Результаты 1-20 из 25 по запросу Jorageldi Sapargeldiýew

HALYPALARYŇ DEGIŞMELERI

Bir ýaş ýazyjy Kerim Gurbannepesowyň ýanyna gelip:
- Men ilki çagalar barada ýazyp, çagalar ýazyjysy boljak, onsoň uly adamlar barada eser döredip, uly ýazyjy boljak – diýipdir.
Kerim aga başyny ýaýkap:
- Inim, sen hiç wagt ýazyjy bolup bilmersiň. Sebäbi çagalar barada eser döretmek uly ýaşlylar üçin döretjek eseriňden ýüz esse kyndyr. Ýazyjylary topara bölýänden hiç wagt zat çykmaz – diýipdir.

* * *

Türkmenistan...
Täzelikler » Degişmeler - 22.11.2021

DAŞARY ÝURT DEGIŞMELERI

Tiz ýöreýän otlynyň küpesinde bir aýalyň ýeke özi otyr. Küpä bir ýaş ýigit girýär-de, onuň gapdalynda oturyp, sakgyç çeýnemäge başlaýar.
– Meniň bilen tanyşjak bolup nähak horlanýaňyz. Men doga ker – diýip, aýal dillenýär.

* * *

Ýaş esger öýlerine hat ýazýar:
“Mähriban ejem, sen maňa ir turup, eşiklerimi geýmegi, dişlerimi arassalamagy, naharlanmagy hem-de ir ýatmagy öwretjek bolup ýigrimi ýyllap biderejik horlanypsyň. ...
Täzelikler » Degişmeler - 21.11.2021

"TIZ KÖMEK"

"Tiz kömege" jañ edelim bäri sagadyñ dili süýşmeýän ýalam bolsa, göni ýarym aýlaw edäýipdir. Ondan welin, derek ýok. Bir tarapdan, dünýä injek perzendime bolan buýsanç başymy aýlaýardy, bir ýerde durubilmän zowzuldaýardym. Beýle tarapdan, "Tiz kömegiñ" gelmeýşi, aýalymyñ gözgyny haly, ýüregimi päki bilen dilimleýärdi. Gursagymda begenç bilen gynanjyñ, alada bilen gamhorlugyñ garpyşmalaryndan göwräm leññer atýardy. Öñdenem saglygy ýagdaýly...


BARLAGÇY

- Kolhoza barlagçy gelipdir!
Bu habar kolhozyñ ýaşaýjylaryny ilkibada uly alada goýdy. Ozaly bilen aýdylan söz "Biri arza ýazaýdymyka?", "Kim het edip bildikä?" diýlen jümleler boldy. Ýöne bu sözleri welin, hiç kim içinden çykaryp bilmedi. Köneden işläp gelýän Gapbar başlygyñ ýüzüne kolhozyñ ýaşaýjylarynyñ hiç birisi-de dikanlap seredip bilmeýärdi. Sebäbi ol köküni ýagşy berkidipdi. Onuñ üstünden näçe gezekler arz etdiler. Dürli-dürli ýerlerden ...


ŞLÝAPA

Howanyñ duýdansyz sowap, süññüme ornap barýan çigrek şemala dalananymdan soñ, gyşyñ golaýlaşýandygyny duýdum. Egnime, aýagyma geýer ýaly oduk-buduk bar welin, öýüñ içinden kellä geýere zat tapmadym. Aýalymdan haýyş etdim. Ol görgülem bir sagatlap öýüñ içini agdar-düñder etdi.
- Tapdym, indi işimiz oñar! - diýip, magazinlerden kemput tapyp gelen ýaly ýyrş-ýyrş etdi. Elinde bolsa, iki ýyl mundan öñ aatyn alan şlýapam bardy. Aýalym görgüli ony ýelýyrtan ýaglyga dolap, san...

REÝD

Bir gezek men düýşümde ministrleriñ ministri wezipesine saýlandym. Bu wezipe meniñ ömür arzuw edip ýören zadymdy. Şol günüñ ertesi Aragatnaşyk ministrini öýüme çagyrdym.
- Başlyk, ýeriñ düşümli bolsun. Ikimize uzak ýyllar bile işlemeklik nesip etsin - diýip, gyñaja dolanan bir petde zady öñümde goýdy. Men munuñ nämedigine bada-bat düşündim.
- Ýoldaş ministr, näme diýsene, men kakam bilen ejeme jañ edip, obamyzyñ hal-ýagdaýyny biläýjekdim - diýdim welin, ministr şo...

HOWSALA

Şähere golaýlan samolýot, birden "hyññyldap" ses etdi-de, badyny saklap bilmeýän ýaly özüni birazajyk aşak goýberdi. Içindäki ýolagçylar bolsa, "hass" edişip dem aldylar. Şol barmana samolýot ýene-de yñranyp, özüni birazajyk aşak goýberdi. Ýolagçylar gaýtadanam uludsn dem alyşdylar. Şol bir wagtyñ özünde olaryñ käbirleriniñ ýüz-gözleri-de üýtgäp gitdi. Edil şol pursat yzrakda oturan gartaşan bir daýzanyñ sesi howsalaly çykdy:
- Janlarym, bi artyba bir zat bolýamy? ...

JERIME

- Allo, Berdiýewleriñ öýümi?
- Hawa!
- Men aeroportdan jañ edýän. Edil şu wagt samolýotdan düşdük!
- Näme diýýäñiz?!
- Samolýotdan düşdük diýýän! Obadan geldik!
- Döremänler geçen diýsänim, hiç eşidilenok. Gatyrak gürleseñizläñ!
- Men obadaşyñyz Gurb...
- Täzeden jañ ediñ! - Ol şarkyldadyp trubkany goýdy.
Bibi gysygyñ garşy kirşi çekilen ýaý ýaly epildi. Ýüzi üýtgäp, gan basyşy ýokarlandy. Aljyraññylyga düşdi. Öýüne myhm...

KAKALAR

Kiçijik Gurban bilen Meret öýleriniñ deñinde, köçä dökülen aýnany üýşmek çägäniñ üstünde oýnaýardylar. Maý aýynyñ ahyrky günleriniñ yssy howasy bolansoñ, olaryñ kakalary bolsa köçäñ gyrasyndaky tuduñ kölegesinde, agaç sekiniñ üstünde buz ýaly piwonu kakadylan şorja balyklar bilen indi iki sagat bäri süzüşip otyrdylar. Bu wagt olaryñ gürrüñleri mazaly gyzypdy. Sebäbi, yssy howada jynyñ jyñkyryşýan adamlar bilen piwo içip, mesawy gürrüñ etmäniñem öz lezzeti bar. Çagalaram şola...

AÝALLAR

- Goý, gyz, adyny tutma şolaryñ. Menem ärsumak diýip birine ýal berip ýörün. Hojalyga berýän peýdasy ýok. Ertir işe gider, agşamam dolanyp geler. Gelende-de altyn tezekleýän ýaly uly minnetlidir: "Hany çaýyñ, hany naharyñ?". Hamana biz uzakly gün çaýyñ başynda gybat edip oturan ýaly.
- Hawa-da gyz. Bir günjük bir ýerimizi çalşyp, ýaşap görsedik. Gadrymyzy soñ bilerdiler.
Bu iki aýalyñ "Ikarusyñ" kürsüsinde awtobusyñ içindäkileri agyzlaryn garadyp, erkeklere dil...

DOST ÝÜZÜNE

- Salam, dost jan!
- Salam!
- Nähili ýagdaýlaryñ, birneme bäri bakjak bolýamyñ?
- Şükür, lukman gorkuly zat ýog-a diýýär.
- Hernä, şeýle bolawersin. Ýöne bir zady unutma, öljek bolsañam lukmanlar gowy diýýändirler. Olaryñ sözüne-hä, arkaýyn bolma.
- Öz ýagdaýymy özüm bilýän ahyry. Şu wagt-a erbet däl ýaly.
- Keseliñ gowusy bolmaz. Gowy ýalydyram welin, birden tutup ugrar. Aman sypybilseñ, hoş boldugyñ.
- Ol-a şeýledir. ...

KIM GÜNÄKÄR?

- Mümkinmi?!
- Hä, gel!
- Serdar Kerimowiç, men ýaşlar gazetinden. Ýurdumyzda çaga ölüminiñ sebäpleri barada sizden interwýu almaga geldim.
- Näme almaga?
- Interwýu, ýagny, sorag-jogap alyşmaga.
- Hä, şeýlemi, gaty gowy. Soraber, jogabyny bereýin.
- Ine, siz şäheriñ çagalar keselhanasynyñ baş lukmany bolup otyrsyñyz. Nebsimiz agyrsa-da, keselhanañyzda dünýäsini täzeleýän keselli çagalaryñ ençemesi ýüze çykýar. Munuñ sebäbini nä...

TÄZE ENJAM

Satyjylaryñ ählisi ýygnanandan soñ uly dükanyñ müdiri ör turup, gyzylödegini arçady-da, söze başlady. Satyjylar näme täzeligiñ bardygyndan bihabar bolansoñlar, müdiriñ sözüniñ ýekejesini-de sypdyrman, ýuwdup otyrdylar.
- Ýoldaşlar, şu gün size täze bir habar, onda-da begençli habar aýtmakçy - diýdi-de, üsgürinjiräp, işgärlerini birlaý gözden geçirdi. Hemmeleriñ özüne uly gyzyklanma bilen seredýänini görüp, sözüni dowam etdi:
- Ilata edilýän hyzmatyñ hilimi ö...

HOWATYRLY MESELE

"Ýüke werzişgär boz eşek
Bolaýyn diýseñ, öýlengin".
Magtymguly.


Hormatly sallahlar! Meniñ size berjek wajyp maslahatym bar. Hawa, hawa, wajyp maslahatym. Öýlenmek barada. "Öýlenmänkäñ, oýlan" diýip, bizden öñki öýlenip geçenler ýöne ýere aýdan däldirler. Başymdan geçendigi sebäpli, menem şol pikiri ikelläp däl, durkum bilen goldaýaryn.
Seýrek biten mekgejöwen ýaly bolup, parsa-parsa gyl örüp, eñegiñizdir ýokarky dodagyñyza ta...

GÖRIPLERIÑ GÖZI ÇYKSYN!

Käbir erkek sypatly kişiler ýaranjañlyk bilen sylag-hormatyñ tapawudyny bilmän, agzyna gelen zatlary aýdyşyp ýörler. Aslyýetinde agyz janawar gürleşmek üçin däl-de, çörekdir nahar iýmek üçin, has takygy adamy açlykdan halas etmek üçin ýaradylypdyr. Ilkidurmuş adamlaryny gör, agzyny ýerlikli ulanypdyrlar. Olarda gep-gürrüñ, gybat bolmandyr. Şonuñ üçinem agzybirje, adalatly ýaşaşypdyrlar. A, biziñ häzirki döwrümiziñ käbir adamlary bolsa, gybatdyr gep-gürrüñ bol...

REÑKIÑIZ GUTARMAWERSIN!

Gelnim bir hepdelik atasy öýüne gidensoñ, sallahlyk derdi başlandy. Yssy-ýylydan-a geçdim welin, soñky günler goýanymy-göterenimi bilemok. Bu günem ziñkildäp ýerimden galdym. Ýellenen gözlerimi owkalap, budilnige bäbenegimi dikdim. Bä, eýýam dokuzyñ ýary! Yzymdan ýagy kowalaýan dek hasanaklap geýindim-de, öýden atylyp çykdym. Geñ zat, bu gün awtobusyñ içi çolady. Hemişeki sallanjyrap ýören gormegeý gyzlaram ýeriñ teýine giden ýaly. Kileñ görmeksiz, bedroý zen...

ÇAKYÑY BILMESEÑ...

Şäheriñ ortarasyndaky uly ýol bilen gelýän trolleýbus töweregine äsgermezlik bilen seredýärdi. Ýoluñ ýarysyny tutup gelýändigine garamazdan, deñinden geçýän awtomobillere ulumsylyk bilen bakýardy.
- Äl, bularyñ jüýjejikler ýaly eýjejikdigini! Arman iki elim boş däl-de, ýogsa, şojagaz maşynlaryñ başyny sypap goýbererdim...
Birdenem öñünden gelýän içi adamdan hyryn-dykyn doly awtobusa gözi düşdi. Edip gelýän pikiri üýtgäp gitdi.
- Pormyñ gursun,...

ELLERIÑIZE DÖNEÝIN!..

- Tyrk... Tyrk... Tyrk...
Ýarygije gapy kakylýar. Çyrany ýakman, daraklygyna basyp, gapa golaýlaşdym. Doñuz diñini saldym. Tyrkyldy örän ýuwaşja eşidilýärdi. Ýene-de... Ýene-de...
Birdenem inim jümşüldäp gitdi: "Huliganlardyr!.." Şu günler eýeli-eýesiz öýleri talap ýören huliganlarmy, basmaçylar köpelipdir diýlip eşidilýär. Şolardyr bi. Bolmanda munuñ ýaly bimahal wagty biziñ gapymyzdan geljek adam ýok ahyryn. Myhman-a bize onsuzam negada. Olaram ...

AGZYM IKI BOLSADY!

Iş güni başlanypdy. Kabinetimde hat-petege güýmenip otyrdym. Sagadyma äñetdim. Onuñ ýary bolupdyr. Ernim ýyrşaryp gitdi. "Hernä iş ýakmazak-ha, bu gün geljek däl-ow"
Yhlas bilen işe ýapyşdym. Birdenem, gapy şark edip açyldy. Gapymdan ezraýyl gelen ýaly tasdanam wägiripdim.
- Oý, menden öñ gelipsiñ! - diýip, häliden "garaşyp" oturanym, bir kabinetde bile işleýän ýoldaşym geläýdi. Keýpime gara burç atylan ýaly bolaýdy. Zoraýakdan ýyrşaran boldum.
...

"ERTIR GELERIN!"

- Mümkinmi? - diýip, Arrykow redaksiýanyñ edebiýat bölüminiñ bosagasyndan ätledi. Bölüm müdiri Saryýew arwah gören ýaly tisginip gitdi.
- Geliñ, geliñ!
- Göründigimiz, geldigimizdir! - Arrykow göwnühoş ýylgyrdy. - Aý, hekaýajyk getirdim-laý!
Saryýew geñ galdy:
- Ýenemi?!
- Be, näme, ynanmajak bolýañmy? Haý, arkaýyn ynanyber. Bu günler ýürek joşýar. Gije-gündiz ýatuw ýokdur. Işlenilýär. Bi, hekaýajyk dagy nämejik, akgañlar roman ýaz...


1 2 »