BÄŞIM NURALY
![]() Söýýän Bäşim Nuralynyň işlerin.. Söýýän sadalygyn. Ýönekeýligin. Ine, sähra gyzlarynyň döşleri Ýaryp barýar gül keteni köýnegin. Ine, çopan goşy. Ine-de, bagşy Ýüzün göge tutup, zowladyp otyr. Tamdyrda nan bişýär, ýagşydan ýagşy, Gapdalda ak köpek meýmiräp ýatyr. Göze dürbi dakyp, edibe... |
MUSA JELILE
![]() Eger öňde-soňda hakyky şahyr kim? — diýseler, adyň tutardym welin, Sen şeýle ýönekeý Hem kiçigöwün, — Bilýän, öwgim saňa ýaramaz, Jelil. Her näme-de bolsa, seni soraglap, Ýüregim kükregme urdy müň gezek. Jelil, Bu hak sözüm, — sen beýik adam, Maňa seniň bilen gü... |
REWOLÝUSIÝA
Ýigriminji asyrdy, On ýedinji ýyl. Al baýdaklar – pasyrdy, Köçelerde – il. Gerbi orak-çekiçdi, Deňlik isleýä. Bu gün köçä çykypdy Rewolýusiýa! Ýok. Birden, bir ýerden döremedi ol. Ol adam deý ilki dogdy, ulaldy, Ony gömdülerem ýedi gat ýere, Ol bolsa ýedi gat asmana galdy. Çümdi şahtalaryň sowuk çuňlugna, Söýdi garyplary – kowmy känleri. Kyn günleri ... |
• Ýazylmadyk goşgylar
Käte ownuk aladalar gurşaýar, Käte boş söhbetde gözi güldürýäs, Şonda özümizem bilmän ýürekde Ýazylmaly şygyrlary öldürýäs. Jezasy bar bu edilýän günäleň, Ol bu gün däl, biraz soňra bildirer, Bizi öňde-soňda ýürekden dömüp, Ýazylmadyk şygyrlarmyz öldürer. Гурбанназар ЭЗИЗОВ, поэт, лауреат Государственной премии имении Магтымгулы. • Ненаписанные стихи ... |
ARMAĞAN
Sevin beni - kalbim sevgiye hasret, Öyle bir hasret ki - yokdur sınırı. Ancak tek insana yeticek sevgi Ile tek bir anlık sevin siz beni. Bana çok şey büyük bir şey lazım değil: Elinizi kalbinize koyun siz. Size sevgi ile hitap ederken Sözüm yanlış anlamadan sevin siz. Sevin beni - bütün irade gücü Ile size doğru yollar yapanı. Tek başına seviyorsa her zaman Insan bıraz yorg... |
UZAK ÝAÝLADA ENÄNIŇ HÜWDÜSI
Eýýäm güneş batypdyr, Aý-da agyl atypdyr. Garagolja Serdarym Süýji uka batypdyr. Günler aýlara bakar, Aýlar ýyllara bakar, On sekizin dolduryp, Serdarym ata çykar. Jahyllygyň ýaşynda, Yşk gaýnar döşünde, Obamyzyň gyzlary Seni görer düýşünde. Ýaryň geler ýanyňa, Eneň geler zaryňa. Sen maňa az bakarsyň, Köp bakarsyň ýaryňa. ... |
GURUŇ!
Adamazat aňynyň arşa seredip, Onuň hyýalyny bilýän mahaly, Kiçi döwletleriň ula öwrülip, Ululaň asmana galýan mahaly. Unudyň owunjak aladalary, Ýurduň bir maksatly ýolunda ýörüň. Kitap okaň! ediň belent arzuwlar. Täzäni guruň! Şäher guruň – Penjiresi giň bolsun, Säher gün şähere başyny egsin. Binasy berk, belent-belent jaýlara ... |
TALANTLAR
Her kim öz ugruna talantdyr, talant! Bu dünýede talantlary gözledim. Ähli ýalançydan edýärin talap — Goý, olar talantly ýalan sözlesin. Balerina sahna çykyp, galdyrap. Ölýän guw ömrüni aýaklanynda. Men oňa diýýärin talant sen, talant! Güller bitsin näzik... aýaklaryňa. Talantly dörjeläň ýeriň gursagyn, Talantly göterliň Wenera tarap. Eger erbetlige hyýal gursaňyz, ... |
TÄZE ÝYLYŇ BOSAGASYNDA
![]() Hany, geçiň giň saçagyň başyna! Bäş minut galypdyr onki bolmana. Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna, Sarpa goýduk bereketli ummana. Döz geldik tupandyr tüweleýlere, Guran binamyza söýenýär asman. Görenler diýerler: «Baý tüweleme!» Haýran galar rowaýaty gahryman. Meň, Täze ýyl, saňa kän haýyşym ýok, Şatly... |
ÝENE HOWA GARALYP...
Ýene howa garalyp, |
''ÝOK, LUKMAN, ÝÜREGIM HIÇ KIME BERMEN'' |
ŞAHYR. OKYJY. TALAP |
ATALAR WE OGULLAR |
MÄREKE
Öz işine gümra gadym giñ jahan Käte gam getirer, käte hemaýat. Çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz, ''Öýkeni giñär!'' diýp, güldi jemagat. Ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar. Şo gyş kämil çykyp, toýa şaýlandy. Şonda ol gözeliñ ikinji sapar Owadan gözlerne duman aýlandy. ''Aýu, tula, begenjiñe aglaýañ?'' Diýip, ýomak atyşdylar gelinler. Entek nämäñ-nämedigini añmaýan Gyzlañ ýylgyrşyny gizledi ý... |
ÝETGINJEK
Öñküsine görä üýtgeşik dünýä. Nämüçindir dünýäñ öñküligi ýok. Ol özünden uly bolmak isleýär, Öz ýaşyndan uly bolup bilenok. Görýän düÿşleri hem öñküleri däl, Söýüşen gyzlary bardy bir çene. Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar Gelinleñ, gyzlaryñ gözelligine. Bir täsin täzelik gurşaýar ony, Ol häzirden görjek bolýar geljegin. Howlaýar. Ululañ yzyna düşýär, Geýýär uly doganynyñ penjegin. ... |
GOJA
B. Kerbabaýewe. Ol juda arkaýyn, Äwmän barýardy, Märekäñ içinden, ýatladyp toýy. Şemal baga çykyp, saçyn darýardy, Çünki oñ boýundan gysgady boýy. Dagyñ bir bölegi! Bölegem däl-de, Dagyñ özi ýaly parasatlydy. Deñinden geçenler biraz saklanyp, Oña baka-baka, köñül şatlady. Göge alma atsañ, ýere gaçmajak Märekäñ içinden äwmän barýardy. Agras, Ynamlydy ädim ur... |
SAG BOL, DURMUŞ...
Sag bol, durmuş! Sag bol bereniñ üçin, Şükür, saçagymda kemenok çörek. Ýöne adam Çörek bilen adam däl, Oña başga-da kän, Kän zatlar gerek. Sag bol, durmuş! Sag bol bereniñ üçin, Ýagyşlaryñ üçin, garlaryñ üçin. Ýöne ýagyş, gara juda höwrenip, Adamyñ hasratdan ölmegi mümkin. Sag bol, durmuş! Sag bol bereniñ üçin, Il deñinde ýar ýerinde ýar berdiñ. Ýön... |
GYZLARYMA
Dört gyzym, dört nury didäm, Gulak goýuñ sözlerime: Dört ogul deý, dört iner deý Kuwwat berdiñ dyzlaryma. Biriñ ýazym, biriñ arzym, Abadym, säherim meniñ. Dört diregim, dört pasylym, Baryñam baharym meniñ. Dört pasylym, dört diregim, Gündiz günüm, gije aýym. Size giñ dünýede abraý Miýesser etsin ylaýym. Namartlar kä mert ýigde-de Nähak ýere şyltak atar. Ýöne ... |
GÜNLERIMIZ, ÖMÜRLERMIZ ÖTINÇÄ...
Günlerimiz, Ömürlermiz ötinçä Merjen dänesi deý düzülmelidir. Söýgüde duýgular bolmaly inçe, Çala galplyk etseñ, üzülmelidir. Söýginiñ derdine hormat goýmaly, Şo dert bilen önýär tämiz duýgymyz. Biz elmydam hesret çekip söýmeli, Degýän bolsa şol hesrete söýgimiz! Ýene howa garalyp, ýagyş çisñäp başlady, Leýlisaçlar eda bilen saçlaryny çöşled... |
EDIL DÜÝN ÝALYDY...
Edil düýn ýalydy, Ýañy ýalydy, Sagadyñ dillerin rehimsiz towlap, Señ ýanyña duşuşuga barýanym Ädimlerim bilen elhenç sakawlap. Paýtagtyñ asuda köçelerinden Kä öñe ýörärdik, kä yza bakan. Şemal össe, tolkun atar durardy Sypaýy köýnegiñ, sypaýy ýakañ. Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok, Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar. Sen saga sowuldyñ, Men bolsa çepe. Seni ençe... |