“MEN HAÇAN GOŞGY ÝAZMAGYMY GOÝDUM?!”
![]() Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi DIWANGULYÝEW 18.07.1941 — 29.07.2020 Gönimden gelsem, şol mahala çenli tas on ýyl gowrak wagt bäri goşgy ýazyp, gündelik gazetlerde çap etdirip ýörenem bolsam, ilkinji kitapçam okyjylara ýetirilen bolsa-da, ýazanlarymyň Gurbannazar Ezizow, Gowşut Şamyýew, Italmaz Nuryýew… ýaly galamda... |
![]() • Şu gün - 29-njy iýulda Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris. ◇ Ýazyjy hakynda H.Diwangulyýew 1941-nji ýylyň 18-nji iýulynda Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň (häzirki Gurbansoltan eje adyndaky) Arap obasynda dünýä indi. Dürli powestleriň we romanlaryň awtory bolan ýazyjyny... |
ŞYGRYÝETIMIZE TÄZE ÖWÜŞGIN GETIREN Islendik jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň derejesi onuň hereketlendiriji güýjüni ybarat edýän at-abraýly, edermen, pähim-paýhasly ýolbaşçylaryň, alymlaryň, halal zähmet çekmegiň bele... |
«WATANDA» ADYGAN |
«OL BAHARDA DOGULDY...»
Ýaşap ýören bolsa, ol ýaşy ýaňy elliden geçen, ýüňi ýeten şahyr bolup ýetişerdi. Ýogalanyna welin, tas ýigrimi ýyl bolup barýar. Bary-ýogy otuz bäş ýaşapdy. Ajaýyp şahyrlaryň takdyry şeýlemikä? Puşkin, Lermontow, Ýesenin... biziň günlerimizde Rubsow, Wysoskiý, Ezizow... * * * Uly ýazyjylarymyzyň biri-birleri bilen gatnaşyklary, ýaşlarymyzyň bolsa halypa ýazyjy-şahyrlar bilen bolan duşuşyklary barada hiç hili gündelik, ýazgy ýöretmeý... |
* * *
Hudaýberdi DIWANGULYÝEW: – Şahyr, meni esli wagt bäri bir zat howsala batyrýar. Çeper kitaplarymyz geçenok. Bir topar «saýlanan eserler», «saýlanmadyk eserler», ululy-kiçili, dürli-dürli tomlar tomjagazlar, kitap prilawkalarynda üýşüp ýatyr. Käbiri 2-3 ýyl bäri, käbiri 4-5 ýyl bäri, «has bagtlylary» bolsa – 6-7 ýyl bäri... Siz şolar barada nähili pikirde? Kerim GURBANNEPESOW: – Rus tankytçylarynyň bir-ä şo zeýilli awtorlary «ýalaňaç korollar» diýip atlandyrdy. Sen... |
KERIM ŞAHYR
Onuň bilen söhbetdeş bolmak juda ýakymly hem diýseň ejirlidi. Ýakymlylygy – öz dury zehininiň dokdäne harmanyny döwekläp altyn çäjine guwanmak bagtyna ýeten, şygyr sungatyna biçak sarpa goýýan gadymy halkyň göz-guwanjyna öwrülen diri klassyk, talapkär ussat, şan-şöhratyny ýadyna-oýuna getirmän, seniň bilen ähli zat babatda iç döküşip, syr alyp, syr berişýän pespäl adamyň seniň garşyňda oturanlygydy. Ejirliligi – kämil halypanyň gabadynda köp ýagdaýda öz ýetmeziňi, oňa g... |
ITALMAZ NERESSE
Italmazyň edebi portretini ýazmaga eýýäm synanyşyk edildi. Şolardan belli şahyrymyz Atamyrat Atabaýewiň «Ýaşlyk» žurnalynyň 1991-nji ýylyň 6-njy sanynda çap edilen «Italmaz durmuşda» atly edebi oçerki hakykata hem ýürege juda ýakyn. Muňa özümem iki-üç gezek synanyşdym. Emma çap edilen oçerkleriň hiç birindenem göwnüm suw içenok. Italmaz Nuryýewiň doly edebi portretini ýazmak onuň galamdaşlarynyň hiç birine-de başartmasa gerek. Sebäbi ol durmuşda-da, döredijil... |
KÖRHAN BALAKA
Ony tanaýan adamlaryň meniň bilen söhbetdeş bolanlary, hamana öňden dilleşip goýan ýaly, hyjuw hem kalbyň çuňundan gaýdýan mähir bilen, şunlukda Körhan Balaka bilen birmahallar duz-emek bolşanlaryna çäksiz buýsanyşyp şeýle diýýärdiler: «Gyzyl ýaly adamdy, pahyr. Adamlara ýagşylyk etjek bolup kökenek-girýandy. Täzeçeden, köneçeden sowadyny kemsiz çykan, ynsanperwer, ilhalar adamdy. Şunuň ýaly adamlar türkmende gaty seýrek dogulýar». Ählimiz üçin hatyraly halypa,... |
GARA SEÝITLI
Sowet döwrüniň edebiýaty – biziň geçmişimiz. Geçmiş bolsa, adatça, undulmaýar, ondan sapak öwrenilýär. Üstesine, bu döwür şeýle bir uzak geçmişem däl. Türkmeniň şu günki ýaş, orta, uly nesli şu döwrüň tälim-terbiýesini aldy, ýaşady, gurdy, döretdi. Şol ýyllar herimiziň ömrümiziň bir bölegi. Onda, şahyr aýtmyşlaýyn, «ajy günlerem bar, süýji. günlerem». Olary anyndan öçürjek gümanyň ýok, Şeýtmek, megerem, geregem däldir: çünki, olaryň ählisem kimdir biriniňki däl, öz-özü... |
* * *
Ellinji ýyllaryň ahyrlarynda Beki aganyň ýazan eserlerini erbet tankytlap ugradylar. Özem bu tankyt köpçülikleýin häsiýetlidi. Haýsy gazeti, haýsy žurnaly açsaň, radiony diňleseň Beki aganyň eserlerini tankyt edýän makalalardan doludy. Ýazyjylar soýuzynyň gurultaýlarynyň, plenumlarynyň hasabatlaram hut şeýledi. Şularda käteler halys ötegeçmelerem ýok däldi. Bir gezek men oňa sowal berdim: – Beki aga, Siz bu tankytlara nädip çydadyňyz! Ol gamly bir waka ýad... |
BEKI AGA
Meşhur ýazyjymyz Beki Seýtäkow bilen ençeme ýyllaryň dowamynda goňşulykda ýaşamak, bir howluda bile işlemek, komandirowkalarda, dynç alyşlarda bile bolmak, uzak-uzak söhbet edişmek maňa miýesser etdi. Ol diýseň işeňňir, dogruçyl, sada, ynanjaň, kätelerem sähel zady göwnüne alýan gaty ynjyk adamdy. Degişmäni, şatlyk-şagalaňy, oturyşyklary, edebi jedelleri biçak gowy görýärdi. Megerem, şeýle açykgöwünligindendir, biri öňürti gelip bir zat diýse güp ynanardy. So... |
SAPAR GYJAKÇY
Onuň ýaş-ýeleňleri daşyna ýygnap, degşip, gülşüp-oýnaşyp oturmak endigi ýokdy. Manyly ömrüni agyr märekäniň ortarasynda, ýurt baglan bagşylaryň gabat garşysynda oturyp, şatlyk-şagalaňyň içinde geçirip gelýänem bolsa... dymmarak adamdy. Megerem, agyr-agyr dessanlary diňläp, müň bir tilsimli gadymy heňleri içinden yzarlap oturmagyň uzak wagtlyk endigi onuň bu mizemez gylygyna öz täsirini ýetirendir. Belki-de, uzak gürrüňçiliklerde adatça Köp gepleýän adamlaryň agzyndan ... |
GURBANNAZARYÑ MASLAHATYNA EÝERIP...
Bu ýatlama ýazgylaryma biraz öňräkden başlamaly boljak. Aslynda-ha, «Meniň haçandyr birwagtlar goşgy ýazanlygym-ýazmanlygym kime gerekmiş» diýip, ençe ýyllap ýaýdanybam gezdim. Galyberse-de, türkmen iňňän şahyrana halk. Ömrümizde, iň bolmanda, bir goşgy ýazmadygymyz az-az bolsun gerek. Atalarymyzyň aýdyşy ýaly, «Uzyn sözüň gysgasy ýagşy». 1953-nji ýylyň tomsunda Aşgabada göçüp geldik. Paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdebiň 6-njy synpynda okap... |
«BU BIR IŞ WAGTYDYR, ÖZÜŇ ÝITIRME»
Beýik akyldarymyz Magtymgulynyň bu ajaýyp setirini günde telim gezek aňymyzda aýlaýanam bolsak, gizläp oturasy iş ýok, herimiz haýsydyr bir ýere, pursadynda ediläýmeli işe hemişe gijä galyp ýörüs. Soňundan ahmyram edýäs, peýdasy näme?! Men bu çaklaňja makalamda kimdir birine wagtyň gadyryny bilmegi öwretjek bolamok. Sebäbi bu ömürde hut özüm hökman ediläýmeli işleriň wagtyny duşumdan geçirip, indi-indiler ýadyma düşende, başymy ýaýkap ýörün... |
ESERLERI ASYRLAR ÝAŞAJAK ŞAHYR
Şu günki ýaly ýadymda. 1988-nji ýylyň aprel aýynyň ortalarynda Kaka şäherçesinde «Türkmenistan» (şol mahalky «Sowet Türkmenistany») gazetiniň döredijilik topary bilen gazetiň okyjylarynyň köp adamly duşuşygy geçirildi. Bellenilen günüň öňinçäsi gazetiň baş redaktory Kakabaý Ylýasow (şol mahallar men bu gazetiň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinde işleýärdim) şeýle teklibi orta atdy: — Duşuşygymyza gazetimiziň işjeň awtorlarynyň biri Kerim şah... |
ZENAN DUÝGULARYNYÑ ZEHINLI AÝDYMÇYSY
Näzik Annatyýewa meşhur şahyrymyz Towşan Esenowadan soň edebiýatymyzda ymykly orun alan şahyrlarymyzyň biridir. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başlarynda Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew, Gowşut Şamyýew, Näzik Annatyýewa dagy, hersi özüniň çuňňur sowatlylygy, çeper beýan ediş usuly, pikirleriň goýazylygy, okyjyny oýlandyryş tärleri... bilen milli edebiýatymyza geldiler. Belli bir edebi akymlaryň edebiý... |
ВОЗВРАЩЕНИЕ В ЕКАГАЧ / фрагменты повести
Ведущий научный сотрудник Института космических исследований Танны Карахан отдыхал в Кисловодске, когда получил телеграмму: «Приглашаю на день рождения. Твой одноклассник, друг детства Шатлык Шемсетдин оглы». Ничего не понятно: куда, когда, кто такой Шатлык? Но Танны Карахану сейчас некогда было голову ломать над этим. Тем более его, известного, авторитетного, чуть ли не каждую неделю приглашали куда-нибудь. Но из-за вечной занятости он редко... |
KERIM AGANY ÝATLAP... |
MEŞHUR ÝAZYJY, USSAT TERJIMEÇI SAPARGELDI ANNASÄHEDOW |