Результаты 1-14 из 14 по запросу Gylyçmyrat Kakabaýew

DÜZME

Bu gün düzme ýazyň özüňiz hakda,
Geçmişiňiz hakda, geljegňiz hakda.
Ýüregňizi beren gyzyňyz hakda,
Eda bilen söýýän gerçegňiz hakda.

Bu gün düzme ýazyň öz ömrüňizden,
Öz döredijilik ýoluňyz hakda.
Hyýalyňyz hakda, arzuwňyz hakda.
Bar zadyňyz hakda, ýoguňyz hakda,
Ýazyň şu gün näme bolsa gursakda,
Isläň-ä ýürege, isläň depdere,
Ýazyň ýöne ýatdan çykmajak ýere.

Bu gün düzme ýazyň özüňiz hakd...
Täzelikler » Goşgular - 19.03.2023

DILLI TÜÝDÜK

"Gelsin-eý Aýjemal,
Gel-eý Aýjemal",
Zaryn owazyny dilli tüýdügiň,
Äkitmeýär häzir ötegçi şemal,
Sarsdyrmaga gyz öýüniň tüýnügin.

Aý ýüz Aýjemal ýok,
Şemal ýok, ýel ýok,
Bu wagt juda tukat ýalazy meýdan.
Meýdanda heserli mukamdan ýer ýok,
Heseri hesel deý ýalady meýdan.

Bu ümmülmez sähr...
Täzelikler » Goşgular - 19.03.2023

SÖZ

Oglanlar, ölüm hakynda azrak ýazyň! Söz gaty güýçlüdir. Sözüň ýazylany ýakyna getirmäge-de güýji ýetýändir.
B.Pasternak


Diriligiň diregi
Duzdan seresap boluň.
Ýyladyň bir-biregi,
Buzdan seresap boluň.

Ýaprak bolup dökülýän,
Güýzden seresap boluň.
Sandyraklap epilýän,
Dyzdan seresap boluň....
Täzelikler » Goşgular - 15.03.2023

GÜNÄSIZ GYZJAGAZ

Liwanyň köçeleriniň biri okkupantlar tarapyndan bombalanan wagty goşa garaçygyndan mahrum bolan arap gyzjagazy Mawiýa bilen söhbet

- Aýtsana, jigim, näm üçin Feýruz
Öňküleri ýaly aýdym aýdanok?
- Feýruzyny diňläp bilenok Beýrut,
Onuň sesin bogýar şuwlap gaýdan ok.

- Uýajygym, köp külpetli külbede,
Dynma...
Täzelikler » Goşgular - 12.03.2023

GYLYÇMYRAT KAKABAÝEW (1959-2014)

Gylyçmyrat Kakabaýew 1959-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäherinde eneden bolýar. 1979-njy ýylda Aşgabatdaky 9-njy orta mekdebi tamamlandan soň, şol ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edeb...

JEÑ

Men jeñ,
Ýenjen
Ençäñ garabaşyny,
Jenjel ýok ýerinde görkezýän ýeñsäm.
Şowhunly şäherleñ galabasynyñ
Gabarasyn etdim ýer bilen ýegsan.

Men jeñ.
Meñ dilime dünýä düşünýä,
Men näçe gowgany başdan geçirdim.
"Ganly ýekşenbäni" getirdim dünýä,
Ganly ýekşenbäni dünýä getirdim.

Men ne ula, ne-de çaga dözerin,
Bir derýa men, gark ederin kenarym.
Şöhraty men şadyr şazadalaryñ,
Ha...
Täzelikler » Goşgular - 09.05.2022

DÜÝŞ

Kim aglaýa, kim gülýä,
Kimler ekýär "bolsady".
Derdi ýetik bu dünýä,
Düýşe meñzeş bolsady.

Gamhorlar şada ýeter,
Işler bolar oñuna.
Mätäç myrada ýeter,
Ogulsyzlar - ogula.

Mañlaýy gasyn-gasyn,
Çal çokully eneler,
Ýyllañ gözüne basyp,
Gelinligne dolanar.

Ýer ýüzüne ýaýarlar,
Atparazlar adyny.
Badyhowa baýarlar,
Alar üç-dört hatyny.

Söýlenmedik s...
Täzelikler » Goşgular - 28.04.2022

DUTAR HEM GYLYÇ

Däli derýa çyrpynsa-da ömürlik,
Nesiller ornuny çalşyp gelipdir.
Dünýe döräp haýyr-şere öwürlip,
Gylyç bilen dutar salşyp gelipdir.

Ejirden egbarlap ili türkmeniñ,
Egsilse-de dulda çöregi-duzy,
Gylyçsyz bolmandyr bili türkmeniñ,
Dutarsyz bolmandyr türkmeniñ duly.

Mizana münende bu iki gural,
Gylyçly tarapy egsik gelipdir.
Ýasda aglap, toýda meýlisler guran
Dutar il derdini egsip ...
Täzelikler » Goşgular - 09.04.2022

KÄRIZ

Baba Annanowa

Pedermiñ pederi düýşüme girip,
El ýetirdi dulda duran ýassyga.
Asyryñ, ýyllaryñ perdesin syryp,
Gorka-gorka göz aýladym aslyma.

Ýassygy tirsekläp ýatyr Merdemlik.
Eý-aman!
Dilimi dişledim haýgyp.
Ýatyr Gaýduwsyzlyk.
                               Ygrar.
            &n...
Täzelikler » Goşgular - 07.07.2021

ÝATLAMA

Sapdyň. Sada söýdüň, sada synadyň,
Säherler senada ýada saldygym.
Alyp gitdiň şäherimiň zynatyn,
Ýolup gitdiň karar kirşin kalbymyň.
Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim,
Permanym pes gelip pälwan pelekden.
Sensiň diýip bagrym dilip diňledim,
Gök titredip aglanynda melekler.
Nerkes gözüň nury öçdi gussada,
Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme.
Kaýyl däldik beýle ýowuz kysmata,
Taýyn däldik beýle agyr hi...
Täzelikler » Goşgular - 03.11.2019

GARABAGYR

Ogullar uzakda kösenýär käte
Büdreýär. Dikelýär. Ýanýan ýene sen.
Zürýadyň deregne düşersiň oda,
Sebäp sen Enesiň,
sebäp Ene sen.

Ogullar gidip dur, ýetişip kileň,
Ine, ýene biri düşmekçi ýola.
Ugradýarsyň ony ýagşy net bilen,
“Sag gidip, aman gel, bikarar bala!”

Ugradaňok ony gitsegelmeze,
Ugradaňok ony jellat jeňe sen.
Ýöne bir gorky bar:
Gitse…
Gelmese…
Ýanjak ý...
Täzelikler » Goşgular - 30.10.2019

SAPDYÑ. SADA SÖÝDÜÑ...

Sapdyň. Sada söýdüň, sada synadyň,
Säherler senada ýada saldygym.
Alyp gitdiň şäherimiň zynatyn,
Ýolup gitdiň karar kirşin kalbymyň.

Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim,
Permanym pes gelip pälwan pelekden.
Sensiň diýip bagrym dilip diňledim,
Gök titredip aglanynda melekler.

Nerkes gözüň nury öçdi gussada,
Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme.
Kaýyl däldik beýle ýowuz kysmata,
...
Täzelikler » Goşgular - 01.10.2019

Naýbaşysy bolmasa-da nagyşlañ ,
Señ mähriñ ýeterlik
törüm bezäre .
Ýylylyk tapamok tomusda ,
gyşda ,
Seniñ ýyly mähriñ bile deñäre .

Kä mübtela bolup zerur işlere ,
Gaýgylañ gatynda galan çaglarym ,
Ýüregime giñlik beren ,
güýç beren
Mähriñ bilen
çöken göwnüm çagladym .

Seniñ ala gözleñ ,
görküñ ,
edebiñ
Ýugrulan
ýürek deý ýyly mähriñe .
Men şeýle mähiri arzuw ederin...
Täzelikler » Goşgular - 28.07.2018

Ýazyň ýeter güýzüňe,
Ömür iki gezek däl.
Şoň üçin ikimize,
Artyk hiç zat gerek däl.

Saralmasyn gül meňziň,
Ir solmasyn gül beden.
Ikimize bir menzil,
Ikimize bir bedew.

Dünýe maly bir püçek,
Bolsa öýde garaşýan.
Ikimize bir üçek,
Ikimize bir asman.

Söýgiň bolmaz dermi-sal,
Söýgiňe sarpa goýdum.
Ikimize bir wysal,
Ikimize bir aýdym.

Ikimize bir şatlyk,
Iki...
Täzelikler » Goşgular - 22.07.2018