Результаты 1-20 из 135 по запросу Gyzylgül Annagylyjowa
OÑ SESI...
Depeden depä çykyp, Gagyldasa gargalan, Haram läşleri çokup, Ýigrenilen gargalañ, Dünýäñ eýesi ýaly, Oýnaýan oýunlarna, Haýran galyp oýurgandym, Çaga ýaly boýurgandym. Boýurganmam, Päk ynsabyñ, Çekýän jebriniñ agysy. Heý, öçermi "Wyždan" аtly, Bitmezek ýarañ awusy? Ejizlärmi heý-de, bürgüt, Görende erkin tawusy? Emma, Ygtyýarsyz bürgüt gördüm, Gysylypdyr ... |
ÝETMEÝÄN ÝALY...
Ähli zadym jem bolsa-da, ruhuma, Nämedir bir zad-a ýetmeýän ýaly. Dünýäni ýyladan çogly Güneşiñ, Ýylysy süññüme ötmeýän ýaly. Oñ ýetmezi näme, näme ýetenok, Ejir çekýämi ol göýdügen añdan? Razy bolman eýesiniñ keşbinden, Döredesi gelýämi ýa ýañadan. Ruhum bilen öz aramda söweşip, Düşüpdim tas diwananyñ ýoluna. Belki-de, ahyry surnugan ruhum, Dolanar öz dolanmaly donuna. ... |
KAKA!
Sen gideñsoñ dünýämizden aýrylyp, Üstümi çal duman büredi, kaka! Gursagymdan bir zat sogrulan ýaly, Içimde bir boşluk döredi, kaka! Ol boşlugy hiç zat dolup bilenok, Ýogsa, ýetik şükür bilen toba-da. Kaka, sen bolmasañ, az bolýar eken, Barsam gujak gerýän tutuş oba-da. Ýaradandan razy! Ömrüñ dowamy, Señ ýaýran nahallañ boý alýa, kaka! Baryñda panyny bakydyr öýden, Gyzyñ öñküden-de, ... |
"MEN SENI ÝITIRIP, ÖZÜMI TAPDYM..."
"Men seni ýitirip, özümi tapdym". Ýogsa, çümüp gidipdirin hyýala. Indi ýuwaş-ýuwaş sowaşýan göwün, Meñzäp barýa sowan çaýly pyýala. Eger göwün meñzeş bolsa pyýala, Hödürlenip teşne däle oñ çaýy. Lezzeti duýulman yşk nabadynyñ, Dökülenem bolsa, binesip paýy. Duşarsyñ çyn teşnä, günleñ bir güni, Eý,meniñ yşk doly pyýala göwnüm. Aýnasyñ, döwülmek ähtimallysyñ, Al... |
ÝYLLAR
![]() Ýyllaryň geçerne howlugardym öň, Indi arzuwlaýan yza teserin. Tesmeýär ol, diňe hakydamyzda, Ýazyjy deý goýup gidýär eserin. Ýöne, ol eserleň galam hakyna, Alyp gitdi juwanlygyň heserin. Şoň üçinem giç bolmanka agtaryp, Geçip giden ýyllaryň iň ýeserin, Geçilen ýyllary ýüň ýaly egrip, Ele alyp kämilligiň keserin, Dokamaly bir halym bar, o... |
"SENI TAPYP, MEN ÖZÜMI ÝITIRDIM...".
"Seni tapyp, men özümi ýitirdim". Ýitirip ýolumyñ ugur-utgasyn, Özüm undup, ýol ýasap señ köñlüñe, Men nämä deñäýin, bu yşk utmasyn? Yzladym köñlüñe barýan ýoly men, Ähli ýodalardan bu ýol has möhüm. Dideleriñ eken, dünýäni dörüp, Agtaryp tapmadyk zyýaratgähim. Görlüp-eşdilmedik keramat ýaly, Men señ köñlüñ gapysyndan ätledim. O gapyny açmazdan öñ hamana, Bu ... |
PERWAÝSYZLYK
Akyp ýatyr ol göwünli-göwünsiz, Derýa däl-de, şor suw akýan jar ýaly. Ony gozgamaýar üstünde gurlan, Köprüsinden kimiñ geçip barýany. Ötegçiler dertlimi ýa şadyýan, Ýananda nä, köz bolup, ojar ýaly? Tanamaýar, tanamagam islänok, Ygşyldaşýan gamyşlaryn orýany. Hüwdülänok, bir geñsije saz edip, Kenarynda çeññegini gurýany. Göräýse-de, çyrpynanok öñki deý, Iki dünýäsini deñläp barýany, Jany... |
GIZLIN SÖWEŞ
Örän gizlin söweş yglan edipdim, Señ bilen başymyñ çatylan güni. Yşkdan bina bolan köñül şährime, Atom bombasynyñ atylan güni. Ýykyklygna goýdum idemedim hiç, Ýykylan göwnümiñ harabasyny. Müñläp duýgularmyñ leşgerin jemläp, Yşk okundan ýükli arabasyny, Ýolladym señ köñlüñ basyp almaga, Olar ýeñdi hem ýerledi sen taýa. Menem göçüp bardym, bar goşum bil... |
LAL GYZA...
Gulagyñ eşdenok, gürläp bileñok, Bize tanyş dilde, biziñki ýaly. Diliñe düşünmän adam sürüsi, Señ adyñ yzyna dakdylar "Däli". Däli bolmasam-da, telbe dünýämi, Syrdaş saýyp käte gelýañ ýanyma. Çynyñ bilen gürrüñ berýäñ bir zatlar, Men diliñe düşünýän deý, hamala. Düşündirýäñ hereket hem üm bilen, Ejeñ, daşbagyryñ taşlap gidenin. Kakañ bolsa baka göçüp b... |
DÄLI GELIN
Gapy-gapy aýlanyp ýör, Obamyzda däli gelin. Göwnün tapyp sözleşäýseñ, Dürdäne-de ýaly gelin. "Eý, waý, däli gelýä."- diýip, Çagajyklar gaçyp gider. Gapysyny açanlara, Ol hem göwnün açyp gider. Gapy kakyp dileýäni, Bir döwümjik çörek onuñ, Açylmadyk gapysy bar, Çünki, onuñ ýüreginiñ. Öñ dutarda saz çalardy, Şoñ bilen toý toýlanardy. Ýigitleri bendi eden, ... |
KÖLEGÄM
Bir zat berilýän bolsa, Her Saba dilegime, Dünýäni döreden Tañryñ, Öwrülip Melegine, Çöllerde ýol ýitirip, Jöwzada jowranany, Hazan uran ýelleriñ, Saman deý sowranyny, Bir gysym gowurga deý, Durmuşyñ gowranyny, Kelep ujyn ýitirse-de, Mertleriñ dogranyny, Sygdyrasym gelýä meñ, Kiçijik kölegäme. Ýöne, Dilegem, Melegem, Aýlap bilmez tersine, Äpet çarhyn ... |
ÝOL
Sataşyp bir derde, ertekilerde, Ýola çykan her bir gaýratly merde, Üç ýol garaşýardy, uzak bir ýerde, "Gitse-geler", "Gitse-gelmez", "Gümana". O ýodalar bir-birinden aýrady, Ilersi- ileri, gaýra-gaýrady, "Gitse-gelerinde" guşlar saýrasa, "Gümana ýol" gaplanypdy dumana. Menem hyýallarmyñ raýyny ýykman, Öz saýlan ýolumdan gitjekdim, hökman, Çolaşan ýollarda "Ýol ýazgy" tapman, Seretmek ... |
MEN
Men deñizdir-derýalara, Gujak geren kenaram däl. Añyrsyna göz ýetmeýän, Ter çemenli sonaram däl. Köki zemin çuñlugyna, Uzap barýan çynaram däl. Gözelligi şygyrlarda, Wasp edilýän enaram däl. Ýol ugrunda çelgi bolup, Her ötegçä saýa bolan. Bir gojaman balhy tuduñ, Çürbaşynda ýalñyz galan. Ýönekeýje ýaprag-a men, Terk etmedik şahasyny. Ygyp gitmän ýel ugruna, ... |
GIZLIN SÖWEŞ
Örän gizlin söweş yglan edipdim, Señ bilen başymyñ çatylan güni. Yşkdan bina bolan köñül şährime, Atom bombasynyñ atylan güni. Ýykyklygna goýdum idemedim hiç, Ýykylan göwnümiñ harabasyny. Müñläp duýgularmyñ leşgerin jemläp, Yşk okundan ýükli arabasyny, Ýolladym señ köñlüñ basyp almaga, Olar ýeñdi hem ýerledi sen taýa. Menem göçüp bardym, bar goşum bilen, Täze şäher, köşk-eýwanly şol... |
DAGLAŇ ALGYR LAÇYNY MEN...
Kapasada dünýä inen, Daglañ algyr laçyny men. Emma, diñe göwräm sygar, Kapasanyñ içine meñ. Öñde-soñda, owal-ahyr, Bu dar ýere göwnüm sygmaz. Baş egmezek bu baş diñe, Düýşde-huşda daga sygnar. "Daglar" diýip, daşy ýaryp, Böwsenimde kapasany. Zakyja señrigin ýygrar: "Uçuşyñ göreýin hany". Öwretmäñ siz uçmaklygy, Pessaý uçan guşlar maña. Öwretd... |
DUTAR ÇALASYM GELIPDI...
Aýdýan aýdymlarma goşup, Dutar çalasym gelipdi. Onuñ bilen deñ aglaşyp, Deñem gülesim gelipdi. "Añryñda bagşy ýok" diýip, Maña rugsat bermediler. Şeýdip ähli höwesime, Beýik haýat germediler. Şükür, indi dulumyzda, Asylgy dur, gazma dutar. Täleý mañlaýma ýazypdyr, Sazy söýýän sazanda ýar. Sazyñ çyn aşygna gowşup, "Bol, çal!" diýer her kim maña. ... |
AŇMADYLAR...
Dürlere gatyşmadyk, Bir dänejik dürdügimi, Zergäre sataşmadyk, Bir zerrejik zerdigimi, Pikir etmän, Añşyrman, Biri maña "Dana" diýdi, Biri: "Bolşuñ näme?" diýdi, Kimse meni adyl saýdy, Kimse bolsa duşman saýyp, Diýdi: "Dardan asylsady". Herkim baha berdi, Göwnüne görä. Hiç kim tanamady, Göwnüme görä. Meniñ bolsa, Asmakçy bolýanyñam, Garynja deý üstümden... |
ARZUWLAR
Bu göwnümiñ arzuwlary, Beýik daglañ depesinde. Oña tarap ylgaý-ylgaý, Dynyp barýa nepesim-de. Dag gerşine çykabilmän, Aýaklam diýdi: "Bes indi". Nepesim nepese ýetmän, Diýdi: "Umydyñ kes indi". Bu nalyşa dözebilmän, Umydym yza tesende, Ynamyñ ýagty çyrasy, Şöhle saçmasyn kesende, Umydyñ gollarna berip, Alawlap ýanýan kesindi, Men ýene-de ýola düşýän... Gözel baglañ kölge... |
ENEMIÑ GÜRRÜÑLERI...
Oba, Uruş döwrüniñ yz ýany, Hatar-hatar tam kepbeler. Ählisi hem birmeñzeş, Içinde ýokdy ketdeler. Olañ baryn ýok edipdi şuralar. Toba, Biziñ ilde öz ýanyndan şir olar. Gumaksy ýoda, Hemme ýolagçy. Ýek-tük atly bolaýmasa, Kimsi eşekli, Kimsi pyýada. Hemmäñ egni, Göwşülläp giden eşikli. Ýekeje toý dony bolan, Birje-de täze köýnegi, Öýlänligi, hör... |
LAL GYZA...
Gulagyñ eşdenok, gürläp bileñok, Bize tanyş dilde, biziñki ýaly. Diliñe düşünmän adam sürüsi, Señ adyñ yzyna dakdylar "Däli". Däli bolmasam-da, telbe dünýämi, Syrdaş saýyp käte gelýañ ýanyma. Çynyñ bilen gürrüñ berýäñ bir zatlar, Men diliñe düşünýän deý, hamala. Düşündirýäñ hereket hem üm bilen, Ejeñ, daşbagyryñ taşlap gidenin. Kakañ bolsa baka göçüp bimahal, Garry eneñ gözün ýaşlap ... |