Результаты 1-12 из 12 по запросу Kakabaý Ylýasow

IÇ DÖKSEM

Öz-özüñe göwnüñ ýetip kä halat,
- Baham ýokdur - diýip öwünme, kişi.
Gynanýaryn,
Sözüñde ýok adalat,
Bu dogry gepimden alma, teşwüşi

Atanlykda çawuş eştdim bir setir,
Ine, şeýle aýdylany
Iç döksem:
"Saña aşna, mahmal berjek üç metr,
Pylanynyñ kesesinden gol çekseñ".

Hawa, adam, biler bolsañ, çyn bahañ,
Bir haýynlyk,
Hem üç metr mahmaldyr.
Ýalan öýtseñ, durmuş atly ýuwdarh...
Täzelikler » Goşgular - 18.12.2021

ÝOL

Äkitdiler bagtly ömür sürmäge,
Diýdiler: - Il-ýurt
Siz deñli-deñli.
Haýdadyk biz ynsan günün görmäge,
Ýol welin, çakyñdan gowgaly-jeñli.

Gan-derimi dökdüm ynanyp-uýup,
Ne özüm baý boldum,
Ne menden alan.
Şonda-da jenneti gulagma guýup,
Men diýen serdarlar sözledi ýalan.

Asla menzil aşyrmaýan bu ýoly,
Nätjegimi bilmän ulaşýan derde.
Men ilişip galýam bir übtük ýaly,
Duran gedaýl...
Täzelikler » Goşgular - 16.11.2021

HADYSLAR

Bu nähili hezil, ýaradan Jepbar,
Bir salym oturmak öz eneñ bilen.
"O ýerden gelen ýok" diýen bir gep bar,
Bu nädogry. Ene - jennetden gelen.

* * *

Bir Alladan başga başyñyz egmäñ,
Bu mukaddes däpdir öñden-ahyra.
Hak dogasyn alan dört kişä degmäñ,
Alyma, Lukmana, Pire, Şahyra.

* * *

Isleseñ sen at-abraýy, ýol-ýoda,
Namazlyk saýyp bas basan ýeriñi.
Edep altyn ymaratdan ...
Täzelikler » Goşgular - 01.11.2021

HYÝAL

Ýere bäsleşmäge het edip bilmen,
Toba-toba ondan
Hudaý saklasyn.
Diñe Ýer haklydyr diýmäge:
- Bir men,
Ynsany eklärin, dowul tapmasyn.

Yrylmaz döwletim ýokdur Ýer ýaly,
Umydyñ haklajak bütin älemiñ.
Ýöne ýardam biýre edip hyýaly,
Ýaşap bor -
Tä togtap galýança demiñ.

Toprak!
Seniñ ogluñ bolamsoñ häli,
Bu sözleri aýdyp bilýärin, belki,
Bütin dünýä ýeter, bozmasam päli, ...
Täzelikler » Goşgular - 30.10.2021

BAR

Ýoldan bir zat tapsa, gadymy aslym,
Üç gaýra gygyran:
- Bu zat kimiñki?!
A men welin ony dabanma basdym
Hemem soran bolsa, diýdim: - Meniñki.

Babam bar jaý salan,
Garbanýan çaky,
Nandan gaçan owuntygyñ üstüne.
A men gatan nany desterhandaky
Zibil guta alyp gitdim dessine.

Del harmanda gonja giren dänäni,
Ädik silkip, döküp gaýdan
Atam bar.
Eý, Ýaradan, geçir meniñ günämi,
...
Täzelikler » Goşgular - 28.10.2021

SAL MENI

Ömür!
Aýatda dirikäm men bu güzerde,
Barlag geçir eden-goýan işime.
Elim-dilim degen bolsa bir ýerde,
Sal meni temminiň azy dişine.

Dälmi men serim dik, tämiz ýürekli,
Bigörk täleýimden baky araň aç.
Ham iş ürbän bolsa,
Hut men derekli,
Sypyr abraýmy, galdyr ýalaňaç.

Ýol egreldip, soňam tapyp hasabyn,
Sylanýanyn dirikä et, bellisin,
Akaba heň ýazanlaryň azabyn,
Zeýhana uur...
Täzelikler » Goşgular - 26.10.2021

HÄLI...

Bu haýsy öç üçin aýdyp bolmaýar,
Gyýkmaç-gyýkmaç boldy duýgulañ beýgi.
Şaha ilen kagyz kimin galgaýar,
Ýyrtylan synamda
Ýyrtylan söýgi.

Güneş saralypdyr göwşüläp-dargap,
Süzülipdir,
Ýollañ umyt bardasy.
Tüweleý turuzýar yklyma gargap,
Agzymda ýyrtylan sözleñ ordasy.

Tijen paýhas, böwrüñ diñläp köp durma,
Bu söz giden söz däl, ýöne bir diýlip.
Sakla durmuş, sakla, meni sypdyrma, ...
Täzelikler » Goşgular - 20.10.2021

BÖWENJIK

Gadym ertekiler gür berýär bize,
Ilde peýda bolan göýdük böwenjik,
Dowar sürülerni çykarman düze,
Diýipdir ol:
- Seni iýmän nämejik.

- Lak-luk - atyp ýörkä basym-basymdan,
Iýenni siñdirip bilmändir añsat.
Ýarylan çak,
Bir owlagyñ şahyndan,
Öz ýerli-ýerine düşüpdir bar zat.

Pök-pök edip,
Onda-munda köw berip,
Şol böwenjik häzirlerem tapylýar.
Ýöne indi
Bedewler dek k...
Täzelikler » Goşgular - 10.07.2021

* * *

Akjemal Omarowa

Endigan ýagyp dur hünji deý ýagyş...
Nagraly goşgyñy okadym men düýn.
Delmuryp oturma sen ahy-zarda,
Tutma özüñ bulda giren Aý kimin.

Jahany terk etme, saçlaryñ ýaýyp,
Dökme gözleriñden merjen ýaşyny.
Söýeniñ çyn bolsa uçan gumryñy,
Sypa onuñ palappanyñ başyny.

Anteýe güýç beren ene toprak deý
Şuñkaryñ güýç berer saña her daýym.
Göwnüñde öwç alyp hyjuw, şatlygy...
Täzelikler » Goşgular - 07.03.2020

YŞK

Sen neneñ şahandaz, eý bagtly durmuş,
Göreş edýän gije-gündiz sen diýip.
Geçir meni käýän bolsam ,,şekliñe"
Iki-ýeke ýalhoruñdan pent iýip.

Husnuñy güllere gark etmek isläp,
Tikenleñ keşigin çekýän üýtgeşik.
Gülle böwsen söweş baýdagy ýaly,
Bu ýürek bolupdyr eleme-deşik.

Men öñe barýaryn şol ýürek bilen,
Ony aýap bejermegiñ deregne.
Ynanýan özüñden taparyn melhem,
Söýgiden eleme deşik ýüregme.
...

Täzelikler » Goşgular - 23.04.2019

ENE HAKDA SÖZ

Dünýäde eneden mukaddes zat ýok,
Bar zadyñ gözbaşy enedir ene.
Nirä gitselerem gerçek ogullar,
Hökman enesine dolanar ýene.

Enäniñ gözleri: Aý bilen Gûüdir,
Aý, Günden nur alýar bu asman zemin.
Enäniñ sözleri baş keramatdyr,
Ýola çyksañ ûanyña al duz kimin.

Jahandaky hiç zat bilen deñemen,
Öz enemiñ ýüzüm sypan aýasyn.
Sala bilmez asla bagy eremler,
Enemiziñ bize salan saýasyn.

■ ENELER...

Täzelikler » Goşgular - 09.03.2019

KAKABAÝ YLÝASOW

Kakabaý Ylýasow, türkmen şahyry, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.

Kakabaý Ylýasow, 1936-njy ýylyñ 16-njy aprelinde Daşoguz welaýatynyñ Boldumsaz etrabynyñ Birleşik obasynda doguldy.
1962-nji ýylda M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, şol ýyl öz obalarynda mekdep mugallymy bolup işe başlady.
Ol edebiýat bilen yzygiderli meşgullanmak bilen bir hatarda, Boldumsaz etrabynyñ ýerli radiosynyñ habarçysy, etrap gazetiniñ bölûm müd...