Результаты 1-20 из 88 по запросу Kakamyrat Rejebow

EŞIDIPDIM GURDUÑ YKBALY HAKDA...

Eşidipdim gurduň ykbaly hakda:
Sypdyraýsa okdurylan awuny,
Şol zarbyna iki äňi tapyşyp,
Agyz-agyz, diş-diş gulplanýanyny.

Awara-awara aýlanyp soňra,
Gezer ýörermişin kemmagal ýaly...
...Geň däl onsoň tamasynda talansa,
Adamyň birtöwra, dymma bolýany...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2023

GEL!

Ýene şol aýdymyn gaýtalap ýürek,
Başlady şol heňe heňin goşmaga:
«...Ýere-göge ýerleşmedik yşkymy
Gitdiň ýerleşdirip birje «Hoş gala!».

Şo-ol garanyp ýörün,
garaşyp ýörün,
Göwnümde göterip hoş hyýaly men.
Gelsene, mähriban, gelsene, sensiz
Tamamlanman galan
goşgy ýaly men.
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2023

"ÇAGAKAK AK GARDAN ADAM ÝASARDYK..."

Çagakak ak gardan adam ýasardyk,
Gar ýagsa,
şatlygmyz sygmazdy çäge.
Ýeri, indi käte göwün sowadyp,
Adamdan gar ýasap ýörmämiz näme?!

Çagakak toprakdan adam ýasardyk,
Ele alaga-da palçykdyr toýun.
Bir seretsek...
Durmuş adamlardan
toprak ýasap ýör...
Bu ne ýowuz ahwal!
Niçik geň oýun?!
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2023

NOBATGULY REJEBOWYŇ ÄHEŇINDE

Peýwagtyna seýran edip ýörşüme,
Ýolum düşdi bir dükanyň üstünden.
Ser sämäp, gözlerim gamaşdy gitdi
Onuň müň bir gülap,
müň bir müşkünden.

Her ys — bir ýatlama.
Her ys — bir sungat,
Köňlüňde bahary kükedip barýar.
«Dior», «Channel»…
hyýallaryň eýerläp,
Pereň diýaryna äkidip barýar.

Menem göwün üçin aldym birini,
...Sepmesemem bolar,
sepsemem bolar.
...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2023

DARAGT

Bir daragt bar — garşysynda öýmüziň,
Ýazda güle, tomus miwä basyrnar.
Zyýarat edýän deý mukaddes ýere,
Oň daşyndan aýlanyp dur pasyllar.

Güllerinden hözir tapar balary,
Guşlar höwürtgeläp, höwrüger gider.
Daragty her dürli ahwala salyp,
Möwsümler gelşi deý öwrüler gider.

Guşlar uçar, başga guşlar gelerler,
Ýapraklaram ene ýere düşeler.
Bu ahwaly synlan oýa batar-da,
Öz ýanyndan kän zatlar...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2023

BIR SÖZ

Ýagşy sözde kerem gördüm,
Ilimi şat, zereň gördüm,
Ýere gonmuş Erem gördüm,
Mundadyr bossan diýerin.

Başa — täç, gözde göreçdir,
Göwnüm yşkynda göweçdir,
Bu niçik röwşen röwüşdir —
Päk niýet, pes päl diýerin.

Söýgi — Hudaga ybadat,
Ynam — gül ömre sagadat,
Bagt näme —
Zemin parahat,
Kireňsiz asman diýerin.

Baş hazyna — gyzgyn gursak,
Göwünden başlanýar gudrat! ...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2023

WATANYM

Il başlanar adyň bilen,
Ýol başlanar badyň bilen.
Hüwdi bilen, aýdym bilen
Janyma janlar gatanym,
Watanym, eziz Watanym!

Derýalaň heser-möwjümdir,
Daglaryň kuwwat-güýjümdir,
Yşkyň hyjuw-hyrujymdyr,
Sen uly dünýä gadamym,
Watanym, eziz Watanym!

Meýdany şabaz atlaryň,
Heýjany aşyk kalplaryň,
Penasy parahatlygyň,
Uzap il bolan hatarym,
Watanym, eziz Watanym!

...
Täzelikler » Goşgular - 18.01.2022

NOBATGULY REJEBOWYÑ RUHUNA DEGSIN

Di­ýer­diň:
«Ýaz çyk­sa, meý­da­na çyk­sak...
Bir pur­sat­lyk bo­şa­dyp dar ka­pas­dan,
Gö­wün gu­şun al-as­ma­na uçu­ryp,
Ýer­de gül­li meý­dan bi­len ta­pyş­saň!».

Hy­syr­dy­lar da­şyň al­ýar hy­syr­dap,
Tü­ken­me ýok ow­nuk-iri iş­le­re.
Ýor­tup-ýüw­rüp, düz aý­lan­dyk dün­ýä­ni,
Ýö­ne we­lin maý tap­ma­dyk üý­şe­re.

Ma­ýyň gaý­mak de­ýin hoş­tap gi­je­si,
Bu ne ah­...
Täzelikler » Goşgular - 06.01.2022

MEÑ DEÑZE GIDESIM GELÝÄR

Meñ deňze gidesim gelýär...
Şatlansam ýa ynjadygym.
Kenaryna dyzym epip.
Duýasym gelýär özimiň
Deňizden bir damjadygym.

Meñ deňze gidesim gelýär...
Duýmak üçin deňizleriň
Bu durmuşa meňzeşligin...
Tolkunlaň ötegçiligne
Kenarlaryň werzişligni

Meñ deňze gidesim gelýär...
Gözelligi duýmak üçin
Ýiti ukyp gerek däl-ä.
Goý,ýüzip bilmämde näme,
Söygim bar h...
Täzelikler » Goşgular - 11.12.2021

DILEG

Her ýyly söz göwünlik däl,
Aman diýmek ýeňilmek däl,
Bu ýollarda ýeňil ýük däl,
Gerden diledim, diledim.

Ýyllar ötdi düzüm-düzüm,
Derdin beren berdi dözüm,
Köňül içre ýagşy sözüm
Dürden diledim, diledim.

Gül ömrüň öýlesi bilen,
Yşk geldi meýlisi bilen.
Aýybym kän… Söýgüsi bilen
Örten diledim, diledim.

Ýetmese Ýokardan ýardam,
Ne haraý ah bile zardan?!
Barysyny Bi...
Täzelikler » Goşgular - 08.12.2021

HEÝKELTARAŞ

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň şahsy sergisinde kalba dolan duýgular

Birçak dag gowagyn mesgen tutunyp,
Gara daşa syryn ynanan ynsan,
Çaknyşdyryp harsaň çakmak daşlary,
Ot alan,
Şol oda ýylanan ynsan...
Oduň ýagtysyny yzarlap soň-soň,
Dünýä ýaly giňän,
ulalan ynsan...
Kültem külpetlerde kän zatlar tapan,
Kän zatlar ýitiren, un...
Täzelikler » Goşgular - 20.11.2021

یکه- یکه دن

سئنلاپ طئللا گۆنۆنگ باتئپ بارشئنئ,
آسلئشئپ زۇر بیله داغدان -‌ دپه دن.
بیلدیم گۆنلنگ منی ترک ادیأنینی,
یکه- یکه دن...

یؤنه گۆن آدام دأل, دۇغار ینه-ده,
سحر ینه غوشلار جۇشوپ سس ادر.
اوزار بارار آق گۆنلرینگ کرونی,
یکه- یکه دن...

گچیبرسین گۆنلر, یؤنه سیز بری,
گؤونه دگیپ, سؤز اۇقلامانگ کسه-دن.
چۆنکی آداملارام گیدیپ باریار-لا
یکه- یکه دن...

غۇجا زمین ایچره بیر حاقئقات با...
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2021

"DOGLAN GÜNÜM... ÜÝŞÜP DOSTY-ÝARLARYM..."

Doglan günüm... Üýşüp dosty-ýarlarym,
Ýetip sahylygyň aňry hetdine.
Diläp ähli gowulygyn barlygyň,
Uzak-uzak ömür arzuw etdiler.

Hoş söz herne göwne gop beräýgiçdir,
Men bolsa, tersine... galdym howsala:
Uzak ömür hakda munça arzuwyň,
Ýeri, birden-biri hasyl bolsa nä?!

Mazasy bildirmez maňa hiç zadyň,
Sensizligiň ezýet-ejirlerinde.
Uzynlygynda däl...
Ýol...
Täzelikler » Goşgular - 17.11.2021

"ATEŞLI BAKIŞ'LA KOLLAMA BENI..."

Ateşli bakışla
kollama beni...
Yollama korkulu yollara beni...
Gönlüm almak için yorma kendini
Bırak iyisi...ellerini delersin...
Hem bana acı verirsin.

Hayır, artık bu rüzgarda esemem...
Anla...
Taşiyorum hücrelerimde
Saf camdan...
Turna gözü gibi duru bir camdan
Kurup süslediğim aşk sarayımın
Tek alaborada yer-yeksan olmuş
Bütün parçalarin... cam kırık...
Täzelikler » Goşgular - 15.11.2021

ÝAR DIÝIP GELDIM

Gül ýüzüňi bäri öwür,
Öwür, ýar diýip geldim men.
Eý, zer käkilleri towar-
towar ýar diýip geldim men.

Ýylgyrsaň, dünýäm söýüne,
Nur dolar köňlüm öýüne,
Nazar kyl, bagtym oýana,
çüwer, ýar diýip geldim men.

Yşk bu... Ilki sen-sen eden,
Soň sabrymy seňseleden...
Teşne galdym, tebsiredim,
Suwar, ýar diýip geldim men.

Salym tupan-u-gaýdadyr.
Göwün — guş, arzyn aýdadyr...

Täzelikler » Goşgular - 12.10.2021

ŞAHYR

— Ne adam şekilli gürleşip bilýär,
Bir görseň, dargursak, birde giň ýaly.
— Ne ýakyny bilen syr alşyp bilýär,
Ne köplükde sözläp bilýär il ýaly.

— Içimtap ol, beýdip ýörmek bolarmy,
Heniz agyzda dil, dilde söz barka?!
— ...Hut şo bolşuna-da, geň galaýmaly,
Ol munça goşgyny nirden ýazýarka?!

...Şahyr hakda gürrüň gidýär.
Söhbetler
bir gyzdymy, yza Alla gaýtarsyn!
Wah, şahy...

Täzelikler » Goşgular - 09.10.2021

BÜRGÜT HASABY

Gulak goýup söhbedine asmanyň,
Zeminden agtarýan onuň ýorgudyn.
...Gargamyşyn diňe
milt edip bilýän
Gonaýmaga arkasyna bürgüdiň.

Bürgüt bürgüt bolýar —
parhsyz-perwaýsyz
Uçar bararmyşyn — ýoluna rowan.
Ýokary galdykça, agralýar asman,
Ýokary galdykça, azalýar howa.

Belentlikden belentlige bat alyp,
Ýaýýar ganatyny erkin, arkaýyn.
Şol barşyna asla aňmaýarmyşam
Garg...

Täzelikler » Goşgular - 15.09.2021

ÖWÜŞGIN

Ýene ag­şam düş­di. Iň­rik ga­ral­dy.
Eý, Gün!
Bu biz­den ýüz öwür­di­giň­mi?!
Al şa­pak­da gal­gap gi­den öwüş­gin
Me­niň bir bö­le­jik ömür­ji­gim­mi?!

• Ça­ga we go­ja

Barýar sy­ryp ýol ýa­ka­syn,
Bir-bi­ri­ne aýak go­şa —
Ar­zu­wa meň­zeş ça­ga­jyk,
Ýat­la­ma ça­lym­daş go­ja.

Kakamyrat REJEBOW.
Täzelikler » Goşgular - 09.08.2021

ÖZÜME

Goý, diýsinler: «Ýalançyda ýaşara
Biraz hile, az-kem öwrüm bolmaly».
Meniň iki dünýe iň uly gaznam
Arassa, neresse göwnüm bolmaly.

Bir ýanda howsalam-hederim bardyr,
Bir ýanda howalam-heserim bardyr.
Ýüze tutjak ýalňyz eserim bardyr —
Ol çeper ýaşalan ömrüm bolmaly.

Aman diläp dünýäň derdeserinden,
Umyt etdim Arşyň merhemetinden.
Düşündim...
Ýer-göge erk ederim deý,
Öz-özüme erkim-e...
Täzelikler » Goşgular - 09.08.2021

ÝETÄÝJEK ÝALY

Pyşyrdanyň şygyr, sözläniň – aýdym,
Zemin heýjan tapar tutulsa adyň.
Dünýämde şemim sen, köňülde şadym,
Ömrüm bir sen bagtly edäýjek ýaly!

Niçik ajap! Gül ýürege ýaz gonsa!
Dillere saz, kirpiklere näz gonsa!
Doňup durun, ynan, sähel gozgansam,
Sen gözümden uçup gidäýjek ýaly.

Meni soňsuz derde dözen dözmezim,
Her bakan ýerimden keşbiň gözledim.
Bir alaja ýüpüm – aşyk gözlerim,
Sen ...
Täzelikler » Goşgular - 07.08.2021


1 2 3 4 5 »