Результаты 1-15 из 15 по запросу Hojaberdi Baýramow

BOLANOK...

Bapba Gökleñe

Ýok, biz dost-a däldik,
Hernä türkmeniñ -
Bagtyna duşmanam däldik ikimiz,
Al-u-şeriñ nikasyndan ýugrulan,
Deñ däldi gerdende çekýän ýükümiz.

Talantdyñ sen,
Şygyrlaryñ içire,
Söýünhanda barlygyñy tanatdyñ.
Köneje penjege sygan göwräni,
Tañrym, haýsy gudrat bilen ýaratdyñ?!

Gitdiñ dirilere göz bolup mundan,
Zalym tañry öz awuna dokunýar.
S...
Täzelikler » Goşgular - 17.08.2021

SENSIÑ...

Zarlama Diýardan durnalar gõçse,
Durnalar derwüşdir dolanmasy bar.
Aglasañ guşganat günlere agla,
Sebäp olar gitmiş dolanmaza ýar.

Oglan başym bibaş yşka ulaşyp,
Agladan günlerim maña dowzahdyr.
Başarsañ bagyşla bagyra dözüp,
Hernä günä geçmek ýene gowrakdyr.

Müñ gözele müñ bir gezek owsunyp,
Barlykda bir seni sõýenim aýan.
Baýdak başym deñ duş içre parladan
Kõşek gõzleriñe dõneýin, maýam!...

Täzelikler » Goşgular - 18.08.2020

SEN MENI GABANMA

Sen meni gabanma natuwan gözden,
Sen dek dilberiñ söýenin,
Söýmän bilermi gözeller?!
Sen meni gabansañ dillerden gaban,
Dil bilen bagryñ dilerler,
Gözi natuwan gözeller.

Heniz öýümizde goş-golam ýokka,
Onlugy çüýleýän goşgulam ýokka.
Biri-birimizi söýer ýörerdik,
Hatda söýüşmäge yşgalañ ýokka.

Bir ýassyk diledik,
Hemem bir ýorgan,
Bir käsese çaý içmäge kaýyldyk.
Indem hak-...

Täzelikler » Goşgular - 18.08.2020

BAKY ÝAŞYL ÝAPRAK

(Mukaddes ýar ojagyna wepadarlygyň synmaz nusgasyna öwrülen türkmen zenanyna tagzym)

I.

Göz üçin däl, kül içine düşseňem,
Göwher bolup ýanjagyňa ynanyp.
Mukaddes Baýdaga edýän dek kasam,
Dyz epýän öňüňde çäksiz buýsanyp.

Göreçde müýnüň ýok, şonuň üçin hem,
Barça göreçlere müýnsüz garaýaň.
Ynandym, süýt reňk arzuw gursakda,
Galsa, gara bagyr däldir garraýan.

Leýlisaç sen &mdas...

Täzelikler » Poemalar - 09.05.2020

GARAÇOMAK

Garaçomak,
gara gyşyň,
Ak garyna çolansaňam.
Ýa bolmasa gaýnap, gara
gazan içde çawlansaňam.

Alyp bilmediň aljagňy,
Yşka ýanyp tutaşsaňam.
Hak aşykda bolmaz haýa,
Utanmagyn utulsaňam.

Sebäp senem çyndan söýdüň,
Asman däl, Zemin Zöhresin.
(Ýaryp söýýänleň zähresin).
Ýigitler bolsa hak aşyk,
Görmeli saňa sataşyp.

Ýöne her hal Garaçomak,
Men sende gara gö...
Täzelikler » Goşgular - 05.04.2020

■ GOJA

Agtygy bar, çowlugy bar, jany sag,
Ýuwlugam şun-erte bolmagy ahmal.
Barybir çalaran saçlaryn görüp,
Goja oýa batýar, gamlanýar her hal.

Köçede güler ýüz, öýde güler ýüz,
Märekede ýol berilýär sowulyp
Ýöne ak säherler goja gamlanýar,
Düşen ýaly ýat illere kowulyp.

Ýeňiş güni köçä çykýar, döşünde,
Lowurdaýar edermenlik ýyldyzy.
Dünýe — abadanlyk, il-gün — rahat,
Başy göge ýetip, öpýär ýyld...
Täzelikler » Goşgular - 16.12.2019

KÖNE GÜZER

Ýok,
Men indi "Yşkyñ çyragy söndi",
Diýip öz-özümi atmaryn oda.
Köne güzer bilen şärikli derdim,
bolan ykbalymy salaryn ýada.

"Ölsem-ä - Ýeriñki, ölmesem - señki,
Halys keç eñegne tutmasa pelek".
Ähti-wadalaryñ biweçliginden,
Görä, bu gün jiger bolmuş janserek.

Sen özge,
Men başga gujaga düşdüm,
Sebäp bolup bir bigäne bagta biz.
"Ömür" atly soñlanmajak sahnada,
Utup bilý...
Täzelikler » Goşgular - 17.07.2019

YNAN MAÑA

Ynan maña,
Goýman soña,
Aç dergähin ýüregiñ.
Oñ töründen tüm gijede,
Men özümi tapaýyn!
Seniñ şamar zülpleriñe,
Çolaşyp hem çyrmaşyp,
Ýüpek gara saçlaryñy,
Serden geçip öpeýin.

Ot çyksa posamyñ galan yzyndan,
Öýtmegin çakandur diýip ýyldyrym.
Ol derdidir, dermanyny ýitirip,
Boýnun burup ýetim galan ýyllaryñ.

Aýlaryñ agyllap ýaşýan ýerinden,
Agtaryp men ýazylanyn ma...
Täzelikler » Goşgular - 15.07.2019

AŞYKLARA SOGAP BOLAR

Söýeñogam, söýemogam?
Söneñogam, sönemogam...
Söýmek üçin ýanmak gerek,
Sönmek üçin ýanmak gerek.

Ýanyp bilseñ - sönüp bolar,
Hemem seni ýanyp söýýän,
Bir jenanyñ ykbalyndq,
Yşk möhüriñ ýazyp bolar.

Ýazyp bor didäñ nuruny,
Ýar gadamy düşjek ýola.
Söýýän bilen söýülýäne,
Yşkdan özge emgek ýog-a.

Puluñ bolsa - kümüş-teññe,
Agramyna agram çekip.
Törüñ...
Täzelikler » Goşgular - 03.07.2019

BU HEÑÑAMDYR...

Bu heññamdyr - nurbatlyja döwrandyr,
Şalar gider, şahyr galar, şir galar.
Ömür diýlen bakylyga rowandyr,
Her kim munda galsyn diýip zar aglar.

Kime derkar - porhan bolan bu bahar,
Damarlary bogun-bogun sökmese!
Däli siller - bir ýigidiñ ahmyry,
Bady gaýtmaz, joşgunyny dökmese.

Gülüñ gabagynda hal bolup duran,
Damja - ýüzükdäki göwher gaşydyr.
Ahmal bir bendäniñ dile gelmedik,
Bag...
Täzelikler » Goşgular - 30.05.2019

SAÑA ÝAZYLAN HATLARDAN

Heniz iñrik garalanok,
Sen aýnadan garanañok, -
Garganañok,
Neşe berip zülpleriñe,
Zybalanyp daranañok.

Hala ýalka, hala ýazgar,
Señ erkiñde porhan ýazlar.
Ýöne saña ýarananok,
Sebäp iñrik garalanok.

Köñül guşuñ -
Alyp huşuñ
Penjireden ötüp gidýär.
Hyýalyñda hurma kybap,
Dodaklarñy yşkbaz şemal,
Ýalap, ýalap,
Hemem ýañrap,
Ýadandan soñ me...
Täzelikler » Goşgular - 30.05.2019

DIDARYÑA ZAR ETME

Saba-säher arza geldim, Arzymana zar etme,
Yoklukdan dõränim hakdyr, nur-imana zar etme,
Ata başga atdan düşmez, at tutana zar etme
Ene başga halym sormaz, garabagra zar etme
Nurana jemalyñ görkez, didaryña zar etme!

Kümüş ganat ylham guşum, ganatyña aşyk men,
Yogsam saña ýetermidim munça menzil aşyp men?
Bilýän, ir-u-giç harmanym ýel ugruna çaşy:r sen
Ýõne her hal, gelip şu hal, maksadyma gowşur sen ...
Täzelikler » Goşgular - 06.02.2019

■ SÜR ATYŇY!

Sür atyňy,
Gorguna däl, gamçylap,
Çawy galsyn bedeninde bedewiň.
Häzir munda säginere pursat ýok,
Çüw atym, çüw,
Ýar garaşýar, gör ahyr,
Saýasynda şol gadymy söwüdiň.

Gözüňden däl,
Toýnagyňdan ot çyksyn,
Şemallar gol bulap galsyn yzyňda.
Ýar garaşýar,
Çapa-çapa uç ahyr,
Goý, arman galmasyn türkmen düzünde.

Gyrmyzy köz bolup ýanyp dur güller,
Al ýaňak, nar ýaňak ...
Täzelikler » Goşgular - 14.01.2019

ÇOÝ MENI

Ykbalymdan dilegim - ykballardan aýyrma,
Il oñlasa oñaryn, bugdaý sözüm gaýgyrman,
Galmaýyn heññam içre ýagşy-ýaman saýgarman,
Goý, galmasyn ýürekde soñ bitmejek dagarman,
Hupbul Watan içinde bir derkara goý meni!

Ömri ömür sanmaryn, dözmejege dõzmesem,
Dözseñ hatdat bolaýyn, dosta nama ýollasañ,
Miwesini tegek et, õz şahamdan ýolmasam
Şemal bolsam mesgenim dag başyna dõzmeseñ,
Hergiz ýerläp uçmaýyn, bag b...
Täzelikler » Goşgular - 04.08.2018

SEN AGLADYÑ...

Sen agladyñ...
Aýdyp-aýdyp agladyñ.
Soñam aýdabilmän agladyñ sessiz.
Bir düşekden,
Bir üçekden örübem,
Ýaşap ýörüpdirin şunça ýyl sensiz.

Bagra dözüp söýen ekeniñ meni,
Kereşme-näzlere ýetmändir eliñ.
Gör, señ yhlasyñdan nurlanan öýde,
Uzadan ýerime ýetip dur elim.

Dilim deñ-duş içre bolmady gysga,
Myhman gitse ~ arzuwlardy ojagym.
Men indi düşündim söýgiñ güýjüne,
S...
Täzelikler » Goşgular - 26.06.2018