Результаты 1-8 из 8 по запросу Hajy Kakalyýew

KÖK

Täç edýän başyma emer-damary,
Men - köküne maýyl teşnäniň biri.
Her setiri - dagyň mermer kemeri
Pyragydan gaýdýan çeşmämiň ugry.

Birjik kast etmedim tebigylyga,
Ýöne, agyr ýüke meýlim bolanda
Ýazýan aýdymlarmy men höwes bile,
Hem ene dilimde, hem rus dilinde.

Ýüzüp ummanynda ýüz dürli diliň,
Süzüp dürli döwrüň rüstemligini.
Göwnüm küýsän dilde gepleýär dilim,
Ýitirmän birjigem türkmenligimi...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

WATAN ÖZ OGULLARYNY GARŞYLAÝAR

Gulluk edip görmedim men Owganda,
Boldy onda ýoldaşlarmyñ ençesi.
Günortada, alys ýurtda, o ýanda,
Eşdilip dur şindi-şindem jeñ sesi.

Joş urýar bir mukam kalbymda meniñ,
Azatlyk, erkinlik dilde dessanym.
Meñzemän Grenada ykbalyñ seniñ,
Söý, owgan, öz azat Owganystanyñ.

Ganojak zalymlar tanaman deñin,
Gögertmek küýünde bet pygyllary.
Boldular gurbany bu karam jeñiñ
...
Täzelikler » Goşgular - 09.05.2022

▶ Begmyrat USSAÝEW:

- Biziñ ýurdumyzda durmuşyñ ähli meselelerinde, ähli pudaklarynda uzak wagtlap durgunlygyñ bolandygy SSKP MK-nyñ aprel (1985-nji ýyl) Plenumynda hem-de SSKP-niñ XXVII gurultaýynyñ materiallarynda esasly nygtaldy. Şonuñ üçin hem ýurtda Oktýabr rewolýusiýasynyñ ruhunda täzeden gurmaklyga girişildi. Durgunlyk başga ugurlarda bolşy ýaly, edebi döredijilikde-de boldy. Edebi tankytda ol hasam çökder duýuldy. Dişliräj ýazylan tankydy materiallary çap etdirmek juda kyn d...
Täzelikler » Edebi tankyt - 10.03.2020

MERDANA ESGER

Näbelli ýok munda, ol Belli esger,
Ady dünýä ýaýran gudratylla ol.
Gudratam alnynda, meger, baş eger,
Taýdyr milýon-milýon ady bellä ol.

Erk edýär ol esger egsilmez güýje,
Didelerden köñül törüne çenli.
Bardyr ol gerçekde dürli dereje:
Watançy, Gaýduwsyz, Merdan, Edenli...

Dünýäniñ öñünde haklap borjuny,
Ýowuz jeñde bize bolupdy pena.
Oña tagzym edýär indi barça il,
Oñ ady dünýäniñ...
Täzelikler » Goşgular - 08.07.2019

OWAZ

Söwer ýar, men seniñ mydam kalbyñda,
Men hemişe seniñ ýazyñdadyryn.
Jeñe ugradañda göz gyýtagynda,
Maña bagyş eýlän näziñdedirin.

Söwer ýar, men hyýalyñda-oýuñda,
Men hemişe seniñ ýazyñdadyryn.
Meniñ merdemligim hemem mertebäm -
"Jan" goşup tutulýan adyñdadyryn.

Söwer ýar, men elmydama gaşyñda,
Men hemişe seniñ ýazyñdadyryn.
Seniñ deñsiz-taýsyz ýylgyryşyñda,
Ruhuñda, demiñde, janyñdadyryn. ...
Täzelikler » Goşgular - 29.06.2019

ÝURT GADYRY

Käte-käte ogullardan hat gelýär,
Käte jañ edýärler gözel illerden.
"Aman-esen okap ýörüs" diýen söz,
Rahatlyk getirýär uzak ýollardan.

Diýýärler: "Biz halda alada etmäñ,
Arkamyzda ýurdumyz dur dag bolup".
Ýaş aýlanýar eneleriñ gözüne,
Hoş habara göwünleri çag bolup.

Bu günlere mübäreklik ýaraşýar,
Ogullar kämillik menzilne ýeten.
Ene-ata Watan bolup garaşýar,
Ene-ata bolup garaşýar W...
Täzelikler » Goşgular - 26.06.2019

ALTYN ALMAN GELME, BALAM

Ýaryş sary uçar bolduñ,
Altyn alman gelme, balam!
Ýeñiş diýip göçer bolduñ,
Altyn alman gelme, balam!

Sen ýat ýerde, uzak ilde,
Meniñ munda gözüm ýolda,
Bu zatlar bardyr ykbalda,
Altyn alman gelme, balam!

Eşit meni, ýakyn-ýadym,
Altynjanym - göwün şadym,
Körpe guzym, köñül badym,
Altyn alman gelme, balam!

Türkmen iliñ - arkadagyñ,
Asyl köküñ, şamçyragyñ,
Hoş bolsun senden...

Täzelikler » Goşgular - 01.11.2018

Geldiň, bahar, durmuşa jan getirdiň,
Giň asmandan dökýäň tylla-merjeni.
On altymdan on ýedime ýetirdiň.
Hiç unudyp bilmen asyl men seni.

Hawa, seni gördüm on alty gezek.
Emma on ýedimiň bahar-ýazyny,
Aýdym ýaly gursagymda göterip,
Dutar alyp çalaryn oň sazyny.

On ýedi ýaşymda gül açan bahar,
Maňa giň durmuşyň şa ýolun açdyň,
Deňiz bolup joşýan gül ýaşlygyma
Baky gülgüzarly nuruňy saçdyň.

Sagbol ...
Täzelikler » Goşgular - 22.08.2018