnunda saklap bilýär, günäňi iş bilen ýuwmaga mümkinçilik berýär, ýöne gaty ýokardan gaýdany üçin ol özü... |
ÇEKIMÇI
![]() Arada men kinoteatra bardym. Film görmek üçin bilet alaýyn diýip, nobata durdum. Bilet aldym. Sagadyma seretsem, seans başlamagyna entek ep-esli wagt bar. Bir stakan gazly suw içdim, birem moroženoýe iýdim. Seretsem, kinoteatryň işiginde çaklaňrak bir gapan dur. Ýanynda biri oturgyçda otyr. Gel, özümi çekdirip göreýin-le diýip, gapana emaý bilen mündüm. ― 74 kiogra... |
NÄDIP REPORTAŽ GEÇIRMELI
![]() Ýygymçy bilen ine şu zeýilli gepleşmeli: Reportýor: ― Siz, «Görelde» kolhozynyň 13-nji brigadasynyň ýygymçysy Bibinabat Ataýewa bolsaňyz gerek? Ýygymçy: ― Hawa. Reportýor: ― Siz her günde ýüpek pagtadan 150―200 kilogram ýygýan ekeniňiz?! Ýygymçy: ― Ýygýan. Reportýor: ― Siz 17-nji brigadadan Aýsona Gullyýewany ýaryşa çagy... |
TOÝ
![]() ― Başlyk, bir toýjagaz edäýjek bolýas-da, şoňa... ― Gaty gowy, oň bolsun! ― 3-4 müň manatjyk puljagaz gerekdi. ― Bir müňdür, müň ýarymdyr, kömek etsek edäýerisem. ― Gelin edinmegem kynlaşdy-haw, 2-3 sany ýüň seçeklem-ä tapyp beräýseň diýjek bolýan. ― Ýekejesinden artyk bizde mümkinçilik ýok, ýaşuly. ― Söwüşlik arzan baha işşek goýunda... |
«ÖZLI-ÖZÜMIZ» DIÝEN TARANTELLA
![]() ― Hormatly tomaşaçylar, häzir siz biziň öz kompozitorymyz Nunna Aşyrowyň «Dostluk» diýen sazyny diňläň. Çalýar öz solistimiz, kompozitor Oraz Mededow. ― Indi biziň öz solistimiz, kompozitor Oraz Mededowyň «Ülpetime» diýen üç bölümden ybarat sýuitasyna gulak asyň. Ýerine ýetirýärler awtor, şeýle hem öz solistimiz, kompozitor Nunna Aşyrow. ... |
ÝYGNAKPARAZLAR
![]() Biziň raýonymyzyň käbir ýolbaşçylarynyň arasynda ýygnakçyllyga ýykgyn edýän jogapkär ýoldaşlaryň şindem iki-ýekesi tapylýar. Hawa, biziň raýonymyzyň ýolbaşçylary ýygnakçylrak. Beýle diýip gümansyratmaýyn, hakyky ýygnakçy göresiňiz gelse, biziň raýonyň merkezine geläýiň. Ýylda 365 günläp ýygnak bolýar. Özem 365 ýygnak bassyr-bassyr üç ýyllap gaýtalanýar. A 19... |
KEJEBE
![]() Tehniki progresiň ösäýşini! Baý-ba! «Ona çenli sanamankaň fabrikde eýýäm bir jübüt galoş taýýar» diýlip, geçen uruşdan öň başlangyç klasyň okuw kitabynda ýazylardy. Biz oňa geň galardyk. Häzir bolsa bäşe çenli sanamankaň eýýäm jübüt «Žiguli» taýýar. Hany geň galyp aňyrsyna çykyp bilseň çyk-da göreýin. Tehniki progrese biz guwanýarys. Arada biri köçämize gelip, meniň adresi... |
BDU-da BOLMADYK WAKA
![]() Gylyç aganyň ýaşy birçene barypdy. Ol birnäçe gün ýatdy-da, wepat boldy. «Haý, biçäräniň jaýy jennet bolar-la» diýşip, her kim onuň guburynyň üstüne bir gysym toprak atdy. Merhumyň ogly Handurdy bolsa ara gün salman, kakasynyň üstüne gümmezli jaý saldyrdy. Bişen kerpiçden gurlan owadan ymarat ýörite getirilen ussanyň elinden çykandygyny aýdyp durdy. «Ine, iki... |
SUDUÑ BÄRI ÝANYNDAN GAÝTDYK
![]() «Ata-enäni ynjydan ulalyp oňalmadyk peläket» diýip, käýinmeseňiz, men size bir wakany gürrüň bereýin. Garrylarym obada ýaşaýardy, men bolsam şäherde. Rysgymyz aýry. Birek-birege mätäç zadymyz ýok. Şeýle-de bolsa men ata-enäni gözden salamok. Işden boş günlerimde oba baryp: «Kaka, eje, kem zadyňyz barmy?» diýip sorap durýan. «Jan ogul, şu sözüňiň... |
GEÇMIŞDEN BIR PARÇA
![]() Bu waka mundan ençeme asyr öň bolupdy. Günleriň bir gününde ssenariçi Al Karraja ibn Gerurudy libretto ýazyp gutardy. «Bi şowly ýazylan librottolaryň biri» diýip, şol eýýamyň metbugatynda jar boldy. Ony ýaş režissýor Al Saýýady ibn Baýraja tabşyrdylar. Režissýor Saýýady librettony okap, Tünüderýanyň kenaryna çykdy. Şawelet derýanyň güzerinde atyny suwa ... |
BASAN ÝERIM GAP-ÇANAK
![]() Täze ýyl gijesi. On minuty kem on iki. Durmuşymyz garrylarymyzyň gyşyň uzak gijelerinde aýdyp berýän hyýaly ertekilerindäkiden hem gözel. Altmyş ýylda şeýle derejä ýeten ülkämiz ýene-de iki ýüz-üç ýüz ýyldan nähili bolarka? Hyýal ýüwürtmäge birneme maý bar. Ýene-de on minutdan Spask başnýasynyň zaňy 1977-nji ýyl bilen 1978-nji ýylyň arasyny aýyl-saýyl... |
ESEN, SÖÝÜNIÑ GÜNI
Esen bilen Söýün ― ekiz. Bular bir göwrede 9 aý 10 gün bile, bir-birini ýassanyp ýatan iki dogan. Indi bular öýlendiler. Goňşy mellekde beýik ymarat gurdular. Günlerde bir gün bular köçä çykdylar: ― Sen, han ogul, gowuja boljakmy ýa ýok? ― diýip, Esen Söýüne bükütdi. ― Sen agzyňdaky köne podoş ýaly zadyňy otuz ikiň aňyrsynda saklajakmy ýa men ony ýeňsäňden çekip alaýmaýyn? ― diýip, Söýün Esene tarap bir ädim süýşdi. Il bir gowy zat, bulary ara... |
«GELIN»
― Halypa, aýak çeksene, men saňa «Horaz» sesini eşitmedik bir täzelik aýdaýyn. ― Arkamda bir ganar «Ak altyn» bar-da. ― Goý, ol şu ýerde «Dursun». ― Onda «Gündogara tarap on ädim» süýşeli. ― Ýok, ozalky süýşenler näme tapdy. Gel, duraly, «Aşyr aganyň hötjetligini» etmesene. ― «Japbaklar» ýaly ili güldürip durmaly, aýdyber bakaly, eşideli. ― Eşider bolsaň, men şeýle bir wepaly, şeýle bir akylly «Gelin» gördüm. ― Be, beýle «Geli... |
GÜN TUTULAN MAHALY
![]() Beýle hadysanyň boljagyny, Günüň tutuljagyny menem öňünden eşidemokdym, aýalym Dürli-de bilenokdy, çagalaram onuň ýaly astronomiki wakadan bihabardy. Tomus aýlarynda biz tutuş maşgalamyz bolup, gijräk turýarys. Asyl «gijräk» diýip gümansyradasy iş ýok, gaty giç turýarys. Käte uzakly günläbem ýatyberýäris. Sagat, irki sagadyň gürrüňini edýän, on ýa on bir... |
DAŞ ÝÜREK
![]() Giň, kaşaň bezelen kabinetiň töweregindäki üsti telim telefonly stoluň ýeňsesinde şäher ispolkomynyň ýaşaýyş jaýlaryny hasaba alýan we paýlaýan bölüminiň starşiý inspektory Demir Daşow ap-arkaýyn işläp otyr. Diwardaky elektrik bilen işleýän tegelek sagadyň peýkamlary on minuty kem altyny görkezýärdiler. Iş sagatlarynyň tamamlanyp barýandygyna Demir aga diýseň begenýärdi... |
ÇAL MÖJEGIÑ IŞDEN KOWLUŞY
![]() Ýanymyzdaky çagalar bagynda terbiýelenýän alty ýaşly oglumyz Döwran bize çakylyk hatyny getirdi. ― Kaka, bagymyzda Täze ýyl baýramy bolýar. Şoňa ejeňizem, kakaňyzam, doganlaryňyzam alyp geliň diýdiler ― diýip, oglum bize begenip aýtdy. Biz bir süri bolşup, çagalar bagynyň bezelgi zalyna bardyk. Hemmeleriň ruhy belent, baýramçylyk keýpi bilen ýürek... |
SEGSEN BÄŞIÑ SEPGIDINDE
![]() 1985-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna geçilýän gije, Täze ýylyň toýunda fantastik hyýallaryň ummanyna gark bolup, ýumşak kresloda ymyzganypdyryn. Hyýalymda ýeneki asyrlaryň bir güni janlanyp, göz öňümde herekete geldi. ...Garagumuň takyrlarynyň birinde gurlan äpet kosmodrom bal arysynyň gapyrjagy ýaly wag berýär. Her kim bir planeta öz dogan-garyndaşlaryny... |
GOÑŞOKARA
![]() ― Ýaşuly, men telewideniýeden, reportaž geçirmäge geldim. Işden soňky boş wagtyňyzy hem-de dynç günleriňizi medeniýetli geçirişiňiz barada gepleşik taýýarlamakçy bolýarys. Aýdyberiň! ― Aýtsam, men-ä et kombinatynda jan aýaman, döredijilikli zähmet çekýän. Işden geldigim, demimi dürsemäge maý ýok, ýene-de işe girişýän we öndürijilikli zähmete başlaýan. ― Ik... |