Результаты 1-8 из 8 по запросу Jumageldi Mülkiýew
SÜBSELI GARRY
Oba tarapdan tozana çümüp gelen awtobus raýon merkezindäki awtostansiýada saklandy. Jarkyldap açylan gapydan çogup çykyp başlan adamlar soňabaka seýrekledi. Agzyna çilim gysdyran şofýor yzyna öwrülmän oturyşyna sesine bat berdi: - Sen düşjekmi ýa ýok garry! Iki bogdak edip bogan sübseleri bilen başagaý bolup iň soňuna galan garryja aýal gyssanmaç jogap gaýtardy: - Wah, düşjek-le, oglum! - Belki kömek etmelidir! Garry bu sözleriň aýdyl... |
DOGLAN GÜNÜM
Bu gün gowy sözleñ diýilýän güni, Bu gün joşgun ýürekleriñ töründe. Ýagşy sözler kerpiç ýaly örülse, Bu gün bir ullakan ymarat döräp, Meni mährem gujagyna alardy, Gorardy epgegiñ gyzgyn deminden. Ýel-ýagmyryñ güýji ýetmez üçege, Sowuk gyşy geçirip bor üşemän. Ýagşylyklañ ýarsy güýjäp, keminden, Ýamanlyklañ ýarsy güýçsüz galardy... Bu gün ýagşy sözleñ diýilýän güni, Bu gün ýürek isl... |
ÝOLBARS
Atagarry aga çolugyna iň soňky sargytlaryny sargap boldy-da, ala horjuny egnine atyp, goşuň yk tarapynda daňylgy duran eşegine tarap ýöneldi. Horjuny "eşek ýetmez-dä" diýen ýerinde goýdu-da, güneşe serlip goýlan içirgileri bir ýere toplady. Eşek horjuna tarap dyzady. Çöpürden işilen tanap çekilen tar ýaly dartyldy. Eşeginiň häsiýetine belet ýaşuly guma bulaşan horjuny gapdalyna gütläp düşende gatyrganmalydyr hem öýtmedi. Eşeginiň dişlerinden sypan horjuny çepe taşlady... |
MURT
Kemal akyly kem doguldy. Ýeri, bu ýerde kime günälejek diýsene. Ýogsa üç çagany dünýä beren Ýazsoltan eje bu gezek hem yhlasyny kemmändi. Ol körpesiniň ýetmeziniň üstüni mähri bilen doldurmakçy bolýan ýaly göwnünden-göwresinde bar bolan mährini toplap, kemakyl ogluna siňdirdi. Ýedi ýaşyna ýeten Kemal öz deň-duşlarynyň yzyna düşip mekdebe gelende, birinji kylaslylaryň mugallymy Mämmet onuň badyny alyp durmady. Ýöne aradan bir hepdäni-de geçirmän, Kemal okuwa gatnamasyny ... |
JANLY JESET
Darajyk köçäniñ gyrasy bilen goñur sumkasyny hallanladyp gelýän köne şlýapaly kişiniñ töweregindäki adamlaryñ hiç birinden ullakan tapawudy ýokdy. Daşyndan seredip, onuñ näme kär edýändigini bilmek iñ ökde bilgiçlere-de başartmasa gerek. Sebäbi, edil şol adamyñky ýaly, özümizde tikilen könelişen penjekli, edil bilgeşleýin edilýän ýaly epin tutmaýan matadan jalbarly, tozanyñ derdinden mydama ýüzi çañjaryp duran köwüşli adamlar her ädimde diýen ýaly duşup dur. Onsoñ, olary... |
BIR GARYŞ GAMYŞ
Köne ýazgylarymy saýhallamak üçin çaň basyp giden kagyz bukjalaryň birtoparyny aşak düşürdim. Näçenjidigini bilemok, ýöne bukjalaryň biriniň bagjygyny çözenimden, ýüregim gobsunyp gitdi. Bukjanyň içinde, saralyşyp giden kagyzlaryň üstünde bir garyş gamyş ― dilli tüýdük ýatyrdy. Gamyş görgüliniň suwy gidip, gurap galypdyr. Bu gamyş maňa juda tanyşdy. Adam pahyr ýaşy gaýdyşansoň, ýaşlygyny, çagalygyny ýada saljak ownujak zada-da begenegen bolýar. Bu dilli tüýdüge ― kyr... |
ÝER TITREMESI
On bäş sagat elli bir minutda ýene-de Ýer yrandy. Üç sagat töweregi mundan ozalam ol çala silterläpdi. Ýöne bu gezek has güýçli siltedi. Ony ýaşy ýetmişden agan Tagan aga-da duýdy. Duýmazça-da bolmady ahyry. Şol pursat ýaşuly süñklek barmaklary bilen stoluñ erñegine tyrkyldadyp, haýsydyr bir heñe hiñlenip, keýwanysynyñ çaý getirerine garaşyp otyrdy. Lýuba daýza çaýly çäýnegi ýañy getirip, stoluñ üstüne goýany-da şoldy welin, Ýeriñ gerşi bir gapdala süýşen ýaly b... |
JUMAGELDI MÜLKIÝEW
Garaşsyzlyk eýýamynyñ ruhy sepgitleri Jumageldi Mülkiýewi uly derejelere ýetirdi. Ol Mary welaýatynyñ Ýolöten etrabynyñ Ganlybaş obasynda 1961-nji ýylyñ 19-njy aprel güni asylly maşgalada eneden dogulypdyr. J. Mülkiýew 1976-njy ýylda Ganlybaşyñ mekdebinde 8-nji klasa çenli okap, Aşgabadyñ Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa ýerleşýär-de şol mekdebi 1980-nji ýylda gutarýar. Iki ýyllyk gullukdan soñ (1980-1982) ol gulluga gidýär. Gullukdan dol... |