Результаты 1-20 из 57 по запросу Kerim Gurbannepesow

ÖZÜME

On üçmi
Ýa on dört ýaşap,
Çepek geýip, ile çykdyň.
Galamyňy dula taşlap,
Çep gulakly pile çykdyň.

Ataň öldi. Towlanmadyň.
Möňňürmediň. Toglanmadyň.
(Ýa-da juda oglanmydyň?
Ne sebäpden beýle çykdyň?)

Aga ýitdi. Ata öldi.
(Gezermikäň hülli-hülli!)
Ýöne seniň bagtyň geldi -
Eneň bilen ýola çykdyň.

Kabul etdi agras Tejen,
Bugdaýlary goňras Tejen.
Burugsa, buru...
Täzelikler » Goşgular - 12.09.2023

SÄHERIŇ GYMMATY

Her Döwür
Bir döwür bolar ekeni.
Görmän geçiräýsem bir ajap filmi,
Nije günläp etmişime ökünip,
Gynanyp ýörenim düýn-öňňün dälmi?

Her döwür
Bir döwür bolar ekeni.
Otly ajap ýerden geçende durman,
«Wah, şu ýerde bir aý gezsediň!» diýip,
Çekerdim men arman üstüne arman.

Her dowür
...
Täzelikler » Goşgular - 11.09.2023

TÄZE ÝYL ARZUWLARY

1
Ýagyşyň ýagmagy başarşy ýaly,
Aý, Günüň dogmagy başarşy ýaly,
Derýalaň akmagy başarşy ýaly,
Ýyldyrymyň çakmagy başarşy ýaly,
Biziň hem (bolsak-da haýsy hünärde!)
Ýagmagmyz,
Akmagmyz,
Çakmagmyz gerek.
...Köçe suwlaýanlar ýuwsun köçäni
Her gün iki gezek.
Belki, üç gezek.

2
Jaý gurýan adamlar
...
Täzelikler » Goşgular - 30.12.2022

WAGT BILEN GELIN

...Şol diýip
Ýüz ýigit düşüpdi yşka,
Gyz bolsa birine beripdi göwün.
Toýda
Tutuş oba gülüpdi... Ýöne
Togsan dokuz ýigit
Aglapdam şo gün...

Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin...
...Gelinlik has beter artdyrdy görkün.
Goşa egni göýä terezi kimin
Üstünde deň saklap gözellik ýükün,

Görk bilen Akyly ölçeýän ýaly
Des-deň bolup durdy (Kän-kän eginler
Taý getirip bilmän şol iki...
Täzelikler » Goşgular - 24.07.2022

"ÝAŞLYK DRAMASYNA" GOŞULMADYK SETIRLER

(Şahyryñ arhiwinden)

Ne-hä eşik bardy ne-de bir çörek,
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyn.

Şonda-da käteler bälçiräp içgin,
Diýerdik: “Söýüşmek hemme wagt mümkin.
Öýlenmek gerek zat köpelmek üçin,
Urşyn gazap wagty,
Adam az wagty!..”

Bir ýyllap degmändi lebine lebim,
...
Täzelikler » Goşgular - 20.07.2022

MAŞYN... MAŞYN... MAŞYN...

Gündogar tarapmy günbatar tarap,
Tagtamy Murgapmy Saýatmy Farap,
Tejenmi Duşakmy Kakamy Mane,
Nirdedigi hökmanmy näme.
Biriniñ öýünde düşdüm men gonak,
Ş harpyndan ýaña bez boldy gulak
Ertirki barşyma bolýança peýşin
Ähli eşiden sözüm
Maşyn, maşyn, maşyn

Ortada çişlikli kebaply saçak,
Saçagyñ daşynda bir topar goçak,
Brigadir agronom, mugallym müdir,
Agzynda omaça eli...
Täzelikler » 2022/07/18 - 18.07.2022

ÝOLDAŞLYK DEGIŞMESI

Adyñ Aman, iliñ aman,
Başyñ aman, malyñ aman.
Kompartiýañ saglygynda
Ýöräp barýan ýoluñ aman.

Nirä baksak, nirä çyksak,
Söhbet bile saz görünýär.
Geçi bakan çölleriñde
Ördek bilen gaz görünýär.

Gagşap gezen ýerleriñde
Sowulmajak ýaz görünýär.
Şu zamanda elli ýaş däl,
Iki ýüz hem az görünýär.

...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2022

IKI ÝYLYÑ SEPGIDINDE

MOSKWA, WAŞINGTON...
WAŞINGTON, MOSKWA...
Bu sözleri ähli dilde
Dünýä ýaýratdy howa.

Uruş, ýarag sözlerinden
Bizary çykan efir,
Ol sözleri gaýtalady
Öýlän, agşam, ir ertir.

GORBAÇÝOW bilen REÝGAN,
AK TAM bilen KREML -
Bu sözleri nije günläp
Gaýtalady dürli dil.

Diller dürli bolsa-da,
Manysy bir meñzeşdi.
Iki ýurduñ ýolbaşçysy
Buýsanç bilen e...
Täzelikler » Goşgular - 04.01.2022

GURBANNAZAR EZIZOW

Ykbal Gurbannazar Ezizowy altmyşynjy ýyllaryň ýaş şahyrlarynyň başynda goýupdy. Gögümtil gözleriniň içinde asmanyň gök reňki, topragyň boz agraslygy görnüp duran bu ýaş ýigit olaryň hemmesiniň mugallymydy. Biz onuň şeýledigini aňardyk, ýöne özüne gönüläp aýtmazdyk. Beýle pikir ýaş ýigitde badyhowalyk döreder öýdüp çekinerdik.
Ynha, indi boljak iş boldy. Ol şu günden beýläk biziň aramyzda ýok. Onuň päk ynsaply arassa gözlerini indi bize görme ýok: çaganyňky ...

BERDI KERBABAÝEW

Berdi Kerbabaýew diýlende, başyny bulutlara diräp oturan äpet bir dag göz öňüňe gelýär. Emma dag diýilýän zat ymgyr meýdanyň içinde ýeke oturan diň ýaly ýa-da giden sähranyň içinde ýalňyz oturan depe ýaly zat däl. Özbaşyna, sopbaş oturan belentlige dag diýilmeýär. Dag diýilen zat onlarça belent-belent gaýalardan emele gelýär.
Diýmek, dag hakynda gürrüň edilende, ol dagyň tutuş degresiniň – Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Gara Seýitliýew, Aman Kekilow, Towşan E...

ÝAZMASY HAS AGYR DÜŞEN GOŞGY "ÝENE-DE ENE HAKYNDA"

Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar
Diýdiler... Sadagaň bolaýyn, ene!
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem,
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene.

Ýene-de
galamy almaga ele
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň.
Diýdiler: "Üç ogul, üç gyzly ene
Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün..."

Bu waka bolupdyr uzak bir ýerde.
Ýöne parhy näme, ýakynmy-uzak –
Perzentleň enä...
Täzelikler » Goşgular - 20.10.2021

HALYPALYK

Goşgy älemindäki iň ilkinji synanyşyklarymyň hemaýatkäri «Sowet Türkmenistany» gazetiniň şol mahalky redaktory Şamyrat Täşliýewe

Käte özüm bilen özüm gepleşip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
...Iň uly halypam Pyragy weli,
Ilkinji ädimmi penalamakda
Ilkinji goluny uzadan adam
Başga howandardy, başga kişidi.
Ol Pyragy däldi. Ýöne meň üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özü...
Täzelikler » Goşgular - 03.06.2021

KONÝAK-ÇAKYR SERGISINDE ÝALTANYÑ OÝLANMASY

Aýlandym kän ýeri, dünýäni gördüm,
Bakuwy, Nalçigi, Buýnagy gördüm.
Gaýdyşyn Tiflisde kyrk günläp ýatdym,
Kyrk ýaşyn dolduran konýagy gördüm.

Edil özüm bile gözlüje ýaşyt:
Seretdim ýüzüne, seretdim aşyk.
Şunça-şunça ýyllaň üstünden aşyp,
Ýatypdyr bir ýerde, ýatypdyr joşup.

Ne-hä urşa gidip tüpeň atypdyr,
Ne-de tylda işläp gatanç gatypdyr.
Iki uruş bilen bäş ...
Täzelikler » Goşgular - 25.04.2021

KÜÝSEMEN

Biri-biriňizden ýagşy bolsaňyz –
Gabrymda-da özge rahat küýsemen.
Haýra hossar,
Şere garşy bolsaňyz –
Zyýarat şol.
Görde köýmet küýsemen.

Käte ýanyp gezdim,
Käte tüsseläp.
Käte üşäp gezdim.
Käte yssylap.
Kä belentläp uçdum,
käte pessaýlap.
Öz uçuşym.
Özge ganat küýsemen.

Bogulyp gezsem-de ýoluň çaňynda,
Egilip g...
Täzelikler » Goşgular - 15.03.2021

ŞAHYR WE DÖWÜR

Bu­ ýaz­gy­lar­ ede­bi­ýat­ we ­dur­muş ­ba­ra­da­ky­ tä­sir­le­rimden,­ iç­gep­let­me­le­rim­den­ eme­le­ gel­di.­ Ýaz­gy­lar­ çär­ýek­ asy­ryň­ ýan­dep­der­çe­le­ri­niň,­ dep­der­le­ri­niň­ sa­hy­pa­la­ryndan­ se­çi­lip ­alyn­dy.
Bu ­sa­hy­pa­lar­ uzak­ wag­tyň ­do­wa­myn­da ­ýa­kyn ­syr­da­şym­ bo­lup­dy­lar:­ kä­ha­lat­lar­da ­ola­ra­ özü­miň­ iň ­mu­kad­des,­ iň­ pyn­han ­syr­la­ry­my ­yna­nyp­dym.­ Ýö­ne­ ol ­syr­lar­ nä­çe­ pyn­han­ bol­sa­larda,­ men ­o...

GADYR

"Gowynyň gadyryn bilsinler!" diýip,
Erbetlik diýen zat döränmiş kem-kem.
Hemmeler gowynyň gadyryn bilse —
Erbetlik äleme inmejek eken.

"Ýaşlygyň gadyryn bilsinler!" diýip,
Gojalyk ýerinden turanmyş kem-kem.
Hemmeler ýaşlygyň gadyryn bilse —
Gojalyk gojalyp öljegem eken.

"Söýginiň gadyryn bilsinler!" diýip,
Hasrat gözlerini açanmyş kem-kem.
Hemmeler söýginiň ga...

Täzelikler » Goşgular - 02.08.2020

ÝEDI BOÝDAŞ, KÖÇE SÜPÜRÝÄN GELIN WE ÝANAN GELIN HAKYNDA

Ýüzi säher ýaly nowbahar gelin,
Azat köçesinde, säher çagynda.
Köçe süpürip ýör şäher bagynda,
Gün batyp dur garasynda gözleriniň,
Gün dogup dur gözleriniň agynda.

Şonuň bilen boýdaş ýene bir gelin,
Pudrasyn tozadyp ýaňaklaryndan,
Ellerinde gyzyl köken on ýüzük,
Bileginde alty gaşly bilezik,
Brilliantyn asyp gulaklaryndan,
Bagyň ortasyndan dikgerdäp barýar....

Täzelikler » Poemalar - 03.07.2020

EDEBIÝAT TANKYDYNYÑ DERWAÝYS WEZIPELERI

1987-nji ýylyñ 12-13-nji maýynda Aşgabatda SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ tankyt we edebiýaty öwreniş soweti bilen Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ tankyt boýunça sowetiniñ bilelikdäki maslahaty geçirildi.
Iki gün dowam eden giñişleýin maslahatda TSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ tankyt boýunça sowetiniñ başlygy Nargylyç Hojageldiýewiñ dokladyndan hem-de leningradly tankytçy Dmitriý Moldawskiniñ goşm...
Täzelikler » Edebi tankyt - 10.03.2020

"ÇATMADAN ÇYKANDA GYZLARYÑ GOWSY..."

"Gyzlaryñ gowusy gyşyk çatmadan çykar"
Nakyl.


Çatmadan çykanda gyzlaryň gowsy,
Gupbadan eşdiler sazlaryň gowsy.

Bir gupba ýüz öýe ýaýradar buşluk.
Gyşyk çatmalarda oýanar ýaşlyk.

Bir gyz iki bolar.
Soň ýeter üçe.
Onsoň iki üçe... Görklener köçe.

Alty boýdaş jora ugrarlar bäri.
Öňün başlap gaýdar altynyň biri...

Biri daga meňzär, bäşis...
Täzelikler » Goşgular - 28.01.2020

AKTUAL POEMA

Poeziýa modadan gaçýar diýýärler,
Beýle gürrüň daşgarydyr kadadan.
Bir mahal poeziýa modadan gaçsa,
Ertesi söýgi hem gaçar modadan.

Ýer ýüzünde barka ýigit bilen gyz,
Hem barka ýanynda wysal, aýralyk-
Poeziýa hemra bolar ýaşlyga,
Öz söwer dostundan gitmez aýrylyp.

Ýer ýüzünde barka ak bilen gara,
Bile gezip ýörkä haýyr bilen şer-
Poeziýa ähli şerlere garşy
Göreşipdi, göreşip ýör, gö...
Täzelikler » Poemalar - 26.01.2020


1 2 3 »