گلنلره سالام بۇلسون!
( پۇزییا میدانئنا گلن یاش غالامداش لارئما ) " غالان لارا سالام بۇلسون! " یونس امره. گؤزۆمیزی یۇلا دیکیپ غاراشدئق, گلن لره سالام بۇلسون! گۆنۆمیزی بارماق بۆکۆپ سانادئق, گلن لره سالام بۇلسون! بیز یادادئق, بیر آزاجئق یادادئق, اؤی لریمیز یاناشئپجئق یاشادئق. یالنگئشدئق. سبأبی بیز-م آدامدئق, گلن لره سالام بۇلسون! آلئنگ, ایه چئقئنگ چشمه- زاولارا, باشئ بلنت,... |
DAWUD PATYŞA HAKDA ROWAÝAT
Dawud patyşa sowal beren Ezraýyla: "Hepdäñ haýsy güni janym alarsen!" Ezraýyl hem jogap gaýtaran oña: "Jan almaga şenbe güni gelermen". Dawdu kän oýlandy gutulmañ ýolun, Ýada saldy Töwrat okaýan çagy adama Ezraýlyñ degmeýänini. Ele alyp her şenbede kitabyn, Gaýtalady doga-sürelerini... Emma bir gün Dawud okap otyrka, Gulagyna goh-galmagal eşdilýär. Ol bu sese köşkden y... |
DEMIR ÝOL MENZILI Men ýene ýolda, ýene men ýolda, Dyz epeýin, gerdenimde ýoltorba, Maña kän zat, artyk bagt gerek däl, |
Biziň arzuwlarymyz (Nowella)
...Ol ukudan oýananda, öýde hiç kim ýokdy, hemmeler işe, okuwa çykyp gidipdiler. Diwardaky uly sagadyň dilleri günorta nahar wagtynyň bolandygyny görkezýärdi. Indi iki ýylyň içidir, ol şeýdip giç―hemmelerden soň oýanýar. Ol öten gijäni-de çirim etmän işläp geçiripdi, diňe daňyň düýbi agaryp, şäher täze günüň aladalarynyň birýan çetinden girmäge meýillenende, ýadap düşege göwresini atypdy. Häzirem kellesi şatlap durdy, gözleri agyrýardy. ... |
KITAP
Dekabryň aýaklaryna men ony gözledim. Howa sowukdy, çapgyn şemal ýüzüňi daglap gelýärdi. Men onda şol kitabyň bardygyny bilýärdim. Kitabyň onda bardygy adaty ukusyz gijeleriň birinde ýadyma düşdi. Ol kitaby nämüçindir köpden bäri ýatlamaýardym, indem birdenkä ol kitaby okasym geldi. Men ony tapmaly hem kitaby birnäçe günlügem bolsa, alyp okamaly diýen netijä geldim. Şenbe güni, adatdakylardan ir oýanyp, sakgalymy syryndym-da, öýdäkilere bir möhüm işimiň ba... |
SURAT WE SES Adam gijäniň bir çeni ýalpa gözlerini açdy. Diň saldy. Şonda ilki gulagyna gelen ses otagyň burçunda stoljukda duran golçalardaky gülleriň ösýän sesi boldy. Bu ümsüm, rahat gyş gijesinde gülleriň baldaklarynyň, ýapraklarynyň ösüşiniň, diriligiň sesi aýdyň eşidilýärdi. Adamy biraz tukatlyk basmarlady, belli däl, nämüçindigi. Ol ýene diň saldy. Şonda köçeden ulaglaryň güwwüldisi gulagyna geldi, güwwüldi nämüçindir onuň ýadyna deňzi saldy. Göýä äpet-äpet goml... |
SYGANLAR WE MEN ,,Ýewropada kyrk million, Orsýetde bir million sany sygan ýaşaýar.” Muny nirdendir bir ýerden ýa eşiden, ýa-da okan bolmaly, ýandepderçäme belläp alypdyryn. Belläpdirin, undupdyryn. |
MUKAM MÜLKÜNIÑ BAGBANY ■ Akkordeonly aýdymçy Ol hakynda, onuñ aýdym-sazlary hakynda 60-70-nji ýyllaryñ nesli has anyk aýdyp biler. Men onuñ özüni has ýakyndan tanaýanlygym, döredijiligine-de beletligim üçin turuwbaşdan bir zady nygtamakçy. Ol-da, ussat kompozitoryñ döreden-u-ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyñ şol ýyllaryñ durmuşyna özboluşly bezeg berendigi belli. Onuñ aýdym-sazlaryna aýratynam ýaşlar aşykdy. Diýarymyzyñ çar künjünde onuñ mylaýym owazynh diñlemedik ýokdur.<... |