Результаты 1-20 из 104 по запросу Has Türkmеn

Has Türkmeniñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Şenbe, 27.05.2023 ý.


Islendik meselede üçünji tarap bolup baha kesmek, pelsepe ýüwürtmek aňsat. Emma özüňe gezek gelende welin, başgalara kesýän akylyň, ýüwürtýän pelsepäň aradan aýrylýar. Munuň şeýledigine kitaplardan birnäçe mysal getirse bolardy. Ýöne beýtmän, öz gören zat...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 27.05.2023

Has Türkmeniñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Şenbe, 20.05.2023 ý.


Şu gün işlerimden sypynyp, körpämiñ "Diller dünýäsi" dil merkeziniñ mekdebe taýýarlyk kursunyñ gutardyş dabarasyna gitdim.
Bu barada ýazar ýaly üýtgeşik sebäbem ýokdy welin, bir geliniñ bolşy ünsüme düşdi-de, siziñ bilen pikirimi paýlaşasym geldi. ...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 20.05.2023

NUKDAÝNAZAR

atly täze sahypamyza hoş geldiñiz!


Uzak wagta çeken işlerimiziñ netijesini gazanyp ugradyk. Şu günden şeýläk kitapcy.ru saýtynda hemişelik blogger-awtorlar topary işläp başlar.
Kitapçy saýtynyñ ýörite awtorlygyna saýlanyp alynan bu toparyñ sanawyny häzirlikçe okyjylara mälim etmekden saklanýarys. Ony "Nukdaýnazar" bölüminde berilýän g...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 19.05.2023

GUÝUDAN ÇYKMAGYÑ SYRY

YouTube kanallaryñ birinde haýyr bilen şeriñ ebedilik tutluşygy, durmuş hakdaky gyzykly bloglaryñ aşagyna teswirde diñleýjileriñ biri gyzykly tymsal ýazypdyr. Ony "Gündeligime" girizmän bilmedim. Ünsümi çeken ol tymsal siziñ hem ünsüñizi çeker diýip umyt edýärin:
Bir daýhanyñ eşegi atdanlykda guýa gaçypdyr. Daýhan näme etjegini bilmän aljyrap durka, e...
Täzelikler » Ýatlamalar - 02.05.2023

UMMA

Uzak ýoly geçip geldiñ şu güne,
Argyndygyñ bildirýär-ä gözüñden.
Gutarma ýok ýalançynyñ gamyna,
Hernä Hudaý paý beripdir dözümden.

Ýogsam bu dertlere çydar ýalymy,
Birde gülüp, birde aglap geçmeli.
Indi her gün ýada düşýän ölümi,
Üýşendirip tüpeñ deýin göçmeli.

Goý, ölüm utansyn biparhlygyñdan,
Ýanaşm...
Täzelikler » Goşgular - 29.03.2023

EKSPROMT

Giriñe düşenmi begenip aýdýañ,
A nämüçin gorkýañ öwrenişmekden.
Ýaşamak isleýäñ berlenje ömri
El çekip ahmyrly zeýrenişmekden.

Haýwanlar ysgaşyp göwün tapyşsa,
Adamlar soraşyp taparmyş diýrler.
Piñime-de alman dünýä gapyşsa,
Ýa ünsümi sowmaz periler-hüýrler

ýene agyr geler señ mylakatyñ,
Na...
Täzelikler » Goşgular - 27.03.2023

AWTOBUSDA

Şu gün awtobusda barýarkam bir zat ünsüme düşdi (köpüñ içinde bolsañ, kän zat ünsüñe düşýär).
Adatça awtobusyñ ýolagçysy gaty az bolmasa oturjagam bolamok welin, ýadawrak bolamsoñ yzrakdaky boş oturgyçlaryñ birine lampa özümi goýberdim. Awtobus Büzmeýiniñ içinde köp säginýär. Şonuñ üçin şäherden çykmanka dolañkyrlady. Onýança-da ýetmişe golaýlan bir rus daýzasy m...
Täzelikler » Ýatlamalar - 14.03.2023

ALAGARAŇKY ÝAGTYLYK

Ertir işe çykmaly diýlen güni – 5-nji ýanwarda, geljek gelip, gitjek gidip, anna agşamyny sowandan soň, on gün bäri syrylmadyk sakgalymy syrdym. Çekgämde birdir ýarymdyr çalaran tarlar görünip başlanam bolsa, sakgalyma beýle ak düşendir öýdemokdym. Belki-de günde-günaşa syryylyp ýörlensoň, öň intipis eden däldirin. Paýawlap barýan gamsyz ýaşlygymyň, ýigitligimiň iň soňky bosagasyna gelendigimi, dünýäniň geldi-geçer gaty köp mazasy bilen hoşlaşmaly bolandygymy duý...
Täzelikler » Ýatlamalar - 07.01.2023

TÜKGERIP GALAN ŞÄHER...

Ykbal uly höwes bilen başlan “Gündeligimiň” arasyna bir hepde salmaga mejbur etdi. Ýyl aýaklap gelende – 25-nji dekabrda, ýekşenbe güni giçlik körpe jigim dümewlän ejemi agyr ýagdaýda obadan getirip, şäheriň S.A.Nyýazow adyndaky hassahanasynyň reanimasiýa bölümine ýerleşdirendigini habar berdi. Öňdenem süýjüli diabetden ejir çekýän ejem iki günläp aýňalybilmedi. Soňky döwür süýjüli diabet (halk arasynda aýdylyşy ýaly "süýji kesel") hem milletiň başyna bela bo...
Täzelikler » Ýatlamalar - 04.01.2023

AKDAŞAÝAKDA

Düýnki başlangyç ýazgymy ýazyp bolandan soň belli şahyr, ýazyjy, dramaturg Guldurdy Sähetdurdyýewlere gitdim. Guldurdy aga gürrüňçil, gürrüňini sagatlap diňläp otursaňam irizdirmeýän adamlardan. Özem onuň gürrüňçiligi edil döreden eserleri ýaly beýleki ýazyjylaryňkydan görnetin tapawutlanýar. Berýän gürrüňi boýunça öz netijesini mälim etmegi iň soňuna goýup, ilki seň pikiriňi we netijäňi soraýar. Özüňi edil okuw sapagynda, ekzamende ýaly duýýaň. Meň aňşymça, ol orta atan...
Täzelikler » Ýatlamalar - 25.12.2022

GÜNDELIK

• Döwletli ojakda berlen badalga

Ömürboýy gündelik ýöretmegi arzuw edip gelipdim. Eýýäm on-on iki ýaşly çaga wagtymdan bäri birgiden çeper oý-hyýallar, arzuw-umytlar aňda gaýmalaşýardy. Kämahal dagy sag elimiň süýem barmagyny howada eýläk-beýläk çyzyşdyryp, ýazyşdyryp, özümçe bir zatlary ýazan bolýardym. Hamana diýersiň, şol oý-pikirler howada ömürlik...
Täzelikler » Ýatlamalar - 24.12.2022

SEN KİTAP YAZ..

Sen kitap yaz,
Görülmemiş kitap ýaz...
Yayınlanmaz diye olmasın gam'ın.
Parçalanmış mesaj gibi savrulsun,
Kalbe keder veren pişmanlı dün'ün.

Sen kitap ýaz,
Duyulmamış kitap ýaz...
Geçmez diýe korkma kitap dükkanda.
Bışey bilmediğini anlasın cahil
Kitabın adını okuduğunda.

Sen kitap ýaz,
Okunmamış kitap ýaz...
Okumazlar diye duyma endişe.
Bak sen,
Tatlı öykümü...
Täzelikler » Goşgular - 14.11.2021

DAGA GIDESIM GELDI

Şol gün ýüregim gysdy,
Daga gidesim geldi.
Kapyr Şetdat saldyran,
Baga gidesim geldi.

Dünýäñ agypdyr eñki,
Ne nury bar, ne reñki.
Barýan ýoly garañky,
Aga gidesim geldi.

Jahan ikä ýarylan,
Çyn galada garylan.
Dag-gowakdan örülen,
Çaga gidesim geldi.

Jigerimi ýarala:n,
Kaýda köñül arala:n...
Tur dagyny parala:n,
Çoga gidesim geldi.

...
Täzelikler » Goşgular - 08.10.2021

TÄÇ

Goşgy ýazýañ.
Tanalañok obañda
Ýat obalar depesine täç edýär.
Ýaşaýyş gyýgyny ajatdygyça
Şygyrlarñy öñküdenem süýjedýär.

A men nana çalyp iýesim gelýä,
Seniñ mesge ýaly beýitleriñi.
Maña näme kim söýende gaýkyny,
Goý, öwsünler küýki "seýitlerini".

Käte ýazan goşgularñy okaýañ,
Mawy ekran dönýär mähir ojagna.
Gaçyp, özüñ zyñaýasyñ gelip dur,
Şol ojagyñ imisala gujagna.

...

Täzelikler » Goşgular - 10.09.2021

BIR GURBANLYK GOÝNUÑ HEKAÝATY

Pylan şäheriň pylan ýerinde ortaça ululykda bag-bakjaly howlusy bolan bir maşgala ýaşapdyr. Olar Gurban baýramynyň gelerine dört aý galanda “Gurbanlyga çenli ulalar we gurbanlyk etmeli ýaşa ýeter” diýen niýet bilen bir guzy satyn satyn alypdyrlar. Muňa iň köp şatlananam maşgalanyň dört ýaşlyja gyzy bolupdyr. Ol uzakly gün guzujyk bilen oýnap, oňa terje gök otlary ýygyp beripdir.
Naşyja guzujyga “Akja” diýibem at dakypdyrlar. Akja öýdäkiler şeýle...

"SEN BOLSAÑ..."

Dünýämiziñ şeýle uçurymlaşyp,
Kä ýerde daralyp, käte giñelşip,
Ýaşaýyşyñ juda çylşyrymlaşyp,
Durmuşyñ düşnüksiz durka girjegin,
Adamlaryñ bir-birinden irjegin.
Hem wepasyz dostlañ köpeljegini,
Göwün atly Käbäñ ýykyljagyny,
Sorup loly dünýäñ kyrk emjegini,
Agzyndan süýt ysy gitmedikleriñ,
Magtanyp eden-u etmediklerin.
Ýok gepiñ çişirip esseme esse,
Mugt paýlaýarka desseme desse,
Her öñ...
Täzelikler » Goşgular - 20.05.2021

MEN GELDIM!

Men geldim!..
Bu nedir?
Oýunmy?
Hile?
Çatrykda.
Somsaýak.
Göz bolup ile
Seni görmek ücin garaşyp durun...
A sen bu gezegem gijigip geldiñ.
Geñ...
Gijä galsañam kesewä dönen
Solgun duýgularma
Ölen ýüregme
Nem syzdyryp
Ýene hyruç berişiñ.
Heniz girmesem-de ýyly gujagña
Mylakatyñ bilen ganat gerişiñ...

Men geldim!..
Bu nedir?
Huşmy?
Hyýalmy?
...

Täzelikler » Goşgular - 09.03.2021

ORADUR PAJYGASY

"Gaýgy-hasrat eýeläpdir kalbyny,
Ony egsip bilmez ýyllar, asyrlar.
"Zemini uruşdan goralyñ!" - diýýär,
Mermere öwrülip, köýen nesiller."


Bu setirler belli şahyrymyz Allaýar Ç...

DERWÜŞ

Il-gün üýşer.
Ýakyn geler.
Ýat geler.
Süýji-süýji arzuw besläp toýuña.
Çagyrylyp,
soñam ýatdan çykarlan
Meñzäp alyslardan gelen derwüşe
Menem bir gyrada ümsüm oturyp
Gözlerimi ajy ýaşa dolduryp
Sereder duraryn derek boýuña...
Aýyp.
Diýseñ aýyp!
Geçeni ýatlap
Seni öwran-öwran guçanym ýatlap
Goşgy ýazan bolmak, <...
Täzelikler » Goşgular - 29.07.2020

SENIÑ MIRASYÑ

Eýjejikdiñ.
Ýakymlyja peridiñ.
Toýnuk gurap geçip barýan ýyllaryñ
Gabagymyñ töweregne aýlaýan
Halkalarny özüme-de bildirmän
Ýüpek saçlañ bilen ýülmäp, süpürip
Müşki-anbar ysly mähre ýugrulan
Tebigatyñ gülden ýasan ýagydyñ.
Öñ bagtdan jyda bolanam bolsañ
Bagt berip biljekdiñ sen dünýäme
Ýogsa göz ýetirip duranam bolsañ
Mensiz gowşup bilmejegñe döwrana
Täleýmiziñ ikimizi hiç haçan
Duşurmajak...

Täzelikler » Goşgular - 18.07.2020


1 2 3 4 5 6 »