Результаты 1-20 из 119 по запросу Kakajan Balkanow

ETÝUDLAR

Gelnalyjy geldi. Gelin geçdi töre,
maşynlaň “dýüt-düýdün” sem edýär bagşy.
Täzeje sur telpek zyňylýar göge,
“Goňşyň gutly bolsun!”—gutlaýar goňşy.

Paýlanýar pişme, çapady; seçilýär nogul,
ýüzärlige garyşýar palawyň bugy.
Iki gazan börtme: “bagyl-da-bugul”,
aşpez dadyp görýär naharyň duzun.

Bu gün öý, toý eýesi örän şadyýan,
çetde durup şüweleňi synlaýar.
Ogly, bagtly; maşgalasy bagtyýar,
...
Täzelikler » Goşgular - 11.05.2023

GURTLARYÑ TOWŞANYÑ ÖLÜMINE BILDIREN DUÝGUDAŞLYGY

“Garry towşan bakylyga gaýdypmyş”—
diýen şum habary eşiden möjek.
Ahmyr çekip, hyrçynyny dişläpmiş:
“Kim biler, belli däl, kim haçan öljek.

Ölen betbagt şagallara şam bolar
Ýa garaguş tüýder onuň etini...
Nesliniň başynda indi kim durar?”—
diýip, gepledenmiş möjek içini.

Garry möjek gidenmişin hyýala
hem-de ölçeripdir öte...
Täzelikler » Goşgular - 26.02.2023

ATSYZ GOŞGY

Hol bir baýak, köpçülikde bir kişi,
Agyr söz atypdy sakgaldaşyna.
Ýaşuly jogapsyz, gaharyn ýuwdup,
Alarlyp seretdi garşydaşyna.

Hemmeler dymýar: kim mamla, kim nähak?
...Dargady jemagat uzak eglenmän...
Emma, “şarpyga” mert duran goj:a
Agyr degdi dyman da:şy mähelläň.

Kakajan BALKANOW.

2020 ý.
Täzelikler » Goşgular - 26.02.2023

NOWJUWAN GYZ

Sepeläp dur akja unun çal asman,
Çagalar şadyýan zyňyşýarlar gar,
Nowjuwan gyz nazaryny aýyrman,
Bug tutan aýnadan howla seredýär.

Hukugy ýok ylgamaga, bökmäge:
ejesiniň sargydyna ol boýun.
Ir başlapdyr bukjasyny tikmäge,
Gurjakgoş ýygnaldy, goýuldy oýun.

Ol indi ulugyz—saçy örülgi,
Gar ýaly päkize, hiç bir ýazyksyz.
Bolsa-da durşuna “akylyň öýi”, ...
Täzelikler » Goşgular - 26.02.2023

DOGAN DIDARY

Oýna gatnaşýanlar:

1. G e r e k , 18-25 ýaşlaryndaky gyz we 70-80 ýaşan ene.
2. K a s y m , 20-25 ýaşlaryndaky ýaş ýigit, Geregiň agtygy.
3. G a ý y p n a z a r, Abdal Jepbar ogly, 40-50 ýaşlaryndaky daşary ýurtly türkmen.
4. P o ç t a l ý o n , ýaş ýigit.
5. H a l y ç y g y z l a r .
6. H a ý d a r A b d y ý e w i ç , A b d y ý e w —Haly fabriginiň direktory.
7...

MENIÑ TOMAŞAÇYLARYM

Oýna gatnaşyanlar:

1. T e a t r y ň m ü d i r i .
2. M ü d i r i ň k ä t i b i .
3. H e m a ý a t k ä r.
4. T a l y p o g l a n l a r .
5. T a l y p g y z .
6. T a l y p g y z y ň k a k a s y .
7. E l i b ä b e k l i g e l i n we onuň Jo r a s y
8. T o m a ş a ç y .
9. P o l i s i ý a i ş g ä r i .
10. Ý a n g y n s ö n d ü r i j i . <...

ALTYN BILEN KÜMÜŞ

Oýna gatnaşýanlar:

1. H o j a m u h a m m e t baý.
2. A ý s o l t a n—H o j a m u h a m m e t baýyň aýaly (agramy 7-8 puta barabar—100 kilodan geçýän semiz aýal).
3. A l t y n we K ü m ü ş — H o j a m u h a m m e t baýyň we A ý s o l t a n y ň gyzlary (hersiniň agramlary 5-6 putdan geçýär).
4. O g r y l a r (30-35 ýaşly ýigitler).
4. Oba adamlary.

...

BIJELI OGLAN AGLAMAZ

Oýna gatnaşýanlar:

1. S e l b i . 20-25 ýaşlaryndaky gyz, tikin fabriginiň işgäri.
2. M e k a n . 20-25 ýaşlaryndaky ýigit, M a k s a d y ň dosty.
3. M a k s a t .20-25 ýaşlaryndaky ýigit, M e k a n y ň dosty.

Waka biziň günlermizde bolup geçýär.

[i]I-nji görnüş[/i]

...

WAH, SIZ ERKEKLERMI!

Oýna gatnaşýanlar:

1. Toý lybasyny geýinen, deşli, orta ýaşlaryndaky aýal
2. Eli gülli we gutyly, baýramçyllyk lybasyny geýinen erkek adam

Waka biziň günlerimizde bolup geçýär

Sahna Geýniwli deşli orta ýaşlaryndaky aýal çykýar. Ol sahna özüne göwni ýetip çykýar we sahnanynň ortasyna baryp, hamala tomaşaçylaryň arasyndan birini gözl...

II perde

T a n a b a ý y ň ak öýi. Bahar aýlary, ir säher. Guşlar jürküldeşýär. T a n a b a ý bilen J a ý d a r ertirligini edinip otyrlar. Uzakdan atlaryň kişňeýän sesleri eşidilýär.

T a n a b a ý . Ýene iki hepdeden daga göçmeli. ( J a ý d a r a ýüzlenip .) Sen nädýäň goşlaryňy düwüp başladyňmy?
J a ý d a r . Hawa-la, her gün az-azdan. Munça goş nirden ýygnandyka diýäýmeli.
...

ÝORGA BEDEW GÜLSARY HAKDA KYSSA

(Çingiz Aýtmatowyň “Hoş gal, Gülsary!” atly powestiniň esasynda )

Oýuna gatnaşýanlar:


1. Tanabaý Bakasow, ýylkyban we çopan (ýaş wagty we garran çagy).
2. Jaýdar-apa*, Tanabaýyň aýaly.
3. Gülsary, melemtil sary, ýorga bedew (ýaş wagty we garran çagy).
4. Gyzylgül, gyzyl gysyrak, Gülsaryň jorasy (magşugy).
5. Çoro Saýakow, kolhoz başlygy, soňra—kol...

“ÝORGA BEDEW GÜLSARY HAKDA KYSSA" ATLY PÝESANYŇ ANNOTASIÝASY WE REMARKASY

Çingiz Törekulowiçiň meşhur powestine galamymy galdyranym üçin ondan ötünç sorasym gelýär. Ýöne, meniň ýagşy niýetim, ýagny päk ýürekli adamlaryň durmuşyny sahnada beýan etsem, köşeşdiräýjek ýaly.
Gadymyýetden gelýän we bakylyga dowam edýän adam bilen atyň içki dünýäleriniň—kalplarynyň örän meňzeşligi , bir-birine bolan wepalylygy hem-de söýgisi—pýesanyň özenidir. <...

Продолжение II акта

Конюшня. Слышен стук копыт и храп одинокой лошади.

Т а н а б а й (подходя к кулисам, беседует с воображаемым Г у л ь с а р ы ). Вот, Гульсары, лишились мы с тобой нашего Чоро. Нет его, не стало... Что ж ты тогда не крикнул мне, не остановил меня? Не дал бог тебе языка. А я хоть и человек, а оказался хуже тебя, коня. Бросил друга на дороге, не оглянулся, не одумался. Уби...

II акт

Юрта Т а н а б а я. Ранее весеннее утро. Слышны щебетание птиц. Т а н а б а й и Д ж а й д а р за завтраком. Издалека слышны ржания лошадей.

Т а н а б а й. Через две недели нам перекочевать снова в горы. ( Обращаясь к Д ж а й д а р .) Ты как, начала складывать вещи?
Д ж а й д а р . Да, каждый день по чуть-чуть. И откуда набралось столько барахла.
Т а н а б а й . Недар...

СКАЗАНИЕ О БУЛАНОМ КОНЕ ГУЛЬСАРЫ

(Пьеса в двух актах по мотивам одноименной повести Чингиза Айтматова “Прощай Гульсары!”)

Действующие лица:

1. Танабай Бакасов, табунщик и чабан (в молодости и в старости).
2. Джайдар-апа, жена Танабая.
3. Гульсары, буланый конь, иноходец (в молодости и в старости).
4. Гызылгюль, красная кобылица, подруга Гульсары.
5. Чоро Саяков, председатель ко...

GÖLÄÑ OÝNY BOLSA-DA...

Gurban aga-da “keçje” lakamyny diläp ýa satyn almandy, ýa-da adamlar özge “gurbanlardan” tapawutlandyrmak üçinem dakmandyrlar. “Ýaradanda uly Taňry, her kime bir gylyk eýlär”1) diýilşi ýaly, onuň ata-enesinden peşgeş galan tebyg tagma bolup ýelmeşensoň, obadaşlaryna diňe tassyklaýmak galypdyr.
Diýdimzorlugy üçin oňa adamlar “tünt”, “myrryh”, “dikdüşdi” diýselerem, hakykata onçakly gabat gelenok. Ol dargursak, gyňra...
Täzelikler » Hekaýalar - 26.08.2022

NÄBELLI SURATKEŞIÑ SERGISINDE

Güýz aýlarynyň ýekşenbe güni, ir bilen, paýtagtyň “Sergiler öýüniň” öňünde, sungat muşdaklarynyň bir topary, Çeperçilik akademiýanyň talyplary hümer bolup sergiler binasynyň bosagasyndaky bildirişi okap durdylar. Afişadaky ullakan harplar bilen“Suratkeş Tahyr Hojamämmedowyň eserleriniň sergisi” atly bildirişiň aşagynda kiçi harplar bilen ýazylan “Şu sergiden ýygnanan serişdeleriň hemmesi haýyr-sahawat üçin niýetlenendir” ýazgylary okap, köpi gören sunga...
Täzelikler » Hekaýalar - 25.08.2022

SENEM-Ä BIRINIÑ BAGTYNY ÝATYRARSYÑ

Allaberdiň özünden uly gyz dogany, we özünden kiçi iki oglan, üç gyz jigileri bardy. Onuň kakasy Annaberdi agyr maşgalasyny eklemek üçin şäheriň araba çykarýan kärhanasyna daň bilen gidip, öýüne gün ýaşyp barýarka dolanýardy. Çagalar kakalaryny diňe agşamara argyn ýagdaýda görýärdiler. Kärhanaň başlygy köpçagaly işgärine maliýe tarapdan ýardam niýeti bilen, esasy käriniň daşyndan goşmaça iş berýärdi. Annaberdiň aýaly Hallygözel çagalaryna eşiklerin...
Täzelikler » Hekaýalar - 25.08.2022

DUET

Ýaş çopan dowarny depeden synlap,
otyr ýaňlandyryp, gargy tüýdügin,—
magşugna bagyşlan salam hatyny,
ýollaýar saz bilen siňen söýgisin.

Onuň ýaňja düzen täze mukamy
siňýär sähraň hoştap anbar güllerne.
Güllerden düzülen çapraz-çaňňany
dakynýar sonarlyk ýüpek tellerne.

Ýaşyl teller tolkun-tolkun owsunşyp,
gyssanýarlar—olar wajyp habarly,
depe-düzden menzil-menzil ýol aşyp,
magşuk gyzyň huzur...
Täzelikler » Goşgular - 02.08.2022

AGLAP GIDIP, GÜLÜP GEL

Indi iki ýyldyr, Oguljemal orta mekdebi tamamlany bäri daýylaryna görme-görşe gelmesini seýrekletdi. Oguljemalyň ertekileri bilen bileje önüp-ösen Ýalkap, tä dynç alyş möwsüme garaşa-garaşa ýüregi suw bolup gidýärdi. Ony bu ýyl kakasy oglunyň biraz ekebyrlanyna gözi ýetensoň, Ýalkaby tomus dynç alyş möwsüminde, dogany Ogulnabatlara ýeke özüni goýberdi. Kakasynyň oglunyň “ulalanlygyna” ynananlygyna buýsanýan, bu ýyl bäşinji synpy tamamlan Ýalkap, gop ber...
Täzelikler » Hekaýalar - 29.07.2022


1 2 3 4 5 6 »