Результаты 1-20 из 84 по запросу Hydyr Amangeldi

TORGAÝGUŞLAR

Öýümden Aşgabat ýoluna çenli iki kilometr ýaly aralygy köplenç pyýada geçýän. Ýaňy Gün dogup gelýärkä ekin meýdanyň gyrasy bilen ýöremegiň üýtgeşik bir täsiri bar. Häzir bu täsiri bu peltek dilim bilen näçe pelteklesem hem sähelçe-de düşündirip bilmejegimi bilýän. Emma göwnüme muny ýazyp bilsem, dünýede armanym galmajak ýaly. Eger uly gürlän ýaly görünmejegini bilsem, “Bu haly, täsiri düşündiripmek m...
Täzelikler » Oýlanmalar - 07.01.2023

GUSSAMERK

Soňky döwür geň keseller hakda ýazgylar, gürrüňler köpelen ýaly — stress, depressiýa, alssgeýmer… Birhili adamlar juda köpelip, olara öýleri darlyk edýäne meňzeýär. Dargursaklyk, howsalaçyllyk adamda daşyndan görünýän, göze dürtülýän ýagdaýlar. Ýöne göwnüme, synçy göz bolaýmasa kän bildirmeýän, dert bar — gussa. Häzirki döwürde göwün gussasy has artan ýaly. Belki, informasiýa, kompýuter, el telefonlary,...
Täzelikler » Oýlanmalar - 28.12.2022

"KIMSE HAÝRYŇ ZARY, KIMSE ŞERIŇ ZARY..."

Birki gün bäri Gurbannazaryň şu setiri kellämde aýlanyp dur: “Kimse haýryň zary, kim şeriň zary…” Haýryň zary nähili adamka? Şeriň zaram barmyka? O nähili adamka? Gurbannazar diri bolsady, sorardym. Indi özüm jogap gözleýän. Täsin sesi bilen, janyndan syzdyryp: “Ýagşylygy bolsa az etdim juda”diýýäni şu wagtam göz öňümde. Adatça ýagşylyk etmek diýilende horlanana maddy, ruh...
Täzelikler » Oýlanmalar - 28.12.2022

ÜMSÜMLIGIŇ SESI

Orslarda bir güýçli kinorežissýor bar, Sokurow diýýäler. Aslynda Türkmenistandan giden. “Faust” diýip bir kinosy uly baýraklar aldy. Umuman özboluşly işleýän adam. Tarkowskiň okuwçylaryndan. Ine, şol adam “Men Hudaýyň öňüne barsam, ilki bilen “Sen näme üçin dymdyň?” diýip sorajak” diýýär.
Bu aýylgaanç bir sorag. Bapba Gökleňem “Alla bar bolsa adalatsyzlyklara sesini çykarman seredip durmazd...
Täzelikler » Oýlanmalar - 28.12.2022

OGLUNA GARGAN ENE

Bu hakykat bolmasady… Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady…
Onuň ady Enedi. Näme üçin Allah oňa beýle ady beripdir bilemok. Adamsy ýogalyp bir ogul bir gyz bilen ýalňyz galjakdygy üçinmi? Ýa-da dünýede iň ajy ykbalyň ýene enäniň paýyna düşýäni üçinmi? Ýa-da ýöne dünýä inmezinden sähelçe gün öň ýanynda ýogalan enesiniň ady dakylany üçinmi? Bilmedim. Bilmeýänime-de şükür, bil...
Täzelikler » Oýlanmalar - 28.12.2022

BAZARÇY TÜRKMEN DAÝZASY

Öten agşam duralgada durun welin, ýanlary giden goşly üçden, dörtden daýzalar bazardan çykyp, duralga gelýärler. Ýüzleri tamdyra tutulan ýaly dym-gyzyl. Hat-da dym-gyzyldanam geçip, bir hili garagoňras öwüsýär. Megerem bazaryň mydama öwsüp duran sowuk ýeli olaryň ýüzüni şeýle reňk bilen reňkländir?! Şonda-da keýpleri erbet däl. Iş bitiren, är işini bitiren sypatda, biri-birleri bilen gaty ...
Täzelikler » Hekaýalar - 20.12.2022

KÖP GÜRRÜŇI EDILÝÄN TEMA

Göwnüme bolmasa şeýle ýaly. Ýöne meselä has giňräk, has çuňrak seredesim, asyl sebäbini bilesim, oňa düşünesim gelýär.
Ýaňy ýanyma biri geldi – ogul öýerjek, restoran üçin bir maşynyň bahasyny bermeli. Onam karz-kowal bilen» diýip nalaýar. «Ogluma-da gep düşündirip bilemok. Käşgä gürlesedi, şzünkiň dogrudygyny subut etsedi, diňkesini bir burça dikýär-de, sesini çykarman otyr. Senem...

NÄME ÜÇIN ÝAZASYM GELÝÄR?

Bu ýazjaklarymy ýazasy gelýänleriň okanyny isleýän. Diňe şolara niýetläbem ýazýan.
Ýaňyja Sapargeldi Annasähet Iner oglynyň “Keltegoňur kyssasy” powestini okadym. Indem hiç etmeýän işim biriniň ýazan zady hakynda pikirimi ýazaýyn diýdim.
Sapargeldi agany birnäçe gezek gördüm. Hatda bir gezek öýünde oturmak nesibämem bar eken. Bu ýaşulyň “Şireje” diýip hekaýasyny Ahmet Gurba...

SERÇÄŇ MAŞYNA SÜÝREDILJEK BOLŞY

Aşyrgeldiň Serçäni maşyna süýretjek bolşy, obada uly gürrüň. Hakykatda bolan zat welin şeýle. Kolhozyň goýun fermasy Puhary: “Hojaýyn, şü Plany serçäň (“serçe” o çopanyň tiresiniň ady) gürrüňi köp gelýä, gidip şoň mallaryny tükelläp geleli” diýip birki gün bäri Aşyrgeldiň gulagyny gazaýar. Aşyrgeldem obadaky işleri goýup, Annamerediň uly maşynynda Puharynam alyp, bededen, kepekden ...
Täzelikler » Hekaýalar - 03.12.2022

HER GÜN

diýen ýaly ekizler2-ä girýän.
Söhbetdeşligem açýan.
Ýazýanja zatlarymy azam bolsa okaýan bardygyna begenýän.
“Asylam, toý-sadaka bolaýmasa, köpçüligiň üýşüberenini türkmen halabam baranok” diýip özümi köşeşdirýän. Dogrusy, hakykatdanam birgiden boş okyjylaryň, tanyş-bilişleriň bolanyndan az sanly ýöne çyny bilen saňa düşünýän, pikirdeş adamlaryň bolanyny isleýän. Ekizler saýtyny açamy...
Täzelikler » Oýlanmalar - 16.11.2022

GIÇ GELEN SETIRLER

Sapargeldi Han,
Saňa nesihatym.
Ýolma guşuň ganatyn!
Ýolsaň guşuň ganatyn
Allagulydyr Bapba
Bolmazmy garym-gatym?!

Bir ýerden kelläme şu setirler geldi-de, günüme goýmady. Allaguly diýýännim Ýusubow diýip “Ýaşkomda” bölüm müdirimiz bardy. Olam birki ýyllykda ýogalypdyr diýip eşitdim. Imanlary hemra bolsun. Sapargeldi hanam baş redaktorymyzdy. Bu setirleri degişme diýip kabul ediň. Aňyrsynda hiç hili çynlakaý many ýok...
Täzelikler » Oýlanmalar - 16.11.2022

ADAM TANAMAK

Adamyň kimdigi nähili ýagdaýda has gowy bildirýäkä? Birki gün bäri şuň pikirini edýän. Aslynda, birini tanajak bolmak, ýa biri bilen gatnaşyk açjak bolmak derdimem ýok. Birden ýöne kelläme geldi-de. Has dogrusy, kimdigiňi bilmek başga biriniň kimdigini bilmekdenem has möhüm bolmagam mümkin. Käte-de adamyň özüne özünden belet zadam ýok, ýöne bilmediksirän bolýaram diýýän. Birhili özüňe beletdigiňi özü...
Täzelikler » Oýlanmalar - 16.11.2022

ULEMA HEM OGRY

Ýakynda "@Biri" diýip biri söhbetdeşlige şeýle rowaýat goýupdyr:

Biri: Bir ulamany köpçüligi ýygnap edýän wagyzlaryñ biziñ syýasatymyza dogry gelmeyä diyip türmä basypdyrlar. Türmede ol ogry bilen bir yere düşüpdir. Tussaglary bir ýere çagyryp gowy edip ýençýän ekenler. Ogry bilen ulamany çagyryp gowy edip urupdyrlar. Olar urlanson ogry: "Ursa, urup gecsinler. Daşaryk cyksam barybir ýene şol kärime dowam edyän. Siz nähili pikirde?" diyipdir. Ulama hem pik...

ÝER ELENÝÄ

Söýünhan aga o gün Kur’any, namazy bilen parahat, güýzüň howasam jana ýakymly. Gaýta bir gün öňýany, birine garaşýan ýaly ýüreginde bir duýgy döräpdi. “Ýa, ýomut gardaşlar, goýun sürüp geläýjekmikäler? Aý, indi gelmezler, Ulugberdi kaka oňarmady-da.....
Täzelikler » Hekaýalar - 13.05.2022

ÜZÜLEN KIRIŞ

Sizde-de bolýandyr.
Ikindiň öňýanlary garalyp gelen bulut ýere däl, ýüregime çöken ýaly boldy. Ýazyň soňky günleri howa-da bir gyzýar, birdenem şeýdip agyr bulut gelýär. Şeýle bolanda adamlardan ýadap, „jansyz“, „dilsiz-agyzsyz“ diýilýän zat...
Täzelikler » Hekaýalar - 11.05.2022

HAL ÝA-DA ÜÇÜNJI DÜNÝE

Oglanlykdan, düşünsek, düşünmesek bize (ekizlere) Magtymgulyny köp okatdylar. Garagollyk edibersek "Hany, gel, maňa Magtymgulyny okap ber" diýdiler. Ýene bir düzgün bardy - özüňden uly bir zat diýse, "etjek däl" diýmek bolmaýardy. Anyk ýadyma düşýä - oglanlyk ýaşymdan Magtymgulyda iň haýran galdyran "Ten kapasdyr, jan bir guş" diýen setir.
Özümden uly doganym gumry tutup gelip agaçdan kapasa salardy, ýaý atardy. Öýmüziň ilersi bir hatar gür tutlykdy, ol...
Täzelikler » Oýlanmalar - 26.12.2021

GÜRLEME

Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Sygdyrma dile
Gürleme!
Gürrüňde kölege,
Şelaýynlyk, haýýarlyk.
Haramlyk, haýynlyk
Näme diýseň bar
Sözde.
Gürleme.

Gögüň gümmürdisi,
Asmandan daman damja...
Ejemiň gözleri,
Çytyk gaşlary kakamyň...
Çagamyň boýnundaky düwmäň
Şyňňyrdysy.
Çüýi gowşan gapymyň
Ç...
Täzelikler » Goşgular - 26.12.2021

ROKFELLERLERIÑ ÇAGALARY

Bilmedim, ýaşymyzyň soňunda Ylýasam, menem futbol oýnuny görmäge gyzygdyk. Sebäpkärem Gurban Berdi. Biz "Rubiniň" oýunlaryny sypdyrman görüp başladyk. Ýakynda-da Kümmethowuzly türkmen Serdar Azmunyň dünýä derejesinde iň ökde oýunçylarynyň 32 oýunçydan ybarat sanawyna goşulandygyny okadym. Ol 32-iň içinde Messem, Ronaldu dagam bar, şolaň hatarynda türkmen oglanam bar. Gurban Berdiňem trenerlikde derejesiniň gaty ýokarydygyny ýazýalar. Dogrusy, men futbol biler...

DIRILIGIŇ BAŞLANYŞY

Ýol boýy ýaşulynyň aňynda ''ajalyň ýetse gidibermeli-dä'' aýlanýardy. Bu sözlem onuň kellesine gelýän pikirleri ýetişibildiginden kowjak bolýardy. Ýöne pikir boş söze eýgertmeýär.
''Pahyr göwnüne gelenini göni aýdardy. Ýöne bir gödek töhmet bolsa, hiç kim ondan gatam görjek däldi. Ol dogrusyny aýdardy. Aýbyňy ýüzüňe aýdyp dursalar kime ýakýar?''
Ýoly ýarpyraberenlerinde ýoldaşy ýaşula: ''Uly il ýaly gezibermeli-dä. Ters eden bilen nä işiň, dogry ede...

DIRI ÝAŞASYM GELÝÄR

Musulmançylykda iň erbet görülýän zat, öz janyňa kast etmek. Ol geçilmeýän üç günäniň biri. Näme üçin beýleki? Eger bu dünýe şeýle ajaýyp, Gurbannazaryň aýdyşy ýaly, ''Ýaşanyňa juda degýän'' bolsa onda özüňi öldürmegi çürt-kesik gadagan edýän düzgün musulmançylykda bolmazdy. Sebäbi hiç kimiň beýle pikir kellesine gelmezdi. Eger ýaşanyňa degmeýän çüýrük dünýe bolsa onda-da beýle ýowuzluk nämä gerek bolduka?
Annasoltan Kekilowanyň ýaşap geçen hupbatly ömri h...
Täzelikler » Ýatlamalar - 13.12.2021


1 2 3 4 5 »